Mazmuna geçiň

Türkiýe

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Türkiýe Respublikasy sahypasyndan gönükdirildi)
Türkiýe Respublikasy
Türkiye Cumhuriyeti
Türk Bayrağı Türkiýe gerbi
Türkiýe baýdagy Türkiýe tugrasy
Paýtagt Ankara
Iň uly şäheri Stambult
Prezident Rejep Taýýyp Erdogan
Dil Türkçe
Gimn İstiklâl Senasy
Meýdany 783 562 km²
Ilat
 – ilat/km²
84.680.273
 110/km2 (107.)
Garaşsyzlyk 29 Ekim, 1923
Pul Türk Lirası (TL)
Wagt UTC +3
Telefon kod +90
Internet TLD .tr

Türkiýe (türk. Türkiye), resmi ady Türkiýe Respublikasy (türk. Türkiye Cumhuriyeti) — bir bölegi Aziýanyň günorta-günbatar böleginde, beýleki bölegi Günorta Ýewropada ýerleşýän döwlet. Ýurduň territoriýasynyň easy bölegi Anatoliýa ýarymadasynda (Kiçi Aziýa ýarymadasy) Gara deňiz bilen Ortaýer deňziniň aralygynda ýerleşýär.

Türkiýe gündogarda Gürjüstan, Ermenistan, Azarbeýjan we Eýran bilen; günortada — Yrak we Siriýa; günbatarda — Ýunanystan, Bolgariýa bilen serhetleşýär. Onuň kenarlaryny dört sany deňiz ýuwýar: Gara deňiz, Ortaýer deňzi, Egeý deňzi we Mermer deňzi.

Türkiýeniň umumy tutýan meýdany 814,578 inedördül kilometr bolup, şonuň 790,200 inedördül kilometri Kiçi Aziýa ýarym adasynda, galan 24 müň inedördül kilometri hem Ýewropadadyr. Ýagny, Balkan ýarym adasynyň günorta gündogaryndadyr.

Türkiye dünýäniň iň täsin ýerinde gadymy Aziýanyň, Ýewropanyň we Afrikanyň biri-birine iň golaýlaşýan ýerinde, Aziýanyň Ýewropa bilen araçäkleşýän ýaýlymynda ýerleşýär. Ol günortadan demirgazyga 550 kilometre, gündogardan günbatara 1600 kilometre uzalyp gidýär.

Üç tarapy deniz bilen gurşalan Türkiye döwleti Birinji jahan urşundan soň, 1923-nji ýylda Mustafa Kemal Atatürk tarapyndan esaslandyrylýar. Türkiye dünýäniň birnäçe abraýly guramalarynyň agzasydyr. 2005-nji ýylyň oktýabr aýynda" Türkiye Ýewropa Bileleşigine doly hukukly agza bolmak üçin gepleşiklere başlady.

Türkiýeniň Uly Millet Mejlisi 1920-nji ýylyň aprel aýynyň 23-inde döredildi. Ol ýurduň kanun çykaryjy organydyr. Deputatlar halk tarapyndan her 5 ýylda bir gezek geçirilýän saýlawlaryň netijesinde saýlanýar. Mejlisde 550 deputat bar.

Ýurduň ýerine ýetiriji häkimiýetine premýerministr ýolbaşçylyk edýär. Ol Ministrler Kabinetine başlyklyk edýär. Premýerministr Mejlis tarapyndan 5 ýyllyk möhlete saýlanýar. Türkiye «Ýurtda parahatçylyk - dünýäde parahatçylyk» ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirip, ony sebitdäki yurtlar bilen özara bähbitli gatnaşyklar, hormat goýmak esasynda dowam etdirýär.

Tebigy baýlyklary

[düzet | çeşmäni düzet]

Türkiýeniň territoriýasy ýerasty magdanlara baýdyr. Ýurtda altyn, kümüş, mis, boksit, wolfram, simap, demir, marganes, daş we goňur kömür, nebitdir gaz çykarylýar. Hromitiň gorunyň çykarylmagy we eksport edilmegi, wolframyň we sürmäniň gory boýunça Türkiye dünýäde birinji orunlaryň birini eýeleýär. Bu ýerde bütin günorta-gündogar Aziýa boýunça daş we goňur kömrüň iň iri ýataklary bar. Himiki çig mal we tebigy gurluşyk materiallar hem köp dürlüligi bilen tapawutlanýar.

