Şirk
Şirk (arap. شِرْكَ — butparazlyk, köp hudaýlylyk) aňladýan arap sözi. Şirk göniden-göni Alla bilen birini ýa-da bir zady deňemek, Alladan başga ybadat etmek, Alladan başga haýsydyr bir perişdäni, jyny, ölen adamy we şuňa meňzeşleri çagyrmak. Alla şirk goşýana muşrik diýilýär. Oňa Kuranda Alla şärik goşmak diýilýär.
106. Saňa Alladan özge peýda hem bermeýäne, zyýan hem ýetirmeýäne ýalbarma (olary kömege çagyrma). Eger şeýtseň, onda sen hakyky zalymlardan bolarsyň.
107. Eger Alla saňa zyýan ýetirse, ony Özünden başga aýyrjak ýokdur. Eger saňa ýagşylyk islese, Onuň pazly-keremini yzyna gaýtarjak hem ýokdur. Ony bendelerinden islän kişisine nesip eder. Ol Bagyşlaýjydyr, Rehimşepagatlydyr.
— Kuran sura №10.
Şirk öz gezeginde 2 topara bölünýär.[1]
- 1. Uly şirk .
- 2. Kiçi şirk.
1. Uly şirk (arap. الشِّرْكَ الأَكْبَر al-şirk al-akbar) — köphudaýlylyk iň uly günä, bagyşlanmaýar eger-de bu günäni eden günädigini bilip ökünmese, toba etmese we köphudaýly bolup dünýeden geçse. Şirk islam dini bilen hiç hili gabat gelmeýär.
48. Takyk, Alla Özüne şärik goşulmagyny bagyşlamaz. Emma ondan (şärik goşmakdan) başga islän kişisiniň günälerini bagyşlap biler. Kim Alla şärik goşsa, örän uly günä (bilen) töhmeti etdigi bolar.
— Kuran sura №4.
Uly şirk dinden çykarýar.
- 1) Şirk al-duáa (arap. شِرْكَ الدُعَاء) — Alladan başga doga bilen ýüz tutmak.
- 2) Şirkäl niýýä (arap. شِرْكَ النِيَّة) — niýetinde Alla üçin edilmedik ybadat.
- Ýene-de şeýle şirkler bar. Oňa mysal: göz, çäýnek, haýwanyň kellesi ýa-da şahy, alaja, gözmonjuk, doňuz diş, nal we şuňa meňzeşleri asmak, dakynmak.
- Ölülerden kömek dilemek (isle bu dünýe üçin isle o dünýe üçin).
- Gabyra zyýarata gidilende gabryň daşyndan aýlanmak. Ol ýerdäki agaçlara mata daňmak.
- Palçylara, jadygöýe, bilgiçlere gitmek.
- Gonamçylykda, mazarlykda sadaka bermek.
- Pal atmak ýa-da atdyrmak.
- Jadygöýlik etmek ýa-da etdirmek.
- Gurşun guýdurmak.
- Jyn çagyrmak, ondan kömek dilemek.
- Çaýyň köpürjigini maňlaýňa çalsaň pul köp bolýar diýip ynanmak.
- Ýola daş oklasaň sürüji (iňl. taxi) gelýär diýip yrym etmek, ynanmak.
- Bagdan, köpriden — gulp, açar asmak. Şeýtseň maşgala berk bolýar ýa-da söýgüliňden aýrylaňok diýip ynanmak.
- Öňümden pişik geçdi, it ulasa erbet bolýar diýip yrym etmek.
- Täleýnama (rus. гороскоп) ynanmak.
- Janly gurban edilende, damak gany çagalaryň maňlaýyna ýa-da ulagyň tekerine çalmak.
- Pylan gün sähetli gün, pylan gün sähetsiz gün diýip ynanmak.
2. Kiçi şirk (arap. الشِرْكَ الأَصْغَر al-şirk al-asgar) — öz din üçin edýän işiňi göz üçin etmek, başgalaryň ýanynda aýtmak, ýa-da başgalara bildirjek bolmak (farz amallary halk bilmeli we ile gowy işlerde görelde bolmak şirke girmeýär). Kiçi şirk hem agyr günä bolup, ýöne ol adamy dinden (islamdan) çykarmaýar.[2] Oňa Riýä (arap. رِئَاء ikiýüzlülik, ýasamalyk, ýaranjaňlyk) diýilýär. Ýagny onuň şol eden sogaby puç, ýagny edil şol sogap işi etmedik ýaly bolar.
Şirkiň döremeginiň sebäpleri
[düzet | çeşmäni düzet]Şirk Nuh pygamberiň döwründe döräp başlapdyr. Şol halka Nuh pygamber iberildi.
