Hajj

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Häjj (arap. حَجّ‎‎ — niýet, ýönelmek we mübärek ýerleri zyýarat etmek). Bu sözüň dini manysy Arafatda bellenilen wagtda, belli bir pursat garaşanyňdan soň, Käbeýi Muazzamany düzgüne görä togap etmek diýmekdir.

Tavaf.jpg
As pilgrims prepare to return to their homes, Saudi authorities begin to prep for next year's Hajj - Flickr - Al Jazeera English.jpg

Haj ybadaty yslamyň bäş esasyndan biri bolup, beden hem-de mal bilen berjaý edilýän ybadatdyr. Hijretiň dokuzynjy ýylynda farz edilipdir.

Haji pilgrimage mina tent city.jpg

Haj hem-de umre zyýaraty yslamyň esasy şygarlaryndan biridir. Şygar – arap sözi bolup, alamat, delil, yşarat we nyşan diýmekdir.

Yslama degişli ençeme maddy we magnewi alamat we şygar bardyr. Meselem: Käbe, Rawzaýy Tahire, Safa, Merwe, Minara, mesjid ýaly ýerler yslamyň iň möhüm şygarlarydyr. Kuran, Kelimeýi towhyd, kelemeýi şahadat, namaz, azan, Arafatda wakfe, Müzdelifede jemlenişmek, Minada şeýtan daşlamak we gurban kesmek, juma we baýram namazy, tekbir we salawaty şerife, dogruçyllyk... ýaly aýratynlyklar bolsa yslamyň magnewi şygarlarydyr.

Masjid al-Haram 1.jpg

Hakyky mukmin bu şygarlara azamatlaryna laýyklykda hormat etmelidir. Çagalarynyň ýüreginde-de olara hormat duýgusyny oýarmalydyr. Bu imanyň alamaty we gulluk borjudyr.

Hajj locations and rites.png

Hajyň farzdygynyň hökümi Kurany Kerim we sünnetde bildirilipdir. Kurany Kerimde şeýle buýrulýar:

«Saglyk we baýlyk taýyndan güýji ýetýän her kime Beýtullaha zyýarat etmek Allahyň ynsandaky hakydyr», (Äli Imran, 97).
Mount Safa Mecca.jpg

Pygamberimiz hajy musulmanlygyň bäş esasyndan biri saýyp, onuň ähmiýetini we peýdasyny belläp, nähili berjaý etmelidigini hut özi görkezipdir.

Al-Marwah.JPG

Pygamberimiziň haj ybadaty bilen baglanyşykly aýdan käbir hadyslary şulardyr:
Ebu Hureýre şeýle gürrüň berýär: «Resulullah (ﷺ) bize ýüzlenip şeýle aýtdy: «Eý ynsanlar, Allah size hajy farz kyldy. Onda haj ediň». Biri: «Her ýylmy, eý, Allahyň Resuly?» diýip sorady. Pygamberimiz sesini çykarmady. Sorag beren soragyny üç gezek gaýtalady. Ahyr soňy Pygamberimiz: «Eger hawa diýen bolsam, hökman şeýle farz bolardy. Siziň bolsa, muňa asla güýjüňiz ýetmezdi» diýip jogap beripdir», (Muslim, Nesaýy, Ahmed b. Hanbel). Birden köp edilen haj zyýaratynyň nafile bolýandygyny bir hadysynda şeýle beýan edýär: «Kim haj sanyny artdyrsa, bu nafile ýerine geçer», (Muslim, Ahmed b. Hanbel).

Mount Arafat.jpg

Saglyk we baýlyk taýyndan haj ybadatyny etmäge güýji ýetýän musulman üçin, ömründe bir gezek haj etmek farzdyr. Ol mümkinçilik tapan wagty gijikdirmän, bu farzy berjaý etmelidir. Ymamy Agzam, Ebu Ýusuf, Ymam Mälik we Ahmed b. Hanbel gerekli şertleri bolan kişiniň haj ybadatyny öňündäki ilkinji haj möwsüminde eda etmelidigini, gijikdirmegiň uly günädigini, hatda bu ybadaty uzak wagtlap gijikdireniň şaýatlygynyň kabul edilmejekdigini aýdypdyrlar. Bir kişiniň saglygy, pul ýagdaýy, wagt we ýol howpsuzlygy babatda hiç hili päsgelçiligi ýokka haja gitmek islemezligi, şol kişiniň imanynyň pesligine delil saýylypdyr. Ymam Şafygy we Ymam Muhammed bolsa, geljek ýyllaryň birinde haj farzyny amal etmäge niýet etmegi we eda şertleriniň elden giderilmegi ýaly bir endişe bolmadyk ýagdaýynda, haj ybadatyny gijikdirmegiň bolýandygyny aýdypdyr. Öý gurmak, ogul öýermek ýaly ýagdaýlar haj ybadatyny soňa goýmaga sebäp bolup biler. Muňa garamazdan, haj ybadatyny uzaklaşdyrman ilkinji mümkinçilikde amal edilmeginiň sünnete laýykdygyny belläpdirler.

Pygamberimiz bir hadysynda: «Haj zyýaratyna howlugyň. Çünki siz ölümiň haçan geljekdigini bilmersiňiz» diýipdir, (Ebu Dawud, Ibni Mäje, Ahmed b. Hanbel).