Haýwanat dünýäsi

[düzet | çeşmäni düzet]

Türkiýeniň baý haýwanat dünýäsi bar. Munda Aziýa bilen Ýewropanyň biri-biri bilen araçäkleşmeginiň uly täsiri bar. Täsin geografiki ýerleşişi we dürli howa şertlerine eýe bolandygy üçin bu ýurduň ösümlik dünýäsi beýleki ýakyn Gündogar ýurtlarynyňka seredeňde örän baýdyr. Ýurtda 9 müňden gowrak ösümlik görnüşi bar. Şeýlelikde. ýurtda diňe bir Ortaýer deňziniň faunasynyň görnüşleri bolman, eýsem Ýakyn we Gündogar Ýewropa Kawkaz hem-de Arap ýarym adasynyň faunasyna degişli haýwanlara duş gelmek bolýar.

Ykdysadyýeti

[düzet | çeşmäni düzet]

1923-nji ýyldan bäri durmuşa geçirilýän özgertmeler arkaly häzirki günde Türkiye dünýäniň çalt ösýän ýurtlarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda ykdysady ösüşi boýunça dünýäde 17-nji orny[Çeşme zerur] .

Belli şahsyýetleri

[düzet | çeşmäni düzet]

Türkiýeniň esaslandyryjysy Mustafa Kemal Atatürküň ýaşan kyn döwründe bitiren uly işleri, alyp baran üstünlikli syýasatlary, syýasy meselelerdäki öňdengörüjiligi bilen dünýäde meşhur bolan şahsyýetdir.

Dünýäde meşhurlyk gazanan Türk sungat ussatlary-da az däl. Olardan pianinoçy Fazyl Saý we Süher Pekinel, opera aýdymçysy Leýla Genjer, edebiýatçylardan - Orhan Pamuk, Ýaşar Kemal, Nazym Hikmet, Mehmet Akif Ersoý, Hüseyin Nihal Atsyz, şahyrlardan,-Nuri Bilge Jeýlan, Ferzan Özpetek dagy dünýä medeniyetine uly goşant goşan ady belli şahsyýetlerdir.

Matematika boýunça birnäçe teoriýalaryň üstünde işlän Jahit Arf molekulýar biologiýa we kwant teoriýasy babatda ylmy işler ýazan Oktay Sinanogly, taryhçy Halil Inaljyk we Ilber Ortaýly, beýni hirurygy Gazi Ýaşargil dagy bolsa dünýä ylmyna goşant goşan türk alymlary hasaplanýar.

Türk aşhanasy hytaý we fransuz aşhanalary ýaly dünýäniň iň meşhur hem baý aşhanalarynyň biridir. Geografiki ýerleşişi we gadymy taryhy ýurduň aşhanasynyň baý bolmagyna öz goşandyny goşupdyr. Türk aşhanasy Mesopotamiýa we Balkan aşhanasyndan hem täsirlenipdir. Osman imperiýasynyň aşhanasy bolsa türk aşhanasynyň esasyny düzýär. Osman imperiýasynyň aşhanasynda dürli hilli çorbalar, zeýtun ýagyna ýatyrylan gök önümler, etli naharlar, balyk, börek we süýji tagamlar taýýarlanylýardy. Şeýle hem ýurduň her taýpasynyň we obasynyň özüne mahsus tagamlary hem bar.

Türkiýeniň Döwlet Teleradiokompaniýasy (TRT) ýurduň ilkinji teleýaýlymydyr. Ol 5 teleýaýlymy we 5 radiosy bilen ýaýlyma çykýar. TRT-niň döredilmegi bilen göz önünde tutulan maksadyň beýleki ýaýlymlar bilen bäsleşmek ýa-da girdeji gazanmak bolman, eýsem, jemgyýetiň bähbidini gorap, ýokary hilli gepleşikleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Türkiýeniň bazarynda 21 milli, 14 sebitara we 1000 sany ýerli teleýaýlymlar bar. Iň köp tomaşa edilýän ýaýlymlar:, "Kanal D", "ATV", "Show TV" we "Stard Tv ". Ýurtda ykdysadyýet meselelerine we habarlara üns berýän ýaýlymlar hem az däl. Ýurduň iň köp okalýan gazetleri: "Posta", "Hürriyet", "Zaman", "Radikal", "Milliýet" we "Sabah" gazeteleridir:

