Akyda

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Akyda (arap. عَقِيدَة‎‎) iman ylmy. Akyda musulmanlaryň ilkinji öwrenmeli dini ylymlaryndandyr. Akyda ylmyny ilkinji bolup Ebu Hanifa kitaba geçirip başlandyr. Mundan ozal diňe söz üsti bilen amala aşyrylandyr.

Akyda mezhebi[düzet | çeşmäni düzet]

Ähli sünniler boýunça akydada kabul edilýän iki mezheb bar:

  1. Maturidi
  2. Aşari

Maturidi mezhebi[düzet | çeşmäni düzet]

Maturidi mezhebine Hanefi mezhebindäkiler girýär.

Aşari mezhebi[düzet | çeşmäni düzet]

Aşari mezhebine Mäliki we Şafygy mezhebindäkiler girýär.

Kurana we hadysa düşündiriş[düzet | çeşmäni düzet]

Kuranyň aýatlarynda we hadyslarda gabat gelýän Allaha ýakyn bolmak, Allahyň eli, gözi, münmek, düşmek we şuňa meňzeş aýatlar we hadyslarda akyda öwrenmediklere, sada adamlara, ýalňyş düşünýänlere okap berilmeýär. Sebäbi (manysy düşündirilmedik) göni terjime Allaha kemçilik berip görkezýär, we ýalňyş düşünýän adam «Hudaýda beden barmyka?!» diýip pikir edip biler, eger Hudaýda beden bar diýip ynananylsa kufrdyr. Allahyň sifatlary kämildir we oňa aň ýetirip bolmaz. Ýagny Allah hiç wagt aňyňdan geçmez. Ýöne Allahy jennetde görmek hakdyr, emma nähilidigi biljek bolmak gadagandyr.

Kurandaky aýatlaryň görnüşleri:[1]

  • Mutäşäbihät (arap. مُتَشَابِهَات‎‎) çylşyrymly aýatlar. Bu aýatlaryň Alladandygyna, ýagny Kuranyň aýatlarydygyna ynanmaly, emma (mujtehid) bolmasa tefsir etmeli däl. Olara mysal:
    • Älif, läl, mim...[2]
    • Allah arşa istawa etdi.[3]
  • Muhkämät (arap. مُحْكَمَات‎‎) açyk (düşnükli) aýatlar. Olara mysal:
    • Allah birdir.[4]
    • Mähramlar bilen nikalaşmak haram
    • Arak (ş.m.leri içmek), doňuz, maslyk, Allah üçin soýulmadyk gurban mal (damagy çalnanda «Bismillä» diýilmedik), ýyrtyjyny iýmek haram.

Eger-de Kurandaky aýatlarda ýa-da sahih hadyslarda göni terjimesi Hudaýa kemçilik berip görkezýän zatlar gelse, ilki bilen ony tanzihda[5] almaly, ýagny bu ýerde göni manyda aýdylmaýandygyna ynanmaly.

Akyda gowşak hadyslar alynmaýar.

«Wagt», «hemme ýerler, howalar, dünýäler we ş.m.lar», ýagny Alladan başga hemme zatlar ýaradylandyr. Allah wagtda we giňişliklerde ýerleşýän däldir. Ol hiç bir ýerde (giňişlige) mätäç däldir. Ondan başga hemme zatlar ýaradylandyr.[6]

Allaha ýakyn bolmak diýilse, aralyga düşünmeli däl, ýalňyş düşünilmez ýaly bu ýerde dost (öwlüýä) diýip terjime edilýär.

Wahhabitleriň hem ýalňyşýan ýeri, olar üçin «älif, läm, mim...» ýaly aýatlardan başga aýatlar düşnüksiz däl, ýagny Allah üçin ulanmaly tanzihi ulanmaýarlar.

Adam Allahyň birligine düşünip biler, emma Allahy aňyndan geçirip bilmez.

