Oguznama

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Oguznama — Türkmen Ruhunyň birinji eýýamy biziň eýýamymyzdan öňki V müňýyllykdan biziň eýýamymyzyň 650-nji ýylyna çenli aralygy tutýar. Bu eýýamda milletiň ruhy gözbaşy Oguz handyr, halal, sada türkmen zähmeti bilen gün görýär. Oňony öküzdir. Öküz öz zähmeti bilen tebigaty özgerdýär. Öküz ene ýeriň hasyl bermegine sebäp bolýar. Öküz ýaşaýşy, dünýäni, jemgyýeti herekete getirýär.

Eger Oguz hanyň ýoly gönümellik, halallyk hem adyllyk ýoly bolsa, onda ol ýoldan ýöremegiň dyzmaçlyk, gaýduwsyzlyk hem-de mertlik diýen ýörelgeleri bardyr.

Ýoly ýörelgeli ýeňer. Oguz han Türkmeniň öküz sypaty zähmetsöýerlik, jepakeşlik, erklilik, güýçlilik, döwletlilik alamatlaryny özünde jemleýär. Eger onuň ýoly bitewilik, agzybirlik hem-de jebislik ýoly bolsa, onda bu ýoluň jepakeşlik, erklilik, güýçlilik we zähmetsöýerlik ýaly ýörelgeleri bardyr.

Dirä – ýörelge,

Ölä – gonalga – diýipdir Oguz han Türkmen.

Bu pähim onuň eýýamynda türkmenlerde işjeňligiň iň ýokary derejä ýetendigini görkezýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny almagy Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Milli Galkynyş syýasatyny yglan etmegi bilen baglanyşykly halkyň geçmişdäki taryhy we edebi ýadygärliklerini kompleksleýin we etaplaýyn öwrenmeklige alymlar düýpli üns berip başlaýarlar.


Biziň döwrümize çenli saklanyp galan gündogaryň ýazuw ýadygärlikleri gadymy halklaryň şol sanda türkmenleriň sosial-ykdysady we syýasy taryhynyözboluşlu şohlelendirýär.

Sowet taryh ylmy şeýle taryhy we edebiýat ýadygärliklerini öwrenmekde ep-esli öňegidişlikler gazandy. Taryhçy alymlar Gündogar halklaryň taryhyna degişli bir topar original işleri döretdiler. Şol bir wagtda ylmy taýdan unikal we wajyp pars, arap we türki dillerdäki orta asyr awtorlarynyň eserleri ylmy taýdan düýpli derňewden daşda galyp diňe spesialistleriň az bölejigine elýeter boldy.

Şeýlelik bilen Gündogar halklaryň ösüşiniň umumy kanunalaýyklygyny hem-de spesifiki aýratynlyklaryna obýektiw häsiýetnama bermekde zerur bolan baý maglumatlar dil bilmezlik we kommunistik partiýanyň hökmürowanlyk syýasaty bilen bagly giň okyjylar köpçuligi üçin elýeter bolmady. Biziň günlerimizde Gündogar halklaryň şol sanda türkmen halkynyň gadymy ýazuw ýadygärliklerini ylmy dolanşyga girişmekligiň türkmen halkynyň ösüşiniň irki döwürlerini öwrenmekde uly ähmiýete eýedir.

IX asyrdan türkmenler diýlip atlandyrylan oguzlar häzirki Türkmenistanda Azerbaýjanda, Eyranda, Türkiýede, Yrakda ýaşaýan türki halkalaryňnesilbaşylary hasaplanýar. Olaryň arasyndan Seljuklar, Horezmşalar, Osmanlar dinastiýalarynyň wekilleri orta çykdylar.

Türki taýpalarynyň şol sanda türkmenleriň irki taryhyny birneme doly şöhlelendirýän ýazuw ýadygärlikleriň içinde fundamental hem-de klassik iş hasaplandy. XIV asyr musulman taryhçysy Fazlallah Raşidaddiniň (ylmy dilde “Oguznama” “Ähliumumy taryh” ) ýa-da “ýyl ýazgylarynyň jemi” hasaplanýar. Bu işde oguzlaryň taryhy giňişleýin beýan edilip, awtor oguz taýpalaryny alynky Aziýadaky yslama uýýan türki taýpalarynyň ötenleri hasaplanýar. “Oguzlaryň taryhy” ýa-da “Oguzlaryň hem-de olaryň nesilleriniň, türkleriň soltanlarynyň we (wladyka) –larynyň taryhy” diýip doly at bilen atlandyrylýar. Bu eser diňe bir ýazuw çeşmelerine esaslanman eýsem halk döredijiligine degişli bolup onda rowaýatlar hakykat bilen sepleşip gidýär.

