Mazmuna geçiň

Ýywa

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Ýiwe ýa-da Ýywa diýip ýazga geçirilen bu taýpa Oguzhan dessanyna görä Oguz Türkmenleriniň 24 taýpasynyň biri bolup, Mahmyt Kaşgarynyň «Diwanylugatitturk» atly kitabynda ýigrimi iki Oguz taýpasynyň 4-njisidir. Ýokardaky surat şol taýpanyň tagmasydyr[1]. Ýywa taýpasynyň oňany tuýgundyr, ýagny «ýaş erkek çakyrdogandyr». Professor Bazin şol sözüň Özbekçedäki garşylygyny açypdyr: kary erkek garçgaýdyr. Ýywa sözüniň manysy «Mertebesi hemmesinden ýokary» diýmekligi aňladýar. Seljuklylar döwründe ady birnäçe ýerlerde agzalyp geçen taýpalaryň biri bolan Ýywa türkmenleri Oguz hanyň ogly Deňizhanyň 3-nji ogly diýip çak edilýär. Mahmyt Kaşgary bu taýpanyň adyny Iwa, Ýawa, Ýywa, Aiwa ýaly bäş sany sözleniş şeklinde teswirläpdir. XII asyrda el-Iwaiýýe ýa-da Iwa şeklinde ýazga geçirlipdir. Tahrir depderlerinde bolsa Iwa we Ýywa şeklinde ýazylypdyr. Ýywalar XII asyrda Hemedanyň günbatarynda oturyp ýer-ýurt tutunypdyrlar. Bu ýer Eýranda Kurdistan diýilýän mülke degişli bolupdyr. Bu mülke öňler Dinawer, Kermanşa, Hulwan we Şehnazar ýaly şäherleri öz içine alypdyr. Ýywalar şol ýerde köplük bolup oturupdyrlar. Hatda Mosul atabegi Imadeddin Zeňňi olaryň bir bölegini öň Siriýa göçürip Halapda ýer-ýurt tutup beripdi. Ýywalar Syrderýa boýlaryndan Eýrana Owşar we Salgurlar bilen birlikde 1130-njy ýyllarda gelendiklerine taryh şaýatdyr. 1158 (553)-nji ýylda Ýywa Perçeme degişli Türkmenleriň Jebel etrabynda gozgalaň turuzmaklary netijesinde Bagdat halyfy Mengu Barsyň serkerdeliginde, bularyň üstüne goşun iberdi. Mengu Bars Türkmenleri agyr ýeňlişe sezewar edipdir. Soňra kesilen kelleler we ýesirler bilen Bagdada dolandy. 1172 (568)-nji ýylda Perçemiň buýrugy bilen Türkmenler Hamedanyň günbataryndaky etraplara çozuş edip Dinewary zabt edendiklerine taryh şaýatdyr. Bu habary Nahçiwarida eşiden Il Deňiz atlylary bilen Perçemiň yzyndan gidip ony Bagadada çenli kowalady. Hatda Il Deňiziň Bagdadyň golaýyna çenli gelmegi hem halyfy eýmendiripdir. Halyf goşun toplap, ätiýaçly goraglary berkitdi. Soňra Il Deňiz halyfdan ötünç sorap bu ýere Perçemi kowalap gelendigini aýtdy. 1187 (583)-nji ýylda soňra Seljukly soltany Togrul bilen halyfyň weziri Jelaleddin bin Ýunus arasynda Hamedan töwereklerinde başlan söweşde Ýywalar halyfyň goşunyny düzýärdiler. Rawendiýanyň pikiriçe söweş gidip durka Seljukly goşunlarynyň çep golunda ýerleşen Aý Abanyň serkerdeligindäki atabegli esgerler (ýagny Pälwanyň memluklary) ýeňilip gaçypdyrlar we Ýywalar tarapyndan kowalanypdyr. Soňra atabegli esgerler agyr goşlaryny taşlap Türkmenleriň yzarlamalaryndan arany açdylar. Esasan Türkmenleriň asyl maksady olja almak bolupdyr. Olaryň agyr goşlary olaryň paýyna düşeninde söweş meýdanyna dolanyp barman ülkelerine tarap ýol şaýyny tutdylar. Şol sebäpdenem Soltan Togrul beg bu söweşde ýeňiş gazandy. Bu söweşde Ýywalaryň başynda Perçemiň ogly Mahmyt bardy. Yrak Seljukly hökümdarlygyny syndyran Horezmşasy Tekeş Yragy Ajamdaky obadyr illeri Seljuk emirlerine tabşyrypdyrlar. Bular halyfyň ýardamy bilen köp wagt geçmezden Horezmşasyna garşy gozgalaň tuzurdylar. Emma Horezmşasynyň ogly Reý häkimi Tunus han tarapyndan gozgalaň basylyp ýatyryldy. Bu bosgundan gaçyp gutulan emirler Ýywa begine sygyndylar. Şol sebäpdene Rawendi, Ýywa begini mälik (karol) diýip tassyklapdyr. Bu hadysadan soňra halyf esgerleri bilen Horezmşasy Tekeşiň Hemedan häkimi Maýaçygyň goşunlarynyň arasynda turan söweşde, Bagdat goşuny ýeňilýär. Ýywalar şol söweşden soň halyfyň goşunlarynyň arasynda bardyklaryny bilýäris. Perçemogly Mahmytdan soňra Ýywalaryň başyna Fahreddin Ybraýymyň geçipdir. 