Oraza

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Oraza (pars. روزه), sowm (arap. صَوْم‎‎) sözleri bilen aňladylýar. «Sawm» sözi arapçada: «Bir zatdan daş durmak, özüňi saklamak, böwet bolmak» manylarynda ulanylýar.
Fikh taýyndan oraza imsak wagtyndan iftar wagtyna çenli ýagny, fejri sadykdan (daň atmazynyň öň ýany) başlap, tä Gün ýaşýança aralykda hiç zat iýmän-içmän, jynsy gatnaşyk etmän, öz nebsiňi saklamak diýmekdir.
«Imsak» sözi özüňi saklamak, böwet bolmak manylaryny berýär. Imsak wagty (agyz beklenýän wagt) fejri sadygyň girmegi bilen, ýagny, ýassy namazynyň wagtynyň gutaryp, ertir namazynyň wagtynyň girmegi bilen başlanýar. Bu wagt selällik wagty hem gutaryp iýmekden, içmekden, jynsy gatnaşykdan el çekilýär.
«Iftar» sözi açmak, bozmak diýen manylary berýär. Iftar wagty (agzaçar) orazanyň gadaganlyklarynyň wagtynyň gutarmagydyr. Bu wagt agşam namazynyň hem başlanýan wagtydyr.

Oraza[düzet | çeşmäni düzet]

Orazanyň hökümi[düzet | çeşmäni düzet]

Oraza tutmak yslamyň bäş esasyndan biridir. Oraza hijretiň ikinji ýyly, şaban (meret) aýynyň onunjy güni Medinede farz edilýär. Munuň farzlygy Kitaba, sünnete we ijmaga esaslanýar. Kurany Kerimde şeýle buýrulýar:
«Eý, iman getirenler! Siz takwa bolarsyňyz diýip, Sizden ozalky ymmatlara farz edilişi ýaly, size hem oraza tutmak farz edildi», (Bakara, 183).
Oraza hem namaz ýaly, beden bilen amal edilýän ybadatdyr. Bu ybadatyň iň esasy aýratynlygy: ynsany erbetlikden saklamagy, nebsiň dürli ham-hyýallaryny jylawlamagydyr. Hadysy şerifde: «Oraza bir galkandyr. Orazaly kişi jahyllyk edip, erbet sözi aýtmasyn. Özi bilen uruşmak, käýişmek, yrsarap azar bermek isleýän kişä: «Men orazaly» diýsin», (Buhary, Muslim) diýip ündelýär. Başga bir hadysda: «Kim ynanyp, sogabyny Allahdan tama edip, remezan orazasyny tutsa, öňki günäleri bagyşlanar», (Buhary) diýilýär.
Oraza ynsany erbet meýillerden saklaýandygy üçin, Resulullah Serwerimiz öýlenmedik ýaşlara şehewi (jynsy) duýgularyň azaryndan goranmak üçin, oraza tutmagy maslahat beripdir. Orazanyň şehewi duýgularyň öňüni alýandygyny häzirki döwürde ylym hem tassyk edýär.
Oraza aýy gelende, jemgyýetde günä işleriň derejesi peselýär, erbetlik azalýar. Muňa derek haýyr-hasenat köpelip, adamlaryň arasynda biri-biri bilen ysnyşykly gatnaşyklar döreýär. Özara arkalaşyk artýar. Orazanyň bu täsiriniň asyl sebäbini Pygamberimiz şu hadysy şerifinde beýan edýär: «Oraza aýy gelende, jennet gapylary açylyp, dowzahyň gapylary ýapylýar we şeýtanlaryň ählisi zynjyrlanýar», (Buhary, Muslim).
Orazanyň Allah dergähinde gadyr-gymmatynyň örän beýikdigi bir kudsy hadysda şeýle beýan edilýär: «Ynsan oglunyň amal eden her haýrynda we ybadatynda özi üçin lezzet we bähbit gazanmak endişesi bardyr. Emma oraza beýle däldir. Oraza diňe Meniň razylygym üçin edilýän ybadatdyr. Onuň sylag-serpaýyny hem Men bererin», (Muslim, Nesaýy).
Başga bir kudsy hadysda bolsa, şeýle ündew bar: «Her ýagşy amala on esseden ýedi ýüz essä çenli sogap bardyr. Ýöne orazanyň sogaby bu ölçegden has ýokarydyr. Çünki, ol Meniň üçindir. Onuň sylagyny diňe Men bererin», (Tirmizi). Bu hadysa görä, her haýyr we ybadat üçin on haseneden (ýagşylyk) ýedi ýüz hasenä çenli sogap berilýär. Ýöne oraza üçin sogabyň mukdary çäklendirilmändir. Onuň sylagyny bellemekligi Allah Tagala perişdelerine tabşyrman, hut öz Zaty Akdesinde saklapdyr. Şol sebäpli, mü’minler tutan orazalary üçin, kyýamat güni garaşylmaýan mukdardaky uly sogaplary alar. Resuly Ekrem muňa şeýle yşarat edýär: «...Orazalynyň iki begenji bardyr. Biri iftar wagtynda – agzyny açandaky begenji, beýlekisi bolsa, Rabbine gowşan wagty oraza sylagy bilen sylaglanan pursatyndaky begenjidir», (Buhary, Muslim).
Oraza tutýan kişileriň ýetýän beýik fazylet we şerefli mertebeleri käbir hadyslarda şeýle düşündirilýär:
«Jennetde «Reýýan» diýlen bir gapy bardyr. Bu gapydan kyýamat gününde diňe oraza tutanlar girer. Olardan başga hiç kim o gapydan goýberilmez. Kyýamat güni: «Oraza tutanlar nirede?» diýlip gygyrylar. Oraza tutanlar girip gutarandan soň, şol gapy ýapylar», (Buhary, Muslim, Nesaýy, Ahmed b. Hanbel).
«Allaha kasam bolsun, orazalynyň agzynyň ysy kyýamat gününde müşk ysyndan has ýakymly bolar», (Buhary).
«Üç kişiniň dogasy ret edilmez:

  1. Iftar edýänçä, orazalynyň,
  2. Adalatly döwlet ýolbaşçysynyň,
  3. Mazlumyň», (Tirmizi).
    Bu mübärek aýda oraza tutmakdan başga Kuran okamak, sadakalar paýlamak, başgalara agyz açdyrmak ýaly salyh amallaryň hem sogabynyň gat-gat boljakdygy, Pygamberimiz tarapyndan bize habar berlipdir: «Kim bir orazala agyz açdyrsa, özüne onuň sogabyça sogap ýazylar. Üstesine agyz bekleýäniň sogabyndan hem hiç zat kemelmez», (Tirmizi, Ibni Mäje), hadysy muňa mysaldyr.

Orazanyň hikmetleri we peýdalary[düzet | çeşmäni düzet]

Orazanyň dünýewi we uhrewi, şahsy we ijtimagy bir giden peýdasy bardyr. Bularyň has möhümlerini agzap geçeliň.

Oraza ilahi nygmatlara şükürdir[düzet | çeşmäni düzet]

Allah Tagalanyň Ýer ýüzünde ýaradan san-sajaksyz nygmatlarynyň ählisi ynsan bähbidi üçindir. Ol yhsan eden müň dürli nygmatlaryna derek, biziň diňe şükür etmegimizi isleýär. Şükür bolsa, ähli nygmatlaryň Allah tarapyndygyna düşünmegimiz, şol nygmatlara mätäçligimizi duýup, gadyryny doly bilmegimiz üçindir.
Oraza – çyn ýürekden diňe Allah üçin edilýän beýik amalyň hem şükranalygyň açarydyr. Çünki, köp kişi başga wagtlar açlygy bilmeýändigi üçin, ençeme nygmatyň gadyryny bilmeýär. Şol nygmatlara nähili derejede mätäçdigini hem doly duýmaýar. Emma agzaçar wagty, agzybeklilik sebäpli dörän işdä, gury çöregiň hem nähili gymmatly nygmatdygyny anyk duýdurýar. Netijede, baýu-garyp, her bir mü’min Allahyň berýän nygmatlaryna mätäçligini duýup, olaryň gadyryny bilip şükür edýär.
Ömrüni gaflat we nisýanda geçirýän, ülfet we ünsiýet perdesine bürenen her bir musulman remezan aýy gelende Rabbiň: «Oraza tutuň!» diýen emri bilen iýmekden, içmekden özüni saklamaga mejbur bolýar. Agşam agzaçar saçagynyň başynda Rabbiň: «Iýiň!» diýen emrine garaşýan wagty nygmatlaryň hakyky eýesini we mäligini tanaýar. Nygmaty nygmat bilip, şol nygmaty beren barada oýlanýar. Şeýlelikde, şükür wezipesine amal edýär.
«Eger şükür etseňiz, elbetde, nygmatymy artdyraryn. Ýok, eger gadyr bilmezlik etseňiz, azabymyň agyrdygy şübhesizdir», (Ibrahim, 7), aýaty nygmatlara şüküriň nähili zerurdygyny nygtaýar.

Orazanyň ijtimagy durmuşa bolan täsiri[düzet | çeşmäni düzet]

Ynsan Allahyň ilahi takdyry sebäpli, ijtimagy durmuşda ýaşaýan bir barlykdyr. Şeýle hem, jemgyýetde gul-hojaýyn, baý-garyp, sagat-hassa, ýaş-garry... garym-gatymdyr. Şeýle dürli gatlakda ýaşaýan ynsan durmuşda biri-birine, elbetde, mätäçdir. Adamlaryň biri-birine goldaw berip ýaşamagy gutulgysyzdyr. Mysal üçin, maddy taýdan hiç hili müşgili bolmadyk, näz-nygmatdan doly suprada iýip-içip, bol-elin ýaşaýan, gurply baýyň açlyk, garyplyk, ýoksullyk gysajynda ýaşaýanlaryň hal-ýagdaýyna düşünmegi kyndyr. Oraza – baý kişiniň garyp adamyň halyna düşünmegine sebäp bolýan külli ybadatdyr. Bu nukdaýnazardan orazanyň ýerini tutup biljek başga ybadat ýokdur. Eger-de, baýyň rehim-şepagaty, adamkärçiligi ýitmedik bolsa, özi ýaly ynsan bolan garybyň derdine höwes bilen ýardam eder. Jemgyýetdäki synplar arasyndaky bähbitli gatnaşyk, birek-birege doganlyk goluny uzatmak düşünjesi saklanmadyk ýagdaýynda: garyplarda baýlara kine we görüplik, baýlarda bolsa garyplary äsgermezçilik, hakyny iýmek duýgulary ösýär. Bu bolsa jemgyýetiň asuda, parahat ösüşine howp salýar.

