Dag han

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Umumy maglumat[düzet | çeşmäni düzet]

Dag han -Túrk we Altaý taryhlarynda Dag(Taw, Tak, Dak) kagan górnúşinde ýazga geçendir.

Oguz hanyń ilkini aýalyndan bolan ogullarynyń biridir. Túrkmen dówletiniń ululygyny we beýikligini dag ýaly arkalydygyny suratlandyrýan bu at onuń tebigatyń beýikligini ańladýandygy úçin dakylypdyr. Kábir daglar túrkilerde kermat, gudrat hókmúnde kabul edilipdir («Gudrat görseň daglara bar» Nakyl). Altaý dagy 一Tańry dagy we ş.m. Túrki halklarynyń arasynda dessanlaşan Demir dag, Bakyr dag, Buz dag, Kyl dag, Or dag, Kuz dag, Kur dag, Ak dag ýaly atlar saklanyp galypdyr. Ýurdumyzyń çágini tirsekláp ýatan Kóýten we Kópet Balkan daglarynyń adynyń eýesi hem Dag hanyń ady getirlendir. Dag hanyń ońany Úçguşdyr. Dessannamalardaky daglaryń iń azyndan 3 sanysy şu şekildedir:

1.Altyndag; Gókýúzúndedir. Dokuz asmanyń kesişýán ýerinden başlaýar(Bu bolsa Gadymy dówúrde Oguzlaryń Planetalary şeyle atlandyran bolaýmasyn diýen çaklamany ýúze çykarýar we bu gyzyklydyr). 2. Demirdag; Ýerýúzúndedir. Dokuz derýanyň birleşen ýerindedir. 3. Bakyrdag ýerastyndadyr. Dokuz gat deńiziń birleşen ýerindedir.

Dag sózi (Dag, Tag, Taw) kókúnden dórápdir. Belent derejesi bolan toprak gatyşykly we gaýa gatlaklary. Gadymy túrkiçe Dag,(Mangolça we Tungusça) Daga sózúni emele getiripdir.

Dag hanyň 4 ogly bolupdyr: Salyr gazan (Sulu kagan), Eýmir (Ýemrel), Alaýuntly, Ýüregir. Salyr gazanyň 1 ogly Demir. Onuň 1 ogly Arka, onuň 1 ogly Ergil, onuň bir ogly 1 Yrmak, onuň 1 ogly Bekameşçi, onuň 1 ogly Kümüş han, onuň bir ogly Demir töre, onuň bir ogly Gara han, onuň 1 ogly Talyp, onuň bir ogly Salyr (Kenan baba) Salyryň (Kenanbabanyň) 4 ogly: Otgözli-Idris, Ýalawaç, Geçiaga, Garaaman, Indi Otgözli-Idrisiň 1 ogly: Haýdar gazy, onuň 1 ogly Süleýmangazy, onuň bir ogly Aýnal (Ýynal) gazy, onuň 1 ogly Tilalgazy, onuň bir ogly Tilal gazy, onuň bir ogly Parhoja gazy, onuň bir ogly Bisaw gazy, onuň bir ogly Garaja beg, onuň Garagazy, onuň 4 ogly Ogurjyk alp, Garajyk, Gumjyk, Dardyg. Indi Ogurjykalpyň (Görogly) 6 ogly: 1. Denkli, Bajy, Berdi, Buka, Gysar, Usar. Berdiniň 2 goly: Gumly, Gulhajy. Gumlydan Ýomut bolýar. Gulhajydan iki gol Gulmy, Ärsary.

Indi Bukanyň iki ogly Akhan,Garaja yslam, Garaja yslamyň 2 ogly: Ebuke, Täç. Täçiň 1 ogly Baka Pälwan, onuň bir ogly Teke.