Mazmuna geçiň

Isläm

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Alla sözi arap dilinde ýazylşy.
Käbe.

Isläm (arap. إِسْلاَم‎‎ — boýun bolmak, [Ýeketäk] Hudaýa özüňi bagş etmek) häzirlikçe dindarlaryň sany boýunça hristianlardan soň ikinji din. (Aslyýetinde bolsa hristianlaryň sany azdyr, sebäbi adaty halk köpçüligi özüne hristiandyrys öýdýär.) Häzirki wagtda jemi ≈ 1.9 mlrd adam bu dindedir. Takmynan, bir milliard töweregi musulmanlar hanefidir. Isläm 28 döwletiň döwlet ýa-da resmi dinidir. Pygamberi — Muhammed (571—632). Mukaddes kitaby — Kuran. Isläm hukugynyň we taglymatynyň ikinji esasy çeşmesi — Sünnet. Bu bolsa göniden-göni Muhammed pygaberiň dana sözlerinden we durmuşyndan habar berilýän hadyslaryň jemidir. Ybadat dili hökmünde ulanylýan dil — arap dili. Islam dinindäki adama — musulman diýilýär.

Yslam dininden başga dini Allah kabul etmez (ýagny, başga dindäkiler (ýa-da dinsizler) dowzahy bolar).[1][2][3]

Islam dini hak dinidir.

Din amallary

[düzet | çeşmäni düzet]

Yslamy kabul edeniň ilkinji öwrenmeli zatlary:

  1. Akyda
    1. Iman
  2. Riddä
    1. Kufr
    2. Şirk
  3. Ylmyhal
    1. Täret
    2. Gusl
    3. Namaz
    4. Oraza
    5. Zekat
    6. Haj
  4. Fikh
    1. Farzul aýn
    2. Farzul kifaýa

Ynam şaýatlygy

[düzet | çeşmäni düzet]

Şähädä — yslamda bäş sütüniň biridir. Ony inkär eden dinden çykar. Mysal üçin: Alladan başgada hudaý bar, Alladan başga hem doga bilen ýüzlenibermeli ýa-da Muhammed pygamber ﷺ ýalan sözleýär diýip ynanmak.

Namazyslamda bäş sütüniň biridir. Ony inkär eden dinden çykar. Mysal üçin: bir wagtyna okasaň hem bolýar diýip ynanmak.

Parz namazlardan soň iň haýyrlysy gijeki namazdyr.

Oraza — remezan aýynda oraza tutmak yslamda bäş sütüniň biridir. Ony inkär eden dinden çykar. Mysal üçin: Şaban aýy agzygy bekleseň gowy, Remazan aýy islän günüň tutaýmaly.

Zekat — yslamda bäş sütüniň biridir. Ony inkär eden dinden çykar. Mysal üçin: Puluň (malyň) kän bolsada zekat bermäňdä hem hiç zat bolanok diýip ynanmak.

Haj — yslamda bäş sütüniň biridir. Ony inkär eden dinden çykar. Mysal üçin: Pylan mazarlyga barsaň edil haj eden ýaly diýip ynananmak.

Muhammed pygamber ﷺ: «Mekkedäki Mesjid Haram mesjidi, Medinedäki Meniň mesjidim we Aska mesjidinden başga mesjide gitjek bolup ýola çykyp ýörme.» diýendir. Ýagny, bu metjitlerden başga islendik metjide kän sogaply ýa-da ol piriň mesjidi diýip gitmegiň ýalňyşlygydyr. Ýagny, ýakyn ýerde haýsy mesjid yslamyň kanunyna laýyk gurlan we ondaky ymam (munafyk) ýa-da ş.m. bolmasa şol ýere gitmek dogrydyr. Mazarlyga nirede ene-ata jaýlanan bolsa, ýa-da nirede ýakyn musulman mazarlyk bar bolsa şoňa gitmek dogrudyr.

Dini taglymat

[düzet | çeşmäni düzet]

Perişdeler

[düzet | çeşmäni düzet]

4 uly perişdeler:


Jibril(a.s)

Azrail(a.s)

Mikail(a.s)

Israfil(a.s)

Mukaddes kitaplar


Hz.Dawut(a.s)-Zebur

Hz.Musa(a.s)-Töwrat

Hz.Isa(a.s)-Injil

Hz.Muhammed(s.a.w)-Gurhan (Kuran-i Kerim)

Pygamberler

[düzet | çeşmäni düzet]

124 müňden gowrak pygamber ýaşap geçipdir diýip çaklanylýar. Ýöne Mukaddes Gurhanda 25 pygamberiň ady geçýär.Atlary ýakynda goýular.

Sorag güni

[düzet | çeşmäni düzet]

Ylmy taglymat

[düzet | çeşmäni düzet]

Ykdysadyýet

[düzet | çeşmäni düzet]

Sosial taglymat

[düzet | çeşmäni düzet]

Muhammed pygamberiň ýolundan ýöreýänlere ýagny akydadan maturidi we aşari mezhebindäkiler, fikhden bolsa dört sünni (hanefi, şafygy, mäliki we hanbali) mezhebiň yzyna eýerýänler.

Bu toparyň akydasy kufrdedir. Diňe zeýditler käfir hasaplanmaýar.

Yslamda 12 ymam ýokdur, 12 ymam diňe şaýylarda bardyr. 12 ymamyň 12-njisi asly dogulmadyk, ýagny ýok oýlanyp tapylan adamdyr. Şaýylar 12 ymamy günäden goralan we ýalňyşmaýan hasaplaýarlar.

Sünni alymlara görä, eger bir musulman pygamberlerden başgany günäden goralan we ýalňyşmaýan hasaplasa ol adam kufra düşer. Hatda biziň günlerimizde hem pir ýalňyşmaýar, ýa-da pir ölen badyna jennete düşýär, pir ýüregiňdäkini bilýär diýilýän yslama ters düşünjeler bar. Emma bu düşünjeler dinden çyjarýandyr. Sebäbi Muhammed pygamber ﷺ hem adamlaryň ýüregini bilen däldir, oňa mysal etsek: Enemiz Aişä musulmanlaryň arasynda gezýän munafyk ýehudy bardy, ol Aişä zyna töhmedi ýaýradanda pygamberimiz bir aýlap näme etjegini bilmeýär. Soňra aýat inmegi bilen Aişä bolan töhmetiň ýalandygyny Kuran aýatlary bilen tassyklanýar.

Yslamda öýde ýa-da metjitde surat asyp goýmak ýokdur. Şaýylar 12 ymamyň suratyny asýarlar, emma özüne sünni diýip ýörenleriň hem arasynda esasan hem sopylaryň we şolaryň yzyna eýerýänleriň arasynda piriň suratyny we 12 ymamyň suratyny asmak ýaýrapdyr. Bu bolsa yslamdan däldir.

Muhammed pygamber ﷺ: «Janly zadyň suraty bar öýe perişde girmeýär.»[4]

Ikona. Hristianlaryň Isa pygamber diýip asýan suratlary.

Muhammed pygamberimiz ﷺ: Öz pygamberleriniň gabryny ybadat edilýän ýere öwren iudeý we hristianlara Alla nälet etsin — diýdi.[5] Her hristianlaryň ybadathanasynda surat bar we olar şoňa bakyp şol suratdaky kim bolsa şony göz öňüne getirip dileg edýär. Pygamberimiz ﷺ musulmanlary bu zatdan gaýtarmak üçin ölmezinden öň aýdan sözleri. Ýöne biziň pygamberimiziň mesjidiň gyrasynda bolmagynyň hakyky sebäpleri bardyr. Pygamberler öz ölen ýerinde jaýlanýar. Bu bolsa Hezreti Aişäň otagydyr. Ol metjidiň gapdalynda ýerleşýär.

Yslam akydasynda biz Muhammed pygamberiň ﷺ jennet bilen buşlanlaryndan başga kişisine jennet bilen buşlap bilmeris. Hatda pygamberimiz hem «sen jennete düşdiň» ýa-da «saňa jennet mübärek bolsun», diýmegi gadagan edipdir. Oňa derek «Ol Allany we pygamberi gowy görýärdi» diýmek bolýar.[6]

Ebu Hanife sufi bolan däldir. Ebu Hanife soňky iki ýyly sufi boldy diýip diňe sufileriň kitaplarynda bardyr. Beýle maglumat yslamyň kabul edýän kitaplarynda ýokdur.

Pir we sopyçylyk yslamdan däldir. Bu toparyň akydasy hem şaýylar, hristianlaryň, induslar, we ş.m.laryň akydasy ýalydyr. Bular hem şaýylar ýaly ýalan zatlary oýlap tapýar.

Akydada pir bilen öwlüýäni garyşdyrmaly däldir, sebäbi pir bu tarikatçy, öwlüýä bolsa Hudaýyň gowy görýän bendesidir. Hakyky öwlüýä bolan Merýem bint Imran hakda Kuranda aýdylýandyr, ýene şübhesiz bu ummatdan birinji ewliýä «Ebu Bekrdir». Ewliýäler tä kyýamata çenli bolmalydyr. Haýsy-da bolsa bir musulmanyň ewliýäligini bilmek üçin hökmany şertler bardyr. Elbetde uçmany, uly daşy götermäni we şuňa meňzeş zatlary Alla käbir kapyr kişilerede berýändir.

Sünniler tarapyndan jezalandyrlan sufi. Kufr sözi üçin zyndana taşlanýar, toba edenok we 11 ýyl soň öldürilýär.
Sufilerdäki şirk:

Sufiler Kurany we hadysy özleriçe tefsir edýärler, aýdylýan hadysyň sahihligine seretmezler.

Sufiler esasan diňe özleri ýaly sufileriň kitaplaryny delil tutýarlar, hatda Kuranyň we sünnetiň tersi hem bolsa.

Diniň taglymatlary

[düzet | çeşmäni düzet]

Hadys öwreniş ylmy

[düzet | çeşmäni düzet]

Ahlak we adat

[düzet | çeşmäni düzet]

Mukaddes ýer

[düzet | çeşmäni düzet]

Kalendar we baýram

[düzet | çeşmäni düzet]
Şu gün
11 Jumada al-thani 1446
Anna
13 dekabr 2024
11:59 (UTC+0)
[täzele]

Din – Allah tarapyndan esaslandyrylan kanundyr. Ol ynsana ýaradylyş maksadyny, barlygynyň hikmetini bildirýär, Beýik Ýaradanyň öňünde nähili ybadat etmelidigini öwredýär.

Din – her bir ynsanyň «Men kim? Nireden gelip, nirä barýaryn?» diýen sowallaryna kanagatlandyryjy jogap berýän ýeke-täk çeşmedir.

Din – adalat, ýagşylyk, fazylet, dogrulyk, pidakärlik ýaly duýgularyň esasy çeşmesi, ynsan wyždanyndaky ynanç mätäçligini kanagatlandyryjydyr.

Din – akylly kişilere ýaradylyş maksadyny bildirýän, olary öz erk-eradasy bilen Allahyň Resulynyň irşady (dogry ýol görkezmegi) esasynda salaha (ýagşylyga, rahatlyga), felaha (sagadata, salamata) we kemalata (kämillige, ösüşe) ugrukdyrýan, şeýle hem olaryň maddy we ruhy zerurlyklaryny üpjün edýän ilahi kanunlaryň kodeksi diýmekdir. Başgaça aýdylanda: din – erk-erada eýesi bolan barlyklaryň magnewi, sosial, dolandyryş, ykdysady we duýgy taýdan tutuş durmuşlaryny düzgüne salmak üçin ynsanyň bilip we isläp tabyn bolan düzgünleriniň toplumydyr.

«Din» arap sözi bolup, baş egmek, tagat kylmak, hakyňy almak, karz almak, adat edinmek, baş egdirmek, zor salmak, hasap soramak, dolandyrmak, jeza ýa-da sylag bermek, hyzmat etmek we borç bermek ýaly manylary öz içine alýar.

Ynsan dini pygamberlerden öwrenipdir. Pygamberler bolsa, wahý üsti bilen Allahdan alýan dini hökümleri bolşy ýaly adamzada ýaýradypdyr. Görşüňiz ýaly, diniň hakyky eýesi Allah Tagaladyr. Pygamberler bolsa diniň hökümlerini adamzada ýetirýän ilçidir.

Ynsan durmuşynda diniň orny

[düzet | çeşmäni düzet]

Din ynanjy adamzat bilen birlikde döräpdir. Çünki adamzat taryhynyň hiç bir döwründe din duýgusyndan mahrum millete duş gelinmändir. Ynsanyň bar ýerinde nähili hem bolsa, bir din bardyr. Adamzat ýaşadygyça, din hem bolar.