Kuran Allahyň kelamydyr, Allahyň kelamy ýaradylanlaryň sözi ýaly däldir. Ýagny, ses, harplar we ş.m. däl, we Allahyň sifaty ýaradylanlaryň sifaty ýaly däldir. Allah Kurany Muhammed pygambere ﷺ arap dilinde iberendir. Biziň elimizdäki (Kuran) kitap, sahypalary, syýalary, dili, ýatda saklaýşymyz, ony okaýşymyz ýaradylanyň sifaty zatlarydyr. Emma Allahyň kelamy Allahyň sifaty bolup — ýaradylmadykdyr.

Iudeýler (ýewreýler)[düzet | çeşmäni düzet]

1135-nji ýylda doglan Maýmonid (Rambam) iudeýleriň öňki ýalňyş akydasyny belli derejede düzedýär. Oňa «13 принципов иудаизма» diýilýär. Häzirki iudeýleriň 90%-i muňa ynanýar, we Hristianlar bilen deňeşdireniňde iudeýleriň akydasy yslam akydasyna ýakyndyr. Ýöne olaryň esasy ýetmezçiligi musulmanlaryň kabul edýän (Isa we Muhammed) pygamberlerini kabul etmeýär. Ýagny olara yslamy kabul etmegi gezek.

Akyda kitaplary[düzet | çeşmäni düzet]

