Mazmuna geçiň

Nifäs

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Nifäs (arap. نِفَاس‎‎ — dogruş, dogruşdan soňky arassalanmak) çaga doglan wagtyndan başlap birnäçe gün (adatça 40 gün) dowam etýän ýagdaý. Bu döwürde geçen namazlaryň kazasy alynmaýar, emma tutmasy parz bolan (ýagny, remezan aýyň) orazanyň kazasyny nifäs döwri gutarandan soň almaly. Eger gan gelme kesilip, soňra ýene gelse, onda nifäs döwüriň dowamy bolýar. Bu döwürde Käbäň daşyndan aýlanmak, metjitde bolmak, Kuran okamak we onuň sahypalaryna eliňi degirmek, namaz okamak, oraza tutmak we jyns gatnaşyk etmek gadagan. Nifäs döwri gutaran soň, doly we dürs gusl almaly.

Salgylanmalar

[düzet | çeşmäni düzet]