1196 (593) -nji ýylda Atabeg Özbek adynda biri Hamedanda häkimlik etmäge başlan Nuretdin Gökje, Ýywa begligini ýok etmek üçin ýörüş etdi. Soňra Gökje Ýywa beginiň mukabelä taýynlandygy üçin Hamedana dönmäge mejbur boldy. 1208-nji ýylda Mälik Ybraýym bir Batyny tarapyndan öldürildi. Batyny Ýywa tagtyna geçmek üçin ýyllap garaşypdy we özüni ybadathon adam ýaly özûni alyp barypdy. Ebu Yshak Fahreddin Ybraýym düşünjeli patyşady. Ony kimiň öldürdendigi hakynda çeşme gelip ýetmedi. Fahreddin Ybraýymdan soňra Mahmydyň ogly Perçem geçipdi. Emir Perçem 1209-njy ýylyň Mart Aprel aýlarynda (605 ý. Remezan) Bagdada gelip halyfyň ýanyna barypdyr. Onuň özüne köýnek sowut geýdirip, gylyç guşatdyrdy we 10.000 altyn berlipdir. Perçemden soňra Şyhabeddin Süleýman Şany Ýywa begligine bellenýär. Süleýman Şa Ýywalaryň iň meşhur begleriniň biridir. Soňra Süleýman şa 1213-nji ýylda (610 h.ý.) ýyldan öň näbelli sebäplere görä Halyf an-Nasyr Lidinilläh tarapyndan azl edilip ýerine jigsi geçirlipdir. Onuň bolsa ýerine geçip-geçmedigi bilinmeýär. Jelaleddin Horezmşa 1224-nji ýylda halyfyň ülkesinden baryp gaýdanynda Hemedary ýakynyndaky Bahar galasynda oturan Süleýman şanyň ýanyna ugrapdyr we ol ýerde onuň gyzjigsine öýlenipdir. Süleýman şa Bagdat halyfyny tanaýşy ýaly, Jelaleddin Horezmşanyda tanaýardy. Taryhy Güzidedäki bellenilen Lurystan mäliklerine degişli Süleýman şa bilen baglanyşykly käbir maglumatlar hem bar eken. Bularyň pikiriçe kiçi Lur emir Şerefeddin Ebu Bekir, Süleýman şanyň Melike hatyn atly gyz jigsi bilen durmuş gurupdy. Lur emiriniň ölüminden soňra ýerine geçen jigsi Izzeddindi. Melike hatyna öýlenýär we ondan iki ogly dünýä inipdir. Soňra Izzeddiniň agasynyň ogly Hüsameddin Halyl tarapyndan öldürilmeginiň yz ýany Izzediniň kiçi ogullary daýylarynyň ýanyna gaçdylar. Soňra Süleýman şa bilen Luruň emiriniň arasynda yzygiderli söweşler başlady. Şapur obasynda başlanan söweşde Lur goşuny ýeňildi we Husameddin Halyl hem öldürildi (1246). Süleýman Şa öz duşmany Husameddin Halylyň ölümine gynanypdyr we ol hakynda rubagy aýdypdyr. Goňşysy Lur emirleri Eýrandaky Salyrlylar, Mosul hökümdary Huleguýu tanansoňlar Süleýman şa halyfdan aýrylmady. Hatda 1258-nji ýylda Mongollar Bagdady gabanynda şäheri goran hem Süleýman şady. Bagdadyň synmagy bilen Süleýman şa, Halyf we beýleki Türkmen serkerdeleri bilen birlikde şehit boldular. Hamdullahy Mustewfiniň pikiriçe Hulegunyň Bagdat saparyna goşulan Lur emiri Bedreddin Mesud şanyň öldürülmezligi üçin Hulegua haýyş edipdir. Emma haýyşy kanagatlandyrylmandyr. Şonuň üçin Lur emiri, Süleýman şanyň maşgalasyny we garyndaşlaryny Lurystana göçürdi. Bularyň bir bölegi başagaýlyk.tamamlanansoň Bagdada dönüpdirler. Reşideddin Ýywa beginiň ýyldyzlar ylmyndan ökde bolandygyny ýazypdyr. Hamdullahy Mustewfiniň pikiriçe Kürsüstan welaýaty 15 bölege bölünipdir. Süleýman şa Ýywalaryň akybeti hakynda maglumatymyz ýokdur. Minorsky Garagoýunly iline degişli bola Baharly tiresiniň adynyň Süleýman şanyň oturan ýeri bolan Bahar galasyndan gelendigini nazara alsak Garagoyunlylaryň Ýywalaryň nesli bolandygyny aýdyp bileris.