  1. Äl-Fikhul äkbär (ﺍﻟﻔﻘﻪ ﺍﻷﻜﺒﺭ), Ebu Hanife.
  2. Kitäbul Wäsiýýä (ﻜﺘﺎﺏ ﺍﻟﻭﺼﻴﺔ) Ebu Hanife.
  3. Äl-Alim wäl mitallim (ﺍﻟﻌﺎﻟﻡ ﻭﺍﻟﻤﺘﻌﻠﻡ) Ebu Hanife.
  4. Kitäbut Täwhid (ﻜﺘﺎﺏ ﺍﻟﺘﻭﺤﻴﺩ) – Ebu Mansur äl-Maturidi.
  5. Täwilät ählus-sunnä wäl jä'mä (ﺘﺄﻭﻴﻼﺕ ﺃﻫﻝ ﺍﻟﺴﻨﺔ ﻭﺍﻟﺠﻤﺎﻋﺔ) Ebu Mansur äl-Maturidi.
  6. Şerhul fikhul äkbär (ﺸﺭﺡ ﺍﻟﻔﻘﻪ ﺍﻷﻜﺒﺭ), (ﻤﻨﺢ ﺍﻟﺭﻭﺽ ﺍﻷﺯﻫﺭ).
  7. äl-Kawlul fasl (ﺍﻟﻘﻭﻝ ﺍﻟﻔﺼﻝ) – Muhiuddin Muhammed ibn Bähäuddin
  8. Akydät Tahäwiýýä (ﺍﻟﻌﻘﻴﺩﺓ ﺍﻟﻁﺤﺎﻭﻴﺔ) Webäýänäs sunnä (ﺒﻴﺎﻥ ) – imam Äbu Ja'far at-Tahäwi.
  9. Täbsiratul ädillä (ﺘﺒﺼﺭﺓ ﺍﻷﺩﻟﺔ) – İmam Ebul Muin än-Näsäfi.
  10. Risalä fi bäýänul itikad alä mäzhäbul imämul A'zäm (ﺭﺴﺎﻟﺔ – )ﻓﻲ ﺒﻴﺎﻥ ﺍﻻﻋﺘﻘﺎﺩ ﻋﻠﻰ ﻤﺫﻫﺏ ﺍﻹﻤﺎﻡ ﺍﻷﻋﻅﻡ ﺍﻟﻤﺠﺘﻬﺩ ﺍﻟﻤﻘﺩ ﻡّ ﺃﺒﻭ ﺤﻨﻴﻔﺔ ﺍﻟﻨﻌﻤﺎﻥ — Muhammed Ýusuf Atif-paşa.
  11. Äs-säýful mäşhur fi şerh Akydät Ebu Mansur äl-Maturidi – )ﺍﻟﺴﻴﻑ ﺍﻟﻤﺸﻬﻭﺭ ﻓﻲ ﺸﺭﺡ ﻋﻘﻴﺩﺓ ﺃﺒﻲ ﻤﻨﺼﻭﺭ ﺍﻟﻤﺎﺘﺭﻴﺩﻱ( Täjuddin äs-Subki.
  12. Än-Nurul kämil wäl burhän sati fi şerh akydät ählus-sunnä wäl jä'mä (ﺍﻟﻨﻭﺭ ﺍﻟﻼﻤﻊ ﻭﺍﻟﺒﺭﻫﺎﻥ ﺍﻟﺼﺎﻁﻊ ﻓﻲ ﺸﺭﺡ ﻋﻘﻴﺩﺓ ﺃﻫﻝ ﺍﻟﺴﻨﺔ ﻭﺍﻟﺠﻤﺎﻋﺔ) – Şeýh Mankubris än-Nasiri.
  13. Usulud din (ﺃﺼﻭﻝ ﺍﻟﺩﻴﻥ) – Şeýh Abul Ýusr äl-Bazdawi.
  14. Bährul kaläm (ﺒﺤﺭ ﺍﻟﻜﻼﻡ) – İmam Abul Muin än-Näsäfi.
  15. är-Tämhid fi usulud din (ﺍﻟﺘﻤﻬﻴﺩ ﻓﻲ ﺃﺼﻭﻝ ﺍﻟﺩﻴﻥ) – İmam Abul Muin än-Näsäfi.
  16. Täfsir än-Näsäfi, Mädärak ät-tänzil (ﻤﺩﺍﺭﻙ ﺍﻟﺘﻨﺯﻴﻝ) – İmam Äbul Bäräkat än-Näsäfi.
  17. Jämil mutun fi hakk änwä äs-sifät äl-ilähiýýä wäl akaid äl-matiridiýýä (ﺠﺎﻤﻊ ﺍﻟﻤﺘﻭﻥ ﻓﻲ ﺤﻕ ﺃﻨﻭﺍﻉ ﺍﻟﺼﻔﺎﺕ ﺍﻹﻟﻬﻴﺔ ﻭﺍﻟﻌﻘﺎﺌﺩ ﺍﻟﻤﺎﺘﺭﻴﺩﻴﺔ) – şeýh Ahmed Diýäddin.
  18. äl-Musaýara (ﺍﻟﻤﺴﺎﻴﺭﺓ) – imam Kamaluddin ibn al-Humäm.
  19. äl-Musämära (ﺍﻟﻤﺴﺎﻤﺭﺓ ﻓﻲ ﺸﺭﺡ ﺍﻟﻤﺴﺎﻴﺭﺓ ﻻﺒﻥ ﺍﻟﻬﻤﺎﻡ) – şeýh Kamaluddin Muhammed, Ibn Abi Şärif Äl-Makdisi.