Ynsan şahsy hem-de ijtimagy durmuşynda birgiden kada-kanunlara boýun bolmaga mejburdyr. Eger bu kada-kanunlar Allahyň saýlap iberen dinine degişli bolmasa, onda olar bir şahsyň ýa-da bir toparyň goýan düzgünleridir. Şeýle ýagdaýda mazmuny bir, emma dürli-dürli dinler ýüze çykýar. Bu dinleriň taňrylary olary esaslandyranlaryň nebisleri, arzuw-hyýallarydyr. Ijtimagy durmuşdaky rableri (terbiýeçileri) şol dini döredijileriň özleridir. Bu dinleriň hökman ynanylmaly we kabul edilmeli hukuk we ahlak kadalary bardyr. Allahyň asla razy bolmadyk bu dinleri mazmun taýdan meňzeş bolsa-da, görnüşleri dürli-dürli butlary bardyr.

Adamzat taryhynyň şaýat bolmagyna görä, bu dinleriň ijtimagy durmuşdaky daýanç nokady güýçdür, zorlukdyr, maksady bolsa bähbitdir. Durmuşdaky dessury gowgadyr, jedeldir, uruşdyr. Şol jemgyýetleri birikdirýän esasy zat tireparazlyk, milletçilikdir. Munuň miwesi bolsa, nebsi kanagatlandyrmak we adamzadyň mätäçligini köpeltmekdir.

Hak diniň esasy – Allaha gullukdyr. Bu gulluk Allahdan başganyň öňünde boýun egmezligi, halim, selim we päli pes bolmagy talap edýär. Bu gullugy ykrar eden Ýaradanyň rugsat eden ýerinden başga ýerde peselmäge meýil etmez. Gerek bolsa ynsanlaryň üstünden hökmürowanlyk etjek bolýanlara hetdini tanadar. Ol özüniň ejizligini we pakyrlygyny biler. Ýöne Kerim bolan Allahyň beren baýlygyna kanagat eder, Onuň soňsuz gudraty bilen kuwwatlanar.

Hak diniň ijtimagy – durmuşdaky daýanç nokady hakykatdyr. Maksady fazyletler we Allahyň razylygydyr. Dessury arkalaşmakdyr. Jemgyýetleri birikdirýän daragty bolsa dindir, Watandyr. Miwesi bolsa, nebsiň bet arzuwlarynyň öňüne böwet basyp, ruhy kemalata meýil etdirmek, belent duýgulary kanagatlandyryp, ynsany kämillige ugrukdyrmakdyr.

Ýer ýüzünde dörän ilkinji din

[düzet | çeşmäni düzet]

Günbataryň din taryhçylarynyň öňe süren taglymatlaryndaky ýaly, adamzadyň ilkinji dini animizm ýa-da totemizm mysaly ýöntem din däldir. Ilkinji ynsan we ilkinji pygamber hezreti Adama (a.s.) iberilen we Allahyň ýeke-täkdigine bolan ynanja daýanýan towhyd dini adamzadyň ilkinji dinidir. Kuranyň suratlandyryşy ýaly, «Allahyň ýanynda ýeke-täk diniň Yslamdygy şübhesizdir», (Ali Imran, 19). Ynsan duýgularynyň, arzuwlarynyň, mätäçlikleriniň, maksatlarynyň birmeňzeş bolşy ýaly, Allahyň ynsan üçin saýlap iberen dini hemaslynda bir meňzeşdir. Hz. Nuh (a.s.), hz. Hud (a.s.), hz. Salyh (a.s.), hz. Ibrahim (a.s.), hz. Musa (a.s.), hz. Isa (a.s.) we hz. Muhammet (s.a.w.) ýaly ähli resullaryň teblig eden we nebileriň uýup amal eden dini hemişe yslam bolupdyr. Emma her gezeginde ynsanlaryň nebsiniň arzuwlary sebäpli, bu dinden daşlaşylypdyr we esasy meňzeş, emma görnüşi tapawutly bolan ýöntem, şirk, batyl dinler döräpdir. Nemes filosofy Schelling hindi dininiň kitaplaryndan Wedalary barlandan soň, şeýle netijä gelýär: «Ähli adamzat öň ýeke-täk jemgyýetdi we ýeke taňra ynanýardy. Iň gadymy din ýyldyz-ýyldyz bölünipdir», Sosiolog Schmidt bolsa, Ýer ýüzünde iň ilkinji jemgyýet bolan pigmeýleri derňäp, olarda «ýeke-täk taňra» ynanjyň bolandygyny subut edýär. Bu barlaglar Durkeýmiň ynsanyň ilkinji dininiň totemizm bolandygy baradaky pikirini puja çykarýar. Onda batyl dinler neneň döredi?

Hezreti Adam atadan (a.s.) soňra adamzat öz nebsiniň we şeýtanyň ýoluna gidip towhyd ynanjyndan daşlaşyp, hak dinden aýrylyp, birgiden ýalňyş ynançlara uýupdyr. Şeýlelikde, batyl dinler ýüze çykypdyr.

Ynsan hak dinden daşlaşyp batyla uýdugyça, Allah Tagala hem olara täze pygamberler iberipdir. Olary towhyda çagyrypdyr. Emma adamlaryň diňe bir bölegi bu çakylyga tabyn bolup, beýlekileri öňki batyl ynançlarynda kesirlik edip galypdyr. Hatda bular Haka tarap dönmekden-ä geçen, dönenlere-de ezýet beripdirler. Şeýlelikde, her asyrda we her döwürde hak dine ynananlaryň we ynanmadyklaryň arasynda göreş gidipdir. Häzirki döwürde hem dürli atlar we görnüşler bilen bu göreş dowam edýär, kyýamata çenli hem dowam etjekdir.

Ilkinji ynsan

[düzet | çeşmäni düzet]

Ynsanyň Adam atadan we How eneden gaýdýandygyny ähli hak dinler, taryhy maglumatlar belleýär. Şeýle hem ilkinji ynsan Allahyň Ýer ýüzündäki halyfy, pygamberi we guludyr. Allah Adam atany ýer ýüzüne ibermänkä, oňa zerur bolan her bir zadyň adyny öwredipdir. Kurany Kerimiň Bakara süresiniň 31-nji aýatynda: «Her bir zadyň adyny Adama öwretdik» diýilýär. Ýagny, Adam ata ylymlaryň ähli mazmuny öwredilendir. Ol häzirki döwrüň käbir sosiologlarynyň we taryhäçylarynyň aýdyşy ýaly, bisowat, gürläp bilmeýän bir mahluk däldir. Ol Ýer ýüzünde özüniň peýdalanyp biljek her bir zadyny bilişi ýaly, ösen düşünjeli ynsandyr. Medeniýet hezreti Adam atadan başlanýar. Bu medeniýet hezreti Muhammetde-de (s.a.w.) iň kämil derejä ýetýär.

Ynsana we äleme maddy nukdaýnazardan baha beren materialist pelsepeçiler ynsany maýmyndan dörän bir jandar diýip aýdýarlar. Ewolýusiýa diýlip atlandyrylýan bu düşünjäni häzirki ösen ylymlar doly ýalana çykardy. Darwinizmiň asyl maksady ynsanyň döreýşini başga bir jandara baglamak bilen, ony hak dinlerden we ýaradyjysy bolan Allahdan daşlaşdyrmakdyr. Emma älemdäki akylyňy haýran edýän deňagramlylyk we sazlaşyk, bu nazariýäniň ýalandygyny subut edýär.

Ýer ýüzündäki ilkinji ynsan bolan hezreti Adam atany Allah Tagala toprakdan ýaradyp, oňa ruhundan üfläpdir. Ýanýoldaşy How enäni bolsa onuň gapyrga süňkünden ýaradypdyr. Kurany Kerim: «Sizi ýeke-täk nefisden (jandan) ýaradan we köňlüňe aram tapdyrjak ýanýoldaşyňy hem şondan bar eden Allahdyr» diýip belleýär, (Araf, 189; Nisa, 1).

Allah Tagala Adam atany we ähli adamzady iň kämil görnüşde ýaradypdyr. Eger-de ynsan özüne berlen duýgulary pygamberleriň görkezen ýoly bilen terbiýelese, perişdelerden hem ýokary derejelere göterilip biler. Emma tersine bolan ýagdaýynda, haýwanlardan hem aşak düşmegi mümkindir.

Allah Tagala Adam atany we How enäni ýer ýüzüne iberenden soň, olaryň nesilleriniň dowamyny dogulmak arkaly köpelmek kadasyna salýar. Kurany Kerim çaganyň enäniň göwresinde geçirýän döwürlerini şeýle düşündirýär: «Kasam bolsun, biz ynsany palçygyň arassasyndan, jöwherinden ýaratdyk. Soň ony nutfe (tohum) görnüşinde berk bir ýerde (ýatgyda) ýerleşdirdik. Soňpa nutfäni lagtalanan gan halyna getirdik. Ony bolsa bir bölek et etdik. Şol eti süňklere öwürdik, süňklere bolsa täzeden et ördürdik. Şeýdip, täze görnüşli, üýtgeşik bir barlyk döretdik. Iň ajaýyp şekil berýän, ýaradan Allahyň şany ne beýikdir!» (Müminun, 12-14).

Diniň şahsa we jemgyýete peýdasy

[düzet | çeşmäni düzet]
  1. Ynsan ömrüniň dowamynda: «Men kim? Nireden gelip, nirä barýaryn?» diýen sowallary öz-özüne berýär. Ynsan bu sowallara diňe din üsti bilen kanagatlanarly jogap tapýar. Eger din bolmasa, ynsanyň düşjek endişesi, ýagny, ölümden soňky durmuş onuň şu dünýäsini berbat ederdi.
  2. Adamzadyň maddy we ruhy ösüş gazanmagy, kämillik mertebesine ýetmegi üçin din hökmandyr. Eger din bolmasa, pygamberler iberilmese, ynsan ruhy kämillige ýetmez, akyl we düşünje taýdan ösmez, wy–dany durlanmaz, gözel ahlakdan mahrum haýwan halynda galar.
  3. Din – jemgyýetiň ýaşaýşyny düzgünleşdirýän, adamzat üçin zerur gurluşdyr. Dini duýgy – ynsandan hiç wagt aýrylmaýan, ony hemişe gözegçilik astynda saklaýan ruhy terbiýeçidir. Bu düşünje ynsany, gizlin-u äşgär, ähli ýamanlyklardan daşlaşdyryp, hemişe haýra ugrukdyrýar. Şeýle jemgyýetde hemişe tertip-düzgün, durnuklylyk, agzybirlik bolýar.

Dinsizlik bolsa, ähli zatdan öňürti ahlagy ýok edýär. Çünki din bolmasa ahlak üçin çäklendiriji, terbiýeleýji güýç galmaýar. Şeýlelikde, bu ýagdaý her hili ýaramazlyklaryň döremegine, ýaýramagyna we netijede, tutuş jemgyýetiň dargamagyna sebäp bolýar.

Şol bir wagtyň özünde dinsizlik hukuk düşünjesini hem ýok edýär. Ahlak kadalaryny berjaý etmeýän dinsiz ynsan hak-hukuga degişli kanunlara hem boýun bolmaýar. Maý tapsa zulum etmekden, talaňçylykdan dürli pyssy-pujurlykdan gaýtmaýar. «Aý, näme bolsa şol bolsun» düşünjesi maddy zatlaryň guly, arzuw-islegleriniň ýesiri bolan dinsiz ynsanyň ýörelgesi bolýar. Bu düşünje jemgyýet üçin betbagtlykdyr.

Dinleriň görnüşleri

[düzet | çeşmäni düzet]

Yslam alymlary dinleri esasan iki topara bölýärler.

  1. Hak dinler
  2. Batyl dinler

Ýeke-täk Allaha ynanmagy esas edinip, diňe Oňa gullukda bolmagy we ybadaty emr eden dinlere hak dinler diýilýär. Hak dinler Allahyň iberen dinleridir. Şonuň üçin bulara semawi dinler hem diýilýär. Allahyň ýeke-täkligine iman getirmegi esas edinýändigi üçin hak dinlere towhyd dini hem diýilýär.

Hak dinleriň käbiri soňra adamlar tarapyndan dürli batyl ynançlaryň we yrymlaryň girizilendigi sebäpli aslyýetinden daşlaşypdyr. Şonuň üçin, bu dinlere «asly bozulan» diýen manyda «muharref» dinler diýilýär. Muňa mysal edip, ýahudy we hristian dinlerini getirmek bolar. Bular ilkibaşda hak din bolup, soň towhyd esasyna garşy dürli ynanç we düşünjeleriň girizilmegi sebäpli, muharref dine öwrülipdirler.

Allah tarapyndan iberilmän, ynsan tarapyndan döredilen towhyd ynanjy bilen baglanyşygy bolmadyk dinlere batyl dinler diýilýär. Bu dinlerde akyla, hikmete laýyk we jemgyýete peýdaly käbir hökümler bolsa-da, olara uýýanlaryň Aýa, Güne, ýyldyzlara, käbir haýwanlara, öz elleri bilen ýasan butlaryna çokunýandyklary üçin, beýle dinler mukaddes saýylmaýar. Induizm, buddizm, mejusilik we şamanizm bulara mysal edilip bilner. Muharref (ýoýlan) dinler hem batyl din hasaplanýar.