23. Olar (biri-birlerine): «Siz hudaýlaryňyzy taşlamaň! Wäddä, Suwä, Ýägusä, Ýäuka we Näsra (bularyň hiç haýsyny) taşlamaň!» diýişdiler.
— Kuran sura №71.
Nuhyň halkynyň tagzym edýän butlary soň araplaryň arasynda döredi. Wäddä — Kiläb kowmy, Suwä — Huzäýl kowmy tagzym edip başlady. Ýägusä — başda Murad kowmy, soň Jäufda (Säbiň ýanynda) ýaşaýan Bänu Gatyf kowmy tagzym edip başlady. Ýäuka — Hamdan kowmy, Näsra — Zul-Kila maşgaladaky. Bu atlar öň Nuhuň kowmundan bolan dindarlaryňkydy. Olar ölenden soň şeýtan olaryň kowmuna olaryň köplenç oturýan ýerinde heýkel gurmagy, ol heýkellere şol dindarlaryň atlaryny dakmagy pikirlendirdi (aňlaryna guýdy). Olar muny etdiler, ýöne olar heýkele tagzym edmeýärdiler. Olar we olaryň döwürdeşleri öldi we ylym ýitdi, onsoň heýkellere tagzym edip başladylar.
— Sahih Buhari, hadys №4920
Din
[düzet | çeşmäni düzet]Allahyň ähli iberen pygamberleri adamlaryň diňe Alla ybadat, sežde, tagzym, dua etmekleri, Alla şirk goşmazlygy we günä etmezligi, haýr iş etmekleri üçin duýduryjy we begendiriji hökmünde iberildi, bu bolsa Allahyň adamlara bu dünýäde rehimdar bolşy ýaly ol dünýäde hem olary hemişelik azapdan alyp galmak we olary jennete salmak islegidir.
65. Takyk, saňa we senden öňki ötenlere: «Kasam bolsun! Alla şärik goşsaň, eden amalyň biderek bolar we zyýan çekenlerden bolarsyň» diýip wahyý edilipdi.
— Kuran sura №39.
Islam
[düzet | çeşmäni düzet]Islamda şirk iň uly günä hasaplanýar. Şeýle öleni Alla bagyşlamaýar, eger-de tobasyz ölse. Islama ýaňy giren ýa-da başga sebäpler bilen şirk bilinmän galmagy ähtimal. Şeýle ýagdaýda ony bildirmek beýleki bilýän musulmanlaryň boýnuna düşýär.
121. (Damagy çalnanda) Allahyň ady aýdylmadyk (malyň) etinden iýmäň! Çünki bu (malyň etini iýmek) pasyklykdyr (Allahyň ýolundan çykmakdyr). Takyk, şeýtanlar siziň bilen söweşmekleri üçin öz ýoldaşlaryna (al-hile bilen ters zatlary) öwredýärler. Eger olara boýun bolsaňyz‚ takyk, siz hem (Alla) şärik goşanlardan bolarsyňyz.
— Kuran, sura №6.
Emma balygyň eti halaldyr, ony Muhammed pygamber ﷺ hem iýendir.
Hristian
[düzet | çeşmäni düzet]Hristianlaryň Isa pygamberi hudaý diýip ýa-da ol Allahyň ogly diýip ynanmalary şirk bolýar.
171. Eý, ähli-kitap! Diniňiz hakda (nädogry zatlary aýdyp) hetden aşmaň, Alla garşy hakdan başga zat aýtmaň! Märýäm ogly Isa Mesih diňe Allahyň ilçisidir we Märýäme ýetiren («Bol») kelemesidir (sözüdir) hem-de Ondan (Alladan) gelen bir ruhdur. Bes, Alla we Onuň ilçilerine iman getiriň, «(Hudaýlar) üçdür» diýmäň! Öz bähbidiňiz üçin (mundan) ýüz öwrüň! Takyk, Alla ýeketäk Hudaýdyr. Ol perzent edinmekden päkdir. Asmanlardaky we ýerdäki (ähli) zat Onuňkydyr. Wekil (hemaýatkär) hökmünde Alla ýeterlikdir.
172. (Isa) Mesih hem, (Alla ýakyn) perişdeler hem Alla bende bolmakdan çekinmezler. Kim Oňa (Alla) bende bolmakdan çekinip, tekepbirlik etse, (Alla) olaryň hemmesini Öz huzurynda jemläp (soraga çeker).
— Kuran sura №4.
Iudaizm
[düzet | çeşmäni düzet]Buddizm
[düzet | çeşmäni düzet]Buddizmde şirk ýa-da günä diýip düşünje ýok. Sebäbi olar agaçdan, daşdan ýasalan aýal şekilli butlara, heýkellere çokunýarlar. Ol Hindistanda, Hytaýda we ýene-de käbir ýerlerde ýaýrandyr.