Oguzyň legendar taryhy türki halklaryň edebiýat ýadygärligi hökmünde köp alymlar tarapyndan öwrenildi. Aýratynda Oguznamanyň goşgy formasyndaky warianty giň analizlenip dörän döwründen başlap alymlaryň ünsüni özüe çekdi. Oňa ilkinji bolup nemes alymy F. Dits üns berip ony nemes diline terjime etdi. Oguznamanyň tekstiniň üstünde W.W. Radlow “K woprosu ob uýgurah”, Bartold W.W. “Tureskiý epos i Kawkaz” diýen işlerinde hem-de Riza Nura, Pellýu P. Banga W. soňra Orkun H.N. Şerbak A.M. Eraslan N. Kononow A. N. işlediler.

“Oguznamanyň” taryhy arena çykmagyna XI asyrdan başlap türkmen dinastiýalarynyň türki taýpalarynyň we olaryň özleriniň taryhyny ýazmaklyga gyzyklanmasynyň bolmagy täsir edipdir.

Beýleki halklar ýaly oguzlar-da öz urugynyň geneologiýasyna düýpli üns beripdirler. Mahmyt Kaşgarlynyň belleýşi ýaly oguzlar 24 sany taýpa bölünipdir. (Oguzhan we onuň ogullary, agtyklary). Mahmyt Kaşgarlynyň XI asyrda döredilen belli sözlüginde şol 24 oguz taýpalarynyňda ady tutulýar. Reşiteddin oguzlaryň geneologiýasynda has takyk stabilleşen maglumatlary berýär.

Oguznama Stambulda Topkanyň kitaphanasynda saklanýar. Onyň başlangyjy “Bismillahi ar-rahmani-r-rahim … ” diýip başlanyp, onda Nuh Pygamber öz ogullaryna ýer şarynyň adam ýaşaýan ýerlerini bölüp berende uly ogly Ifata (Ýagfasa) ol “Gündogar üstleriň Türkmenistan bilen bilelikde berýär “ diýilip aýdylýar.

Golýazmanyň mazmuny şeýle :

1. Oguzyň atasy, daýylary garyndaşlary ýakyn adamlary bilen göreşi.

2. Oguzyň ýer ýüzüni basyp almak ugrunda ýörüşi. Onuň dürli üstlerie ilçiler bellemegi.

3. Oguzyň Gylborak taýpalary bilen urşy.

4. Oguzyň (##)tümlikler ýurduna we ol ýurt barada maglumatlar.

5. Oguzyň Şirwana, Şemaha ilçi ibermegi.

6. Oguzyň Diýarbekir Kürdistanyň üsti bilen Şama ýörüşi.

7. Oguzyň Ruma hem-de franklara garşy öz ogullary bilen goşun iberilmegi.

8. Oguzyň ogullarynyň Rumdaky söweşleri. Rum goşunlary bilen duşuşygy barada takyk maglumatlar.

9. Oguzyň öz goşuny bilen Damaska we onuň töwereklerine ýörüşi.

10. Oguzyň Müsüre ýörüşi we ony özüne tabyn edişi.

11. Oguzyň Bagdada, Basra we oňa goňşy ülkelere ýörüşi.

12. Oguzyň öz ogullaryny fars we Kermene tarap iberişi.

13. Oguzyň Iraga öz ilçilerini iberşi.

14. Oguzyň Mazendrana ýörişi ony basyp almagy, Gürgeni Dehistany, Horasany, Kukystany basyp almagy.

15. Oguzyň watanyna dolanmagy, onuň soňky ýyllary.

16. Oguzyň ogly Gün hanyň patyşalyk etmegi.

17. Oguz Ýabgusy Günhandan soňky döwürde

18. Gara hanyň ogly Bugra hanyň patyşalyk edişi.

Jemi 17 bapdan durýar.