Ylym we din

[düzet | çeşmäni düzet]

Ylym maddy dünýäniň, ýaşaýşyň, aýratyn hem ynsanyň nähili ýaradylandygyny öwrenýär. Şu älemde hökümini ýöredýän ilahi kanunlaryň üstüni açýar. Bu kanunlar arkaly adamzadyň medeniýetde we tehnikada has ösmegine mümkinçilik döredýär. Din bolsa, älemiň ýaradylmagynyň sebäbini we Ýaradyjynyň kimdigini mälim edýär. Aýratyn hem ynsanyň ýaradylanlaryň arasynda görnükli ornuny, ýaradylyş maksadyny we şu dünýädäki wezipesiniň aýratynlygyny açyp görkezýär.

Şu nukdaýnazardan ylym we din barlyk äleminiň syrlaryny açýan goşa açardyr. Bularyň biri ýaradylyşyň görnüşini, maddy mazmunyny açyp görkezse, beýlekisi ýaradylyşyň sebäbini we maksadyny aýan edýär. Şeýlelikde, ylym bilen din biri-birine çapraz däldir. Gaýta, biri-beýlekisiniň üstüni ýetirýändir.

Ylym ösdügiçe, dini garaýyşlaryň, düzgünleriň puja çykjakädygyny öňe sürenler ýalňyşýandyr. Gaýta, tersine, ylym ösdügiçe, täze açyşlara ýetdigiçe, paýhasly adamlary dini akydalara, ynançlara has-da ýakynlaşdyryp, Allahyň beýikligini has-da anyk görkezýär. Ýagny, älemdäki kemsiz düzgün-nyzamly kanunlaryň üstüni açmak we bu kanunälardan peýdalanmagyň ýollaryny gözlemek bilen meşgullanýan ylymlar bu kämil nyzamy döredýän we dolandyrýan Allahyň barlygyna iň güýçli delil we şaýatlardyr. Ýaradanyň bardygyny we Onuň deňi-taýsyz gudratyny inkär etmek, bu gözümiziň alnyndaky älemi inkär eden bilen deňdir. Bu älemi inkär etmek, şol bir wagtyň özünde ylmy hem inkär etmekdir. Din bilen ylmyň gatnaşygyny alymlar şeýle düşündirýär:

«Wyždanyň yşygy dini ylymlardyr. Akylyň nury bolsa takyk we tebigy bilimlerdir. Ikisiniň birleşmeginden hakykat ýüze çykar. Olar biri-birinden üzňe bolanda birinjisinden – taassup (özüniňkiden başgany unamazlyk) ikinjisinden bolsa – hile we şübhe dörär». Ýagny, diňe dini ylymlary okamak ynsany köre-körlüge, ýalňyz takyk we tebigy bilimleri öwrenmek bolsa, tehniki taýdan ösüş gazandyrsa-da, doly köňül rahatlygyna däl-de, azgynçylyga we agzalalyga getirer. Belli alym Albert Eýnşteýn hem bu barada şeýle diýipdir: «Dinsiz ylym kör, ylymsyz din hem agsakdyr».

Yslam dini iň soňky pygamber – hezreti Muhammediň (s.a.w.) üsti bilen ähli adamzada Allah Tagalanyň iberen iň soňky we iň kämil dinidir. Yslamyň gelmegi bilen beýleki dinleriň hökmi tamamlanýar. Yslam dinini kabul eden kişä musulman diýilýär. Yslamyň Allahyň ýanynda iň ygtybarly hem iň soňky dindigini Kurany Kerim şeýle belleýär:

«Bu gün siziň diniňizi siziň üçin kämillige ýetirdim. Size bolan nygmatymy tamamladym we size din hökmünde yslamy saýladym», (Maide, 3).

«Kim yslamdan başga din gözlese, onuň saýlan dini kabul edilmez. Şeýle hem ol ahyretde uly zyýanda galanlardan bolar», (Ali Imran, 85).

«Allahyň ýanynda ýeke-täk din Yslamdyr», (Ali Imran, 19).

Aslynda ýokarda belleýşimiz ýaly, ähli pygamberleriň teblig eden dini – yslamdyr. Hezreti Muhammet (s.a.w.) bilen yslam iň kämil mazmuna eýe bolýar. Yslam dini beýleki dinlerden tapawutlylykda diňe haýsydyr bir kowma däl-de, tutuş adamzada niýetlenen dindir. Şeýle hem beýleki dinler wagtyň geçmegi bilen ösüşde yza galsa-da, Yslam dini tä kyýamata çenli bolup geçjek ähli ösüşlere jogap berip biljek kämillikdedir.

Yslam dininiň aýratynlyklary

[düzet | çeşmäni düzet]
  1. Yslam dini ähli adamzada inderilendir.
    Yslam dininiň ähli adamzada inderilendigi baradaky hakykat Kurany Kerimiň aýatlaryna we hezreti Muhammediň (s.a.w.) sözlerine daýanýar. Kurany Kerimden getirilen ýokarky aýatlara goşmaça berlip, olarda bu hakykat şeýle beýan edilýär:
    «Aýt, eý ynsanlar! Şübhesiz, Men Ýeri-gögi ýaradan, özünden başga taňry bolmadyk, dirilik beren we öldüren Allahyň iberen pygamberidirin», (Araf,158).
    «Biz seni ähli adamzada buşlukçy we oýaryjy hökmünde iberdik», (Sebe, 28).
    Pygamberimiz bolsa öz hadyslarynda bu hakykat barada şeýle diýýär:
    «Menden öňki iberilen her pygamber diňe öz kowmuna iberilendir, emma men ähli adamzadyň pygamberidirin», (Buhary).
    Hijretiň altynjy ýylynda Pygamberimiziň yslama çagyrmak maksady bilen Müsür, Hebeşistan, Eýran, Wizantiýa hökümdarlaryna we töweregindäki beýleki taýpalara iberen hatlarynda «Men ähli adamzada iberilen pygamberdirin» diýmegi yslam dininiň ähli adamzada iberilen dindiginiň aýdyň subutnamasydyr.
  2. Yslam ýeňillik dinidir.
    Yslamda amal edilip bilinmejek kyn borçlar ynsana emr edilmändir. Kurany Kerimde:
    «Allah size ýeňillik islär. Sizi kyn ýagdaýa salmak islemez», (Bakara, 185).
    «Dinde zorluk ýokdur. Dogry ýol egriden, hak batyldan doly aýyl-saýyl edilendir», (Bakara, 256), diýilýär.
    Pygamberimiz hem bu barada şeýle aýdypdyr:
    «Men älemlere rahmet edilip iberildim, azap, zorluk üçin iberilmedim.»
    «Ýeňilleşdiriň, kynlaşdyrmaň. Begendiriň, ýigrendirmäň», (Buhary).
    Pygamberimiz dürli wesileler bilen sahabalaryna we ymmatyna yslamyň ýeňillik getirýän dindigini ündäpdir. Ony kynlaşdyrýanlara we tutuş günüň dowamynda ybadat edip, dünýä bilen gatnaşygyny kesenlere duýduryş edipdir.
    Bir gün hezreti Aişe bir aýal bilen otyrka, Resuly Ekrem Serwerimiz içerik girýär. Ol aýalyň kimdigini soraýar. Hezreti Aişe aýaly tanadandan soň, onuň uzak wagtlap namaz okaýandygyny aýdýar. Muny eşiden Pygamberimiz: «Bu häsiýetiňizi goýuň. Güýjüňiziň ýetjegini amal ediň. Allaha kasam bolsun, siz irseňiz hem Allah irmez. Allahyň iň gowy görýän ybadaty, az hem bolsa, dowamly, yzygyderli berjaý edilenidir» diýipdir, (Buhary).
    Adamlaryň jemgyýetde tutýan ornuna garamazdan, sowatsyzyndan alymyna, işçisinden hojaýynyna, gullukçysyndan ýolbaşçysyna çenli, her kes yslamyň ähli emrlerini doly berjaý edip biler. Farzlary amal eden, uly günälerden daş duran her kes halas bolar.
  3. Yslam dini akyla laýykdyr.
    Ynsany beýleki barlyklardan tapawutlandyrýan iň esasy aýratynlygy – akyldyr. Ynsan akylyň üsti bilen ýagşyny ýamandan, dogryny egriden saýlap bilýär. Kurany Kerim hem ýetmişden gowrak aýatda akyl we akyl eýesi barada söz açýar. Dinimizde mükellef üçin iň esasy şert hem akylyň bolmagydyr. Akyly bolmadygyň dini hem ýokdur. Akyl ylymyň esasy çeşmesidir. Yslamyň hökümleriniň her biri akyla we logika laýykdyr. Ylym bilen çapraz ýeri hem ýokdur.
  4. Yslam dini deň hukuklylyk we erkinlik dinidir.
    Yslam dini jemgyýetdäki synplary, gatlaklary, deňsizlikleri, adalatsyzlyklary ýatyryp, ynsanyň ýaradylyş taýyndan deň hukukly we erkindigini jar edýän dindir. Yslamda baý-garyp, ak-gara, güýçli-ejiz, arap-ajam, aýal-erkek diýlip, olaryň biri beýlekisinden ýokarda tutulýan däldir. Yslama görä, esasy artykmaçlyk diňe takwalykdadyr, ýagny, imanyň derejesine we Allaha bolan muhabbetine we takwalygyna görädir. Yslamda deň hukuklylyk hak-hukugyň we adalatyň üstünde gurlandyr. Herki ynsan haýsy wezipede, haýsy işde bolsa bolsun, haýsy dine uýýandygyna garamazdan, hukugyň öňünde deň jogapkärdir. Mysal üçin, Pygamberimiziň huzuryna ogurlykda tutulan Fatyma atly baý ýewreý aýaly getirýärler. Onuň bagyşlanmagy üçin sahabalardan Usame b. Zeýd araçy bolýar. Pygamberimiz şu mazmunda jogap beripdir: «Eger ogurlyk eden gyzym Fatyma bolan bolsa-da eliniň çapylmagyny emr ederdim. Sizden öňki ymmatlar baýy garypdan, güýçlini garamaýakdan tapawutly tutandygy, baýa, güýçlä gol ýapany üçin ýok bolup gitdi», (Buhary, Müslim). Şular ýaly mysallar yslamyň taryhynda sanardan köpdür.
    Yslam dini ylym öwrenmegi, ryzk üçin işläp gazanmagy ybadat saýypdyr. Pygamberimiz ylym öwrenmegiň aýal-erkege – her bir musulmana farzdygyny belläpdir, (Ibni Maje).
  5. Yslam dini dünýä we ahyret dinidir.
    Yslam dini dünýä bilen ahyrete deň baha berýär. Birini beýlekiden üstün tutmaýar. Sebäbi bularyň ikisi-de biri-biriniň üstüni dolýandyr. Maddy ösüşi ündeýşi ýaly, ruhy ösüşe hem deň ähmiýet berýär. Mysal üçin, maddy arassaçylygy imanyň ýarysy saýyp, ybadatlaryň esasyna goşýarka, ruhy tämizlik bolan toba we istigfary-da imanyň goraýjysy hökmünde kabul edipdir. Allah Tagala Kurany Keriminde dünýäniň we ahyretiň deň agramlydygyny şeýle beýan edýär:
    «Allahyň saňa yhsan eden nygmatlary bilen ebedi ahyret ýurduny gazanjak bol. Dünýäden hem nesibäňi unutma. Allahyň saňa yhsan edişi ýaly, sen hem ynsanlara ýagşylyk et. Ýer ýüzünde bozgaklyk, agzalalyk döretme. Çünki Allah pitneçileri söýmez», (Kasas, 77). Şeýle hem, yslam dini halal çäklerde ýaşamak şerti bilen ynsany hiç bir keýpi-sapadan mahrum etmeýär. Onuň halal lezzetlerden çetde galmagyny halamaýar.

«Mezhep» sözüniň manysy ýörelge, ugur, kabul edilen usul, pikir, garaýyş diýmekdir. Dinde aňladýan manysy – müjtehid (aýat we hadyslara esaslanyp höküm çykarýan beýik yslam alymy) alymyň pikirlerini we garaýyşlaryny ýörelge edinen köpçüligiň döreden dini akymydyr.

Diniň esasy meselelerine gezek gelende, mezhepleriň arasynda hiç bir tapawut ýokdur. Tapawut diňe diniň esasy özeni hasaplanylmaýan (feri) meselelerdedir.

Mezhepleriň döreýşi

[düzet | çeşmäni düzet]

Pygamberimiziň Asry Sagadatynda sahabalarynyň bir bölegi hemişe Allahyň Resulynyň ýanynda bolup, Kurany we hadyslary ýat tutýardylar,olaryň manysyna çuň düşünmäge çalyşýardylar. Pygamberimiziň Kuranyň hökümlerine nähili amal edýändigini gözleri bilen görüp, aýatlaryň nuzul (iniş) sebäplerine çenli bilýärdiler.