Orazanyň nebse täsiri[düzet | çeşmäni düzet]

Ynsanyň nebsi hemişe erkinligi isleýär. Edenini etmek islegi onuň asyl durkunda bardyr. Ol ýaradylyşyndaky bu ejizligini, hatadyr günälerini görmek we kabul etmek islemeýär. San-sajaksyz nygmatlar içinde ýaşaýandygy barada asla oýlanmaýar. Üstesine, güýç-gurby bar mahaly gaflat içinde ilahi nygmatlary açgözlük bilen gysymynda saklap, hamala demirden bedeni, baky ömri bar ýaly, tutuş durky bilen dünýä yşkyna düşýär. Ençeme erbetlikleriň we günäleriň ýesiri bolup ýaşaýar.
Oraza: depseň deprenmez baýa-da, ýarlykly garyba-da, ýörär ýoluny aňlamaz gafyla-da, dünýeden nägile kejire-de, umuman her kese nebsiň hakyky ýüzüni görkezýär. Hiç kimiň nebsine buýrup bilmeýändigini, mälik däldigini, Allahyň emri we rugsady bolmasa, hiç bir zady başarmajakdygyny ýatladýar. Ynsan oraza arkaly nebsiň nä derejede ežizdigini, demirdendir öýdülen bedeniň nä derejede çydamsyzdygyny aç-açan görýär we akyl ýetirýär. Nebsiň tebigatyna doly düşünen ynsan akmaklygyny, tekepbirligini, nebsine tabynlygyny taşlap, hakyky wezipesi bolan şüküre we gulluk borjuna tabyn bolar. Erbet ahlakdan, günä we pis pişelerden saklanýar.
Nebis ruhuň garşysyna işleýän duýgudyr. Şeýtanyň dost bolmaýşy ýaly, nebse hem ynsana dost däldir. Ynsanyň ruhy kämillige ýetmegi üçin nebsiň jylawlanmagy zerurdyr. Şol sebäpli Pygamberimiz «Seniň iň uly duşmanyň iki gaşyň arasyndaky nebsiňdir» diýipdir. Serwerimiz bir söweşden dolanyp gelýärkä, «Indi kiçi jihatdan, uly jihada dolanyp barýarys» diýmek bilen nebsiň öňünde hemişe oýa bolmagymyzy sargyt edipdir.
Berhizli, çäkli naharlanmak arkaly ýogalaryň ruhy taýdan güýç-kuwwat gazanýandygy hemmämize mälim. Käbir mistikleriň nebse yza we jepa çekdirmek arkaly belli bir derejede ruhy kämillige ýetýändigi gadymdan bäri bilinýän zatdyr. Emma ne ýogalaryň ne-de mistikleriň ahyret üçin gazanýan zatlary ýokdur. Çünki, aç-suwsuz galmak we riýazat etmek diňe ybadat niýeti bilen amal edilende sogapdyr. Bu niýet musulmançylykda oraza görnüşinde ýüze çykýar.
Ynsandaky nefsi emmare – Allahy tanamak, Onuň emrine boýun egmek islemeýär, Fyragun ýaly özüni taňry derejesine galdyrmak isleýär. Nebsiň bu damaryny kesmek üçin diňe oraza tutmalydyr. Rowaýata görä, Allah Tagala nebisden:
–Men kim? Sen kimsiň? – diýip sorapdyr. Nebis:
– Men mendirin, sen sensiň – diýip jogap beripdir. Netijede, Allah ony dowzaha atýar. Soň ýene öňki sowalyny berýär. Nebsiň jogaby üýtgemeýär. Haýsy azaby berse-de, nebis tekepbirligini taşlamaýar. Ahyr soňy Allah nebsi uzak wagtlap aç-suwsuz goýýar. Soň täzeden soraýar:
–Men kim? Sen kim?
Nebis bu gezek şeýle jogap berýär:
– Sen meniň Rabbi Rahymymsyň, men bolsam, Seniň ejiz bir guluň.

Orazanyň beden saglygyna täsiri[düzet | çeşmäni düzet]

Orazanyň beden saglygyna edýän peýdasyny şeýle sanap bileris:
Oraza sagdynlygyň açarydyr. Bir ýylyň dowamynda dürli nahar bilen agram salynýan iýmit siňdirji organlara dynç almaga, täzeden öňki kaddyna gelmäge mümkinçilik döreýär.
Oraza bedeniň açlyga-suwsuzlyga garşy durmak güýjüni artdyrýar. Bu ynsanyň gytçylyk, açlyk, uruş ýaly zerury kynçylyklara çydamlylygyny ösdürýär.
Oraza ynsanyň ömrüni uzaldýar. Uzak ýaşan bir hassa, medisina nukdaýnazaryndan uzak ömür süren hasaplanmaýar. Uzak ömür – bedeniň dynç we sagdyn ýaşamagy diýmekdir.
Orazanyň beden saglygy üçin ähmiýetini Pygamberimiz hadysy şeriflerinde şeýle beýan edýär: «Oraza tutuň, bedeniňiz berk we sagdyn bolsun», («et-Tergib wet-Terhib»).
«Her bir zadyň bir zekaty bardyr. Bedeniň zekaty orazadyr», (Ibni Mäje). Ýagny, zekat bermek maly nähili haramdan arassalaýan bolsa, oraza-da bedendäki zäherleri, artykmaçlyklary aýryp, adamy keselden goraýar.

Orazanyň ruhy saglyga täsiri[düzet | çeşmäni düzet]

Oraza maddy taýdan berhiz bolşy ýaly, magnewi taýdan hem berhizdir.
Oraza günälere garşy galkandyr. Ol ynsanyň bedeni arzuwlaryny çäklendirip bilmek ukybyny ösdürýär. Şeýlelik bilen, ynsan agzybekli däl wagty hem her hili ýaramaz arzuw we meýilleriň öňüni almagy, halal we arassa ýaşamagy öwrenýär. Pygamberimiz şu hadysy bilen bu meseläni şeýle nygtaýar: «Kim maňa iki eňek we satan arasyny gorajaklygyna kepil geçse, men onuň jennete girjegine kepil geçerin», (Buhary).

Orazanyň tygşytly ýaşamaga täsiri[düzet | çeşmäni düzet]

Oraza tygşytly ýaşamagy öwredýän iň möhüm düzgündir. Islän wagty, islän zadyny almaga endik eden kişi oraza wagty özüni saklamaga mejbur bolýar. Bu bolsa oňa tygşytlylyk getirýär.

Orazanyň ahyret bähbidi[düzet | çeşmäni düzet]

Oraza diňe iýmek-içmek we jynsy gatnaşykdan saklanmak diýmek däldir. Hakyky oraza ynsanyň maddy we ruhy agzalarynyň ählisiniň oraza tutmagydyr. Diliň gybat etmezligi, hapa söz aýtmazlygy, gözüň harama bakmazlygy, gulagyň haram sözi eşitmezligi, kalbyň erbet oý-pikir etmezligi muňa mysaldyr. Aslynda, musulman ömürboýy şeýle ýaşamalydyr. Başgaça aýdanymyzda, bu mübärek aýda Kurany Kerimiň Pygamberimize inderilip başlanmagynyň hatyrasyna Kuran okamak, Allahy zikr etmek, maddy mätäçlik çekýänlere jomartlyk bilen sadaka bermek, yslamyň hakykatlaryny mätäç köňüllere ýetirmek üçin ýol sökmekdir. Eger şeýle bolmadyk bolsa, Nebiler Serweri: (ﷺ) «Ýalan sözlemegi, ýalan sözler bilen amal etmegi taşlamadyk agzybekli kişiniň iýmek-içmekden saklanmagyna Allahyň mätäçligi ýokdur» (Ibni Mäje) diýermidi?! Bu dünýä ynsanyň ahyretini gazanmagy üçin ekin meýdany, söwda bazarydyr. Oraza aýy bolan Remezany şerif ynsanyň ahyret söwdasyny etmegi üçin bähbitli pursatdyr. Çünki, Remezany şerifde bir amala müň sogap bardyr. Kurany Kerimiň her bir harpynyň sogaby hadyslarda beýan edilişine görä, on hasanekä, Remezany şerifde her bir harpyň sogaby on däl, müň esse, Aýatel kursi ýaly käbir aýatlaryň her bir harpy üçin beriljek sogap müňlerçe essedir. Remezany şerifiň jumgalarynda has hem köp, Gadyr gijesinde bolsa munuň sogaby otuz müňe çenli ýetýär.
Ynsan pany dünýäde, pany bolan gysga ömürde baky durmuşy gazandyrýan, eden günäleriniň bagyşlanýan, dowzah gapylarynyň ýapylyp, jennet gapylarynyň açylýan, her agzaçar wagtynda dowzahdan azat edilýän, içinde müň aýdan haýyrly Gadyr gijesi bolan Remezany şerifi pursat bilip, hakyky manyda oraza tutmak bilen hem dünýä, hem ahyret sagadatyna ýetmelidir.

Orazanyň görnüşleri[düzet | çeşmäni düzet]

Farz oraza[düzet | çeşmäni düzet]

Remezan aýynyň edasy-da, kazasy-da – farzdyr. Ebu Hanifä görä, remezan orazasyny kaza goýan kişi, ony islendik mubah günlerde tutup biler. Ymam Şafyga görä, diňe şol ýylyň dowamynda tutmalydyr.

Wajyp oraza[düzet | çeşmäni düzet]

Munuň iki görnüşi bar:

  1. Nezir oraza, ýagny, «Şu işim başa barsa, şunça gün oraza tutaryn» diýip, söz beren kişiniň dilegi ýerine düşenden soň, oraza tutmagy wajypdyr.
  2. Nafile oraza tutýan kişi bir sebäp bilen orazasyny bozsa, bu orazany kaza etmegi wajypdyr.

Nafile (nepil) oraza[düzet | çeşmäni düzet]

Bu oraza sünnet, mustahap, mendub ýa-da tatawwu’ diýlip atlandyrylýar. Nafile orazasy ýylyň dowamynda her gün tutulyp bilinýär. Ýöne käbir günlerde oraza tutmak has fazyletlidir. Pygamberimiz hem şol günlerde agzyny bekläpdir we başgalara-da muny ündäpdir. Nafile orazasyny şu günlerde tutmak has sogaplydyr:

Şewwal orazasy[düzet | çeşmäni düzet]

Remezandan soňky aý şewwal aýydyr. Şewwal aýynda alty gün oraza tutmak mustahapdyr. Bulary baýramyň ertesi yzly-yzyna tutmak has fazyletlidir. Ýöne aýry-aýry günlerde-de tutmak bolýar. Şeýle hem kaza, nezir ýaly orazalar hem şu günlerde tutulsa has sogapdyr. Ebu Eýýubyň habar beren bir hadysynda şeýle diýilýär: «Kim Remezany orazaly geçirse, soň munuň üstüne şewwal aýyndan hem alty gün goşsa, tutuş bir ýyly orazaly geçiren ýaly bolar», (Ibni Mäje, Tirmizi).