Al-Marwah.JPG

Haj ybadaty uly çykdajylar we kynçylyklar bilen berjaý edilýändigi üçin, onuň sogaby we fazyleti hem, şol derejede uludyr. Ebu Hureýräniň gürrüň beren bir hadysynda Pygamberimizden haýsy amalyň has fazyletlidigi soralanda Ol:

– Allaha we Resulyna iman.
– Ondan soň haýsydyr?
– Allahyň dinini ýaýratmak ugrundaky göreş.
– Ondan soň haýsydyr?
– Mebrur haj –diýip, jogap beripdir, (Buhary, Muslim, Tirmizi). Mebrur haj – hiç hili günä ýokuşmadyk, kemsiz berjaý edilen makbul haj diýmekdir.
Aqaba the big one.jpg

Käbäni zyýarat etmek bilen baglanyşykly ybadatlardan biri hem umredir. Umre sözüniň manysy – zyýarat etmek diýmekdir. Bu sözüň dini manysy Käbeýi Muazzamany togap we Safa bilen Merwe aralygynda sa’ý (ylgaýan ýaly ýöremek) etmekdir. Bu ybadatyň belli bir wagty ýokdur. Ýöne, Arafa güni bilen Gurban baýramynyň ilkinji dört gününde etmek mekruhdyr. Remezan aýynda berjaý edilmegi mendupdyr.

Sa'yee To Go.jpg

Umre müekked sünnetdir. Zyýarat belli wagtda we Arafatda wakfe bilen birlikde bolsa, muňa haj, başga islendik wagt wakfesiz berjaý edilýän bolsa, umre ady berilýär. Haj bilen umräni biri-birinden tapawutlandyrmak üçin haja – Hajjy ākbär (uly haj), umrä bolsa – hajjy asgar (kiçi haj) diýilýär.

Sa'yee For older.jpg

Umräniň fazyleti bilen baglanyşykly Resuly Ekrem: «Umre – soňky umrä çenli aralykda edilen günälere keffaretdir. Allahyň dergähinde mebrur hajyň gaýtargysy bolsa diňe jennetdir» diýipdir, (Buhary, Muslim). Pygamberimiz başga bir hadysynda: «Haj bilen umräni birikdiriň. Çünki bular körügiň demir, altyn we kümüşdäki garyndylary aýryşy ýaly, ýoksullygy we günäleri aýrar. Mebrur hajyň gaýtargysy diňe jennetdir» diýipdir, (Tirmizi, Nesaýy).

Sa'yee To return.jpg

Haj ybadaty bilen baglanşykly terminler[düzet | çeşmäni düzet]

Yhram – hajylaryň geýýän tikinsiz ak eşigi.
Yhrama girmek – haj ýa-da umre niýeti bilen kişiniň yhram eşigini geýmegi.
Menasyk – haj bilen baglanyşykly amal we ybadatlar.
Miýkat – Mekgeýi mükerremä girmänkä, hajynyň yhram eşigini geýýän ýeri.
Tawaf (togap) – Käbäniň daşyndan ýedi gezek aýlanmak.
Şawt – Käbäniň daşyndan bir gezek aýlanmak.
Sa’ý – Safa bilen Merwe aralygynda ylgamak.
Wakfe – Arafatda we Minada belli wagt aralygy garaşmak.
Jemre – şeýtan daşlanýan ýer. Şeýtan daşlamak Akabe we Mina diýilýän ýerlerde berjaý edilýär.

Hajyň hikmetleri[düzet | çeşmäni düzet]

Haj ybadaty tymsaly hereketlerden jemlenýär. Meselem, hajylaryň yhram eşigi kepeni ýatladýar, ynsanyň öljekdiginiň, bu dünýe bilen baglanyşygynyň kesiljekdiginiň tymsalydyr.

Arafatda wakfe kyýamat-magşar gününiň kiçi bir görnüşidir. Şeýtan daşlamak – şeýtanyň hile we was-waslaryna garşy ýigrenç duýmagyň nyşanydyr. Hajylar mundan beýläk ýamanlyk bilen göreş etjekdigine, gurban kesmek bilen bolsa, hemişe gulluga taýyndygyna, gerek ýerinde janlaryny hem Allah ýolunda gurban etjekdigine bu mukaddes ýerde güwä geçýärler. Tawaf (togap) älem nyzamyndan alnan ybadatdyr. Älemde ähli planetalar – Gün, ýyldyzlar, elektronlar we protonlar perwana kimin aýlanýarlar. Towhyd dininiň mukaddes nyşany bolan Käbäniň daşyndan aýlanmak bolsa, dine bolan yşkyň we baglylygyň nyşanydyr. Ýedi togabyň manysy – ýedi menzil bolan ýedi gat asmany we nebsiň ýedi mertebesini geçip, ruhy durmuşa ýetmegiň manysyny düşündirýär.

Haj hem umre ybadatynyň, orazadyr zekatda-da bolmadyk şahsy, ijtimagy, ykdysady, ruhy, nebsi terbiýelemek taýyndan ençeme hikmeti we peýdasy bardyr.

