Garynja

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Türkmenistanyň garynjalarynyň içinde Messor urugynyň wekilleri oňat öwrenilen. Bu urugyň wekilleri Türkmenistanyň çöllerinde has giň ýaýran. Olaryň hemme görnüşleri ösümlikleriň däneleri, tohumlary bilen iýmitlenýärler, şoňa görä-de bu garynjalar ösümlikleriň ýaşaýşynda zyýanlydyr. Günorta Türkmenistanda Messor urugynyň 8 sany görnüşi: Messor denticulatus; Messor aralocaspius; Messor variabilis; Messor intermedium; Messor excursionis; Messor subgracilinodis; Messor lamellicornis we Messor perententatus ýaşaýarlar. Olary şertleýin çägeli çöllüklerde, toýun-çägelik çöllerde, dag etegindäki toýun we dag jynslary goşulan toprakda ýaşaýan toparlaryna bölmek bolýar. Çöl çäge toprakda ýaşaýan görnüşleriniň wekilleri hökmünde Messor denticulatus, Messor aralocaspius, Messor excursionis we Messor lamellicornis görnüşlerini görkezmek bolar. Toýun-çägelik çöllerde Messor intermedius we Messor variabilis görnüşleri köplenç duş gelýärler. Dag eteklerindäki dag jynsly toýun toprakda bolsa köplenç Messor parantannatus görnüşi duş gelýär. Messorlaryň käbir görnüşleri özlerine häsiýetli bolmadyk topraklarda hem ýaşaýarlar. Medeni, ekin ekilýän ýerlerde Messor denticulatus has köp duş gelýär. Messor urugyna degişli görnüşleriň garynjalarynyň hemmesi toprakda hin gazynyp, maşgala bolup ýaşaýarlar. Olaryň hinleriniň çuňlugy 2 m-e çenli we ondan-da çuňrak bolup bilýär. Garynjalar ýaşaýyş işjeñligi boýunça gündizki we gijeki görnüşlere bölünýärler. Birinji topara Messor aralocapius we Messor denticulatus degişli bolup, bular gündizine däne çöpleýärler. Ikinji toparyna girýän görnüşler Messor intermedium we Messor variabilis gije däne çöpleýärler we gündizine hinlerinden daşa çykmaýarlar. Messorlar däne bilen iýmitlenýänleri üçin ýylyň maýyl aýlarynda örän köp mukdarda ösümlik dänelerini çöpleýärler. Olary hem iýýärler hem-de gyşa ätiýaç edip goýýarlar. Mysal üçin: Messor aralocaspius maý aýynyň bir gününde 81 müň 400 ösümlik dänelerini çöpleýärler ýa-da Messor denticulatus bir ýylyň dowamynda I-I,5 kg ösümlik (bugdaý, arpa we başga ösümlikleriň) tohumyny ýygnap bilýär. Şunça dänäni olaryň köp sanly osoblary ýygnaýarlar. Mysal üçin: Messor aralocaspius-yň bir maşgalasynda 17 müň 500 osoblar, Messor denticulatus-yň bir maşgalasynda bolsa 16 müň 500 ekzemplýar garynja bolýar. iýmit Garynjalaryň topragyň hilini oňatlaşdyrmakda, dürli haýwanlara bolmakda, ösümlikleriň ummasyz köp sanly görnüşleriniň dänelerini iýmekde, olaryň tohumlaryny belli bir derejede ýaýratmakda roly uludyr.