Sawmy Dawud–Dawudyň orazasy[düzet | çeşmäni düzet]

Bu oraza günaşa tutulýar we nafile orazalaryň iň faziletlisidir. Pygamberimiz bu barada şeýle ündew eden: «Iň fazyletli oraza Dawudyň tutan orazasydyr. Dawud (a.s.) bir gün oraza tutsa, ertesi agzy açyk gezerdi». Abdullah b. Omar: «Men ondan has artygyny tutaryn» diýen-de, Pygamberimiz: «Mundan fazyletlisi ýokdur» diýipdir, (Muslim, Ibni Mäje, Nesaýy).

Her aýda üç gün oraza tutmak[düzet | çeşmäni düzet]

Her aýyň 13-14-15-nji günleri oraza tutmak mustahapdyr. Bu günlere «Eýýamy byýz» diýilýär. Ebu Zeriň (r.a.) aýtmagyna görä, Resulullah (ﷺ) şeýle ündäpdir: «Her aýda üç gün oraza tutjak bolsaň, aýyň 13-14-15-nji günlerinde tut», (Buhary, Muslim).

Duşenbe we penşenbe günleri oraza tutmak[düzet | çeşmäni düzet]

Usame b. Zeýd (r.a.) şeýle gürrüň berýär: «Pygamberimiz duşenbe we penşenbe günleri oraza tutardy. Munuň sebäbi soralanda: «Ynsanlaryň amallary Allah Tagala duşenbe we penşenbe günlerinde arz edilýär» diýipdir. Başga bir rowaýatda: «Men amalymyň Beýik Rabbime orazalykam arz edilmegini halaýaryn» diýip, sözüniň üstüni ýetiripdir, (Ebu Dawud, Ibni Mäje).

Arafa gününde oraza tutmak[düzet | çeşmäni düzet]

Hajda bolmadyklara zilhijjäniň dokuzynjy güni oraza tutmak mustahapdyr. Pygamberimiz şeýle buýurýar: «Arafa güni tutulan oraza ondan öň we soň bir ýyllyk günäleri örter diýlip Allahdan umyt ediler», (Ahmed b. Hanbel). Başga bir hadysynda: «Allah Tagalanyň ynsanlary jähennem odundan has köp halas eden güni – Arafa günüdir» diýýär, (Muslim).

Zilhijje aýynyň ilkinji sekiz gününde oraza tutmak[düzet | çeşmäni düzet]

Bu barada hezreti Hafsa enemiz (r.anha) şeýle gürrüň berýär: «Pygamberimiz dört zady hiç terk etmezdi – aşyr aýynyň orazasyny, zilhijjäniň ilkinji on güni we her aýda üç gün oraza tutmagy hem-de ertir namazynyň farzyndan öň iki rekagat namaz okamagy», (Nesaýy, Ahmed b. Hanbel).

Muharrem, ýagny, aşyr aýynda oraza tutmak[düzet | çeşmäni düzet]

Muharrem aýynyň onunjy gününe «aşura» diýilýär. Pygamberimiziň şol günde hemişe oraza tutandygy aýdylýar.
Ibni Abbasyň rowaýat etmegine görä, Resulullah (ﷺ) Medinä göçüp gelende, ýahudylaryň aşyr aýy agyz bekleýändigini görýär. «Bu agyz beklemek näme?» diýip soraýar. Olar: «Bu beýik bir gündür. Allah bu günlerde Musany we Israilogullaryny duşmandan halas edipdir. Şol sebäpli Musa bu günlerde oraza tutupdyr» diýdiler. Pygamberimiz:
– Men Musa sizden has ýakyndyryn – diýip, şol günlerde oraza tutulmagyny emr etdi, (Buhary, Ibni Mäje, Mälik, «Muwatta»).
Ýöne diňe şol gün oraza tutmak mekruh saýylypdyr. Şonuň üçin onunjy güne öňünden ýa-da soňundan bir gün goşup tutmak maslahat berlipdir.

Haram aýlarda oraza tutmak[düzet | çeşmäni düzet]

Haram aýlar diýilýän zilkade, zilhijje, muharrem (aşyr) we rejep aýlarynyň penşenbe, anna we şenbe günleri oraza tutmak mendupdyr.

Şaban – meret aýynda oraza tutmak[düzet | çeşmäni düzet]

Hezreti Aişe enemiz şeýle gürrüň berýär: «Resulullah (ﷺ) beýleki aýlara garanyňda, meret aýynda köp oraza tutardy. Ol meret aýyny tutuşlygyna orazaly geçirerdi», (Muslim, Ebu Dawud, Tirmizi).

Oraza tutmak gadagan edilen günler[düzet | çeşmäni düzet]

Dinimizde oraza tutmagyň emr edilen, ündelýän günleriň bolşy ýaly, oraza tutmagyň gadagan edilen we halanylmaýan günleri hem bardyr. Oraza tutmagyň halanylmaýan günlerinde agyz beklemek haram ýa-da tahrimen mekruh, käbir günlerinde bolsa, tenzihen mekruh saýylypdyr.

Haram ýa-da tahrimen mekruh oraza[düzet | çeşmäni düzet]

Remezan baýramynyň birinji güni, gurban baýramynyň dört güni tutulan orazalar haramdyr. Bu günlerde oraza tutmagy tahrimen mekruh saýýanlar hem bardyr. Çünki, bu günler Allah Tagalanyň zyýapata, iýmek-içmäge we şatlanmaga ygtyýar beren günleridir.

Tenzihen mekruh oraza[düzet | çeşmäni düzet]

Ýylyň dowamynda baýram günlerinde hem her gün oraza tutmak. Muňa «sawmy dehr» diýilýär. Baýram günleri agzyňy açyp, galan günler oraza tutmakda zelel ýokdur.
Agşam agzyňy açman, selällige turman yzly-yzyna 2-3 gün oraza tutmak. Muňa «sawmy wisal» diýilýär. «Sawmy wisal» Pygamberimiz üçin jaýyzdy. Emma kyn we muşakgatly bolany üçin ymmatyna jaýyz edilmändir.
Diňe juma gününde, şenbe gününde, aşyr aýynyň onunjy gününde, nowruz we mährijan baýramynda oraza tutmak mekruhdyr. Ýöne kişiniň adaty tutýan orazasy şu günlere gabat gelse, onda zeleli ýokdur.
Bir aýalyň äri rugsat bermese, nafile oraza tutmagy mekruhdyr. Äri onuň orazasyny bozduryp biler. Aýal soňra äriniň rugsat beren güni kazasyny tutup bilýär. Pygamberimiz bu barada şeýle ündew edipdir: «Aýalyň ýanynda äri barka, ondan rugsat alman nafile orazany tutmagy halal däldir», (Buhary, Muslim, Ebu Dawud).
Gul ýa-da hakyna tutulan işçi işine päsgel berýän bolsa, hojaýynyndan rugsat alman, nafile orazasyny tutsa dürs däldir.
Remezan orazasyndan kazasy bolan biriniň nafile orazasyny tutmagy jaýyzdyr.
Hajylara agyr düşjek bolsa, «terwiýe» we «arafa» günlerinde oraza tutmagy mekruhdyr. Çünki, bu ýagdaý haj ybadatyny ýerine ýetirmäge kynçylyk döredip biler.
«Ýowmi şekde» oraza tutmak mekruhdyr. «Ýowmi şek» meret aýynyň otuzynjy günüdir. Bu günde nafile oraza niýet edilse, zeleli ýokdur. Remazan bolandygy anyk bolsa, remezan orazasy tutuldygy bolar. Meret aýydygy bilinse, bu oraza nafile bolar. Bu ýagdaýda oraza bozulsa, kazasyny tutmalydyr.
«Şek» gününde: «Remezan aýy bolsa, oraza tutmaga, remezan aýy däl bolsa, iftar etmäge» diýip niýet eden kişi oraza tutan saýylmaýar. Çünki, oraza niýet edilende anyklyk şertdir. Güman, şek bilen oraza niýet edilmeýär.
Iň gowusy «şek» güni ätiýaçly bolmaly, zewal wagtyna çenli orazany bozýan zatlardan saklanmaly, zewal wagty girende, şol günüň remezan däldigi belli bolsa, agzyňy açmaly, remezan bolsa, niýet edip agyz beklemeli.
Şek gününiň hökümini bilýän musulmanlaryň töweregine duýdurman oraza tutmagy gowudyr. Sebäbi, bu bilmeýän halkyň arasynda agzalalyk döredip biler.
Meret aýyny orazaly geçiren ýa-da soňky üç gününde agyz beklän kişi üçin hem şek gününde oraza tutmak has fazyletlidir.

Orazanyň wagty[düzet | çeşmäni düzet]

Orazanyň wagty «imsak» diýilýän ikinji fejirden başlap, Gün ýaşýança dowam edýän aralykdyr. Agyz beklemäge haçan başlanmalydygy meselesinde yhtylaf bardyr. Käbir alymlara görä, ikinji fejriň dogýan wagty esasdyr. Ätiýaçlyk üçin dürs hasap edilýäni hem şudur. Käbir alymlara görä bolsa, ýagtylyk sähel uzap, soň ýaýrap başlan wagty esas alynýar. Bu oraza tutjaklar üçin has oňaýlydyr.
Kurany Kerim agyz beklemek we agyz açmak wagtyny şeýle suratlandyrýar:
«Fejrde ak ýüplük gara ýüplükden aýyl-saýyl edilýänçä iýip-içiň», ýagny, daň wagty gijäniň garaňkylygyndan aýyl-saýyl edilýänçä, iýip-içiň. Soň agşama çenli agzyňyzy bekläň», (Bakara, 187).
Häzirki döwürde bu meseleler kesgitli çözülendir. Ygtybarly kişileriň fetwalary esasynda taýýarlanan remezan kalendary (imsakiýe) oraza tutýanlaryň arkaýyn amal edip biljek wagt aralygyny kesgitleýär.
Remezan orazasy howa açykka Aýy görmek bilen, bulutly mahal meret aýyny 30 güne ýetirip tamamlamak farz bolýar. Çünki, Allah Tagala şeýle buýurýar: «Sizden her kim remezan aýyna ýetende oraza tutsun», (Bakara, 185).