  20. Häşiýät (ﺤﺎﺸﻴﺔ) – äl-Häfiz Kasim Ibn Kutluba.
  21. äl-Akydän näsäfiýýä, akaidän Näsäfi (ﻋﻘﺎﺌﺩ ﺍﻟﻨﺴﻔﻲ) – İmam Ebu Häfs Näjmuddin än-Näsäfi.
  22. Şerhul akaid än-näsäfiýýä (ﺸﺭﺡ ﺍﻟﻌﻘﺎﺌﺩ ﺍﻟﻨﺴﻔﻴﺔ) – imam Sa'd ad-din ät-Täftäzimäni.
  23. Häşiýätul Haýäli (ﺤﺎﺸﻴﺔ ﺍﻟﺨﻴﺎﻟﻲ ﻋﻠﻰ ﺸﺭﺡ ﺍﻟﻌﻘﺎﺌﺩ ﺍﻟﻨﺴﻔﻴﺔ).
  24. Häşiýätul Asamm (ﺤﺎﺸﻴﺔ ﺍﻷﺼﻡ ّﻋﻠﻰ ﺸﺭﺡ ﺍﻟﻌﻘﺎﺌﺩ ﺍﻟﻨﺴﻔﻴﺔ).
  25. äl-Häwäşil bähiýýä (ﺍﻟﺤﻭﺍﺸﻲ ﺍﻟﺒﻬﻴﺔ ﻋﻠﻰ ﺸﺭﺡ ﺍﻟﻌﻘﺎﺌﺩ ﺍﻟﻨﺴﻔﻴﺔ).
  26. Sälämul ähkäm alä säwäd azam (ﺴﻼﻡ ﺍﻷﺤﻜﺎﻡ ﻋﻠﻰ ﺍﻟﺴﻭﺍﺩ ﺍﻷﻋﻅﻡ) – şeýh İbrahim Hilmil Wäfi.
  27. äl-Säwädul azam (ﺍﻟﺴﻭﺍﺩ ﺍﻷﻋﻅﻡ) – şeýh Äbul Kasim Samarkandi.
  28. as-Sahäif ilähiýýä (ﺍﻟﺼﺤﺎﺌﻑ ﺍﻹﻟﻬﻴﺔ) – şeýh Şämsuddin as-Samarkandi.
  29. Nuhbätul lali li-şerh bädul ämäli (ﻨﺨﺒﺔ ﺍﻟﻶﻟﻲ ﻟﺸﺭﺡ ﺒﺩﺀ ﺍﻵﻤﺎﻟﻲ) – Muhammed ibn Suleýmänul Häläfi ar-Raýhäwi.
  30. äl-Bidäýät fi usuluddin (ﺍﻟﺒﺩﺍﻴﺔ ﻓﻲ ﺃﺼﻭﻝ ﺍﻟﺩﻴﻥ) – İmam Nuruddin as-Sabuni.
  31. Işäratul maram min ibäratul imam (ﺇﺸﺎﺭﺓ ﺍﻟﻤﺭ ﺍﻡ ﻤﻥ ﻋﺒﺎﺭ ﺍﺕ ﺍﻹﻤﺎﻡ) – Kamalulddin Bäýädi.
  32. äl-Hikmätul baliga äl-jänibiýýä fi şerhul akaid äl- hänäfiýýä (ﺍﻟﺤﻜﻤﺔ ﺍﻟﺒﺎﻟﻐﺔ ﺍﻟﺠﻨﻴﺔ ﻓﻲ ﺸﺭﺡ ﺍﻟﻌﻘﺎﺌﺩ ﺍﻟﺤﻨﻔﻴﺔ) – şeýh Şihäbuddin äl-Märjäni.
  33. Şerh än-näsäfiýýä fil akaid äk-islämiýýä (ﺸﺭﺡ ﺍﻟﻨﺴﻔﻴﺔ ﻓﻲ - – )ﺍﻟﻌﻘﻴﺩﺓ ﺍﻹﺴﻼﻤﻴﺔ — AbdulMälik as-Sa'di.
  34. Akidätu-nä (ﻋﻘﻴﺩﺘﻨﺎ) – Muhammed Tabi Jäwhäri.

Bellik[düzet | çeşmäni düzet]

  1. Kuran: 3/7
  2. Kuran: 2/1. Bular ýaly aýatlar tefsir edilmez (ýagny, gadagan)
  3. Tefsire görä, «Allah ýaradylanlara hökmürowanlyk edip (ýa-da dolandyryp) başlady.»
  4. Kuran: 112
  5. Tanzih - Allahy arassalamak, ýagny Allah hiç bir ýaradylana meňzeş däl, Allah kämildir.
  6. Kuran: 112.

Edebiýatlar[düzet | çeşmäni düzet]

Salgylanmalar[düzet | çeşmäni düzet]