Pygamberimiz dünýeden ötenden soň, bu sahabalar dini ýaýratmak maksady bilen Mekgäniň we Medinäniň daşyndaky ýurtlara gidýärler. Olar giden ýerlerinde Hijazdakydan (Mekge-Medinedäkiden) üýtgeşik düzgünde, däp-dessurda ýaşaýan milletler bilen duşuşýarlar. Halk dini meseleleri olardan soraýar. Olar hem her bir mesele barada Kuranyň we Sünnetiň hökümlerini aýdýarlar. Kurandan we hadysdan höküm tapmadyk ýagdaýlarynda bolsa, ijtihad (Kurandan we hadysdan şerigatyň feri meselesine degişli höküm çykarmak) edip, ol meseläni çözýärler. Sahabalar baran ýerlerinde hem häkim, hem müfti, hem kazy, hem mugallym wezipelerini alyp barýarlar. Olaryň dürli ýerde, dürli däp-dessurda ýaşaýan adamlaryň arasyndalygy, şeýle hem bilim, ukyp, zehin taýdan tapawutly bolandyklary üçin soralýan meseleler baradaky ijtihadlary hem, elbetde, biri-birine meňzemeýärdi.

Olaryň yzyny dowam etdiren şägirtleri hem ijtihad etmekde halypasy bolan sahabanyň tärlerini ulanyp, döwrebap meseleleri çözüpdirler. Şeýlelikde, wagtyň geçmegi bilen fykhy mezhepler emele gelip başlaýar. Emma hiç bir müžtehid öz adyna mezhep döretmek niýeti bilen öňe çykmandyr. Kurandan we hadyslardan çykarýan hökümleriniň başgalar tarapyndan makul görlüp kabul edilmegi netijesinde şol müjtehidiň adyna öz-özünden bir mezhep döräpdir. Käbir mezhepler tarapdary köp bolmandygy sebäpli ýitip gidipdir. Häzirki günlerimize çenli gelip ýeten dört mezhep bolsa, halk köpçüligi tarapyndan ykrar edilip giňden ýaýraýar.

Mezhepleriň arasyndaky tapawutlaryň sebäbi

[düzet | çeşmäni düzet]

Mezhepleriň arasyndaky tapawudyň döremegine dürli ýagdaýlar sebäp bolupdyr. Olaryň birinjisi, Kurandaky höküm aýatlaryna (bulara nas diýilýär) her kim özüçe düşünipdir. Çünki naslaryň usuly fykyhda beýan edilişine görä: hafi, müjmel, sarih, kinaýe, mejaz, hakykat, mutlak,mukaýýet, has, a:mm ýaly birnäçe görnüşleri bardyr. Müjtehidler hem şol bir nasdan özleriçe dürli-dürli many çykarypdyr.

Munuň ýaly, hadyslaryň-da dürli görnüşleri bardyr. Mysal üçin: mütewatir, meşhur, haberi-wahyd, mürsel, muttasyl, munkaty... Bu hadyslary delil hökmünde ulanmakda müjtehidler özara yhtylaf edipdirler. Netijede dürli garaýyşlar ýüze çykypdyr. Meselem: Hanefiler hadyslara gezek gelende juda seresapdyr. Bu mezhepde haberi-wahyd (eke sahabanyň rowaýat eden hadysy) delil hökmünde kabul edilmeýär. Şafygylar bolsa, kyýasyň deregine haberi-wahydy delil hökmünde kabul edipdirler. Hanefiler mürsel hadysy kabul edýär, şafygylar bolsa, ony delil hökmünde ulanmaýar.

Görşümiz ýaly, müjtehidleriň şol bir meselä dürli höküm bermegine delillerdäki yhtylaf hem-de kabul edilen delillere dürli garaýyş sebäp bolupdyr. Fetwa berlen ýurduň däp-dessurlary hem müjtehidleriň ijtihadlaryna täsir edipdir. Bu yhtylaflar ymmat üçin rahmet bolupdyr.

Haýsy-da bolsa bir meselede alaçsyz galan biri zerurlyk sebäpli başga mezhebe görä amal edip biler. Bu jaýyzdyr. Şeýle hem yslamda bir meseläniň ýeke-täk çözgüdi ýokdur. Yslam ýer ýüzüniň ähli halkyna gelen din bolany üçin hakykat toplumydyr. Musulman hak mezheplerden birine tabyn bolýar, ybadat we amallaryny şol mezhebiň höküm we ijtihadlaryna görä dowam etdirýär. Emma munda hökmanylyk ýokdur. Islendik musulman islän wagty beýleki bir hak mezhebe geçip biler. Ýöne bir mezhepden beýleki mezhebe geçen kişiniň kabul eden mezhebiniň ybadat bilen baglanyşykly meselelerini kämil bilmegi zerurdyr. Emma, bir musulmanyň her mezhepden özüne ýeňilini saýlap, şoňa görä amal etmegi ýalňyşdyr. Muňa diňe zerurlyk ýüze çykanda rugsat berilýär.

«Kuran we hadys barka mezhepler nämä gerek?» diýip soraýanlar hem bar. Her bir musulmanyň dini meseleleri we hökümleri gönüden-göni Kurandan ýa-da hadysdan öwrenmegi mümkin däldir. Muny diňe müjtehidlik mertebesine ýeten yslam alymy başaryp biler. Musulmanlar köpçüligine bolsa, şol beýik din alymynyň düşündirişini we garaýşyny kabul edip, onuň yzyna düşmek galýar. Meselem: dermanlar ösümliklerden, himikatlardan ýasalýar. Emma her kes derman ýasap bilmeýär. Derman ýasamak üçin hökman şol ugurdan bilimiň bolmagy zerurdyr. Dini meselede hem esasy çeşme Kuran we Sünnet bolsa-da, olardan höküm çykarmak işini islendik musulman başarmaz. Bu iş diňe müjtehid derejesine ýeten alymyň golundan geler.

Mezhepler öz arasynda iki topara bölünýär.

  1. Fikhy (amaly) mezhepler
  2. Ygtykady mezhepler

Fykhy-amaly mezhepler

[düzet | çeşmäni düzet]

«Fykyh» bir zady kämil derejede bilmek we düşünmek diýmekdir. Bu sözüň dinde aňladýan manysy – bir kişiniň özüne bähbitli we zyýanly bolan amaly hökümleri bilmegi diýmekdir. Başgaça aýdanymyzda, fykyh – kişiniň ybadatlara, muamelelere (adamlar arasyndaky gatnaşyklara) we jezalara degişli şeri (dini) hökümleri düýpli delilleri bilen bilmegidir.

Pygamberimiz «Allah kime haýyr myrat etse, ony dinde fakyh, ýagny, diniň hökümlerine doly düşünýän kişi kylar», (Buhary) buýrupdyr.

Dört çaryýarlar we tabiin döwründe fykyh sözüne «ylym» diýip düşünilýärdi. Şol döwürde kelam, iman, ahlak we tasawwuf ýaly ylymlar heniz özbaşdak däldi. Şonuň üçin Ymam Agzamyň «el-Fykhul Ekber» atly eseri ygtykady meseleleri öz içine alýardy. Emma wagtyň geçmegi bilen fykyh ylmy diňe ybadatlar, muameleler we jezalary öz içine alýan görnüşe eýe boldy.

Häzirki döwürde «fykyh» sözüniň deregine ulanylýan «Yslam hukugy» bolsa, ybadatlara däl-de, diňe muamelelere, jeza we mirasa degişli hökümleri öz içine alýar. Ybadatlar, muameleler we jezalar bilen baglanyşykly dini hökümlere şerigat diýilýär. Fykyh ylmyny bilýän alyma «fakyh» diýilýär. Bu söz fykyh usuly ylmynda müjtehid manysynda ulanylýar. Müjtehid – aýat we hadyslara esaslanyp şeri höküm çykarmagy başarýan beýik yslam alymydyr. Müfti bolsa, fetwa berýän kişidir. Ol müjtehid ymamlaryň delil we hökümlerini beýan edýän alymdyr. Fetwa – fakyh alymyň bir mesele ýa-da bir muamele barada beren jogabydyr. Fetwa ijtihad bilen deňeşdireniňde has dar manylydyr. Her bir müjtehid şol bir wagtyň özünde müftidir, emma her müfti müjtehid bolup bilmez. Hezreti Aişe, Abdullah b. Omar, Abdullah b. Mesud ýaly sahabalar sahabalaryň müjtehid fakyhlaryndandy. Tabiiniň meşhur fakyhlary bolsa Medinede Nafi, Kufede Alkame b. Kaýs, Ibrahim en-Nehaýy, Hammad b. Ebi Suleýman, Basrada Hasanul Basrydyr.

Abbasylaryň ilkinji iki ýüz ýyllyk döwri fykhyň tedwin edilen (toplanan, tertipleşdirilen), ösen, beýik ymamlaryň we müjtehidleriň ýetişen döwrüdir. Şol döwürde Mekgede Sufýan b. Uýeýne, Medinede Malik b. Enes, Basrada Hasanül Basry, Kufede Ymamy Agzam Ebu Hanife we Sufýan es-Sewri, Şamda el-Ewzaýy, Müsürde Şafygy we Leýs b. Sad, Nyşapurda Ishak b. Rahuýe, Bagdatda Ahmet b. Hanbel, Dawudy Zahyry we Ibni Jerir et-Taberi (r.anhum) ýetişen uly fakyhlardyr. Olaryň her biriniň özüne mahsus düzgünleri we usullary bolupdyr. Bularyň bir bölegi wagtyň geçmegi bilen öz güýjüni ýitiripdir. Emma Ymam Ebu Hanife, Ymam Şafygy, Ymam Mälik, Ymam Ahmet b. Hanbeliň adyny göterýän mezhepler häzirki günlerimizde-de dowam edýär. Beýleki tarapdan käbir şyga akymlary, haryjy mezhepler hem saklanyp galypdyr.

Mezhep ymamlary

[düzet | çeşmäni düzet]

Ymamy Agzam –iň beýik ymam diýmekdir. Onuň çyn ady Numan b. Sabit, künýesi bolsa Ebu Hanifedir. Ol hijriniň 80-nji ýylynda Kufede dünýä inýär. Kakasy Sabit hz. Alynyň hyzmatynda bolup, nesli üçin onuň ýagşy dileglerini alypdyr. Sabit aradan çykansoň, Ymamy Agzamyň ejesi Ymam Jaferi Sadyga durmuşa çykýar. Ymamy Agzam onuň terbiýesini alyp ulalýar. Ymamy Agzam hijriniň 150-nji ýylynda Bagdatda aradan çykýar. Oňa Seljukly Soltany Mälikşanyň weziri Şerefül Mülk tarapyndan kümmet salynýar. Osmanlylar bolsa ony täzeden bejerip bezeýärler.

Ymamy Agzam gözi, köňli dok, amanada uly ähmiýet berýän, hoşniýetli, örän takwa adam bolupdyr. Köp kişi ony söwdada hezreti Ebu Bekire meňzedýär. Çünki Ebu Hanife hezreti Ebu Bekir ýaly, alyjynyň aldanmazlygy üçin, malyň erbedini öňde, gowusyny yzda goýýar eken. Ol satanda-da, alanda-da söwdasyna hile goşmandyr. Müşderisi dosty ýa-da garyp bolsa harydynyň peýdasyndan geçer eken. Söwdasyna sähelçe-de haram gatyşdyrmandyr. Ol esasan ata-baba ýörelgesi bolan dokma harytlarynyň söwdasyny edipdir.

Ol bir gün söwda şärigi – Hafs b. Abdurrahmany bazara iberýär. Satýan köýneklik matalarynyň bir topunda kem ýeriniň bardygyny görkezýär. Satan wagty muny alyja görkezmegini tabşyrýar. Hafs onuň tabşyrygyny unudyp, matany kime satanyny-da bilmeýär. Ebu Hanife bu ýagdaýy eşidende, şol günki gazanan girdejisiniň ählisini garyp-gasara sadaka berýär.

Ymamy Agzamyň kyrk ýyllap ýassynyň täreti bilen ertir namazyny okandygy, iki rekagat namazynda Kurany Kerimi hatm edendigi gürrüň berilýär. Ol 55 gezek haj zyýaratyny berjaý edipdir.

Ymamy Agzam Hanefi mezhebini esaslandyryjydyr. Hanefi mezhebi ilki Yrakda döpäp, soňra gündogara-günbatara ýaýraýar. Munuň esasy sebäbi Abbasylar döwründe kazylaryň köpüsiniň Hanefi mezhebinden bolmagydyr. Türki halkaryň hem aglabasy Hanefi mezhebindendir. Seljuklar, Horezmşalar, Osmanlylar döwründe döwletiň resmi mezhebi hem Hanefi mezhebi bolupdyr. Häzirki günlerde iň giň ýaýran mezhep Hanefi mezhebidir.