Hilal (Aý) görmek[düzet | çeşmäni düzet]

Pygamberimiz bir hadysynda: «Hilaly (Aýy) göreniňizde oraza tutuň, Hilaly göreniňizde agzyňyzy açyň! Eger howa bulutly bolsa, meret aýyny otuza ýetiriň» diýýär, (Buhary, Muslim, Nesaýy). Buharynyň başga bir rowaýatynda: «Aý 29 gündür. Aýy görmän agyz beklemäň. Eger howa bulutly bolsa, meret aýyny otuza ýetiriň» diýilýär. Muslimiň bir hadysynda bolsa: Resulullah remezandan söz açanda, iki elini biri-birine birikdirip eden üç hereketi bilen aýyň otuz günden ybaratdygyny görkezýär. Soňra başam barmagyny we süýem barmagyny Hilal şekilinde büküp: «Aýy gören wagtyňyz oraza tutuň, Aýy gören wagtyňyz agzyňyzy açyň. Eger üstüňize bulut gelse, meret aýyny otuza ýetiriň» diýip düşündirýär.
Kamary aýlar ýylyň dowamynda iki, üç ýa-da dört aý yzly-yzyna 29 gün bolup biler. Ýöne köplenç bir aý 29 gün, bir aý 30 gün bolýar.
Hadyslarda aýdylyşyna görä, remezan aýynyň başlangyjyny kesgitlemek üçin meret aýynyň 29-njy güni Gün ýaşandan soň, täze dogan Aýy – remezan Hilalyny görjek bolmaly. Hilal görünse, ertesi gün oraza niýet edilýär. Eger howa bulutly bolup, Hilal görünmese, meret aýy 30 güne ýetirilip, ertesi gün remezan orazasyna başlanýar. Ýene remezan aýynyň 29-njy güni Gün ýaşandan soň, şewwal aýynyň Hilalyny görjek bolmaly. Hilal görünse, ertesi gün agyz açylyp, baýram edilýär. Eger görünmese, remezan aýy otuz güne ýetirilýär.
Pygamberimiz Hilaly gören wagty remezanyň bereketli we asuda geçmegi üçin doga eder eken.

Hilalyň görünmeli wagty[düzet | çeşmäni düzet]

Gün ýaşandan soň has aňsat görünýändigi şeýle hem hasabyň anyk kesgitlenjekdigi üçin, alymlaryň aglabasy Hilalyň gündiz däl-de, Gün ýaşandan soň görünýändigini aýdypdyrlar. Şonuň üçin Ebu Hanife we Ymam Muhammede görä, zewal wagtyndan öň ýa-da soň, görlen Hilal bilen oraza başlamagam, agyz açmagam bolmaýar. Beýleki üç mezhep hem şuny kabul edýär. Çünki, bu Hilal ertirki gijä degişlidir. Ymam Ebu Ýusufa görä bolsa, zewaldan soň görlen Hilal ertirki gijä, zewaldan öň görleni bolsa geçen gijä degişlidir. Şol sebäpli, munuň bilen remezan, ýa-da baýram belli bolýar. Çünki, Hilal iki gijelik bolmasa, adatça, zewaldan öň görünmeýär.
Hilalyň görünmegi meselesi gadymdan bäri jedelli meseleleriň biri bolupdyr. Şeýle hem remezan Hilalynyň görünmeginde adaty göz bilen görmek, ýa-da astronomik hasaplara esaslanmak dürsmi?
Hilalyň Gün ýaşandan soň görünmegi kamary aýyň biriniň gutaryp, beýlekisiniň başlanandygyny görkezýär. Hilal ilki doganda, örän inçe we juda gysga wagtda ýaşýandygy üçin, bu Hilaly görmek üçin uly üns we tejribe gerekdir. Şol wagt sähelçe bulut hem Hilalyň öňüni tutup biler. Şonuň üçin Pygamberimiz şeýle ýagdaýda aýy otuz güne ýetirmegi emr edipdir.
Ýer şarynyň togalakdygy sebäpli, Hilalyň bir ýerde görnüp, başga bir ýerde görünmezligi mümkindir. Muňa «yhtylafy metali», ýagny, Aýyň dogýan ýeriniň we wagtynyň üýtgemegi diýilýär.
Aýyň dogýan wagtynyň we ýeriniň üýtgemegi sebäpli, gündogardaky we günbatardaky musulmanlaryň şol bir wagtda oraza başlamaklarynyň farzmy ýa-da däldigi meselesinde fikh alymlary yhtylaf edipdirler.
Şafygylara görä, bir ýurtda Hilal görünse, munuň hökümi diňe şol ýere ýakyn bolan töwerege degişlidir. Bu Aýyň dogýan ýerine görä tapawut görkezýär. Ýöne bu höküm 24 fersah (134 km.) aralykdaky ýerleri öz içine alýar. Eger Aýyň dogýan wagtyna we ýerine esaslanyljak bolsa, iň azyndan bir, kä halatda iki gün tapawut döreýär. Astronomik maglumatlara görä, Aýyň ilkinji görlen ýeri bilen şol ýerden iň uzakda ýerleşýän ýeriň arasyndaky wagt tapawudy dokuz sagatdyr.
Ulag we habar beriş serişdeleriniň yzagalak döwründe yhtylafy metaliniň hasaba alynmagy makuldyr. Ýöne häzirki döwürde muňa esaslanmak ýalňyşdyr. Şeýle hem yslam fakihleriniň aglabasynyň pikirine görä, Aýyň dogýan ýeriniň tapawutlylygyna ygtybar etmän, ähli musulmanlaryň şol bir wagtda oraza tutmagy has laýykdyr. Hanefilerde hem fetwa şeýledir. Şunlukda, günbatardaky musulmanlar remezan Hilalyny görse, bu habary alan gündogar halkyna hem oraza tutmak hökmandyr.
Bu nukdaýnazar musulmanlaryň agzyny birikdirmek taýyndan has makuldyr. Bir yslam ýurdunda Hilaly gözleýän jogapkär kişileriň Hilaly gören wagty: telefon, telegraf ýa-da faks arkaly iberen habaryna daýanyp, orazany başlamak mümkindir. (ser. Ibni Abidin, «Reddül Muhtar» t.2, Ibn Rüşt «Bidaýetil müjdehid» t.2, Tefsiril Kurtubi, t.2, Fethul Bari t.4).
Esasy mesele astronomiýa ylmynyň hasaplaryna görä amal edilip-edilmejeginde durýar. Bu meselede astronomiýa ylmynyň hasaplaryna görä amal etmek bolmaýar diýýänleriň delilleri ynandyryjy däldir. Pygamberimiziň: «Hilaly görüp oraza tutuň...» hadysyna görä, esasy zat Hilalyň görünmegidir. Onuň nähili ýol bilen görlenligi däldir. Hadysda geçýän «ru’et» sözüniň adaty göz bilen görmek manysyny berýändigini öňe sürmek ýalňyşdyr. Çünki, şol sözüň gadymy arap dilinde «aňlamak», «bilmek» ýaly manylary hem bardyr. Beýleki tarapdan, astronomiýa ylmynyň maglumatlarynyň ygtybarly däldigi Pygamberimiziň: «Biz ümmi bir halkdyrys, hasaby, okap-ýazmagy bilmeýäris. Diňe şuny bilýäris, aý ýa-ha ýigrimi dokuz, ýa-da otuz gündür», (Buhary, Muslim, Ebu Dawud) diýen hadysyna daýanylýan bolsa, Pygamberimiziň bu sözi şol döwrüň bilim we tejribesiniň şeýle çylşyrymly hasaplamalary etmäge ýeterlik bolmandygyny, şeýle hem bu işiň özboluşly hasap işidigini nygtaýar.
Pygamberimiz tarapyndan Hilalyň adaty göz bilen görünmegi ýaly bir şertiň goýulmagy bu usulyň kamary aýynyň başlanýan we gutarýan wagtyny kesgitlemekde ýeke-täk usuldygyny aýtmak däl-de, belki, gadymdan bäri ulanylýan adatdygy we islendik şertde amal edilip bilinjek usuldygy sebäplidir. Ybadatlaryň berjaý edilmeginde ýeňillik esasy zatdyr. Yslam dininde ähli ybadatlaryň esasy aýratynlygy sada, ýönekeý, ýeňil amal edilip bilinýänligidir. Bu nukdaýnazardan yslamdaky farz ybadatlary ylmyň ösmedik döwründe hem her bir adam aňsatlyk bilen ýerine ýetiripdir. Taryh muňa şaýatdyr. Ertir namazyny okamak islän biri ir bilen gündogara seredip, namaz wagtyny aňsatlyk bilen kesgitläp bilýär. Ýöne bu ylmy ösüşlerden, tehniki mümkinçiliklerden doly peýdalanmaly däl diýen manyny bermeýär. Gaýta her bir babatda ylmy we tehniki ösüşlerden peýdalanylmalydyr.
Häzirki döwür astronomiýa ylmy Aýyň we Günüň hereketlerini takyk görnüşde kesgitläp bilýär. Hat-da astronomik hasaplamalar netijesinde, namaz wagtyny görkezýän birnäçe ýyllyk kalendarlar hem taýýarlanýar. Aýyň adaty göz bilen görünmegine esaslanylýandygy üçin astronomiýa ylmy şoňa laýyklykda kalendar taýýarlaýar. Şol kalendara görä amal etmek hem dürsdür. Ýöne astoronomik hasaplamalara görä remezan kalendary kesgitlenilse-de, adaty ýagdaýda Aý gözlenilse has gowy bolar. Şeýlelikde sünnet sogaby hem gazanylar. Müň aýdan haýyrly gije – gadyr gijesini hasap etmek we onuň gözleginde bolmak bilen hem gadyr gijesini doly ýaşamak pursaty hem tapylar. Netijede, döwlet derejesinde agyzbirikdirip, her ýyl bereketli, ruhy göteriji remezan aýyna taýýarlyk görünýän pursatda şübhe we jedel döredýän, ybadat hyjuwlaryny gowşadýan Aý görmek meselesiniň gutarnykly çözülmegi, ähli musulmanlaryň arzuw-islegidir. Muňa garamazdan, astronomik hasap bilen kanagat etmän, Hilalyň adaty göz bilen görünmegini hökman diýip kabul edýänler, pitne we agzalalyk döretmezlik şerti bilen, öz düşünişine görä amal edibermelidir. Her bir musulman Hilaly özi gözläp, remezanyň we baýramyň başlangyjyny anyklap biler. Ýöne musulmanlaryň arasynda pitne, agzalalyk döretmegiň ýa-da oňa sebäp bolmagyň uly günädigi unudylmaly däldir. Kurany Kerimiň dili bilen aýdylanda: «Pitne döretmek – katldan (adam öldürmekden) hem erbetdir».
Remezan ýa-da baýram gününi kesgitlemek üçin açyk howada Ymamy Agzama görä, iki adyl şaýadyň: «Men Hilaly gördüm» diýmegi ýeterlikdir. Howa bulutly bolan ýagdaýynda adyl, kämillik ýaşyna ýeten bir musulmanyň şaýatlygy ýeterlik bolup biler. Şaýatlaryň erkek ýa-da aýal bolmagynyň tapawudy ýokdur.

