Mazmuna geçiň

Garkyn

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Umumy maglumatlar

[düzet | çeşmäni düzet]

Garkyn gadymy Oguz türkmen taýpasynyň ady bolup, ol ilkinji gezek Reşideddiniň (XIV asyr) eserinde duş gelýär. Bu alym, şeýle-de Ýazyjy-ogly, Salar Baba we Abulgazy dagy Garkyny Oguz hanyň Ýyldyzhan diýen oglunyň dördünji neberesiniň ady hasap edýärler we bu taýpany 24 türkmen kowumlarynyň arasynda 12-nji orunda goýýarlar, adyň manysy bolsa «aşly-nanly», «naz-nygmatly» diýip düşündirýärler. Türkmen halk rowaýatlarynda Garkyn Ärsarynyň daýysy hasaplanýar. Magmyt Kaşgarynyň eserinde duş gelmeýän bolsa-da, garkyn sözi iňňän gadymydyr. Muny seljuklar hereketi döwründe IX asyrda garkynlaryň häzirki Türkiýa, Yraga, Siriýa, Kawkaza (Azerbeýjan, Ermenistan, Gürjüstan), Kryma aralaşandygy bilen delillendirmek bolar. Meselem, häzirki Türkiýede 34 sany Garkyn atly oba bar bolsa, XVI asyrda bu san 62-ä ýetýän eken. Owganystanda we Eýranda hem garkynlar köpçülik bolup ýaşaýarlar. Türkmenistanda garkynlar häzirki Saýat raýonynyň Garkyn we Halaç raýonynyň Çohpetde obalarynda saklanyp galypdyr.

Soltanşa Atanyýazow. Şejere (türkmenleriň nesil daragty) Aşgabat «Turan一1» 1994. sah 108.