Ymam Agzam ýaşlygynda söwda bilen meşgullanýar. Şol ýyllar beýik fakyhlardan biri Şabiniň höweslendirmegi bilen ol ylym öwrenmäge başlaýar. Ilki Towhyd ylmyny okaýar. Ol öz döwrüniň belli alymlarynyň köpüsinden hadys we fykyh ylmyny alýar. Ussady Hammad b. Süleýmandan 18 ýyl ýörite sapak öwrenip, fykyhda ussatlyk derejesine ýetýär. Ol halypasy Hammad arkaly Ibrahim en-Nehaýynyň, Alkame b. Kaýsyň we Eswed b. Ýýezidiň ylmyny öwrenýär. Olaryň üsti bilen Ymamy Agzamyň ylmy Abdullah b. Mesud, hezreti Aly we hezreti Omar ýaly müjtehid sahabalara daýanýar. Ymamy Şafygy Ymamy Agzam barada: «Biz fykyhda Ebu Hanifäniň çagalarydyrys» diýipdir.

Ymamy Agzam dürs hereketi, güler ýüzlüligi, süýji söhbeti, ýardamsöýerligi, şeýle hem ýalany, hiläni we rekabeti (basdaşlygy) ýigrenýänligi bilen tanalypdyr. Az gürleýän bu beýik alym fykyhdan bir zat soralsa, sil ýaly joşar eken. Ýiti zehinli, ýatkeş, logiki pikirlenişi ösen Ymamy Agzamyň söwda bilen ylmy birlikde alyp gitmegi onuň dini meselelere, durmuşy problemalara anyk praktiki çözgütler getirmegine ýardam edýär. Ymamy Mälik onuň mantyk güýjüni şeýle taryplaýar: «Ebu Hanifäniň mantygy şeýle güýçlüdi welin, eger-de ol şu sütün altyndandyr diýse, şony subut edip bilerdi».

Halypasy Hammad dünýeden ötenden soň, Ebu Hanife 40 ýaşlarynda onuň kürsüsine çykyp ders bermäge başlaýar. Ol ilki bilen «el-Fykhul Ekber» we «el-Alim wel-Muteallim» atly eserlerini ýazýar. Onuň bu eserleri şol döwürde yslam dinine ornaşyp biljek batyl pikirleriň öňüni almakda uly rol oýnaýar. Iman esaslarynyň sars•maz berkligine ägirt goşant goşýar. Onuň derslerini Ymam Muhammet ýazga geçirýär. Soň bu ýazgylar «Zahyrur-Riwaýe» ady bilen neşir edilýär. Bu kitap Hanefi mezhebiniň ilkinji esasy çeşmeleriniň biri bolýar. Kitapda Ebu Hanifäniň, Ymam Muhammediň we Ymam Ebu Ýusufyň pikirleri jemlenendir. Bu jemi alty kitapdan ybaratdyr. Olar: «el-Asl» (ýa-da el-Mebsut), «el-Jamius-Sagiýr», «el-Jamiul-Kebiýr», «es-Siýerus-Sagiýr», «es-Siýerul-Kebiýr» we «ez-Zyýadatdyr».

«Zahyrur-Riwaýe» kitaplary Ebul Fazl Muhammet el-Merwezi tarapyndan gysgaldylyp, «el-Kafi» ady bilen neşir edilýär. Bu eser has soň Şemsul-Eimme (Ymamlaryň Güneşi) Serahsy tarapyndan şerh edilýär. «El-Mebsut» atly bu eser otuz tomdan ybaratdyr. Ymamy Agzam birgiden şägirt ýetişdiripdir. Olaryň içinde müjtehid derejesine ýetenleri hem bardyr. Iň meşhurlary bolsa, Ymam Ebu Ýusuf, Ymam Muhammet, Ymam Züfer, Ymam Hasan b. Zyýatdyr. Ymam Ebu Ýusuf bilen Ymam Muhammet «Ymameýn» ady bilen meşhurdyr. Ymamy Agzamdan beýleki üç ymama bolsa, «Ymamy Selase» diýilýär.

Ymam Ebu Ýusuf

[düzet | çeşmäni düzet]

Ymam Agzamyň iň uly, iň meşhur şägirtlerinden biri Ymam Ebu Ýusufdyr. Onuň çyn ady Ýakup, kakasynyň ady Ibrahim el-Kufidir. Şejeresi ensardan Sad b. Ubadä direýär. Ol hijriniň 113-nji ýylynda Kufede dünýä inýär. Hijri ýylynyň 183-nji ýylynda Bagdatda dünýäden ötýär. Ol ýiti zehinli, ýatkeş, hem takwa bir ynsan bolupdyr. Hanefi mezhebiniň mezhebe öwrülmeginde iň uly rol Ymam Ebu Ýusufa degişlidir. Ol 17 ýyl çemesi Abbasy döwletiniň Baş Kazylyk wezipesini ýöredýär. Onuň iň meşhur eseri «Kitabul Harajdyr». Bu kitapda esasan mal, bergi, salgyt düzgünleri beýan edilipdir.

Ymam Muhammed

[düzet | çeşmäni düzet]

Kakasynyň ady Hasan Şeýbanydyr. Hijri ýylynyň 132-nji ýylynda Wasyt şäherinde dünýä inip, Kufede ösüp ulalýar. Ol ilkinji sapagy Ymamy Agzamdan alýar. Soň Ebu Ýusufyň elinde okaýar. Ymam Muhammet Hanefileriň iň esasy çeşmesi bolan «Zahyrur-Riwaýe» kitaplaryny ýazga geçirýär. Onuň dini ylymlara degişli togsana ýakyn kitap ýazandygy barada maglumatlar bar. Ol Reý şäherinde Hakyň rahmetine gowuşýar.

Ymam Züfer

[düzet | çeşmäni düzet]

Kakasy Basra häkimlerinden biri Huzeýldir. Ymam Züfer hijriniň 110-njy ýylynda Ysfahanda dünýä inýär. 158-nji ýylda Basrada dünýeden ötýär. Ol fykyh bilen birlikde, hadys alymy hem bolupdyr. Kyýasy başarjaňlyk bilen ulanypdyr. Ol ilki Ebu Hanifäniň, soňra Ebu Ýusufyň we Ymam Muhammediň elinde şägirt bolýar. Hanefi mezhebinde yhtylafly meselelerde ilki Ymamy Agzamyň, soň Ymam Ebu Ýusufyň, soň Ymam Muhammediň ondan soň bolsa Ymam Züferiň ijtihad we görüşleri bilen amal edilýär. Bu umumy bir kada bolsa-da, käbir halatlarda şeýle yzygiderlilik göz öňünde tutulmaýar.

Ymam Mälik

[düzet | çeşmäni düzet]

Hijriniň 93-nji ýylynda Medinede dünýä inýär, 179-njy ýylynda bolsa, şol ýerde dünýeden ötüpdir. Onuň atasynyň adyna Enes diýer ekenler. Ymam Mälik ähli musulmanlaryň buýsanjy bolan dört beýik mujtehid, dört mezhep ymamynyň ikinjisi bolup, Mäliki mezhebini esaslandyryjydyr. Ol Medinede önüp-öseni üçin «Hijret ýurdunyň ymamy» ady bilen hem meşhurdyr.

Ymam Mälik ýokary derejede takwa ynsan bolupdyr. Ol Resulullaha bolan söýgüsinden we hormatyndan ýaňa, tä ölünçä, Medinede hiç ulaga münmändir. «Ahyretde pygamber neslinden gelen bir adam bilen dawagär bolmak islemeýärin» diýip, özüne nähak ýere azar beren Pygamber neslinden bolan Medinäniň häkimi Jafer b. Süleýmandaky hakyny oňa halal edip, razylaşypdyr. Ol ylym merkezi Medineýi Münewwerede Abdullah b. Omaryň elinde terbiýelenen Ymam Zühriden, Ymam Nafi we beýleki tabiiniň beýik alymlaryndan hadys öwrenýär. Abdurrahman b. Hürmüzden uzak ýyllar sapak alýar. Fykyhda onuň ussady Rebiga b. Abdurrahmandyr. Ymamy Mälik hadysda, tefsirde we fykyhda döwrüniň iň uly alymy diýen mertebä ýetipdir. Onuň iň meşhur eseri «el-Muwattadyr». Hadys hem-de fykyh kitaby bolan bu eser «Kütübi Sitte» ýaly sahyh kabul edilýär. Ymamy Mälik öz döwründe Ymamy Agzam we Ymam Ebu Ýusuf bilen hem duşuşyp, söhbet edipdir.

Onuň meşhur şägirtleri şulardyr:

  • Abdurrahman b. Kasym – 20 ýyl fykyh sapagyny alýar;
  • Leýs b. Sad – Mäliki mezhebiniň meşhur «el-Müdewwene» atly eserini ýazga geçirip, neşir edipdir;
  • Ýahýa b. Ýahýa – Mäliki mezhebini Endülüsde (Ispaniýa) ýaýradan fykyhçydyr.

Mäliki mezhebi ilki hijaz halkynyň arasynda, soň Demirgazyk Afrikada we Endülüsde ýaýraýar. Häzirki döwürde bu mezhep Sudan, Fas, Tunus, Jezaýyr (Alžir) ýaly Afrika ýurtlarynda we Ýýemende meşhurdyr.

Ymam Şafygy

[düzet | çeşmäni düzet]

Ymam Şafygy hijriniň 150-nji ýylynda Palestinanyň Gazze şäherinde dünýä inýär, 204-nji ýylda bolsa, Müsürde Hakyň rahmetine gowuşýar. Onuň çyn ady Muhammetdir. Kakasy Idris el-Kureýşi el-Haşimidir. Şejeresi Pygamberimiziň dördünji arka atasy Abdimenafa barýar. Ymam Şafygynyň garry atasy Şafygy ýaş wagty Pygamberimiz bilen görüşmek şerepine ýetipdir. Onuň kakasy Sabit bolsa, Bedir söweşinde yslama giripdir.

Ymam Şafygy heniz sallançakdaka kakasy aradan çykýar. Ol garyp maşgalada ulalýar. Iki ýaşyndaka Mekgä äkidilýär. Kiçi ýaşlarynda Kurany ýat tutýar. Mekgäniň, Medinäniň we Yragyň meşhur alymlaryndan sapak alýar. 20 ýaşyna ýetende, oňa fetwa bermek barada ijazat berilýär. Ymam Şafygy Ymamy Agzamyň şägirtlerinden Ymam Muhammetden hem sapak alýar. Ahmet b. Hanbel bilen hem görüşýär, Ymam Mäligiň bolsa «el-Muwatta» diýen eserini okaýar. Ol bu eseri okan badyna ýat tutýar. Sufýan b. Uýeýneden hadys rowaýat edýär. Ol tefsirde, fykyhda we hadysda iň ýokary mertebelere ýetýär. Şeýle hem, edebiýatda, lugatda we medisinada onuň ýokary derejede ylmy bolupdyr. Ymam Şafygy yslamy ýaşamakda örän takwa bolup, durmuşda müminlere nusga bolan şahsyýetdir.

Ymam Şafygynyň hadysda «es-Sünen» we «el-Müsned» atly iki eseri bar. Fykyhda-da «er-Risale» we «el-Umm» atly iki eseri döredipdir. Bu eserleri fykyh usuly barada ýazylan ilkinji eserlerdir.

Onuň meşhur şägirtleri şulardyr:

  • Ýusuf b. Ýahýa el-Büweýti, Hasan b. Muhammet ez-Zaferany, Ibrahim b. Ýahýa el-Müzeni.
  • Ymam Şafygy ömrüniň köpüsini Müsürde geçirýär. Mezhebi bolsa ilki Müsürde soň, Siriýa, Ýýemen, Yrak, Horasan taraplarynda ýaýraýar. Häzirki döwrümizde bu mezhep Yrakda, Siriýada we Türkiýäniň günorta-gündogarynda meşhurdyr.

Ahmet b. Hanbel eş-Şeýbany

[düzet | çeşmäni düzet]

Hijriniň 164-nji ýylynda Bagdatda dünýä inýär, 241-nji ýylda şol ýerde dünýäden ötýär. Kakasy merwli bolup, olar soň Bagdada göçüp gelipdirler. Ahmet b. Hanbeliň Merwde dünýä inendigi hakynda hem rowaýatlar bar. Onuň babasy Serahsda uzak ýyllap häkimlik edipdir. Şejeresi Nizarda Pygamberimiziň nesline barýar. Hanbel onuň kakasynyň däl-de, atasynyň adydyr. Onuň kakasy Muhammet yslam goşunynda serkerdelik edipdir.

Ymam Ahmet b. Hanbeliň hadys we fykyhda ilkinji ussady Ymam Ebu Ýusufdyr. Ol hadys ylmynda bir uly derýa mysaly bolupdyr. Onuň bir million hadysy şerifi ýatdan bilendigi aýdylýar. Ymam Hanbeliň «Müsned» atly hadys kitabynda kyrk müň hadys bardyr. Ol hadys ylmyny öwrenmek üçin Kufe, Basra, Mekge, Medine, Şam, Ýýemen şäherlerini aýlanypdyr. Ol Ymam Şafygydan uzak wagtlap sapak alýar.