Hilal bilen baglanyşykly meseleler[düzet | çeşmäni düzet]

  1. Bir ýurduň halky Hilaly görmän 28 gün oraza tutup, soň şewwal Hilalyny görse, onda meret aýynyň Hilalyny görüp, ony otuza ýetiren bolsalar, olara diňe bir gün kaza buýrulýar. Netijede, remezan aýy ýigrimi dokuz gün bolýar. Ýöne meret aýynyň Hilalyny görmän, ony otuza ýetiren bolsalar, iki gün kaza etmelidirler. Çünki, meret aýynyň ýigrimi dokuz bolaýmagy mümkindir. Eger ýaňky ýurduň halky ýigrimi dokuz gün oraza tutandan soň, şewwal Hilalyny gören bolsa, kaza tutmak gerek bolmaz. Çünki, remezan aýy ýigrimi dokuz gün hem bolup biler.
  2. Bir ýurtda remezan orazasy Hilalyň görünmegi bilen ýigrimi dokuz gün tutulan bolsa, şol ýurtdaky hassalar hem kaza etjek wagtlary ýigrimi dokuz gün kaza etmelidir. Ýöne hassa halkyň nähili hereket edendigini bilmeýän bolsa, borjundan doly gutulmagy üçin otuz gün kaza tutmalydyr.
  3. Hilalyň dogýan ýeriniň üýtgemegine ygtybar edilmeýän ýagdaýda bir ýurduň halky remezan Hilalyny görüp ýigrimi dokuz gün oraza tutandan soň baýram etse, beýleki bir ýurduň halkynyň Hilaly görüp otuz gün oraza tutandygy mälim bolsa, öňki ýurduň halkynyň baýramdan soň bir gün kaza orazasyny tutmagy gerekdir. Çünki, Hilaly ilki gören ygtybarlydyr. Bu ýurduň halkynyň Hilaly bir gün soň görmek ähtimallygy bardyr.

Orazanyň şertleri[düzet | çeşmäni düzet]

Orazanyň şertleri ikä bölünýär:

A) Orazanyň farz bolmagynyň şertleri:[düzet | çeşmäni düzet]

Musulman bolmak[düzet | çeşmäni düzet]

Remezanda yslama giren biri orazasyny şol gün tutup başlamalydyr. Onuň öňki günäleri örtüler. Allah Tagala şeýle buýurýar: «Käfirlere aýt, eger küfür etmeklerini bes etseler, ýagny, musulman bolsalar, olaryň öňki günäleri örtüler», (Enfal, 38).

Akyly ýerinde we bulug ýaşyna ýeten bolmak.[düzet | çeşmäni düzet]

Çaga, dälä, serhoşa, çaşýan adama oraza tutmak bolmaýar. Hanefi, şafygy we hanbelilere görä, ýedi ýaşyna ýeten, oraza tutup biljek ýagdaýdaky çagada hem oraza tutmaga höwes döredilmegi makul görülýär. Bularyň orazalary sahyhdyr. Munuň maksady çagany oraza öwrenişdirmekdir.
Remezan aýynyň dowamynda akyly üýtgän kişi şol ýylyň orazasyny tutmaýar, soň kazasyny hem etmän bilýär. Ýöne çaşmak kişiniň egninden ybadat we kaza jogapkärçiligini aýyrmaýar. Çünki, çaşmak uzak wagta çekýän kesel däldir. Serhoşlyk hem çaşmak ýalydyr.

Oraza tutmaga güýç ýetmek we mukym bolmak[düzet | çeşmäni düzet]

Hassa we ýolagça oraza tutmak farz däldir. Ýöne oraza tutsa, orazasy sahyhdyr. Eger oraza tutmasa, tutmadyk günlerini kaza etmelidir. Kurany Kerimde bu barada şeýle höküm bar: «Belli günlerde oraza tutuň. Sizden biri hassa, ýa-da saparda bolsa, tutmadyk günleriniň sanyna deň oraza tutsun. Oraza tutmaga güýji ýetmedikler bir ýoksuly doýrup biljek fidýe bersin. Kim çyn ýürekden bir haýyr iş etse, ol özi üçin has haýyrlydyr. Eger bilseňiz, oraza tutmak siziň üçin has haýyrlydyr», (Bakara, 184).
Garrylyk sebäpli güýji ýetmeýäne, özi ýa-da çagasy zyýan görjek göwreli hem emdirýän aýala oraza tutmak farz däldir. Garry oraza ýerine fidýe bermeli, beýlekiler bolsa kazasyny tutmalydyr.

B) Orazanyň syhhatynyň şertleri[düzet | çeşmäni düzet]

Haýz we nifäsden arassalanmak[düzet | çeşmäni düzet]

Haýz we nifäs halyndaky aýalyň oraza tutmagy haramdyr, eger tutsa orazasy kabul däldir. Bu ýagdaýdaky aýal tutmadyk orazasyny arassa günleri kaza etmeli, namazyny bolsa, kaza etmeli däldir.
Ertir namazynyň wagtyndan öň arassalanan aýal ertir namazynyň wagty girenden soň ýuwunsa, şol günüň orazasyny tutmalydyr.
Jünüplik we ihtilam (ukuda iniň hapalanmagy) bolmak, orazanyň syhhatyna zyýan ýetirmez. Selällikden öň jynsy gatnaşykda bolup, gusul almaga ýetişip bilmedik kişi selälikden soň ýuwnup orazasyny tutmaly. Şeýle hem gündiz ukudaka ini hapalananyň orazasy bozulmaýar.

Niýet[düzet | çeşmäni düzet]

Islendik oraza üçin kalbyňda niýet etmek ýeterlikdir. Oraza üçin selällige turmak hem niýetdir. Niýetiň dil bilen aýdylmagy mendupdyr.
Orazalar niýet ediljek wagty taýyndan iki görnüşe bölünýär:

a) Gijeden niýet edilmegi we bellenmegi şert bolan oraza[düzet | çeşmäni düzet]

Bular: remezan orazasynyň kazasy, başlanan nafile orazasynyň kazasy, her hili keffaret orazalar we mutlak nezir, ýagny, güni anyk edilmedik nezir oraza.
Şeýle görnüşdäki orazalara gije ýa-da ikinji fejriň başlarynda niýet edilmegi şertdir. Şeýle hem bu orazalaryň haýsydygy niýetde anyk edilmelidir. Bularyň islendigi üçin fejirden soň niýet edilse ýa-da bulardan haýsysynyň tutuljagy anyk belli edilmese, bu oraza sahyh bolmaz. Çünki, bu orazalary tutmak üçin belli bir gün ýokdur. Bularyň haýsy gün tutuljakdygy diňe niýet bilen anyk edilýär.
Beýleki tarapdan, agşamdan şeýle orazadan birini niýet edinen kişiniň selällige turmagy niýet ýerine geçer. Ýöne ikinji fejirden soň, niýet edip, oraza tutmak jaýyz däldir. Eger tutulsa nafile bolar.

b) Gijeden niýetlenmek we bellemek şerti ýok orazalar[düzet | çeşmäni düzet]

Bular: remezan orazasy, güni anyk edilen nezir oraza we nafile orazalarydyr. Şeýle orazalara niýetiň wagty, Gün ýaşandan ertesi gün zewal wagtyna çenlidir. Bu wagt aralygynda niýet etmek bolýar. Ýöne Gün ýaşmazyndan öň, ýa-da istiwa wagtynda (Gün dik depedekä), ýa-da öýle wagtyndan agşama çenli aralykda hiç bir oraza niýet edilmeýär.
Istiwa wagtyna çenli aralykda niýet etmek üçin, ikinji fejirden soň iýmek-içmek ýaly orazany bozýan hallardan saklanmak gerekdir. Eger bilgeşleýin, ýa-da säwlik bilen orazany bozýan bir amal edilse, niýet etmek dürs däldir.
Zewaldan öň nafile orazasyny niýet etmegiň dürsdügini görkezýän hadysy şerifler bardyr: Pygamberimiz bir gün hz. Aişeden «Öýle nahary barmy?» diýip soraýar. Hezreti Aişeden naharyň ýokdugyny eşiden Pygamber Serwerimiz: «Onda, men oraza tutýaryn» diýip, oraza niýet edýär, (Darekutni).
Şafygylara görä, remezanda farz oraza üçin ýa-da beýleki wagtlarda kaza we nezir orazalary üçin gijeden niýetlenmek şertdir. Ýöne nafile orazasy üçin zewal wagtyna çenli niýetlenseň bolýar.

Oraza niýet etmegiň görnüşi[düzet | çeşmäni düzet]

Remezan orazasy, güni bellenen nezir orazasy, islendik nafile orazasy üçin mutlak niýet ýeterlikdir. Ýagny, «ertirki günüň orazasyny tutmaga, ertir oraza tutmaga, ertir nafile orazasyny tutmaga» diýlip, niýet edilýär. Bu orazalar üçin gije niýet edip, şeýle diýilmegi has fazyletlidir: «ertirki remezan orazasyny tutmaga niýet etdim».
Remezanyň her güni üçin aýratyn niýet gerekdir. Çünki, ara gije düşýär. Şeýle hem her günüň orazasy özbaşyna bir ybadatdyr. Şonuň üçin bir günüň orazasy bozulsa, diňe şol günüňki bozular, beýleki günüň syhhatyna päsgel bermez.
Bir kişi remezan aýynda remezandygyny bilip, oraza tutmaga niýet etmedik bolsa, sahyh rowaýata görä, orazaly bolmaz.
Bir kaza orazasyna fejriň dogmagyndan soň niýet ediljek bolsa, munuň bilen kaza sahyh bolmajakdygy üçin, nafile orazasy tutuldygy bolýar. Eger bu oraza tutulmajak bolsa, soň kaza edilmelidir. Çünki, başlanan ybadat ýarpy edilip goýulmaly däldir.
«Inşallah, ertir oraza tutmaga niýet etdim» diýlip, edilen niýet dürsdür. Ýöne «Ertir zyýapata ýa-da sadaka çagyrylsam, iftar etmäge, çagyrylmasam oraza tutmaga» diýip, edilen niýet dürs däldir. Şeýle gümana niýet bilen oraza tutulmaýar.
Remezan gijesi, ýa-da gündizi çaşan, aklyndan azaşan istiwa wagtyndan öň özüne gelip, oraza niýet etse dürsdür. Ol oraza tutan hasaplanýar.
Bir kişi remezan aýynda başga bir wajyp oraza niýet etmedik bolsa, remezan orazasyna niýet eden saýylýar. Bu meselede imameýne görä, mukym bilen mysapyryň arasynda tapawut ýokdur.
Eger-de mysapyr nafile orazasyna niýet etjek bolsa, remezan orazasyna niýet edildigi bolar. Hassa hem edil mysapyr ýalydyr.
Bir oraza üçin hem keffaret, hem-de nafile diýlip niýet edilse, keffaret hökmünde jaýyz bolar. Ýöne hem kaza, hem ýemin keffareti üçin niýet edilse, ikisi-de dürs bolmaz. Çünki, bular biri-birine gapma-garşydyr. Şeýle oraza nafile bolar.
Bir aýal heniz adaty dowam edýän wagty gije oraza niýet edip, fejirden öň arassalanjak bolsa, orazasy sahyh bolar.
Bir ýa-da birnäçe remezandan kazasy bolan kişi bulary kaza eden mahaly: «Boýnumda kazasy bolan ilkinji oraza» diýip niýet etse, has fazyletlidir. Ýöne diňe kaza diýip niýet etse hem ýeterlikdir.