Şahsy hikmeti we peýdasy[düzet | çeşmäni düzet]

  1. Şertine laýyk takwalyk bilen berjaý edilen haj barada hadysy şerifde şeýle aýdylýar:
    «Kim haj edip, erbet söz we ýaramaz hereketden ýüz öwrüp, günä işden daş dursa, ähli günäsi bagyşlanyp, enesinden doglan günündäki ýaly arassa bolar», (Buhary, Nesaýy, Ibni Mäje).
  2. Haj – nebsi terbiýeleýär, ahlagyňy, häsiýetiňi gowulaýar. Çünki adaty günlerde mubah bolan işler hem haj döwründe gadagan edilýär. Bu nukdaýnazardan haj – tälim-terbiýe öwredýän mekdepdir. Ynsana sabyr etmäni, pidakärligi, erki, kynçylyklara döz gelmäni öwredýär, ony salyh gul we hakyky takwa derejesine ýetirýär.
  3. Yslamyň dörän we ýaýran ýeri bolan bu mübärek ýerlere gitmek, Resulullahyň, şanly sahabalaryň alyp baran göreşlerini, hezreti Ibrahim bilen ogly Ismailiň başdan geçirenlerini ýürekden duýmak, yslamy ýaşamaga ruhlandyrýar. Müňlerçe mukaddes wakalary ýatladýan we Habibullahyň aýagyny basan bu topragy ölen köňülleri dirildýär, musulmanlara yşk we şöwkden doly täze gujur-gaýrat berýär.
  4. Beýtullaha we Resulullahyň mazaryna zyýaraty doly berjaý eden gul, ynsanyň ötegçidigine aýdyň düşünýär. Bu dünýäniň ýol üstünde gurlan kerwensaraýdygyna, ynsanyň bu ýerde wagtlaýyndygyna, käbir işleri berjaý etmek üçin iberilendigine göz ýetirýär. Ynsanyň asyl wezipesi iman, yslam, magrifetullah, sünneti-seniýýä tabyn bolmak bilen hezreti Muhammediň (ﷺ) yzynda Onuň açan gapysyndan Allahyň hemaýatyna girmek we Allahdan başga hiç zada baglanman, diňe Oňa gulluk etmekdir. Şeýlelikde, ähli takwa, ähli yhsan hökmünde ebrar (ýagşyzadalaryň) toparynyň arasyna goşulyp, jennete girmäge we Jemalullahy görmäge naýyl bolmakdyr.

Ijtimagy hikmeti we peýdasy[düzet | çeşmäni düzet]

  1. Musulmanlaryň ählisiniň dogandygyny yglan eden Kuran, bu doganlygy haj arkaly dünýä derejesinde aýdyň görkezýär. Musulmanlar hajdan peýdalanyp dünýä musulmanlarynyň we beýleki halklaryň arasyndaky düşünişmezliklere çäre görüp bilýärler.
  2. Haj – milletine, reňkine, Watanyna seretmezden, musulmanlary iman we yslam arkaly agyzbirikdirip bir ýere jemleýär. Her bir musulman haj ybadatyny berjaý edýän mahaly, hemmämiziň Ýaradanymyzyň, Mäligimiziň, Rezzakymyzyň... birdigine, Pygamberimiziň, dinimiziň, kyblamyzyň... birdigine akyl ýetirýär.
  3. Haj – musulman halklaryň arasyndaky deňligi görkezýän aýdyň nusgadyr. Çünki her bir musulman baý-garyp, sowatly-sowatsyz, ussat-şägirt, serkerde-esger, ýolbaşçy-gullukçy – hemmesi tapawutly eşiklerini aýryp, ak yhrama girişleri ýaly, dünýewi derejelerden hem çykyp, beýleki musulman doganlary ýaly deň derejä gelýärler. Şeýlelikde, olary bir-birinden tapawutlandyrmak mümkin däldir. Olar hakyky üstünligiň, tapawutlylygyň kalbyndaky takwalykdadygyny görer. Bu ýagdaý kyýamat-magşar gününde ynsan birmeňzeş, ak kepenli dirilişlerine meňzär. Magşaryň we hasap gününiň kiçijik bir mysalyna meňzeýän haj ybadaty – ähli musulmanlary hakyky takwalyga tarap alyp gider.

Ylmy-ykdysady hikmeti we peýdasy[düzet | çeşmäni düzet]

  1. Hajyň hikmetinden biri hem musulman ýurtlaryň arasynda ykdysady gatnaşygyň ösmegine sebäp bolmagydyr. Ýöne, häzirki döwürde musulmanlar mundan doly peýdalanmagy başarmaýar.
  2. Häzirki döwürde Ýewropa döwletleri ykdysady bileleşikleri, erkin bazar zonalaryny döredip başlady. Şular ýaly mümkinçilik musulmanlara haj ybadatynyň farz edilen gününden yhsan edilipdir. Ýöne bu mümkinçiligiň döwrebap ulanylyşy häzirlikçe göwnejaý däl.
  3. Ylmyň we tehnikanyň ösüşi halklaryň arasyndaky medeni, ylmy gatnaşyklara gönüden-göni baglydyr. Eger musulmanlar hajyň bu çuň hikmetinden peýdalanyp, ilki döwürdäki ylmy açyşlary ähli musulman ýurtlara ýaýradan bolsalar, onda olar kosmos reketalaryny häzirki döwürden has öň öndürip biljek güýje eýe bolardy.