Taryhda Urmiýa Ýywalary

[düzet | çeşmäni düzet]

XIII asyryň ilkinji çäriýeginde köplük Ýywa öýleriniň Urmiýa ilinde ýaşapdyrlar. Bularyň kuwwatlylygy Mongol çozuşlary sebäpli Türküstandan gelipdirler. Süleýman şa Ýywalaryndan aýry bir goldy. Bu Ýywalar köplük bolup 10.000 atlary bardy. Muhammet Nesewiýä görä, bular Soltan Jelaleddini hasap etmezden, ýollara gorky salmakda we Uç ülkelerine çozuş etmek bilen meşguldylar. Şol sebäpden Jelaleddin Horezmşa Ahlatdan dönüp olaryň yzyna düşdi. Ýywalardan birnäçeleri adamyny öldürip birnäçe olja aldy. 1226-njy (623) ýylda bu hadysany ýazga geçiren Ibn Esir Ýywalaryň çozuş hereketlerini bellemändir. Onuň pikiriçe Uşny we Urmyýa şäherleri Ýywalaryň elinde bolşy ýaly, olar Hoý şäherinden hem salgyt alýardylar. Jelaleddin öňler Gürzinler we soňra-da Ahlatlylary zabt etmekliginden pursat tapyp söwda kerwenlerini taladylar. Şol wagtlar hem Tebriz täjirleriniň Arzyrumdan Tebrize getirjek bolan 20.000 goýnuny-da Tebriz töwereginde ele saldylar. Ýywalaryň bu eden-etdiligine Seljukly soltany Togrulyň gyzynyň haýyşy bilen Jelaleddin Ahlat gabawuny goý bolsun edip olaryň yzyna düşdi. Ýywalar Jelaleddiniň Ahlady terk etmejekdigini bilip mülklerine arkaýyn ýerleşýärler. Şo wagt Jelaleddin olary tapdy birnäçesini öldürip, çopan-çoluk we çagalaryny bolsa ýesir aldy we dowarlarynyň birnäçesinide ele saldy. Bu hadysadan 6 ýyl soňra Mongollaryň gelmegi bilen olar hem Azerbeýjandaky Türkmenler ýaly günbatara giden bolmaklary mümkin[2].

[1] Besim Atalaý. Diwanylugatitturk. Türk taryhynyň gurluşy çaphanasy. Jilt I. Ankara 2006. s.57. ISBN 975-16-0405-2 Kafesogly, Ybraýym. Türkleriň milli medeniýeti. Türk medeniýetiniň gözleg instituty. 1977. sah-134.

[2] Oguzlar. Sümer Faruk.