Oraza tutmak mubah we haram bolan uzurlar[düzet | çeşmäni düzet]

Şu aşakdaky sebäpler netijesinde oraza tutmazlyk ýa-da tutulan orazany açmak mubahdyr. Ýagny, kişiniň özygtyýarydyr:

Sapar – ýolagçylyk[düzet | çeşmäni düzet]

Remezanda fikh taýdan mysapyr bolan, ýagny, 90 kilometrden uzak aralyga ýolagçylyga çykan kişi gijeden oraza niýet etmän biler. Ýöne bir kişi oraza tutup başlandan soň, gündiz sapara çyksa, şol ilkinji gün orazasyny tutmagy dowam etmelidir. Muňa garamazdan, orazasyny bozsa, soň diňe kazasyny tutmalydyr. Çünki, orazany ýolagçylyk uzury sebäpli bozmaga rugsat edilýär. Bu mesele bilen baglanyşykly Kurany Kerimde şeýle aýdylýar:
«Sizden her kim hassa bolup, ýa-da saparda bolan ýagdaýynda, tutmadyk günleriniň sanyça soň oraza tutsun», (Bakara, 184).
Mysapyr kişi kynçylyk ýok mahaly oraza tutsa, has fazyletlidir. Çünki, ýokarda agzan aýatymyzyň soňunda:
«Eger bilseňiz, oraza tutmak siziň üçin has haýyrlydyr» diýilýär.
Şafygy we hanbelilere görä, mysapyr gijeden niýetlenen orazasyny bozup biler. Munuň delili Ibni Abbasdan rowaýat edilen şu hadysdyr: «Resulullah remezan aýynda Mekge ýörişine çykdy. Kedid diýlen ýere barýança, agzy beklidi. Ol ýerde orazasyny bozdy, beýleki sahabalar hem bozdy», (Buhar, Muslim, Nesaýy).

Hassalyk[düzet | çeşmäni düzet]

Bir kişi oraza tutan ýagdaýynda ölmek, ýa-da derdiniň beterlemegi, ýa-da akylyndan azaşmak howpy bar bolsa, oraza tutman biler. Agzybekli bolsa orazasyny açyp biler. Soň ýagşy bolanda tutmadyk günleriniň diňe kazasyny tutsa bolar.
Orazanyň hassanyň saglygy üçin howp döretjegi-döretmejegi barada ynanylýan, musulman lukmana ýüz tutulmalydyr we onuň maslahatyna tabyn bolmalydyr.
Oraza tutsa hassa boljakdygyna gözi ýetýän ýa-da ynamdar lukmanyň maslahatyna daýanýan kişi hassa hökmündedir.

Göwreli bolmak we çaga emdirmek[düzet | çeşmäni düzet]

Remezanda göwreli, ýa-da çaga emdirýän aýal özüne ýa-da çagasyna zyýan gelmeginden gorksa, oraza tutman biler. Ýöne soň kazasy edilmelidir. Göwreli we çaga emdirýän aýalyň oraza tutmazlygynyň jaýyzdygynyň delili hassa we mysapyra kyýas edilendir. Başga bir delil bolsa, Pygamberimiziň şu hadysydyr: «Allah Tagala ýolagçydan orazany we namazyň ýarysyny aýrandyr. Göwreli we çaga emdirýän aýallardan bolsa orazany aýrandyr», (Nesaýy, Ibni Mäje, Ahmed b. Hanbel).

Garrylyk[düzet | çeşmäni düzet]

Ýylyň islendik paslynda oraza tutmakdan ejiz garrynyň oraza tutmazlygy ijmag bilen jaýyzdyr. Ol orazasyny kaza etmece-de bolýar. Çünki, oraza tutup biljek ýagdaýda däldir. Ýöne tutmadyk her güni üçin bir ýoksuly ertirine-agşamyna doýurjak mukdarda fidýe bermelidir. Çünki, Kurany Kerimde:
«Oraza tutmaga güýji ýetmeýänler bir ýoksuly doýurjak mukdarda fidýe bermelidir», (Bakara, 184), diýilýär. Ibni Abbas bu aýatda oraza tutmaga güýji ýetmeýän garrylaryň-da göz öňünde tutulýandygyny belleýär.
Gowulaşmak umydy bolmadyk hassa hem garry ýalydyr. Çünki, Kurany Kerimde şeýle buýrulýar:
«Allah siziň üçin dinde kynçylyk döretmändir», (Haj, 78). Ýöne remezanda oraza tutmaga güýji ýetmedik, soňra kaza etmäge mümkinçilik dörän kişi fidýe bermän kazasyny tutmalydyr.
Oraza fidýesi remezanyň başynda ýa-da soňunda berlip bilner. Otuz günüň fidýesi garyplara paýlansa-da, diňe bir garyba bir gezekde berilse-de bolar.
Hemişe ýarawsyz bir adam hassalygy sebäpli oraza fidýesini berýän bolsa,soňra hem sagalyp oraza tutmaga güýji ýetse, fidýäniň hökümi galmaz. Ol oraza tutup, öňkilerini hem kaza etmelidir.

Duşman bilen söweş[düzet | çeşmäni düzet]

Remezan aýynda söweş edýän yslam goşuny aç-suwsuzlykdan kynçylyk çekmez ýaly oraza tutman biler. Bular uruşdan soň, kazasyny tutmalydyr.

Zora düşmek[düzet | çeşmäni düzet]

Oraza tutýana zor salnan ýagdaýynda orazasyny bozup biler. Ýöne orazasyny bozmany üçin zulum edilip öldürilse günäkär bolmaz. Belki, uly sogap gazanyp, dinine wepalydygyny görkezer. Eger zor salnan kişi hassa ýa-da ýolagçy bolup, orazasyny açmany üçin öldürilse günäkär bolar. Çünki, olara yslamda oraza tutmazlyga rugsat edilýär.

Güýçli açlyk we suwsuzlyk[düzet | çeşmäni düzet]

Güýçli açlyk we suwsuzlykdan heläk boljagyndan, ýa-da akylyna zeper ýetjeginden howp eden kişi orazasyny açyp biler. Soňra kazasyny tutmalydyr. Ölüm howpy bar ýagdaýynda oraza tutmak haramdyr. Çünki, Allah Tagala: «Öz elleriňiz bilen özüňizi howply ýagdaýa salmaň» (Bakara, 195), «Özüňize kast etmäň, Allahyň size örän merhemetlidigi şübhesizdir», (Nisa, 29) diýip buýurýar.

Zyýapat[düzet | çeşmäni düzet]

Zyýapat beren ýa-da zyýapata çagyrylan ýagdaýyňda diňe nafile orazasyny açmak bolýar. Soňra onuň kazasyny tutmalydyr. Çünki, oraza dowam edilse, bir musulman doganyny öýkeletmegi ahmaldyr. Farz we wajyp orazany zyýapat we sadaka sebäpli açmak bolmaýar.

Agyr işde işlemek[düzet | çeşmäni düzet]

Agyr işde işleýän kişi oraza tutan ýagdaýynda janyna zeper ýetmeginden howp etse, işini taşlan ýagdaýynda-da eklenjini gazanyp bilmejek bolsa, orazasyny bozsa bolar, ýöne soň kazasyny tutmalydyr. Eger kaza etmäge mümkinçiligi bolmasa, fidýe bermelidir.
Agyr işde işleýän kişi işi sebäpli hassa boljagyny bilse hem, hassa bolmanka orazasyny bozsa ýa-da asla oraza tutmasa dürs däldir.

Haýz we nifäs haly[düzet | çeşmäni düzet]

Bir aýal remezanda gündiz adat görse ýa-da çaga dogursa orazasy bozulýar. Adat günlerinde we çile möhletiniň dowamynda oraza tutmak haramdyr.
Bir aýal adat gününi hasaplap, orazasyny bozan ýagdaýynda şol gün adat görmese, keffaret tutmagy gerekdir. Şonuň üçin oraza diňe adat görlenden soň bozulmalydyr.
Remezanda adat gören aýal adaty kesilip arassalansa, eger adat güni doly on gün bolsa, ertesi remezan orazasyna başlamaly. Ýöne on günden az bolsa, adaty kesilenden soň imsak wagtyna çenli ýuwunmaga wagty bar bolsa, oraza başlamalydyr. Eger ýeterlik wagt ýok bolsa, şol gün agzyny beklemeli däl. Çünki, on günden az adat gören babatda, ýuwunmak wagty hem adat güni saýylýar.
Hassa, mysapyr, haýzly ýa-da çileli aýallaryň özlerini oraza tutýan ýaly görkezmekleri hökman däldir. Ýöne bularyň ýagdaýyny bilmeýän kişileriň töhmetinden goranmak we oraza tutýanlara hormat üçin gizlin iýip-içmekleri has gowudyr.

Orazaly üçin mustahap zatlar[düzet | çeşmäni düzet]