Ruhy hikmeti we peýdasy[düzet | çeşmäni düzet]

Hajyň psihologik taýdan hem ençeme hikmeti we peýdasy bardyr. Çünki, ynsan ijtimagy barlykdyr. Ol ynanjynda we pikirinde jemgyýetçilik duýgularyny kanagatlandyrmalydyr. Ýagny bir musulman haj ybadaty arkaly ynanjynda we düşünjesinde ýalňyz däldigine göz ýetirse, onuň ynanjy has berkeýär hem artýar. Dünýäniň çar tarapyndan aýry-aýry dillerde gürleýän dürli reňkdäki we mertebedäki adamlaryň onuň özi ýaly ynanýandygyny görmegi, onuň ruhuny göterýär. Yslamyň bäş wagt namazy jemagat bilen okalmagyny ündeýänliginiň bir alamaty hem onuň jemgyýetçilik psihologiýasyna üns berýänligi üçindir. Şeýle hem hepdede bir gezek juma, ýylda iki gezek baýram namazlaryny we ýylda bir gezek haj ybadatyny berjaý etmek bilen, ynsanyň jemgyýetçilik psihologiýasy kanagatlanýar we ruhy galkynyşy ýokary galýar.

Hajyň görnüşleri[düzet | çeşmäni düzet]

Haj ybadaty höküm taýyndan farz, wajyp we sünnet ýa-da nafile görnüşlerine bölünýär:

  1. Farz haj – ýagdaýy bolan musulmanyň ömründe bir gezek amal etmegi hökmany hajdyr.
  2. Wajyp haj – nezir edilen ýa-da başlanyp, ýarpy goýlan nafile hajyň deregine kaza edilýän hajdyr.
  3. Nafile haj – heniz bulug (kämillik) ýaşyna ýetmedik biriniň ýa-da farz hajyny berjaý eden biriniň haj etmegi. Haj ybadaty amal ediliş taýyndan bolsa, ifrad haj, temettu haj, kyran haj diýip bölünýär.
  4. Ifrad haj – miýkatda yhrama giren wagty diňe haj etmäge niýet edilse, muňa ifrat hajy diýilýär. Beýle niýet edilende umre edilmän diňe haj ybadaty ýerine ýetirilýär. Akabede şeýtany daşlap bolýança yhramda galýar. Akabe jemresinden soň, islese gurban kesýär. Çünki, ifrat hajyny berjaý edene gurban kesmek wajyp däldir. Soňra sakgalyny timarladyp, saçyny gysgaldyp, yhramdan çykýar.
  5. Temettu haj – haj aýlarynda ilki umre niýeti üçin yhrama girip, umreden soň şol ýylyň haj aýynda haj üçin täzeden yhrama girip, amal edilen farz haja temettu haj diýilýär.
  6. Kyran hajy – Haj möwsüminde umreden soň, yhramdan çykman berjaý edilen farz hajdyr. Bu ýagdaýda kişi yhrama girende hem umrä hem-de haja niýet edýär.

Hajyň şertleri[düzet | çeşmäni düzet]

A. Hajyň farz bolmagynyň şertleri[düzet | çeşmäni düzet]

Hajyň bir kişä farz bolmagy üçin:

  1. Musulman bolmagy,
  2. Akyly ýerinde we kämillik ýaşyna ýeten bolmagy. Kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary haj ybadatyna hem-de mukaddes ýerlere höweslendirmek niýeti bilen haja äkitmek peýdalydyr.
  3. Azat bolmak. Gullara, ýesirlere, tussaglara haj farz däldir.
  4. Haj etmäge güýjüniň ýetmegi. Muňa istitagat diýilýär. Haja gidýän kişiniň ýol harajaty we gidip-gelýänçä maşgalasy hor, mätäç bolmaz ýaly mukdardaky mal baýlygy üpjün bolmalydyr.
  5. Hajyň farzdygyny bilmegi. Musulman däl ýurtda ýaşaýan biri yslamy kabul edenden soň, hajyň farzdygyny bilmese, ol haj borjy üçin jogapkär däldir. Ýöne yslam ýurdunda ýaşaýan gaýry dindäki adamlardan biri musulman bolsa, haj farzyny berjaý etmäge ýagdaýy bolanda munuň farzdygyny bilse-bilmese, ol haj bilen mükellefdir.

B. Hajyň edasynyň şertleri[düzet | çeşmäni düzet]

Haj ybadatyny eda etmek üçin şu şertler bolmalydyr:

Saglyk-syhhat.[düzet | çeşmäni düzet]

Agyr hassa, ysmaz, kör, iki aýagy ýok, ýola çydap bilmejek derejede garry adama haj ybadaty farz däldir. Şeýle kişilere öz ýerine başga birini haja ibermek hem bolmaýar. Ýöne ähli şertleri bolsa-da, wagtynda haj ybadatyny berjaý etmän soňa goýan kişi, soňra kesellese-de, garyp düşse-de bu ybadaty ýerine ýetirmäge borçludyr. Munuň sebäbi, ýagdaýy barka farz bolan ybadatyny gijikdirmegidir. Şeýle kişi öz ýerine başga birini haja iberip bilýär.

Ýol howpsuzlygy.[düzet | çeşmäni düzet]

Ýol howply bolan ýagdaýynda haj farzyny eda etmek gijikdirilýär.

