Eýmir
Umumy maglumat
[düzet | çeşmäni düzet]Oguz-türkmenleriniň gadymy taýpalarynyň biri bolan eýmirleriň adyny orta asyr alymlary eýmür, Abulgazy bolsa imir görnüşinde ulanypdyr. Mahmyt Kaşgarly ony 24 taýpanyň arasynda 11-nji, Reşideddin, Ýazyjy-ogly we Abulgazy 18-nji, Salyr Baba bolsa 21-nji orunda goýýar. Kaşgarlydan we Salyr Babadan beýleki alymlar Eýmiri Oguz hanyň 5-nji ogly bolan Daghanyň 2-nji perzendiniň ady we ondan önen il hasaplasa, Salyr Baba ony Deňizhanyň 1-nji oglynyň ady diýip çaklaýar. Bu alymlar eýmir sözüniň manysyny şeýle düşündirýärler. Reşideddin: «Soň derejede iýi (gowy) we zengin (güýçli)»; Ýazyjy-ogly: «Hetsiz eýi, baý ol (bol) », Salar Baba: «Leşgerlik we tawangär bolgaý»; Abylgazy: «Baýlaryň baýy». Etnograf alym Ýu. Zuýew eýmir diýen etnonimiň aňladýan manysyna degişli ýörite makala ýazypdyr. Oña görä, bu taýpanyň ady totemden emele gelip, «teke» diýen manyny aňladýar, sebäbi Reşideddin eýmirleriň totemi hökmünde şu haýwanyň adyny tutýar; galyberse-de X一XI asyrlarda ýazylan hytaý çeşmelerinde gara guýrukly imo (imir) diýen haýwanyň ady duş gelýär. Ol geçi ýa-da keýik bolmaly. Şu zatlary nazara alyp, Ý. Zuýew imir diýen ady iki bölege bölýär: im we -r (goşulma). Im sözi, onuň pikiriçe, häzirki türkmen dilindäki umga/ýumga (dag geçisi) we emmek sözünde saklanyp, ol «teke», «geçi» diýen manydadyr. Eýmir sözüniň aňladýan manysyna Ýewropa alymlary hem üns beripdirler. Meselem, Gamiltonyň pikiriçe, bu at «şan-şöhretli, ygtybarly» diýen many añladýar. Elbetde, ymykly ylmy barlaglar geçirmezden, eýmir etnonimine berilýän beýle düşündirişlere ynanmak kyn. Bu sözüň asyl köküni hunlaryň, ýada, türki, mongol, tungus-manjur halklarynyň bir umumylygy emele getiren altaý döwründe ýaşan halklaryň dilinden gözlemek dogry bolar, sebäbi eýmirleriň ady gadymy türki eýýamda-da duş gelýär. Meselem, türk alymy Ibrahim Kafesoğlunyñ ýazmagyna görä, baryp 745-nji ýylda Ötükende öz döwletini guran uýgurlara dokuzoguz («9 taýpa») hem diýilýän eken, çünki olar 9 taýpadan ybarat bolupdyr. Onuň 8-nji taýpasynyň ady hytaýça Hi-ýe-wu görnüşinde ýazylyp, ol türkçe okalanda aýamur ýa-da aýmur görnüşine eýe bolýar. Kafesoğlu bu ady hut eýmirler bilen baglanyşdyrýar. Eýmir ya-da iýmir etnik adyň eý/iý bölegi, biziň pikirimizçe, igdir etnoniminiň ig sözi bilen asyldaş bolsa gerek, çünki türki (türkmen) dillerinde g sesi aňsatlyk bilen ý sesine geçip bilýär. Meselem: ege一eýýe,一eýe, tük一tüg一 tüý, çugun一ço:ýun一çoýun we ş.m.
Çeşme
[düzet | çeşmäni düzet]Soltanşa Atanyýazow. Şejere (türkmeniň nesil daragty). Aşgabat, «Turan一 1». 1994.