Buhary, Müslim we şolar bilen döwürdeş bolan hadys alymlary ondan hadys rowaýat edýärler. Onuň iň uly ogly Salyh kakasynyň fykyh we hadys ylmyny bir ýere jemleýär. Ymam Hanbeliň käbir şägirtleri şulardyr: Ebu Bekir el-Ersen, Ahmet b. Muhammet b. el-Hajjaj, Ibrahim b. Ishak b. el-Harbi. Ahmet b. Hanbeliň mezhebi ilki Yrakda we Şamda ýaýraýar. Häzirki döwrümizde bolsa iň köp ýaýran ýeri Nejit ýurdudyr. Dünýäniň köp ýurtlarynda bu mezhepdäki musulmanlara duş gelinýär.

Ygtykady mezhepler

[düzet | çeşmäni düzet]

Ygtykad – ynanç diýmekdir. Bir zada ynanmaklyga, bir kişini ýa-da bir habary tassyk edip oňa baglanmaklyga «akyda» diýilýär. Munuň köplügi «akaýyddyr». «Ygtykat» we «iman» sözi manydaşdyr. «Iman» sözüniň istilah manysy Allah Tagalanyň dinini kalp bilen kabul etmek diýmekdir. Ýagny, Resulullahyň (s.a.w.) bildiren zatlaryny anyk şekilde kalp bilen tassyk etmekdir. Durmuşda musulmandygyňy belli etmek üçin imanyňy äşgär etmelidir.

Akaýyd imanyň esasy bolan yslamyň kada we hökümleriniň, ybadata we amala degişlisinden başga, ählisini öz içine alýar. Yslamyň ynanç sistemasy «ämentü» jümlesinde jemlenendir. Bu bolsa Allahyň barlygyna, birligine, meleklere, kitaplara, pygamberlere, ahyret gününe, ölümden soň dirilmegiň hakdygyna, kaza-kadere (takdyra), haýryň we şeriň Allahdan gelýändigine iman etmekden ybaratdyr.

Yslamyň ilkinji döwürleri bolan Asry-sagadatda, Resulullah dirikä beýleki yslamy ylymlar ýaly akaýyd ylmy hem ýazylyp, bir ýere jemlenmändir. Heniz wahý gelmesi kesilmändigi üçin ynançda, ybadatda we beşeri gatnaşyklarda müşgili bolan kişiler Allahyň Resulyna ýüz tutup, müşgillerini çözüpdirler. Ashaby Kiram her bir meselede bolşy ýaly, akyda bilen baglanyşykly meselelerde-de Kurany Kerime we Resulullaha çyn ýürekden doly ynanypdyrlar. Olar Resulullahyň getiren ynanç esaslaryny jedelsiz kabul edipdirler. Pygamberimiziň magraç mugjyzasyna Mekgäniň müşrikleri ynanmazçylyk edenlerinde, olara hezreti Ebu Bekiriň: «Eger magraja çykandygyny Muhammediň özi aýdýan bolsa dogrudyr. Men muňa-da, Allah Tagaladan getiren her bir zadyna-da ynanýaryn» diýip, kesgitli jogap bereni hemmelere mälimdir. Allahyň Resuly ýazgyt barada jedelleşýän sahabalary görende, olary bu pişeden el çekdiripdir. Çünki ynanç bilen baglanyşykly käbir meselelere akyl ýetirmek mümkin däldir. Oňa diňe aýdylyşy ýaly ynanmak gerekdir.

Hezreti Pygamberiň ahyrete irtihalyndan (bakyýete göçmeginden) soň hem sahabalar özlerindäki päk we dury yslamy ynançlary gorap saklapdyrlar. Munuň bilen birlikde ilat sanynyň köpelmegi, dürli medeniýetdäki adamlaryň yslama girmegi bilen täze müşgil meseleler ýüze çykyp başlaýar. Halyflaryň saýlanyş usuly, hezreti Aly döwründäki Hakem wakasy, uly günä edeniň dinden çykyp-çykmaýandygy ýaly meseleler bu müşgillerdendir.

Sahabalary we tabiinleri öz içine alýan ilkinji nesiller akyda bilen baglanyşykly aýat we hadyslara ýorgut getirmezden ynanýardylar. Bulara «Selefiýe», «Selefi Salyhyn» ady berlipdir. Meselem olar: «Rahman arşyň üstünde karar tapdy» (Taha, 5; Araf, 54; Tewbe, 129; Ýunus, 3) aýatyny Allahyň tagty bardyr, emma biz munuň nähilidigine doly akyl ýetirip bilmeris diýen görnüşde; «Allahyň eli olaryň elleriniň üstündedir» (Fetih, 10; Äli Imran, 73; Maide, 64; Hadid, 29) aýatyny bolsa, «Allahyň eli bardyr, emma biz onuň nähilidigine akyl ýetirip bilmeris» diýen görnüşde düşündiripdirler. Olardan soň ýetişen kelam alymlary bolsa şeýle aýatlarda mejazy manynyň göz öňünde tutulandygyny, «Allahyň tagty bardyr» diýilmeginiň Onuň äleme häkim bolmak mutlak gudratyň eýesidigi manysyny göterýändigini; «Allahyň eli» diýmek bilen hem Onuň güýç we gudratynyň göz öňünde tutulýandygyny aýdypdyrlar. Olar bu meselede «Allahyň deňi-taýynyň, meňzeşiniň ýokdugyny» habar berýän aýatlara daýanypdyrlar.

Akyda bilen baglanyşykly aýat we hadyslara düşündiriş berýän mezhepler iki görnüşe bölünýär:

  1. Ähli Sünnet we jemagat mezhebi
  2. Ähli Bida mezhebi

Ähli Sünnet mezhebi

[düzet | çeşmäni düzet]

Ähli Sünnet – hezreti Pygamberiň ýolundan gidenler, şol ýoldan hiç azaşmadyklar diýmekdir. Bulara Fyrkaýy Najiýe – salamata gowşanlar ady hem berilýär. Ähli Sünnetiň daýanýan esasy çeşmesi Kitap we Sünnetdir. Ähli Sünnetde Maturudiýýe we Eşariýýe diýen iki akym bardyr.

Bu mezhebiň esaslandyryjysy Ebu Mansur Muhammet Samarkandyň Maturid obasynda hijriniň 280-nji ýylynda dünýä inýär. Ol hijri 333, Milady 944-nji ýylda Samarkantda dünýäden ötýär. Şol döwürlerde dürli medeniýetdäki halklaryň yslama girmegi, hindi we grek filosoflarynyň eserleriniň arap diline terjime edilmegi ynanç we akyda bilen baglanyşykly birgiden jedelli meseleleri döredýär. Musulman alymlarynyň mantyk kadalaryndan peýdalanyp, bu müşgillere Kuran we hadyslar esasynda jogap berilmegi gerekdi. Ebu Mansur Muhammet Maturidi şol döwrüň beýik mütekellimidir (teologydyr). Ol yslam akaýydyny Kitap we Sünnete laýyklykda düşündirip, Ähli Sünneti bidatçylaryň täsirinden gorap saklapdyr. Ol Mawerannehrde Hanefileriň ygtykady ymamy bolupdyr. Maturidi akaýydynyň esasyny Ebu Hanifäniň düşünjeleri şeýle hem, onuň «el-Fykhul Ekber» atly eseri düzýär. Ymam Maturididen soň Hanefilere Maturidiler hem diýlip başlanypdyr. Ähli Hanefiler, umuman türki halklar ygtykatda Maturidi mezhebindendirler. Ymam Maturidiniň iň esasy eserleri şulardyr:

  1. Kitäb ät-Täwhid. Maturidi bu eserinde bidat görüşleri belläp, olaryň täsirinden yslam ynanjyny gorapdyr. Esasan hem ol mugtezile akymynyň görüşlerini puja çykarypdyr. Şeýle hem karmatilere we rafizilere (Hz.Ebu Bekiriň we hz.Omaryň halyflygyny kabul etmedikler) garşy göreşipdir. Bu eser Müsürli alym Fethullah Huleýf tarapyndan Beýrutda neşir edilipdir.
  2. Tiläwetul Kurän. Ymam Maturidiniň akly we nakli (Kitap we Sünnet) delillere daýanyp, Ähli Sünnet ygtykadyny esaslandyran Kuran tefsiridir. Bu kitapda zerurlygyna görä, beýleki mezhep we fyrkalaryň görüşlerine hem ýer berlipdir.

Eşari mezhebi

[düzet | çeşmäni düzet]

Ähli Sünnetiň ygtykatdaky beýleki bir ymamy Ebul Hasan el-Eşari hijri ýyly boýunça 260, miladyda 873-nji ýylda Basrada dünýä inýär. Ol hijri 330, milady 941-nji ýylda Bagdatda dünýeden ötýär. Onuň çyn ady Aly, kakasynyň ady bolsa Ismaildir. Garry atasy Ashaby Kiramdan Ebu Musa el-Eşaridir. Ymamy Eşari ilki mugtezile mezhebine baglanýar. 40 ýaşyna çenli bu mezhebiň görüşlerine ynanýar. Soňra ýalňyş ýoldadygyna düşünýär. Halypasy Ebu Aly ej-Jupbaýydan arasyny açýar. Mundan beýläk Ähli Sünnet mezhebiniň görüşlerini ýaýradyp başlaýar. Aralarynda sähel tapawuda duş gelinse-de, esasan Ymamy Maturidi bilen pikirdeş bolýar. Mysal üçin: Maturudi kalpdaky imanyň bir bütewidigini, mizemezdigini aýdýar. Eşari bolsa imanyň artyp-egsilip biljekdigini öňe sürýär.

Mäliki we Şafygylar ygtykatda Eşari mezhebindendirler. Ymam Eşari bolsa amalda Şafygy mezhebine baglydyr. Ymam Eşariniň esasy eserleri şulardyr:

  1. «Makalatul Yslamiýýin». Bu eser mezhepler baradadyr.
  2. «El-Ibane an-Usulid-Diýäne». Bu eserde Allahy görmek, kelamullah, istiwa, Allahyň sypatlary, ajal, ryzk, hidaýet we zalalet (azaşmak) ýaly meseleler gozgalýar.
  3. «Er-Risale fi Istihsanil-Hawz». Eşari bu eserinde özüne bidatçy diýenlere aýat we hadyslar bilen jogap berip, dinde akyl ýöretmegiň mübahdygyny öňe sürýär.
  4. «El-Luma». Eşariniň kelam bilen baglanyşykly görüşlerini ýazan möhüm eseridir.

Ähli Bida mezhepler

[düzet | çeşmäni düzet]

Ähli Bida hezreti Pygamberiň getiren hökümlerini we Kuranyň emrlerini öz arzuwlaryna görä şerh eden Sünnet ýolundan az-u-köp daşlaşanlardyr. Bidat hezreti Pygamberiň we sahabalaryň döwründe bolman, soň ýüze çykan we diniň esaslaryna ters gelýän her dürli söz, düşünje we amaldyr. Ähli Bidanyň dörejekdigini Pygamberimiz öňünden aňyp, erbet ýazgarypdyr. «Sözleriň iň haýyrlysy Allahyň Kitabydyr, ýollaryň iň haýyrlysy bolsa Muhammediň ýoludyr. Amallaryň iň erbedi soňundan döredilenlerdir. Soňundan düzülen her bir zat zalalatdyr – azaşmakdyr» (Buhari, Müslim).

Ynanç bilen baglanyşykly bidatlar ygtykady bidatlardyr. Bular ygtykady meselelerde Pygamberimizden gaýdýan sagdyn esaslara ters gelýän ynançlardyr. Mugtezile, jebriýe ýaly käbir fyrkalaryň ynançlary bulara degişlidir. Ybadat we amal bilen baglanyşykly bidatlara amaly bidat diýilýär. Şygalaryň käbiriniň taharet kylanlarynda aýaklaryny ýuwmagyň ýerine mesh etmekleri muňa mysaldyr. Sünnet bolan mesh bolsa, mesiniň üstünden mesh etmekdir. Dini ygtykat we amaly esaslar bilen gönüden-göni baglanyşygy bolmadyk ýa-da bu esaslara ters gelmeýän täzelikler, soň döreýän däpler bidat saýylmaýar. Ymamy Rabbany ýaly alymlar bidaty iki topara bölüpdir.