Aýalyň ýanynda äriniň ýa-da bir mähreminiň bolmagy.[düzet | çeşmäni düzet]

Haja gitjek aýalyň ýaşaýan ýeri bilen Käbäniň aralygy togsan kilometr ýa-da ondan hem uzak bolan ýagdaýynda, aýal maşgala ýaş tapawudyna seretmezden, ýanynda äri ýa-da mähremi bolmasa, haj edip bilmeýär. Şeýle hem wagtlaýyn mähremi bolan aýal doganynyň, bibisiniň we daýzasynyň adamsy bilen haja gitmek bolmaýar. Haja gidýän aýala ýoldaş bolýanyň ýol çykdajylary aýal tarapyndan üpjün edilmelidir. Aýalyň bu şertleri bolan ýagdaýynda, äri rugsat etmese-de, oňa haj farzdyr. Ýöne, nafile haj üçin äriniň rugsady şertdir.

Şafygy mezhebinde gidiljek ýoluň uzaklygy däl-de, ýoluň howpsuzlygy we aýalyň goragy esas alynýandygy üçin, äriniň ýa-da başga bir mähreminiň bolmagy şerte goşulmaýar. Üç aýaldan ybarat topar bolsa, ýeterlik hasaplanypdyr. Eger bir aýal özüni goragly we howpsuz duýýan bolsa, onuň ýeke özi hem diňe farz hajy üçin gidip biler.

Mäliki mezhebine görä bolsa, aýal äri ýa-da mähremi bolmasa-da, ygtybarly topar bilen birlikde haj üçin ýola çykyp bilýär.

Aýallaryň iddet halynda bolmazlygy.[düzet | çeşmäni düzet]

Ärinden talagyny alan ýa-da äri aradan çykan aýallar iddet halyndadyr. Iddet müddeti 4 aý 10 gündür. Iddet halyndaky aýal durmuşa çykyp bilmeýişi ýaly, haja hem gidip bilmeýär.

Ç. Hajyň sahyh bolmagynyň şertleri[düzet | çeşmäni düzet]

Haj ybadatynyň sahyh, ýagny dürs bolmagynyň üç şerti bardyr:

  1. Haj niýeti bilen yhrama girmek,
  2. Belli wagt,
  3. Belli mekan.

Yhram[düzet | çeşmäni düzet]

Yhram sözüniň «haram etmek, özüni mahrum etmek» manysyny berşi ýaly, «tagzym edilmegi zerur bolan zamana we mekana girmek we bulara hormat goýmak» manylary hem bardyr. Dini taýdan haj ýa-da umre zyýaratyna niýet eden kişiniň adaty wagtlarda mubah bolan käbir amallary, haj ýa-da umräniň ruknlerini berjaý edýänçä, öz nebsine haram etmegi diýmekdir. Namaza başlamak tekbiriniň manysyny aňladýan «tahrime» bilen «yhram» sözleriniň köki birdir. Şonuň üçin yhrama – hajy başlamak tekbiri diýse bolýar.

Adaty wagtlarda halal bolan käbir amaly yhramly üçin gadagandyr. Şeýle gadaganlyk egin-eşik, jynsy gatnaşyk, aw etmek bilen baglanyşykly üç topara bölünýär. Bular bozulan ýagdaýynda, onuň görnüşine we amal edilişine görä üýtgeýän jezasy bardyr. Bular gurban kesmek, oraza tutmak we sadaka bermekden ybaratdyr.

Bu gadaganlyklar niýet we telbiýe wagtyndan başlaýar. Şonuň üçin, niýet edip, telbiýe aýtmaga «yhrama girmek», yhrama giren kişä bolsa, «yhramly» diýilýär.

a) Yhramyň ruknleri[düzet | çeşmäni düzet]

Hanefi mezhebinde yhramyň ruknleri niýet we telbiýedir. Bulardan birini terk eden yhrama giren saýylmaýar. Beýleki üç mezhebe görä, yhrama girmek üçin diňe niýet ýeterlikdir.

Niýet[düzet | çeşmäni düzet]

Niýet – haj ýa-da umre etmek kararyna gelmek diýmekdir. Niýeti diliň bilen aýtmak mustahapdyr.

Bir kişi Käbä we onuň töweregindäki mukaddes ýerlere zyýarat üçin niýet edip yhrama giren wagty haj ýa-da umredigini, ýa-da ikisine birden niýet edendigini kalp we dili bilen anyklamasa-da, hanefilere görä, bu kişiniň yhramy dürsdür. Şeýle ýagdaýdaky kişiniň tawafa başlamazyndan öň etjek ybadatynyň haj, ýa-da umredigini kesgitlemegi ýeterlikdir. Eger kesgitlemän tawafa başlasa, umre üçin yhrama giren saýylýar. Tawaf etmän göni Arafata çykyp wakfe etse, bu yhramy haj üçin saýylýar we eden hajy – ifrat hajy bolýar.

Şafygy mezhebine görä, zyýaratçy haj we umre bilen baglanyşykly niýetini anyk belli etmese, onuň ybadaty kabul bolmaýar.

Telbiýe.[düzet | çeşmäni düzet]

Telbiýe – haj ybadatyna başlanjak wagty namazdaky iftitah tekbiri (Allahu ākbär) ýaly aýdylýan sözdür. Telbiýe:
لبيكَ اللَّهمّ لبّيك، لبّيك لا شريك لك لبّيك، إن الحمد والنعمة لك والمُلْك لا شريك لك

"Lebbeýk Allahumme lebbeýk. Lebbeýke lä şeriýke leke lebbeýk. Innel hämde wen-nygmete leke wel mulke, lä şeriýke lek."
Manysy: Çakylygyňa sözüm we özüm bilen geldim, Allahym! Emriňe hemişe tabyndyryn. Çakylygyňa sözüm we özüm bilen geldim, eý, şäriksiz bolan Sen! Emriň baş üstüne. Hamd Saňadyr, nygmat Seniňkidir, mülk-de Seniňki. Ýokdur Seniň şärigiň.