Türkiýeniň kinematografiýasynda ilkinji kino 1914-nji ýylda surata düşürildi. Şol döwürde Fuat Uzkynaý "Aýastefanosdaky rus ýadygärliginiň ýykylmagy" atly filmi surata düşüripdi. 1914-2006-njy ýyllar aralygynda 4827 sany serial we film surata" düşürildi. Metin Erksanyň režissýorlygynda "Susuz ýaz" atly reňksiz film 1964-nji ýylda halkara Berlin kinofestiwalynda "Altyn aý" baýragyna mynasyp boldy. 1970-nji ýylda "Ýeşilçam" kino industriýasy ýurduň kinematografiýasyna uly goşant goşdy. Türkan Şoraý, Filiz Akyn, Ýylmaz Güney. Kadir Inanyr, Ediz Hun ýaly kino ussatlary öz filmleri bilen türk tomaşaçylarynyň söýgüsini gazandy. Häzirki ýyllarda-da kino industriýasy çalt depginlerde ösýär. Iň köp tomaşa edilýän filmler: "GORA", "Dondurmam Gaýmak", "Gurtlar jülgesi", "Atam we oglum".

Türkiýede sporta uly üns berilýär. Ýurtda sportuň iň gowy görülýän görnüşleriniň biri hem futboldyr. Türkiýeniň futbol boýunça milli ýygyndysy hem bu ugurda uly üstünliklere eýe boldy. 2002-nji ýylda geçirilen dünýä futbol çempionatynda Türkiýeniň milli ýygyndysy hormatly üçünji ýere mynasyp boldy. Şeýle hem 2000-nji ýylda Belgiýa bilen Gollandiýanyň bilelikde gurnan Ýewropa futbol çempionatynda bolsa ýygyndy topar altynjy orny eýeledi;

Türkiýeniň birinji futbol ligasynda çykyş edýän "Galatasaraý" futbol topary 1999-2000-nji ýylda UEFA-nyň kubogynyň finalynda Angliýanyň "Arsenal" toparyndan üstün çykyp, bu kuboga eýe bolan ilkinji türk toparydyr. Şol ýyl ol Ýewropanyň "Süper kubogyny" eýeläp, dünýädäki iň meşhur futbol toparlarynyň hataryna goşuldy. Bu toparyň düzüminde çykyş edýän Hakan Şüküri hem-de häzirki wagtda-da Ýewropanyň güýçli toparlarynda oýnaýan Tunjaý Şanlyny we Nihat Kahwejini köp sanly futbol janköýerleri tanaýar.

Adana | Adyýaman | Afýonkarahisar | Agry | Aksaraý | Amasýa | Ankara | Antalýa | Ardahan | Artwin | Aýdyn | Balykesir | Bartyn | Batman| Baýburt | Bilejik | Bingöl | Bitlis | Bolu | Burdur | Bursa | Çanakkale | Çankyry | Çorum | Denizli | Diýarbakyr | Düzje|Denizli| Edirne | Elazyg | Erzinjan | Erzurum | Eskişehir | Gaziantep | Giresun | Gümüşhane | Hakkari | Hataý | Ygdyr | Ysparta | Ystanbul | Izmir | Kahramanmaraş | Karabük | Karaman | Kars | Kastamonu | Kaýseri | Kyrykkale | Kyrklareli | Kyrşehir | Kilis | Kojaeli | Konýa | Kütahýa | Malatýa | Manisa | Mardin | Mersin | Mugla | Muş | Newşehir | Nigde | Ordu | Osmaniýe | Rize | Sakarýa | Samsun | Siirt | Sinop | Siwas | Şyrnak | Tekirdag | Tokat | Trabzon | Tunjeli | Şanlyurfa | Uşak | Wan | Ýalowa | Ýozgat | Zonguldak



 
Türk döwletler we Awtonom türk döwletler
Türk döwletler: Azerbaýjanyň baýdagy AzerbaýjanGazagystanyň baýdagy GazagystanGyrgyzystanyň baýdagy GyrgyzystanKipr Türk baýdagy Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy
Özbegistanyň baýdagy ÖzbegistanTürk baýdagy TürkiýeTürkmenistanyň baýdagy Türkmenistan

Awtonom Türk Döwletler: Altaý Respublikasy | Baýan Ölgiý | Başgyrdystan | Çuwaşystan | Dagystan | Gündogar Türkistan | Dolgan-Nenes | Gagauzystan | Hakasiýa | Garagalpagystan | Kabarda-Balkariýa | Garaçaý-Çerkes | Krym Awtonom Respublikasy | Nahçywan | Tatarystan | Tuwa Respublikasy | Ýakudystan