  1. Bidaty Hasane – asly dinde bolup, emma şekillendirilmedik ýagşy we gözel däp diýmekdir. Bir amal sünneti sahyhada ýok bolsa, derrew inkär edilmeli däl, onuň sünnetde daýanýan deliline seredilmelidir. Mysal üçin, Kuran: «Eý, iman edenler, Allahy köp zikr ediň» diýýär. Bu aýatdaky «köp» sözüne nähili düşünmeli? Käbir alymlar gaýtalanmagy sünnet we sogap bolan «Subhanallahi we bihamdihi», «Subhanallahil-Azym» sözlerine daýanyp günde müň gezek «Lä ilähe illallah» aýdylmagynyň gowudygyny belläpdirler. Namazyň soňunda tesbihden peýdalanmak hem şonuň ýalydyr.
  2. Bidaty Seýýi-e – erbet we yslama ters gelýän bidat – däp diýmekdir. Mysal üçin öwlüýäde mazarlaryň başynda şem ýakyp goýmak, mazarda ýatanlardan medet soramak we ş.m. Häzirki döwürde öliniň belli günlerini bellemegi bidat hasaplaýanlar hem bar. Eger: «Öliniň belli günlerini hökman etmelidir» görnüşinde dini bir zerurlyk, ýa-da, ybadat manysy berlip edilse, bu amal bidatdyr. Ýöne hökman edilmeli wajyp ýa-da mendup hasaplaman, däp ýa-da, sadaka görnüşinde edilse, hiç hili zeleli ýokdur. Muny bidat saýmak hem dogry däldir.

Ygtykady mezhep hökmünde Ähli bidanyň hem öz arasynda birnäçe akymlary bardyr. Bularyň esasylary şulardyr:

  • Mugtezile. Mugtezile – aýrylanlar, daş düşenler, gyra çekilenler diýen manyny berýär. Hasan Basrynyň sapagyny terk eden Wasyl b. Ata bilen onuň yzyna eýerenleriň döreden akymydyr. Olar uly günä eden kişiniň küfür bilen imanyň aralygynda bolup, ne käfir ne-de mümindigini aýdýarlar. Olar akyla uly orun berýärler. Şol sebäpli hem mantyk kadalaryna sygmaýan aýat we hadyslara özleriçe başga manylar berýärler. Häzirki döwürde bu akym ýitip giden hem bolsa, olaryň käbir garaýyşlaryna şygalykda duş gelinýär.
  • Jebriýe. Jebriýe – Jähm b. Safwan tarapyndan esaslandyrylan akymdyr. Bu akym mugteziläniň gapma-garşylygydyr. Olar ynsanda erk-iradäniň bardygyny inkär edip, ynsany şemalyň öňündäki ýapraga meňzedýärler, eden işlerini hem mejbury edýändigini öňe sürýärler. Häzirki günümizde hem irade, kader, ýazgyt meselelerine doly düşünmeýän käbir kişiler bilip ýa-da bilmän bu akymyň garaýyşyny kabul edýärler. Ýýewropada bu akyma fatalizm diýilýär. Bular jennetiň we jähennemiň dünýä ýaly geçegçidigine, ahyretde Allahyň görünmejekdigine ynanýarlar.
  • Harijilik. Bu akym hezreti Aly bilen Muawiýäniň arasynda bolup geçen Syffyn söweşi tamamlanyp, iki tarapyň saýlan eminleriniň halyflyk meselesini çözmeginden soň döreýär. Bu waka taryhda «Hakem hadysasy» diýilýär. Hezreti Alynyň goşunyndaky käbir kişiler oňa garşy gidip gozgalaň turuzýarlar. Şol sebäpli olara garşy giden manysynda harijiýe diýlipdir. Harijiler has-da öte geçip, Hakem hadysasy sebäpli uly günä iş edilendigini, uly günä iş edeniň bolsa, dinden çykandygyny öňe sürüp hezreti Alynyň garşysyna göreşip başlaýarlar we ony şehit edýärler. Harijilere görä, halyf saýlamak hökman däldir. Olaryň düşünjesine görä, döwlet ýolbaşçysyz hem dolandyrylyp bilner. Olaryň garaýyşlary yslamda agzalalygyň ilkinji başlangyjydyr. Şeýle hem harijilere görä, amal imanyň bir bölegidir. Amaly terk eden ýa-da uly günä eden kişi mümin däl-de käfirdir. Şol sebäpli hezreti Osman, hezreti Aly, hezreti Muawiýe bilen birlikde Jemel we Syffyn söweşine gatnaşanlary käfir saýýarlar. Bu akym häzirki günümize çenli dürli atlar bilen dowam edip gelýär.
  • Murji-e. Bu akym harijilik we mugteziläniň uly günä meselesindäki garaýyşlaryna garşy döredilen bir akymdyr. Olar uly günä iş edenleriň höküminiň Allaha degişlidigini, höküminiň ahyrete galýandygyny aýdyp umyt döredýänlerdendirler. Mürji-e görä ynsan doly ynanandan soň onuň eden günäsi imanyna zelel bermez.

Şyga sözi topar, tarapdar, kömekçi manylaryny berýär. Şygalyk dördünji çaryýar bolan hezreti Alynyň tarapdary bolup, onuň ähli beýleki sahabalardan üstündigini kabul edenleriň döreden akymydyr. Bu akym harijilik ýaly ylmy däl-de, syýasy bir akymdyr. Bu hem halyflyk bilen baglanyşykly jedel sebäpli döräpdir. Şygalara görä, hezreti Aly Resulullahdan soň ähli ynsanyň içinde iň fazyletlisi bolandygy üçin ilkinji halyf bolmaga iň laýyk kişidir. Şol sebäpli olaryň düşünjesine görä, ilkinji üç halyf bolan Ebu Bekir, Omar, Osman zalymdyr, bulara tabyn bolunmaly däldir. Şygalaryň pikiriçe, uly günä edenler toba etmezden ölseler, ebedi dowzahda galarlar.

Şygalyk öz arasynda ýigrimä golaý böleklere bölünýär. Olaryň iň esasylary keýsaniýe, zeýdiýe, jaferiýe (ymamyýe), galiýe we batyniýedir. Häzirki döwürde şygalyk Ýýemende, Eýranda we Azerbaýjanda ýaýrandyr. Hindistanda, Päkistanda, Siriýada, Liwanda, Müsürde, Türkiýede hem olaryň tarapdarlary bardyr.

Yslam dininiň çeşmeleri

[düzet | çeşmäni düzet]

Yslamda dini hökümler esasy iki çeşmä daýanýar. Olar Kitap we Sünnetdir. Yslamy höküm bulardan başga asla hiç bir kanundan ýa-da esasdan çykarylmaýar. Bu iki esasy çeşmeden başga kyýas we ijma atly iki sany şeri delil hem bardyr. Bular özbaşyna bir çeşme däldir. Olar Kitap we Sünnete esaslanýandyr. Netijede, yslamy häkümleriň ählisi Kitap we Sünnetden çykarylandyr. Emma kitaplarymyzda Kitap, Sünnet, Ijma we Kyýas dört delil manysynda «Edilleýi Erbaga» «Edilleýi Şeriýýe» diýip meşhur bolupdyr. Bu dört delile Asli delil ady berilýär. Bulardan başga «feri delil» diýlip kabul edilen käbir deliller hem bardyr. Olar «Mesalihi Mürsele», Istihsan, urp-adat, şeru men kablena (Pygamberimizden öňki dinleriň hökümleri), sahabe kawli we istishab. Indi diniň asly çeşmelerini gysgaça düşündireliň.

Kitap diýlende Kurany Kerim göz öňünde tutulýar. Kurany Kerimiň getiren hökümleriniň üç görnüşi bardyr:

  • a) Ygtykady (ynanç) hökümler. Bular imanyň şertleri bilen baglanyşyklydyr. Ynanja degişli bu hökümler köplenç Mekge döwründe inýär.
  • b) Ahlaky hökümler. Bular müminiň imanynyň güýçlenmegine yhlasly, takwa we fazyletli bir kişi bolmagyna, jemgyýetçilik gatnaşyklarynda özüni göreldeli alyp barmagyna degişli hökümlerdir. Ybratly pygamber kyssalary, begendirýän ýa-da el çekdirýän manydaky aýatlar bu topara girýär.
  • c) Amaly hökümler. Bular mükellefiň ybadat, söz, amal we aktlar (nikäh, şirket gurmak, miras, kepilnama...) ýaly şahsy we sosial gatnaşyklary tertibe salýan hökümlerdir. Bu hökümler fykyh we fykyh usulynyň temasyna degişlidir.
    Kurandaky amaly hökümleri iki topara bölüp derňemek mümkindir:
    1. Ybadat hökümleri. Kurany Kerim ähli farzlary gysga görnüşde emr edipdir. Amal ediliş usulyny öwretmegi Pygamberimize goýupdyr. Mysal üçin: namaz, oraza, zekat, hajj, nezr, kasam ýaly ybadatlaryň amal ediliş görnüşi Pygamberimiziň hut özüniň amal etmegi bilen ymmatyna ýetipdir. Bir hadysy şerifde: «Men nähili namaz okaýan bolsam, siz hem şeýle okaň» (Buhary, «Sahyh»), «Haj bilen baglanyşykly menasyky (amallary) menden öwreniň» (Ahmet b. Hanbel, «Musned») diýipdir.
    2. Muamele hökümleri. Bular ybadatdan başga ähli hukugy borçlar, aktlar, günä, jeza we ş.m. hökümlerdir.
      Muamele hökümleriniň görnüşleri şulardyr:
  • Maşgala hukugy: Bu öýlenmek, talak, nafaka, welaýet (hossar), iddet (talagy berlen aýalyň ikinji gezek durmuşa çykmazdan öň garaşmaly wagty), miras, nesep (nesil) bilen baglanyşykly hökümlerdir. Bu hökümleri Kuran giňden beripdir.
  • Medeni hukuk: Bu hukuk – alyş-çalyş, kireýine bermek, barter, rehin (girew), kefalet, şäriklik, borçlanmak we taahhüt etmek ýaly şahslar arasyndaky maliýe gatnaşyklary tertipleşdirmegi we zadyň hak eýesini goramagy maksat edinýär.
  • Jeza hukugy: Bu şahsyň eden günäsine laýyk berilmeli jezadyr. Jeza hökümleri mal, jan, yrz (namys), nesep (nesil) we akyly goramagy maksat edinýär.
  • Kaza hökümleri: Bular sudda dawalaryň derňelmeginde şaýatlyk, kasam ýaly hökümlerdir. Adamlaryň arasynda adalaty üpjün etmegi maksat edinýär.
  • Ýolbaşçy we raýat gatnaşyklary baradaky hökümler: Bu hökümler adalat, şura, maslahat, ýardamlaşmak we goramak ýaly esaslara daýanýar.
  • Döwletler hukugy: Kurany Kerim musulman däl ülkeler bilen gatnaşyklary hem tertipleşdirip, olary üç topara bölüpdir:
    • a) Zymmylar (musulman döwletinde ýaşaýan gaýry dindäki halklar),
    • b) Müstemenler (wizalylar, aman sorap gelenler),
    • c) Muharipler (ilçilik işgärleri).

Ykdysadyýet we maliýe hukugy: Baýyň malyndan garybyň haky, girdeji we çykdajylaryň hasaplanmagy bilen baglanyşykly hökümlerdir.

Pygamberimiziň aýdan sözlerine, eden amallaryna Sünnet diýilýär. Sünnetiň üç görnüşi bardyr:

  • a) Kawli Sünnet – Pygamberimiziň aýdan sözleri,
  • b) Fili Sünnet – Pygamberimiziň eden amallary,
  • c) Takriri Sünnet – Pygamberimiziň sahabalardan biriniň aýdan sözüni ýa-da amalyny görüp-eşidende sesini çykarman makullanlarydyr.

Bularyň hemmesine hadys diýilse-de, bu söz köplenç Pygamberimiziň kawli sünneti üçin ulanylypdyr. Pygamberimiziň sünneti şeri delil bolan Kurandan soň iň möhüm esasdyr.

Sünnetiň Kurany Kerimiň öňünde üç wezipesi bardyr. Mübhem we müjmel bolan aýatlary düşündirýär we tefsir edýär. Umumy hökümleri tahsis (çäklendirýär) edýär. Nasih we mensuhy bildirýär. Kuranda bolmadyk täze hökümleri hem goýýar.

Hadyslar rawilerine (gürrüň berijiler) görä: mütewatir, meşhur we a:had diýen üç görnüşe bölünýär. Ahad haberiň hem sahyh, hasen we zaýyf diýen görnüşleri bardyr. Mütewatir hadys – ýalan sözlär diýip göwnüňe-de getirip bolmajak adamlar tarapyndan gürrüň berlen hadyslardyr. Meşhur hadys – Resulullahyň adyndan birnäçe kişiniň gürrüň beren, hijri ýylynyň ikinji-üçünji asyrlarynda mütewatir derejesinde kabul edilen hadyslardyr. Ahad haber bolsa, bir-iki ýa-da sanaýmaly sahaba tarapyndan gürrüň berlen, emma meşhur hadys derejesinde kabul edilmedik hadyslardyr.