Telbiýäni yhrama gireniňde bir gezek aýtmak farz, wagtal-wagtal gaty ses bilen gaýtalamak sünnetdir. Telbiýe yhram möhleti boýunça her pursatda aýdylýar. Telbiýäni her aýdanyňda üç gezek gaýtalamak, soňra tekbir, tehlil we salawaty şerife okamak mustahapdyr. Telbiýe hajda baýramyň ilkinji güni Akaba jemresine daş atmaga başlananda, umrede bolsa umre tawafyna başlananda gutarýar. Ondan soňra aýdylmaýar. Aýallar telbiýäni, beýleki doga, zikir we tesbihleri aýdanlarynda seslerini beýle gataltmaly däldir.

Tekbir:
اللَّهُ أكْبَرُ اللَّهُ أكْبَرُ لا إِلهَ إِلاَّ اللَّهُ واللَّهُ أكْبَرُ اللَّهُ أكْبَرُ ولِلَّهِ الحَمْدُ.
Allahu ākbär, Allahu ākbär. Lä ilähe illallahu wallahu ākbär. Allahu ākbär, Allahu ākbär. Welillähil hamd.
«Allah beýikdir, Allah beýikdir. Allahdan başga hiç bir ilah ýokdur. Allah beýikdir, Allah beýikdir. Hamd oňa laýykdyr».

Tehlil:
لا إِلهَ إِلاَّ اللَّهُ وَحْدَهُ لا شَرِيكَ لَهُ، لَهُ المُلْكُ، وَلَهُ الحَمْدُ وَهُوَ عَلَى كُلّ شَيْءٍ قَدِيرٌ
(Lä ilähe illallahu wahdehu lä şeriýke leh, lehül mülkü we lehül hamdu, we hüwe a’la külli şeý-in kadiýr).

«Allahdan başga ilah ýokdur. Ol ýeke-täkdir, şärigi hem ýokdur. Mülk Onuňky, hamd hem Onuň üçindir. Ol her bir zada kadyrdyr».

b) Yhramyň wajyplary[düzet | çeşmäni düzet]

  1. Miýkat çäklerini yhramsyz geçmezlik. Afakylar miýkat çäklerini yhramsyz geçseler jezasy bardyr. Ýöne miýkaty yhrama girmän geçen kişi heniz haj ýa-da umre menasykyndan birini etmezden miýkata dönüp yhrama girse jezasy aýrylýar. Eger haj ýa-da umre menasykyndan birini eden bolsa, miýkata dolansa-da jezasy aýrylmaýar.
  2. Yhramdakaň gadagan bolan zatlardan saklanmak.

ç) Yhramyň sünnetleri[düzet | çeşmäni düzet]

  1. Yhrama girmezden, ýagny niýet we telbiýeden öň şu zatlary etmek mustahapdyr:
    Dyrnaklaryňy aýyrmak, gasyk we goltuk aralaryny arassalamak, gusul etmek (aýbaşy bolan aýallaryň hem gusul etmegi sünnetdir). Mundan soň erkek kişiler aýakgaplaryny we eşiklerini aýryp, yzar we rida diýilýän iki bölekden ybarat örtüge dolanýarlar, ýagny yhrama girýärler. Yzar – guşaklygyňdan aşagyna dolanýan, rida bolsa ýokarsyny örtýän matadyr. Aýallar eşiklerini üýtgetmeýär. Olaryň diňe ýüzi açyk bolmalydyr.
  2. Yhrama dolananyňdan soň mustahap bolan zatlar:

Ýakymly ysly atyrlary sepinip, kerahat wagty däl bolsa iki rekagat namaz okamak. Bu namazyň birinji rekagatynda Käfirun, ikinji rekagatynda Yhlas suresi okalýar. Şeýle hem niýet we telbiýäni bu namazdan soň aýtmak has fazyletlidir.

Yhramlyka her pursat telbiýe aýtmak we haj üçin haj aýlary başlanandan soň yhrama girmek.

d) Yhramla gadagan zatlar[düzet | çeşmäni düzet]

Yhrama giren kişä yhramdan çykýança gadagan zatlar şulardyr:
Saç-sakgalyňy timarlatmak, murtuňy aýyrmak, gasyk we goltuk arasyny arassalamak, bedeniň başga ýerlerindäki gyllary ýolmak, dyrnak aýyrmak, bezenmek maksady bilen saç, sakgal we murtuňy boýamak, aýalyň ýüzüni reňklemegi, bedenine ýa-da yhram eşigine ýakymly atyr sepmegi, ysly sabyn ulanmak.

Egin-eşik bilen baglanyşykly gadagan zatlar diňe erkek kişilere degişlidir. Olar tikinli eşik we içki eşik geýmeli däldir. Plaş we palto ýaly eşikler geýilmän, egne ýelbegeý atylsa bolýar. Guşakda, egniňden asylýan sumkada, aýaga geýilýän yzy açyk aýakgabyňda tikin bolup biler. Egne atylan ridanyň uçlaryny daňmak ýa-da iňňe bilen berkitmegiň jezasy ýokdur, ýöne beýle etmek mekruhdyr.

