Günä - (arap.إِثْم — ism).
Günä uly we kiçi görnüşde bolýar. Günä şeýtany razy edilenligi üçin ýazylýar. Şeýlelik bilen Allanyň närazylygnada sebäp bolýar. Bu bolsa Alla garşy çykmak diýmek, eger-de günä bilgeşleýin edilen ýagdaýynda ("günä edip soň toba ederin" - diýýänleri şeýtan aldaýar). Şeýdip şeýtan adamy kynçylyga salýar (haýyr işden alyp galýar we günä işledýär, soň oňa günäsiz hala gelmek kyn düşer).
118. Alla ony (şeýtany) näletledi. Ol bolsa: «Kasam bolsun! Men Seniň bendeleriňden belli bir nesibe edinerin (özüme tabyn edinerin).
119. Men olary hökman azaşdyraryn, olary ham-hyýallar bilen güýmärin. Olara dowarlarynyň gulaklaryny ýarmagy (deşmegi) emir ederin, (olar hem) Allahyň ýaradan (şekilini) üýtgedirler» diýdi. Kim Allahyň ýerine şeýtany dost tutunsa, elbetde, äşgär zyýana duçar bolandyr.
120. (Şeýtan) olara diňe (boş) wada berer, ham-hyýallar bilen güýmär. (Aslynda) şeýtan olara aldawdan başga zat wada bermez.
121. Ine, olaryň barjak ýeri dowzahdyr we ondan (halas bolmak üçin) gaçara ýer tapmazlar.
Yslamda uly günälere mysal: Remezan aýynda sebäpsiz oraza tutmazlyk, Allaşirk goşmak, öýde ýa-da howlyda janly zadyň suratyny ýa-da heýkeli goýmak, wagty boş geçirmek (haýyrsyz, sebäpsiz boş), enäň-ataň diýenini etmezlik, günä işi gurnamak, zekat tölemezlik (eger nisab derejede bolmasa), aluw-satuwda aldaw, ýalan kasam bermek, ene-ata we ýakyn garyndaşlaryň bilen araňy üzmek, sebäpsiz namazy goýbermek (okamazlyk), islam goragy üçin söweşilýän döwürde uruşdan gaçmak, göterim; prosent (süýthorlyk), jadygöýlik bilen meşgullanmak, aldaw; ýalan, jalaýlyk; pul sowrujylyk; biderek harç edijilik; bisarpalyk we şuňa meňzeşler.
Erkek bolup zenana meňzemek (we zenan bolup erkege meňzemek).
Bedeniňi üýtgetmek (gaşy ütmek (çyzmak), ýüzüň tüýüni ütmek (ütdürmek), zenanlaryň saçlaryny gyrkmagy (hiç bir zenanyň saçyny gyrkmaly däl, hat-da ujybsyz hem bolsa, sebäbi garşydaş jynsa meňzemek haram), dyrnak dakynmak, dyrnagy reňklemek, dodagy reňklemek, dodagy çişirmek, ýanbaşy çişirmek, göwsi çişirmek (göwreli we semiz oňa degişli däl, sebäbi olarda bu tebigy, ýöne olar hem göwräňi bildirmez ýaly eşik geýmeli), dyrnak ösdürmek, pudr we şonuň ýaly zatlary çalynmak, kirpigi çyzmak, [saça boýan etmek bolýar, ýöne şu wagtky himiki boýaglara boýamak gadagandyr, we gara boýag bolmaly däl, garrylar öz çal şaçy üçin boýamaly däl, eger tebigy önümlerden ýasalan zyýansyz boýag bolsa bor, emma häzirki günde boýaglar himiki düzüme eýe bolansoň, käbir ýurtlarda boýag edilen soň (boýagdan 20 minut soň) ölüm bolandygy hakda kän habar (gadagan bolmagy üçin) muňa mysaldyr.[1]Yslamda özüňi öldürmek haramdyr, başga birini hukuksyz öldürmek has hem erbetdir], bedeniňe metal geçirip, ildirip, sokup goýmak, diş goýdurmak we şuňa meňzeş zatlary etmek).
Şöwhetli serediş (diňe nikada duran kişiňe seretmekde hiç günä ýok)
Awrat ýerlere seretmek. Zenanlar üçin awrat diňe ýüzden, goşardan beýleki hemme ýeri degişlidir (käbir ýurtlarda olary hem ýapýarlar), beden agzalar köýnege seredeniňde bildirmeli däl. Erkekler üçin awrat göbekden dyza çenli (dyzyň özi hem degişli). Telewizorlarda, telefonlarda, smartfonlarda, kompýuterlerde we şuňa meňzeş islendik wirtual enjamlarda awrat ýeri görmek (başgalara görkezmek we paýlaşmak ondan hem agyr günä, her görkezilen we paýlanylan, olaryň hem paýlaşan sanyna görä günä bar).
Adama ýigrenji seretmek.
Başga öýe, ammara, howla we şuňa meňzeşlere ogryn garama (gizlin äňetme, jyklama).
Telewizor (smartfon, laptop, telefon, we ş.m.) ýaly zatlarda biderek (serial, film(kino), sport, teleşow, reklama, peýdasyz(haýyrsyz) samsyk zatlary we ş.m.) zatlary görüp wagt geçirmek (Kuran diňlemek, hadys diňlemek, öwrenmek, halka zyýansyz, özüñi ýa-da başga birini günä eltmejek hünär öwrenmek bolar).
tersleşdirmek (arasyny bozmak), sögüşdirmek üçin bir adamdan başga bir adama iberilýän söz, gybat. Nämimä (gybat) bolmagy üçin bir adam barada çyn aýtmak hem ýeterlikdir.
Ýalan
Ifk (arap.إفك) - adama edilýän (edilen) töhmet. Töhmet uly günä bolansoň töhmetçilerAllanyň gazabyna galarlar (toba etmese). Iň uly töhmet köphudaýlylyk (şirk), Alladan başga kimdir birinde güýç bar diýip ynanmak ýalan(ýalňyş).
Haýwanlary urşdyryp, jedel edip, haýwanlary çapyşdyryp we şuňa meňzeşleri edip pul gazanmak.
Ýasama, himikatly önümleri iýmek.
Süýthorlyk, ogrulyk we şuňa meňzeş ýollar bilen iýilýän iýmit.
Aldawly söwda.
Musulman halka zyýan ýetirmek.
Spirtli içgileri, beýhuş ediji we şuňa meňzeşleri iýmek, içmek (narkotik, arak, piwo we ş.m.lar). Bulary satmak, satyn almak, ýaýratmak haramdyr.
Şeriatda iýmesi gadagan mallaryň (doňzyň, maslygyň, ýyrtyjyň, Allahyň ady bilen öldürilmedik haýwanyň) etini, hapa(nejasat) iýmiti iýmek, içmek.
Şübheli her dürli önümleri iýmek (konditer, buzgaýmak, gazly we gazsyz gaplanan içgiler (reňksiz (reňklendirilmedik) we zat goşulmadyk suwy içse bolýar (mysal üçin: ýürek bulaşmany, atrawleniýany, içiňi arassalamak üçin diňe reňksiz gazlandyrylan suwy içse bolar)), tort, süýji, şokolad, peýnir, şöhlat (калбаса), koffee we şuňa meňzeş ýasama önümler (olary köpüsinde howply iýmitlik goşundylary bar).[3]