Ebu Hanife ahad hadyslaryň delil bolmagy üçin rawiniň ynamdar we adalatly bolmagy bilen birlikde, yslam fykhyny bilýän we gürrüň beren hadysyna amal edýän bolmagyny şert edip goýýar. Ymam Mälik bolsa ahad hadysy medinelileriň amal edýänligine laýyklykda delil hökmünde kabul edýär.

Ijmagy ummat

[düzet | çeşmäni düzet]

Pygamberimiz dünýeden ötenden soň, onuň ymmatyndan bolan döwürdeş müjtehidleriň dine degişli islendik meselede bir karara gelmeklerine – ittifak etmeklerine ijma diýilýär.

Şu hadyslar ijmagy ymmat meselesine delildir. «Musulmanlaryň ýagşy gören zady Allahyň öňünde hem ýagşydyr», (Ahmet b. Hanbel, Müsned), «Ymmatym zalalatda bir karara gelip, agyz birikdirmez», (Ibni Maje).

Haýsy hem bolsa bir mesele hakynda aýat we hadyslarda höküm bolmadyk bir meseläni Kuran we Sünnetde bolan şeri bir delile esaslanyp höküm çykarmak diýmekdir. Mysal üçin: hamryň içilmeginiň haramdygy, hem Kitapda, hem Sünnetde anyk aýdylýar. Hamryň haram edilmeginiň sebäbi serhoş edýändigi üçindir. Muňa esaslanyp serhoş edýän beýleki arak, çakyr, piwo we ş.m. içgiler hem haram edilipdir. Kyýasy müžtehid derejesindäki din we fykyh alymlary edip biler.

Mukellefiň amallary

[düzet | çeşmäni düzet]

Mukellef – diýlip Allahyň emrlerini we gadaganlyklaryny, dini ybadatlary ýerine ýetirmäge jogapkär, akyly ýerindäki, bulug (kämillik) ýaşyna ýeten musulman kişilere aýdylýar. Yslam kämillik ýaşyna ýeten her bir ynsanyň erk-eradasy bilen eden her işini, hereketini belli hökümlere baglaýar. Fykyhda muňa «ef’aly mükellefin» diýilýär.

Bulug ýaşy yslam alymlarynyň aglabasynyň aýtmagyna görä, gyzlarda 9-15, oglanlarda 12-15 ýaş aralygy diýip kesgitlenendir. Kişiniň buluga ýetmegi: oglanlarda ihtilam ýagny, düýşüňde iniň hapalanmagy, gyzlarda bolsa haýyzyň, ýagny, aýbaşy halynyň görülmegi bilen başlanýar. Oglan we gyzlaryň käbirlerinde bulug ýaşyna ýetse-de, ihtilam we aýbaşy haly görünmeýär. Bu ýagdaýda bulug ýaşy 15 ýaş diýlip hasaplanýar.

Mukellefiň amaly sekizdir: farz, wajyp, sünnet, mustahap, mubah, haram, mekruh we müfsid. Mükellefden berjaý edilmegi islenen amallara «emr», terk edilmegi islenenlere-de «nehiý» diýilýär.

Farz – Allah we Onuň Resuly tarapyndan anyk, kesgitli deliller bilen amal edilmegi emr edilen amallardyr. Bäş wagt namaz, oraza, zekat ýaly amallar muňa mysaldyr. Farz amallaryny berjaý etmek hökmandyr, sogaby uludyr. Farzy uzursyz terk eden uly günä gazanar, ahyretde azaba uçrar. Farzy inkär eden bolsa, dinden çykar.

Farzyň iki görnüşi bardyr.

  • Farzy aýn – her bir musulmanyň ýerine ýetirmegi hökmany bolan borjudyr. Bu borç bir musulmanyň amal etmegi bilen beýleki musulmandan jogapkärçilik aýrylmaýar. Mysal üçin: bäş wagt namaz, oraza, zekat, haj.
  • Farzy kifaýe – käbir musulmanlaryň amal etmegi bilen beýlekilerden jogapkärçilik borjy aýrylýan amallardyr.

Kurany Kerimi ýat tutmak, jynaza namazyny okamak bulara mysaldyr. Farzy kifaýäniň sogaby diňe ony berjaý edene degişli bolýar. Eger-de, farzy kifaýe hiç kim tarapyndan ýerine ýetirilmese, tutuş halk günäkär bolýar. Käbir ýagdaýlarda, mysal üçin, tutuş obada ýeke ymam bar bolsa, jynaza okatmak oňa farzy aýn bolýar. Eger obada ýeke lukman bar bolsa, hassa seretmek oňa farzy aýndyr.

Farz derejesinde anyk bolmasa-da, kesgitli deliller bilen emr edilen amallardyr. Gurban kesmek, witir we baýram namazyny okamak ýaly amallar muňa mysaldyr. Meselem Kurany Kerimde «Rabbiň üçin namaz oka, gurban kes» (Kewser, 2) diýlip buýrulýar. Bu ýerde «baýram namazyny oka we gurban kes» diýlip Pygamberimize ýüzlenilýär, ýagny, bular Resulullah üçin farz hökmündedir. Emma beýleki musulmanlar üçin anyk däldir.

Wajybyň hökmi hem farz bilen deňdir. Amal edilse – sogap, edilmese – ahyret azaby bardyr. Emma ygtykat taýyndan wajyp farz ýaly däldir. Wajyby inkär eden dinden çykmaz, diňe uly günä gazanýar.

Pygamberimiziň farz we wajypdan başga hut özüniň berjaý edip, beýleki musulmanlara-da amal etmegi emr eden sözi, hereketi we hallarydyr. Sünnetiň müekked, gaýry müekked we zewaid diýen üç görnüşi bardyr.

  1. Muekked sünnet. Pygamberimiziň hemişe amal edip, seýrek terk eden amallarydyr. Bu sünneti ýerine ýetiren sogap gazanar. Terk eden ýazgarylmaga mynasypdyr. Ertir, öýle we agşam namazlarynyň sünnetleri müekked sünnetlerdendir. Sünnetiň bu görnüşine «Sünnetül-hüda» diýilýär.
  2. Gaýry müekked sünnet. Pygamberimiziň köplenç eda edip, käwagt terk eden sünnetleridir. Ikindi we ýassy namazlarynyň sünnetleri muňa mysaldyr. Gaýry müekked sünnetlere «mustahap» we «mendup» hem diýilýär. Bu sünneti amal eden sogap gazanar, terk eden bolsa ýazgarylmaýar.
  3. Zewaid sünnet. Hezreti Muhammediň (s.a.w.) ynsan hökmünde berjaý edip, dini teblig maksady bolmadyk beşeri amallarydyr. Onuň iýip-içişi, geýinişi, sakgalyny hynalamagy bu amallara degişlidir.

Bir mukmin Pygamberimize söýgüsi, hormaty sebäpli Onuň ýaly iýip-içse, geýinse sogap gazanar, emma beýle etmände-de erbet iş eden hasaplanmaýar.

Pygamberimiziň käwagt amal edip, käwagt terk eden, ýöne selefi salyhynyň (sahaba we tabiiniň) höwes bilen berjaý eden amallaryna mustahap diýilýär. Ertir namazyny daň agaranda okamak, tomusda öýle namazyny salkyn düşýänçä gijikdirmek, agşam namazyny bolsa azanyň yzysüre okamak mustahap amallara mysaldyr.

Mustahab amallaryň ýerine ýetirilmegi uly sogapdyr. Terk etmekde hiç hili günä ýokdur. Mustahaba – «nafile», «tatawwu» we «edep» adyny beren alymlar hem bolupdyr. Fykyh kitaplarynda mustahap bolan amallar «adap» diýlip görkezilýär. «Adap» – «edep» sözüniň köplük sanda aýdylyşydyr.

Dini taýdan hiç hili zyýany bolmadyk, amal edilmegi ýa-da terki mükellefiň öz erkinde bolan, oturmak, iýip-içmek, uklamak ýaly işlerdir. Mubah bolan işleriň amal edilmeginde-de, terk edilmeginde-de hiç hili günä-sogap ýokdur. «Mubah» sözi – «halal», «jaýyz», «mutlak» sözleri bilen manydaşdyr.

Eşýanyň – ýaradylan zatlaryň aslynda mubahlyk bardyr. Özi hakynda hiç hili höküm bolmadyk zatlar halaldyr. Halal – dini taýdan hiç hili zyýany bolmadyk, iýilmeginde, içilmeginde, ýa-da ulanylmagynda aýat we hadyslar arkaly gadagan edilmedik, amal edilmegi jaýyz görlen zatlardyr.

Amal edilmegi, ulanylmagy, iýlip-içilmegi dinimiz tarapyndan anyk görnüşde gadagan edilen zatlar haramdyr. Serhoş ediji içgi içmek, humar oýnamak, adam öldürmek, zyna, gybat, töhmet ýaly zatlar harama mysaldyr.

Haramyň görnüşleri

[düzet | çeşmäni düzet]

Haram edilen zat ýa-da amal özünde bolan bir zyýany, erbetligi sebäpli haram edilen bolsa, muňa li’aýnihi haram diýilýär. Bular umuman jany, maly, akyly, dini we nesli goramak maksady bilen haram edilipdir. Meselem: zyna – nesliň arassalygyny, şerap – akylyň durulygyny saklamak üçin haram edilendir.

Aslyýetinde halal bolup, wagtlaýyn bir sebäp bilen haram görlen zatlara bolsa ligaýrihi haram diýilýär. Ogurlyk üsti bilen gazanylan mal-mülk muňa mysaldyr.

Zerurlyk sebäpli haramlar mubah bolup biler. Mysal üçin, açlyk döwri diňe ölmezlik derejesinde doňuz etini iýmek, aýal hekim ýok wagty, aýalyň özüni erkek hekime seretdirmegi. Haram magsyýet we günä sözleri bilen manydaşdyr. Haramy inkär eden dinden çykar.

Mekruh – amal edilmegi erbet görlen işler we hereketler manysyny berýär. Mysal üçin: taharet kylnanda ýa-da gusul alnanda suwy isrip etmek mekruhdyr.

Mekruhyň iki görnüşi bardyr:

  1. Tahrimen mekruh. Harama ýakyn bolan mekruh diýmekdir. Tahrimen mekruh haberi wahyd ýaly zanny delile daýanýandyr. Mysal uçin: «Kişi musulman doganyndan rugsat alman, onuň eden söwdasynyň üstüne söwdalaşmasyn we gudaçylygynyň üstüne gudaçylyk etmesin», (Buhari, Müslim). Bu hadys haberi wahyd bolany üçin söwdanyň üstüne söwdalaşmak we gudaçylygyň üstüne guda bolmak kesgitli görnüşde haram edilmän, tahrimen mekruh saýylypdyr.
    Hanefilerden başga beýleki mezhepleriň ymamlary hanefileriň tahrimen mekruh hasaplaýan amallaryny haram diýip kabul edýärler.
    Tahrimen mekruh ahyret azabyna sebäp bolsa-da, ony inkär eden dinden çykmaz.
  2. Tenzihen mekruh: halala ýakyn bolan mekruhdyr. Mesjide gitjek kişiniň sogan ýa-da sarymsak iýmegi muňa mysaldyr. Pygamberimiz «Sogan we sarymsak iýýän kişi mesjidimize gelmesin, öýünde otursyn» (Buhary, Ebu Dawud) diýen hadysy bilen töweregiň birahat edilmezligine ünsi çekýär. Der ysy, jorap ysy hem bu hadysyň hökümine girýär.

Tenzihen mekruh amaly eden kişi ahyret azabyny çekmeýşi ýaly, şu dünýäde-de ýazgarylmaýar. Emma, şeýle etmek edeplilige gelişmez.

Başlanan bir ybadaty bozýan, hökümi ýatyrýan herekete we amala müfsit diýilýär. Müfsidiň uzursyz, bilkastlaýyn edilmegi günädir. Hata ýa-da säwlik bilen edilse, hiç hili günäsi ýokdur. Namaz okap duran adamyň saklanyp bilmän gülmegi muňa mysaldyr. Müfsit bilen baglanyşykly şu sözler hem bilinmelidir: sahyh, batyl, fasit, mugteber.

Ähli şertlerine we rükünlerine laýyklykda berjaý edilen bir ybadata sahyh (dürs) ybadat diýilýär. Mugteber we jaýyz sözleri hem sahyh sözüne manydaşdyr.

Batyl we fasit

[düzet | çeşmäni düzet]

Bu iki söz manydaş bolup, ybadatyň şertleriniň we rükünleriniň biriniň egsik edilmegidir. Mysal üçin sejdesiz kylnan namazda rükün; taharetsiz okalan namazda şert egsik bolany üçin namaz fasit bolar, ýagny bozulýar.

Ýaýraýyş

[düzet | çeşmäni düzet]
  1. Kuran: 3/19
  2. Kuran: 3/85
  3. Kuran: 5/3
  4. Sahih Buhari.
  5. Sahih Buhari №268.
  6. Sahih Buhari.

Salgylanmalar

[düzet | çeşmäni düzet]