Başyňy ýa-da ýüzüňi örtmek, tahýa geýmek, selle oranmak, ellik, jorap we topuklary ýapýan gonçly aýakgap geýmek.

Jynsy gatnaşyk we oňa eltýän hereketleri etmek, şehwet oýarýan sözleri aýtmak.

Harem çäklerinde hem-de daşynda eti iýilýän-u-iýilmeýän haýwanlary awlamak, awlaýana kömek etmek, janly-jandara zyýan ýetirmek gadagandyr. Ýöne suwda ýaşaýan jandarlary, guşlary awlamak, öý haýwanlaryny kesmek gadagan däldir.

Mekge şäheri we töweregindäki Harem çäklerinde ösümlikleri kesmek, döwmek, basalamak, goparmak we zyýansyz jandarlary öldürmek.

Jedelleşmek, gowga etmek.

Yhramla mubah bolan – gadagan däl zatlar[düzet | çeşmäni düzet]

Ýuwunmak, yhramy çalşyrmak we ýuwmak, dişleriňi arassalamak, sürme çalmak, döwlen dyrnagyňy aýyrmak, birahat edýän gyly goparmak, gan aldyrmak, sanjym etdirmek, diş sogurtmak, ýaraňy daňdyrmak, ýarag götermek, bilezik, sagat, ýüzük dakynmak, guşak guşanmak, omzuňdan sumka asmak, saýawan ulanmak, kölegede oturmak, yhramsyz adamyň awlan awynyň etinden iýmek.

Çybyn, siňek, garynja, ýylan, içýan, syçan ýaly mör-möjekleri öldürmek.

Bellenen wagt[düzet | çeşmäni düzet]

Hajyň farzlaryny, ýagny, yhrama girmek, Arafat wakfesi, zyýarat tawafyny bellenilen wagtlarda etmelidir.
Haj menasyky haj aýlarynda amal edilýär. Haj aýlary şewwal, zilkade aýy bilen zilhijje aýynyň ilkinji on günüdir.

Bellenen mekan[düzet | çeşmäni düzet]

Hajyň farzlarynyň bellenen mekanda berjaý edilmegi diýmek, wakfäniň Arafat çäklerinde edilmegidir. Tawaf – Käbäniň daşyndan aýlanmakdyr. Olam öz ýerinde berjaý edilmelidir. Bu şertlerden biri edilmese haj dürs bolmaz.

Hajyň ruknleri[düzet | çeşmäni düzet]

Hajyň rukni ikidir. Biri – Arafatda wakfe, beýlekisi – zyýarat tawafy.

Hanefilere görä, yhram, Arafatda wakfe we zyýarat tawafy hajyň farzlarydyr. Haj bu farzlaryň tertibe laýyk amaly bilen berjaý edilýär. Bu farzlardan yhram hajyň şertidir. ruknlerden biri amal edilmese, haj fasit bolýar. Soňky ýyllarda ony kaza etmelidir.

Mälikiler bu üç farza sa’ý etmegi hem goşýar. Şafygylar bolsa, saç syrdyrmagy ýa-da gysgaltmagy hem rukn diýip hasaplaýar.

Arafatda wakfe[düzet | çeşmäni düzet]

Arafat Mekgäniň 25 km. golaýynda, günorta-gündogar tarapynda, harem çäkleriniň daşynda ýerleşýär. Wakfe – Arafatda belli bir wagt aralygy garaşmakdyr. Bu rukn ýerine ýetirilmese haj dürs bolmaz. Şol sebäpli Pygamberimiz: «Haj – Arafatdan ybaratdyr» diýmek bilen wakfäniň ähmiýetini nygtapdyr. Urene jülgesi bilen Nemire mesjidiniň demirgazyk tarapy wakfe ýeriniň daşynda galýar.

Wakfäniň şerti wagtdyr. Ol zilhije aýynyň 9-njy güni, zewaldan soň, zilhijje aýynyň 10-njy güni, ýagny, baýramyň ilkinji güni tä daň atýança aralykdaky wagtdyr. Bu wagtyň dowamynda Arafata ýetip bilmedikleriň hajy batyl bolýar. Arafatda wakfe üçin niýet şert däldir.

Wakfäniň wajyplary[düzet | çeşmäni düzet]

Arafata gündiz gelenleriň Gün batýança ol ýerde galmagy wajypdyr. Gün ýaşmanka gitmek dürs däldir. Eger-de bir sebäp bilen gitmeli bolsa, Gün ýaşmanka ýene dolanyp gelmelidir. Gije gelenler üçin bu wajyplyk aýrylýar.

Wakfäniň sünnetleri[düzet | çeşmäni düzet]

  1. Zilhijjäniň sekizinji – terwiýe gününi arafa gününe baglaýan gijäni Minada geçirip, arafa güni Gün dogandan soň, Arafata tarap ýola düşmek.
  2. Zewal wagtyndan öň Arafatyň çäklerinde bolmak, mümkin bolsa wakfe üçin gusul etmek.
  3. Şol günki öýle we ikindi namazyny öýläniň wagtynda birikdirip, bile okamak (jemi takdim).
  4. Wakfä bu namazdan soň başlap, wakfe möhletinde taharetli bolmak.
  5. Orazaly bolmazlyk.
  6. Günüň dowamynda telbiýe, tesbih, zikir, doga, istigfar we salawat dogalaryny gaýta-gaýta aýtmak.
  7. Wakfe wagtynda Kybla tarap ýönelmek. Wakfäni dik durup etmek hökman däldir. Ýöne uzuryň ýok bolsa, oturmakdan dik durmak has fazyletlidir.
  8. Mümkin bolan ýagdaýynda wakfäni Jebelirrahmeh (Rahmet dagy) diýilýän depäniň eteklerinde geçirmek sünnetdir.

