Kufr
Kufr (arap. كُفْر — ynamsyzlyk, ýaşyrmaklyk) — yslamda iñ gorkunç günä bolan — dine ynanmazlyk. Kufre düşen adama käfir diýýärler. Dinden çykyp ölen mydamalyk dogzahydyr.
Dört sünnet imama görä, dinden çykarýan zat üç görnüşdedir:
- Akydadaky kufr.
- Sözdäki kufr.
- Hereketdäki (ýa-da etmişdäki) kufr.
Bu ýagdaýlarda adamyň niýetine seredilmeýär.
Akydadaky kufr[düzet | çeşmäni düzet]
- Iň bolmanda imanyň sütünleriň birine ynanmazlyk ýa-da şübhe.
- Kuranyň aýatlaryny inkär etmek.
- Muhammed pygamber (hakyndatdanam) aýdan sözlerine ynanmazlyk.
- Hudaý haýsyda bir mahluga (ýaradylana) meňzeş diýip ynanmak.
- Pygamber bilen welini ýa-da öwlüýäni deň etmek.
- Adamlar maýmyndan gelip çykdy diýip ynanmak.
- Ölüler bize kömek edip bilýär diýip ynanmak.
- Ateistleriň, materialistleriň, şaýylaryň (zeýditlerden başgasy), sufileriň (diňe hakyky sünneti öwredýänden başgasy) akydasy kufrde
- Allanyň rahmetinden umydyny üzmek
Sözdäki kufr[düzet | çeşmäni düzet]
Kufr sözi diňe öldürjek bolanlarynda ýa-da erbet azap berenlerinde şondan gutulmak üçin aýdyp bolar. Sufileriň we şaýylaryň takiýasy däldir.
- Hudaý ýok diýmek.
- Men musulman däl diýmek. (ýa-da men hristian diýmek)
- Hudaýa ýa-da pygambere söwmek.
- Maňa Hudaý burýsada ýa-da pygamber buýrsada etjek däl diýmek.
- Men Hudaýy gördüm diýmek ýa-da gürleşdim diýmek. (Hudaý bilen diňe Musa pygamber gürleşendir we Muhammed pygamber bolsa miraja gidende gürleşendir.)
- Men adamlaryň ýüregindäkini bilýän diýmek.
- Men hem Muhammed pygamber ýaly miraja gitdim diýmek.
- Hudaý dünýäleri Muhammed pygamber ﷺ üçin döredipdir diýmek.
- Hudaý Muhammed pygamberi Özünden ýaradypdyr diýmek.
- Hudaý perişdeleri Özünden ýaradypdyr diýmek.
- Men geljegi bilýän diýmek.
Hereketdäki (ýa-da etmişdäki) kufr[düzet | çeşmäni düzet]
- Yslam dinine garşy söweş etmek.
- Kurany hapa ýere taşlamak we ş.m.lar.
- Jadygöýlik (sihr)
- Rabita, hatmu, istigasa etmek.
Kufr kitaplar[düzet | çeşmäni düzet]
- Kenzul Arş (genjil arş)
- Nurnama
- Keramatly heýkel
- Jewşen
- Pirlik we sopylyk kitaplar
- Şaýylaryň kitaby
Uly we kiçi kufr[düzet | çeşmäni düzet]
Islam alymlary kufry iki bölege, ýagny uly (kufr ākbär) we kiçi kufre (kufr āsgår) bölýärler. Uly kufr öñki edilen haýr işleri pozýar we dinden çykarýar. Käfir ölen adam hemişelik dowzaha düşýär. Uly kufre islamyñ bäş sütüninden iñ bolmanda birini ulumsylyk bilen inkär etmek, islam dininiñ hakykatlygyna şübhelenmek, ikiýüzlülik we şuňa meňzeşleri degişlidir.
Uly kufr[düzet | çeşmäni düzet]
Uly kufr (arap. الكُفْر الأَكْبَر — älkufräl ākbär) — bu uly günä bolup, tobasyz ölen bagyşlanmaýar.
Kurany ýa-da imanyñ sütüniniñ iñ bolmanda birini inkär etmek (iman), Allahyñ hökmüniñ çyndygyna ynanybam ondan tekepbirlik ulumsylyk bilen ýüz döndürmek (etmezlik), imanyň esasynyň iň bolmanda birine şübhe ýa-da doly däl ynam, aňy ýetip hakykaty bilgeşleýin inkär etmek.
Kiçi kufr[düzet | çeşmäni düzet]
Kiçi kufr (arap. الكُفْر الأَصْغَر — älkufräl āsgår) — kiçi kufr musulmany dinden çykarmaýar. Kiçi kufr uly kufrden günä taýdan kiçi.