Mazmuna geçiň

Bükdüz

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Umumy maglumat

[düzet | çeşmäni düzet]

Orta Asyr çeşmelerinde sanalýan 24 türkmen taýpasynyň biri-de Bükdüzlerdir (Bägdüz, Bükdüz, Bügdüz, Bükder we ş.m. atlandyrylypdyr). Mahmyt Kaşgary ony 8-nji, Reşideddin 23-nji, Abulgazy Bahadur han hem 22-nji orunda goýýar. Bu awtorlaryň ählisi Bükdüzi Oguz hanyň Deňizhan diýen oglundan doglan ikinji ogluň ady hasaplaýarlar we Bükdüz diýen sözüň manysyny «hyzmatkär» diýip düşündirýärler. Reşideddin bu taýpanyň guşuny (oňany) çakyr diýip görkezse, Abulgazy Bahadur han onuň ütelgidigini nygtaýar. Her niçik bolsa-da, bükdüzler häzirki Türkmenistanda uly yz galdyrmandyrlar. Ähtimal olar Seljuklar hereketi döwründe (XI asyr) özlerini köpçülikleýin Türkiýe, Yrak, Siriýa ýaly ýurtlara atan bolmaga çemeli. Diňe tekeleriň we salyrlaryň düzümindäki Bükri diýen urug adynyň etimogik nukdaýnazardan Bükdüz bilen asyldaş bolmagynyň mümkindigini hasap etmeseň, türkmen etnonimiýasynda Bükdüz sözi duş gelmeýär. Bükdüz Oguz türkmenleriniň Üç oklar goluna degişli taýpadyr. Oguzlaryň musulmanlaşyp Yslam dinini kabul edip başlan wagtlary, ýagny X asyrda günbatara göçüp gidýärler. Soňra günbatar Anadola we Orta Anadola gelip ýurt tutunýarlar. Has açyk aýdanymyzda Bükdüziň manysy «Herkese sylag-hormat bildirer we hyzmat eder» diýen manyny berýär. Hezreti Muhammet pygambere ilçi bolup baran (622-623-nji ýyllar aralygynda Medinä baran) Bogduz-Aman hanedanynyň baştutany we Kürmançyň iki esasy golundan Bokhlular/Botanlar, Ýaňykent ýabgularyndan X asyrdaky Mälikşanyň Atabegi Guzuly, Halap türkmenlerindäki Bügdüzler hem bu taýpadandyr. Türkmenistanyň merhum serdary Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhnama kitabynda bolsa bu taýpanyň ady Bükder diýip ýazylypdyr. Manysyny hem ýokardaky ýaly şeýle düşündirýär: «Hemmesine hormat, gulluk we hyzmat eder».

Soltanşa Atanyýazow. Şejere. Aşgabat. «Turan 一1994. sah-87-88.

Atalay(2006). Diwanylugatitturk. Ankara: Türk taryhynyň gurluşy. ISBN 975-16-0405-2. Jilt I. sah-56.

Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama. Aşgabat 2001. sah-83.