Mazmuna geçiň

Begdili

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Umumy maglumatlar

[düzet | çeşmäni düzet]

Begdil Oguz han dessanyna görä Oguzlaryň 24 taýpasyndan biri bolup, Mahmyt Kaşgarlynyň Diwanylugatitturk kitabynda ýigrimi iki Oguz taýpasynyň 7-njisi «Begtili» lerdir. Ýokarky suratdaky nyşan olaryň tagmasydyr[1]. Bozoklara degişli bolan Beg-Dili, Begdili şekilinde ýazylýar hem aýdylýar. Geçen döwürlerde käbir çeşmelerde Baýdili-Baýdilli-Begdilli-Begdilu-Begdillü-Beýdili-Beýdilli-Badyly-Badylly-Badilli şekilde atlandyrylypdyr. Begdilileriň tagmasy altyn bürgütdir. Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhnama kitabynda aýdylşyça, ol Ýyldyz hanyň 3-nji ogly bolupdyr. Tagmasy Guşy一towşançyl, Süýegi sag omaça we gapyrga. Türkmenistanda bu taýpadan galanlar örän azdyr diýlip hasap edilýär. Demirgazyk orta Anadoly welaýatlarynda Begdili adyna gabat gelýän iki sany ýer bardyr. Demirgazyk Eýranda Astrabatda Etrek we Rude Gorgan derýalarynyň arasynda Gökleň Begdili (Čãqú Beğdili hem diýilýär) diýlip atlandyrylýan ýerler hem bar. Bularyň aşakdaky obalary Pank, Aman-goja, Boran we Kareşmaz diýlip atlandyrylýar[2]. Pierre Oberlingiň pikiriçe günorta Eýrandaky kiçi Bigdeli taýpasy Kaşkaýlar birligindäki Kaşküli (Keşkölli) kabylasyna degişli diýýär[3]. Begdili taýpasy Seljuk türkmenleri bilen birlikde V一XI asyrlar aralygynda Eýrana we Kiçi Aziýa (Wizantiýa) bolan ýörüşlere gatnaşypdyrlar. Galanlary hem VII一XIII asyrlar aralygynda Mongollaryň çozuşlary zerarly dargapdyrlar we Siriýada gonalga bolup oturypdyrlar. Olar şol ýerde Memluklar bilen güýçlerini birleşdirip mongollara garşy hereket edipdirler. Begdili taýpasy Siriýadan günorta, gündogar Kiçi Aziýa (Anadoly) we ondan soňra Eýrandaky Akgoýunly we Sefewileriň häkimýeti astynda uly üstünlikler gazanandyklary bellidir. Aýratynam Horezmşalar türkmen döwleti Oguzlaryň Begdili taýpasyndan bolan Kutbeddin Muhammet horezmşa tarapyndan gurulandyr. VIII一XIV asyryň ikinji ýarymynda Begdili taýpasy D:aşgyn ogullary serkerdeligi astynda ýaşapdyrlar. IX一XV we XI一XVII asyrlar aralygynda Halap we Diýarbekir aralygyndaky welaýatlarda Begdililer uly toplylyk bolup ýaşapdyrlar. XI一XVII asyrlar aralygynda 12.000 öýlileriň Halap Türkmenleri bolandygy çak edilýär. X一XVI asyrlarda galanlary hem häzirki Türkiýanyň Siwas we Malatýa aralygyndaky ýerlere ýerleşipdirler we käbirleri soňra günorta Rakkanyň töwereklerine göçüp barypdyrlar[4]. X一XVI asyrlara degişli Osmanly begi dokumentlerde 23 sany Begdili ýer atlarynyň ady görkezilipdir. Begdili taýpadaky däp dessurlary bu gün Alawy Türkmen obasynda görmek bolar.

[1] Atalaý, B.: (2006) Diwanylugatittürk. Ankara: Türk taryhynyň gurluşy. Basgy. ISBN 975-16-0405-2,jilt I, sah - 56

[2] Faruk Sümer «Bozokly Oguz taýpalaryna degişli», dil we taryh-geografiýa fakulteti synagy» 11/1,1953.

[3] Pierre Oberling, The Qashqai Nomads of Fars,The Hague, 1974.

[4] BĪGDELĪ (or Bēgdelī, also Bagdīlū), a former Turkish tribe Encyclopædia Iranica