  1. Selällige turmak we selälligi gijäniň ahyryna çenli gijikdirmek.
    Pygamberimiz selällige turmagy ençeme hadysynda ündäpdir. Bir hadysynda: «Selällige turuň! Çünki, selällik naharynda bereket bardyr», (Buhary, Muslim, Tirmizi), diýýär. Başga bir hadysynda: «Selällik nahary bereketdir. Bir ýuwdum suw bilen hem bolsa, ony taşlamaň. Çünki, Allah we Onuň melekleri selällik iýýänlere rahmet we istigfar eder», (Ahmed b. Hanbel) diýipdir.
    Selällik naharyny gijikdirmegiň mustahapdygy barada bolsa, Pygamberimiz şeýle buýrupdyr: «Ymmatym agzaçarda howlugyp, selälligi gijikdirdigiçe haýyr işdedir», (Buhary, Muslim, Tirmizi).
  2. Agşam namazyndan öň howlugyp agyz açmak.
    Agyz açman namaza durmagyň kalby bimaza etjekdigi üçin, namazdan öň agyz açmak mustahapdyr. Hadys çeşmelerine görä, Pygamberimiz agzyny açman agşam namazyny okamaz eken, ilki bir-iki sany hurmany iýer ýa-da bir ýuwdum suw içer eken. Soňra namazyny okap, asyl naharyny bolsa namazdan soň iýer eken.
  3. Hurma ýaly süýji miwe bilen ýa-da suw bilen agzaçmak.
  4. Agzyňy açaňda şu dogany okamak.
    Manysy: «Allahym Seniň üçin oraza tutdum, Saňa iman edip, ýene Saňa daýandym we Seniň beren ryzkyň bilen hem orazamy açdym», (Ebu Dawud, Ibni Mäje).
  5. Orazaly kişilere, garyplara haýyr-yhsan we hödür-kerem etmek.
    Munda iň gowusy agyz açdyrmakdyr. Çünki, Pygamberimiz «Orazaly bir kişä iftar etdiren, orazalynyň aljak sogabyça sogap gazanar we orazalynyň sogabyndan hem hiç zat kemelmez», (Tirmizi, Ibni Mäje, Ahmed b. Hanbel), diýipdir. Pygamberimiz remezanda sadaka paýlamagyny artdyrar eken.
  6. Ertir namazynyň wagty girmezden jünüplik, haýz we nifäsdan arassalanmak.
    Agzyň beklikä, suwa düşmek jaýyzdyr. Ýöne ýuwnanyňda, suw ýuwutmazlyga üns bermelidir.
  7. Orazalynyň dilini hapa sözden, gybatdan we boş sözlerden saklamak.
    Orazaly kişi aşgazanyndan başga, göz, gulak, kalp ýaly, ähli agzalaryny, hyýal, pikir ýaly duýgularyny hem haram işlerden saklamalydyr. Pygamberimiz bir hadysynda şeýle aýdýar: «Ýalan sözlemäni, ýalan sözler bilen amal etmäni terk etmeýän kişiniň iýmegini-içmegini terk etmegine Allahyň mätäçligi ýokdur», (Buhary, Ebu Dawud, Tirmizi, Ibni Mäje). Başga bir hadysynda bolsa: «Nije oraza tutanlar bardyr, olara orazadan aç-suwsuz gezmekden başga peýda bolmaz. Nije gije turup nafile ybadat edenler bardyr olara hem ukudan galmakdan başga peýda ýokdur», (Ibni Mäje), diýilýär.
  8. Ylym we Kurany Kerim okamak, zikir we salawaty şerife aýtmak.
    Buhary we Muslimden rowaýat edilen bir hadysda şeýle aýdylýar: «Hezreti Muhammed () remezan aýynda her gije Jebrail bilen duşuşyp, Kurany Kerimi müzakere we mukabele ederdi», ýagny Pygamberimiz özüne wahý edilen Kurany Jebraile okap bererdi, Ol hem diňlärdi.
  9. Remezanyň soňky on gününde itikafa girmek.
    Itikafa girmek nebsi haramdan, gadagan edilen zatlardan gorap saklaýar. Şeýle hem Gadyr gijesine duş gelmek umydy we mümkinçiligi artýar. Pygamberimiz orazanyň soňky on gününde has köp ybadat we tagat edýärdi. Hezreti Aişe (r.anha) şeýle gürrüň berýär: «Resulullah remezanyň soňky on güni girende, tutuş gijäni ybadatda geçirerdi, içersini oýarardy we aýallaryndan daş durardy», (Muslim, Tirmizi, Darimi, Ahmed b. Hanbel).

Orazaly üçin mekruh we mekruh däl zatlar[düzet | çeşmäni düzet]

  1. Sebäpsiz bir zady datmak we çeýnemek mekruhdyr. Ýöne äri erbet häsiýetli bolan bir aýal bişiren naharyny ýuwutman duzuny dadyp biler, ýa-da aldanmak howpy bar bolsa, satyn alýan iýmitiniň tagamyny ýuwutman barlap biler.
  2. Orazaly kişiniň öň çeýnelen, şekeri galmadyk sakgyjy çeýnemegi mekruhdyr. Täze sakgyç çeýnemek bolsa jaýyz däldir, orazany bozýar.
  3. Jynsy gatnaşyga eltmek ähtimallygy bolan ýagdaýynda aýalyň bilen öpüşmek, gujaklaşmak mekruhdyr. Bu herekete – fahyş mubaşeret – aşa ýakynlaşmak diýilýär.
    Jynsy gatnaşyk islegi bolman, ýöne öpüşmek we gujaklaşmak oraza zelel bermez. Çünki, hezreti Äşäniň gürrüň beren bir hadysynda Pygamberimiziň orazalyka aýallaryny öpendigi, olar bilen degşendigi barada habar berilýär, (Ibni Mäje, Mälik «Muwatta»).
  4. Eger kişiniň ysgynyny alyp, agyz bekläp bilmejek derejä getirjek bolsa, gan aldyrmak mekruhdyr. Ýogsa bu mekruh däldir. Şeýle hem mümkin bolsa, Gün ýaşandan soň gan aldyrmak has laýygydyr.
  5. Orazalynyň suw bilen öllenen miswagy ulanmagy Ymamy Ebu Ýusufa görä mekruhdyr. Ýöne beýleki alymlara görä, ertir, ýa-da zewaldan soň, öl ýa-da gury miswak ulanmakda kerahet ýokdur. Orazalynyň diş pastasyny ulanmagy mekruhdyr.
  6. Orazaly kişiniň jünüp ýagdaýda ertire ýetmegi oraza zelel bermez. Ýöne mümkin bolsa, gije ýuwunmak has fazyletlidir. Çünki, şeýle edilse, oraza ybadatyna arassa başlanýar. Gündiz ukusynda ihtilam bolmak hem orazany bozmaz.
  7. Salkynlamak üçin agza burna suw almak, sowuk suw bilen ýuwunmak Ymam Agzama görä mekruhdyr. Çünki, şeýle hereket ybadatda darykmakdyr. Ýöne Ymam Ebu Ýusufa görä, munda kerahet ýokdur. Çünki, şeýle etmek bilen ybadata kömek edilip, kyn ýagdaý ýeňlip geçilýär. Fetwa hem şoňa görädir.
    Orazaly kişiniň istinja we taharet kylanda agzyna, burnuna köp suw alyp aşa geçmegi mekruhdyr.
  8. Orazalynyň gül, gül suwy, müşki anbar ýaly yslary ysgamagy mekruh däldir. Emma hanefilerden başga beýleki üç mezhebe görä, ysly atyr sepinmek we ýörite ysgamak mekruhdyr.
  9. Tüýküligiňi agzyňda jemläp ýuwutmak mekruhdyr.

Orazany bozýan we bozmaýan zatlar[düzet | çeşmäni düzet]

Oraza niýet edip tutmaga başlandan soň, ony tamamlamak mükellefe borçdur. Şonuň üçin meşrug bir sebäp bolmasa, başlanan orazany bozmak günädir. Çünki, Pygamberimiz şeýle buýrupdyr: «Sebäpsiz remezandan bir gün oraza tutmadyk kişi başga günlerde ömürboýy oraza tutsa-da, şol günüň borjuny doly ödäp bilmez», (Ibni Mäje, Darimi, Ahmed b. Hanbel).
Orazanyň manysy: Allahyň razylygy üçin naharlanmak, lezzet we keýp almak ýaly işdä we şehwet duýgusyny kanagatlandyrýan zatlardan nebsi mahrum etmekdir. Bu gadaganlygy bozýan her bir amal, hereket orazanyň many we maksadyna tersdir. Iýip-içmek, jynsy gatnaşykda bolmak orazany bozýan zatlardyr. Bularyň käbiri kaza, käbiri bolsa hem kaza, hem keffarreti zerur edýär.

Kazany zerur edýän ýagdaýlar[düzet | çeşmäni düzet]

Kaza – hiç tutulmadyk farz ýa-da tutulmaga başlanyp, soň bozulan orazanyň gününe deň agyz beklemekdir.
Hanefi alymlary iýmitlenmek ýa-da bejermek maksady bolmadyk zatlar iýlip-içilen ýagdaýynda, orazanyň bozulýandygyny we diňe kazany zerur edýändigini belläpdirler. Bular ynsanyň özüniň meýil etmedik zatlarydyr. Meselem, orazaly kişi bişmedik miwe, tüwi, mäş, dary ýa-da ýag, çig hamyr, un, toprak ýa-da palçyk iýse, daş, demir, gurşun, çigit, daşy gabykly pisse, badam ýaly bir tohumy ýuwutsa, bu ýagdaý oňa kaza orazasyny tutmagy zerur edýär.
Gar, ýagyş damjasy agza düşen ýagdaýynda bilip ýuwdulsa, oraza bozulýar. Ýöne biygtyýar ýuwdulsa, oraza bozulmaýar.
Gusmak bilgeşleýin edilmedik ýagdaýynda orazany bozmaýar. Emma bilgeşleýin edilen ýagdaýynda, diňe agyz dolusy gusmak orazany bozýar.
Gusmak barada esaslanylýan hadysy şerif şudur: «Orazaly kişä gusmak zerurlygy dörände özüne erk edip bilmese, onda kaza gerek däldir. Eger öz islegi bilen gussa, oňa kaza tutmak zerurdur», (Ebu Dawud, Tirmizi, Ibni Mäje).
Unudyp bir zat iýip-içmek orazany bozmaýar. Pygamberimiz orazalydygyny unudyp iýip-içeniň orazasyny dowam etmelidigini, ony Allahyň iýidirip-içirýändigini aýdypdyr, (Buhary, Muslim). Ýöne ýalňyşlyk bilen iýip-içmek orazany bozýar. Meselem: Bir kişi orazalydygyny bilip, bilgeşleýin däl-de, ýalňyşlyk bilen iýip-içse, taharet kylanda bogazyndan aşak suw gidirse, ýa-da suwda ýüzýärkä suw ýuwutsa orazasy bozulýar. Beýle ýagdaýda diňe kaza tutulýar. Ýöne bu ýagdaýda orazalydygyň ýadyňa düşmese, onda oraza bozulmaýar.
Orazalydygyňy unudyp iýip-içeniňden soň: «Orazam bozuldy» diýip iýmegiňi dowam etdirmek, ýa-da gije niýetlenmän gündiz niýetleneniňden soň, gündiz edilen niýet kabul bolmaz diýen düşünje bilen iýip-içmek, jynsy gatnaşykda bolmak orazany bozýar.
Eger oraza güýji ýetýän biri ýalňyşlyk bilen iýip-içmekçi bolsa, oňa derrew orazalydygy ýatladylmaly, ýatlatmazlyk tahrimen mekruhdyr. Eger bu kişi garry ýa-da ejiz biri bolsa, hiç zat diýmezlik jaýyz görülýär.
Jynsy şehweti meşrug däl ýollar arkaly kanagatlandyrmak orazany bozýar we kazany zerur edýär. Meselem: bir erkegiň aýalyny, ýa-da aýalyň ärini öpmegi, sypalamagy, gujaklamagy, el tutuşmak netijesinde, ýa-da el bilen jynsy şehweti kanagatlandyryp erkekden meni, aýaldan nem çykmagy orazany bozýar.
Remezanyň başyndan soňuna çenli çaşan ýagdaýdaky kişi soňra özüne gelende onuň kaza tutmagy gerek däldir. Munda ittifak bardyr.
Dälirän, akyly üýtgän adam remezanyň dowamynda özüne gelip sagalsa, öňki günlerini kaza etmelidir.
Fejriň dogandygyna şübhe edýän kişi üçin iň fazyletlisi iýip-içmegi goýmakdyr. Ýöne iýip-içmegi goýmasa-da dürsdür. Fejirden soňra iýip-içendigi anyk bolsa, onda ol kazasyny tutmalydyr. Çünki, şol wagt gije dowam edýär. Orazaly kişi Günüň ýaşanyna şübhe etse, iftar etmegi halal bolmaz. Iftar edip hakyky ýagdaýy bilmese, kaza orazasyny tutmalydyr. Ýöne Gün ýaşmazyndan öň iftar edendigi mälim bolsa, kazadan daşgary, keffaret orazasyny hem tutmalydyr. Çünki, şol wagt gündiz dowam edýäp. Şol sebäpli ätiýaç üçin: fejriň dogmagyndan öň oraza başlamak we agzaçary gijikdirmek iň laýygydyr.
Agzyna sähelçe gusuk gelen, ýa-da gybat edenden soň,gan aldyranyňdan soň, ýa-da şehwet bilen öpüşeniňden soň, ýa-da ihtilam bolandan soň orazasy bozulandyr öýdüp iýip-içen diňe kaza tutmalydyr.