Egerde A.N. Bernştamyň “Istiriçeskaýa prawda w legende ob Oguz - hane” diýen makalasyny göz öňünde tutmasaň “Oguznama” taryhçylar tarapyndan düýpli derňelmedik işleriň biridir. Ýöne bu eserde türk-oguzlarynyň Hytaýyň demirgazyk oblastlaryny, Türkistany Tebeti, Hindistany, Ural daglarynyň iki tarapyny, Emba, Ural, Wolga derýalarynyň aşak akymlaryny Orsýetiň Günortasyny, Demirgazyk Kawkazy, Zakawkazýeni, Eýrany, Anatoliýany, Yragy, Siriýany, Müsüri basyp alşy barada baý maglumatlar bar. “Oguznamada” destanyň umumylaşdyrylan wersiýasynyň düzülen döwrüne çenli dowam eden Oguz han baradaky rowaýatlar-da ýerleşdirilipdir. “Oguznama” dürli halkyýetleriň we halklaryň dil döredijiliginiň önümidir. Onda çarwa taýpalarda patriarhal gatnaşyklarynyň kemala gelip başlan döwründen bärki köp sanly maglumatlar ýerleşdirilen. A.N. Bernştam “Oguznamada” taryhy prosesiň bäş sany döwrüni belleýär.

a) Patriarhal gatnaşyklaryň kemala gelmegi

b) Synpy gatnaşyklaryň kemala gelmegi

c) Gunlar döwri. Modeniň dabaralanan döwri. (209-174 b.e.öň)

d) Türki halklar döwri VI – VIII asyrlar

e) Peçenek – Polowesler döwri IX – XII asyrlar

Bernştamyň döwürleriniň içinde bir döwri, ýagny seljuklar döwrünide goşmak biziň pikirimizça dogry bolýar. Oguz hem-de Däde Gorkut baradaky iň irki maglumatlar mamlýuk taryhçysy Abu Bahra ibn Abdallah ibn Aýben ad Dawadari (1332-nji ýogalan)-niň taryhy işlerinde ((“Durar at-tijak wa gurar tawarih az-zaman”) “Žemçužina wensow i wse otbornoýe w letopisýah wremeni”)) berilýär. Ol şeýle belleýär türki halklar bu kitaby nesilden nesle geçirýär. Bu kitapda olaryň (oguzlaryň) taryhynyň başlanyşy, olaryň döreýşi hem-de olaryň ilkinji beýik hökümdary Oguzyň durmuşynyň beýany berilýär.

Oguznamanyň haýsy döwürde ýazylandygy barada bir zat aýtmak kyn. Ýöne biziň pikirimizçe bu kitap XIV asyrda Ilhanstan agalyk eden döwründe ýüze çykan bolmagy mümkin. Sebäbi şu döwürde Ilhanlaryň köşgünde uýgur ýazuwy, ruhy we medeni durmuşynyň dowam etmegi oňa ilkinji nobatda täsir etmegu mümkin. Hut uýgurlaryň Oguz nagan baradaky destany türkleriň taryhynyň Oguz han baradaky powestiň döremegine şert döredipdir.

“Oguznamanyň” dil halk döredijiligini hem-de gürrüňlere daýanýandygyna şolaryň hemmesiniň rowaýatlaryň real faktlaryň birleşmegi bize bir türki halklaryň däl, eýsem oguz taýpalarynyň aralaşan halkalarynyň başlangyç taryhy barada taryhy çeşme bolup hyzmat edýär .

Oguznama diňe bir kesgitli halkyň döredijiliginiň netijesi däldir. Onda taryhy hakykaty görkezýän köp halklar bilen ilki türki halklar bilen baglanyşykly çeşmeler öz şöhlelenmesini tapýar. “Oguznamada” Raşiteddin hökümdarlaryň genealogik tablisasyny berýär. Ol Nuh Pygamberden başlanyp, soň onuň ogly ýafes, Dib, Çawkuhan, soňra Gara han Oguz hanyň atasy, soňra Oguz han (1000 ýyl ýaşaýar 116 ýyl patyşalyk edýär). Soňra Gün han 70 ýyl ýaşap 70 patyşalyk edýär. Soňra Dib Ýawkuthan şeýdip jemi 36 oguz hanlarynyň dolandyran ýyllary görkezilip soňy Sejuk Togrul Soltan bilen tamamlanýar.