Derman ulanmak we sanjym etdirmek[düzet | çeşmäni düzet]

Agyzdan kabul edilýän dürli görnüşdäki dermanlar orazany bozýar. Çünki, olar iýmitlendirji häsiýete eýedir.
Klizma etdirmek, burnuňa, gulagyňa derman, ýag damdyrmak orazany bozýar. Bu ýagdaýda kaza tutmak zerurdyr. Ýöne gulaga giren suw orazany bozmaýar.
Göze damdyrylan derman bogazyňda duýulsa-da orazany bozmaýar.
Bedene urlan iňňe agyzdan kabul edilen dermanlar ýaly orazany bozýar. Çünki, bu orazalynyň öz razylygy bilen edilişi ýaly, beden üçin hem peýdalydyr. Bu ýagdaýda kaza tutmalydyr. Mümkin bolan ýagdaýynda sanjymy agzaçardan soň etdirmek has laýygydyr.
Ynsanyň derisinden içine syzan zatlar orazany bozmaz. Şonuň üçin bedene çalnan ýag ýa-da ýuwnanyňda sowuklygy bedeniňe ornaýan suw orazany bozmaýar.
Demgysma keseliniň garşysyna tozan şekilinde ulanylýan dermanlar (ingalýasiýa) orazany bozmaýar.
Bedene gan goýbermek derman beren ýaly orazany bozýar. Ýöne gan aldyrmak orazany bozmaýar. Şonuň üçin «Bedenden çykýan zatlar tahareti bozýar, bedene girýän zatlar bolsa orazany» diýen söz kada öwrülipdir.
Dişiňi sogurtmak hem orazany bozmaýar. Ýöne gan we dermandan hiç bir zat ýuwutmaly däldir.

Kaza bilen baglanyşykly käbir meseleler[düzet | çeşmäni düzet]

Hassalyk, ýolagçylyk, haýz, nifäs we ş.m. uzur sebäpli remezan aýy tutulmadyk oraza hökman kaza edilmelidir. Şeýle hem keffaret, nezir, ýa-da başlanyp, soň bozulan nafile orazasy hem kaza edilmelidir.
Hanefi mezhebinde kaza üçin belli bir wagt görkezilmändir. Remezan orazasynyň kazasyny agyz beklemek gadagan bolmadyk günlerden başga islendik gün kaza etmek bolýar. Orazasy kaza galan kişi muny kaza etmän, soňky remezana barsa, remezan orazasyny kaza orazasyndan öň tutmaly. Çünki, kaza üçin wagt köpdür.
Ymam Şafyga görä, remezana degişli kaza orazasyny beýleki remezan gelmezinden öň tutmaly. Öňki remezan orazasyny tutulman ikinji remezana gelen kişi, hem kaza, hem her gün üçin bir fidýe bermelidir. Çünki, kaza edilmeli wagt gutarýar. Kazany wagtyndan soňa goýmak bolsa, bu mezhebe görä, amal edilmegi zerur bolan bir ybadaty soňa goýan ýalydyr.
Bir kişi fejr dogandan soň kaza orazasyna niýet etse, oraza kaza ýerine geçmeýär, nafile orazasy bolýar. Çünki, niýet gijeden edilmelidir. Bu orazany-da bozjak bolsa, onuň üçin hem aýratyn, täzeden kaza tutmalydyr.
Kämillik ýaşyna ýetmedik çagalar üçin oraza tutmak hem edil namaz ýalydyr. Güýji ýetjek çagalara oraza tutmak emr edilmelidir. Tutmasa kaza etmegi gerek däldir.

Orazany bozmaýan zatlar[düzet | çeşmäni düzet]

Unudyp bir zat iýip-içmek ýa-da jynsy gatnaşykda bolmak orazany bozmaz. Bu meselede farz, wajyp we nafile orazanyň arasynda tapawut ýokdur. Çünki, unutmak we ýalňyşmak sebäpli edilen işler bagyşlanypdyr.
Agzyňa suw alyp çaýkanyňdan soň, agyzda galan nemiň tüýkülik bilen ýuwdulmagy orazany bozmaýar.
Ynsanyň burnundan agzyna gelen suwuklygy ýuwutmagy hem orazany bozmaýar.
Iýilmegi adaty bolmadyk we saklanmak hem mümkin bolmadyk bir zadyň içiňe gitmegi orazany bozmaýar. Şonuň üçin derman hökmünde dişe goýlan karanfiliň (gwozdika) tagamy tüýkülik bilen bogaza gitse, howada dargan tüsse, tozan, üwelýän ýa-da ýenjilýän bir zadyň tozany orazany bozmaýar. Uçup barýan siňegiň burna ýa-da bogazyňa gitmegi hem şeýledir.
Eger dişleriň arasynda galan nahar galyndysy nohut ululygyndan kiçi bolsa oraza bozulmaýar.
Agyz dolusy gakylyk gelen ýagdaýynda oraza bozulmaýar.
Dişleriň arasyndan çykan gan bogaza gidip, aşgazana ýetmejek mukdarda az bolsa, orazany bozmaýar. Tüýkülik köp, gan az bolan ýagdaýynda hem höküm üýtgemeýär. Ýöne gan tüýkülik bilen deň ýa-da artyk bolup, tagamy duýulsa, ýuwdulanda oraza bozulýar.
Gözýaş, ýa-da der bir-iki damja ýaly az mukdarda agza girse, orazany bozmaz. Ýöne tagamy agyzda doly duýuljak derejede köp bolup, orazalydygyň ýadyňdaka ýuwdulsa, oraza bozulýar.

Kazany hem keffareti zerur edýän hallar[düzet | çeşmäni düzet]

Farz bolan remezan orazasyna niýet edenden soň iýip-içmek, jynsy gatnaşykda bolmak, şeýle hem çilim we şoňa meňzeş bir zady ýakyp tüssesini sormak, nas atmak, çig et, iç ýag, az mukdarda duz iýmek ýaly, keýp we lezzet berýän adaty zatlary iýip-içmek, amal etmek kaza hem-de keffaret orazasyny tutmagy zerur edýär.
Iýmit hasaplanmaýan, beden üçin ýaramly bolmadyk, asly myrdar bolup, ýigrenilen zadyň öz razylygyň bilen bilgeşleýin iýlip-içilmegi ýa-da bir dermanyň agyzdan ýa-da başga bir ýeriňden alynmagy sebäpli keffaret gerek däldir.
Keffaret oraza tutmazlygyň däl-de, tutulan orazanyň bilgeşleýin bozulmagynyň jezasydyr. Şonuň üçin remezany şerifde oraza tutmaga hiç niýet etmedik biri tutmadyk günlerini diňe kaza edýär. Ýöne «niýet etmeseň keffaret gerek däl eken» diýen düşünje bilen remezan orazasyny tutmazlyk diniň esasy farzlaryndan biri bolan remezan orazasyny äsgermezçilik etmekdir. Bu uly günädir.
Remezan orazasyndan başga hiç bir oraza bozulany üçin keffaret gerek däldir.
Bir kişi bir remezan içinde ýa-da birnäçe remezanda sebäpsiz birnäçe gezek bilgeşleýin orazasyny bozan bolsa, bular üçin diňe bir keffaret ýeterlikdir. Sahyh görüş budur. Ýöne keffaret edeniňden soň, täzeden orazany şol bir görnüşde bilgeşleýin bozan kişi, munuň üçin aýratyn keffaret orazasyny tutmalydyr.
Remezan orazasy bilgeşleýin bozulan wagty, haýz ýa-da nifäs ýaly oraza tutmagy gadagan ýa-da mubah edýän bir ýagdaý ýüze çyksa, keffaret aýrylýar we diňe kaza borjy galýar. Oraza tutmaga päsgel berýän kesel dörän ýagdaýynda hem höküm şeýledir. Ýöne orazany bozanyňdan soň öz islegiň bilen, ýa-da zor bilen syýahata çykmak, ýa-da özüňe zor salyp kesel bolmak keffareti aýyrmaýar.
Remezan orazasynyň keffareti üç görnüşde ýerine ýetirilýär:

  1. Iki aý yzly-yzyna oraza tutmak.
    Ara remezan aýy düşse ýa-da oraza tutmak haram saýylýan gün düşse, keffaret orazasyna täzeden başlamalydyr. Ýolagçylyk remezan orazasynyň edasyny gijikdirmäge sebäp bolýar. Ýöne keffaret orazasyny tutýan sapara çyksa-da, orazasyny dowam etdirmelidir. Haýz we nifäs bolan aýalyň keffareti bozulmaýar. Ol bu günleri geçenden soň dowam etmelidir.
  2. Altmyş garyby ertirine, agşamyna doýurmak.
    Garrylyk we hemişe hassalyk sebäpli keffaret orazasyny tutmaga güýç ýetirip bilmedik kişi fidýe bermelidir. Fidýe bir fitre mukdarydyr. Bu bir kişini ertirine, agşamyna doýurmakdyr.Naharyň saýlama tagamlar bolmagy hökman däldir. Şeýle hem altmyş garybyň ýerine bir garyby altmyş gün doýurmak hem dürsdür. Orazanyň keffareti üçin bir fitre mukdary sadaka bermelidir. Ýöne bir garyba bir günde jemläp beriljek altmyş fitre mukdary diňe bir günüň ornuny tutýar. Şonuň üçin her gün bir garyba bir fitre mukdary berilýär. Oraza keffaretini arassa musulman adamlara bermek has fazyletlidir. Ymam Ebu Ýusufa görä, keffaret mukdary gaýry muslime berilmeýär. Oraza tutmaga bedeniniň güýji ýetmeýän, garyby doýurmaga-da gurby çatmaýan kişiden keffaret jezasy aýrylýar. Bu kişä diňe Allahdan afuw we magfyret dilemek galýar.
  3. Gul azat etmek (bu häzirki döwürde öz güýjüni ýitiripdir).

Bellik[düzet | çeşmäni düzet]

Bellik[düzet | çeşmäni düzet]

Salgylanmalar[düzet | çeşmäni düzet]