Tawaf (Togap)[düzet | çeşmäni düzet]

Tavaf.jpg

Tawaf – bir zadyň daşyndan aýlanmak diýmekdir. Dini manysy bolsa, Hajerul Eswediň ýerleşýän burçundan ýa-da deňinden, Käbäni çep tarapyňda goýup, onuň daşyndan ýedi gezek aýlanmak diýmekdir. Tawafa başlanyňda hem-de her şawtda Hajerul Eswed daşynyň öňüne ýa-da deňine geleniňde oňa tarap bakyp, namazda duran ýaly tekbir we tehlil bilen mukaddes daş sypalanýar ýa-da öpülýär. Eger muňa mümkinçilik ýok bolsa, deňine geleniňde, uzakdan eller galdyrylyp: «Allahu ākbär» diýilýär. Muňa istilam diýilýär.

Tawafyň görnüşleri[düzet | çeşmäni düzet]

Haj ybadaty bilen baglanyşykly tawafyň üç görnüşi bardyr:
Kudüm tawafy – Mekgä geliş tawafy diýmekdir. Bu sünnet tawafyny ifrad ýa-da kyran hajyna niýet eden afakylar berjaý edýär. Diňe umre ýa-da temettu hajyna niýet edenler bilen miýkat çäklerindäkiler kudüm tawafyny etmeýär.

Zyýarat tawafy – muňa ifaza tawafy hem diýilýär. Hajda farz bolan tawaf budur. Bu Arafat wakfesinden soň berjaý edilýär.

Weda tawafy – muňa sader tawafy hem diýilýär. Miýkat çäkleriniň daşyndan gelýän hajylaryň zyýarat tawafyndan soň, Mekgeden gitjek wagtlary edýän hoşlaşyk tawafydyr.

Tawafyň bulardan başga görnüşleri şulardyr.

Umre tawafy[düzet | çeşmäni düzet]

Diňe umre niýeti bilen Mekgä gelen bilen temettu we kyran hajyny etjegiň, Mekgä gelende ilkinji edýän tawafydyr.

Nezir tawafy[düzet | çeşmäni düzet]

Haýsy-da bolsa bir sebäp bilen tawaf etmegi nezir eden kişiniň nezirini ýerine ýetirmegi wajypdyr. Ol munuň üçin belli bir wagt bellän bolsa, şol wagt, ýogsa islän wagty tawaf edip bilýär.

Tahyýýatül mesjid tawafy[düzet | çeşmäni düzet]

Tahyýýatül mesjid namazynyň deregine Mesjidi Harama haçan girilse, hormat we mesjide salam bermek niýeti bilen edilýän tawafdyr. Bu nafile bolup edilmegi mustahapdyr. Haj ýa-da umre niýeti belen edilen tawaf munuň ýerini tutýar.

Tatawwu tawafy[düzet | çeşmäni düzet]

Mekgede bolan wagtyňda haj bilen baglanyşykly edilmeli tawaflardan başga – pursat tapdygyňça we isledigiňçe edilýän tawaflardyr. Afakylaryň nafile tawaf etmegi nafile namaz okamagyndan has gowudyr. Haj möwsüminden başga wagt mekgeliler üçin hem höküm şunuň ýalydyr. Beýleki ybadatlarda bolşy ýaly, başlanan nafile bir tawafyň tamamlanmagy wajypdyr.

Tawafyň wajyplary[düzet | çeşmäni düzet]

  1. Taharetli bolmak. Tawafyň dowamynda taharetiň bozulsa, taharet kylanyňdan soň, galan şawtlary tamamlamaly.
  2. Owrat ýerleriň örtülgi bolmagy.
  3. Tawafa Hajerul Eswedden ýa-da onuň deňinden başlamak.
  4. Käbäni çep tarapyňda goýup tawaf etmek.
  5. Tawafy Hatim diýilýän ýeriň daşyndan aýlanmak. Çünki Hatim diýlen ýer Käbä degişli hasaplanýar.
  6. Farz we wajyp tawaflary ýedi şawtda tamamlamak.
  7. Güýji ýetenler pyýada, garry, hassa ýa-da maýyp adamlar ulaga münüp tawaf etse-de bolýar.
  8. Farz, wajyp we nafile tawaflaryň hemmesiniň ahyrynda iki rekagat namaz okamak wajypdyr. Kerahat wagty bolmadyk ýagdaýynda, ara maý salman, bu namazy okamak mustahapdyr.

Tawafyň wajyplaryndan haýsy-da bolsa biri terk edilse jeza möhümdir. Tawaf täzeden amal edilse, bu jeza aradan aýrylýar.

Tawaf namazyny okaman yzly-yzyna tawaf etmek mekruhdyr. Tawaf üçin kerahat wagty ýokdur. Ýöne tawaf namazy farz we wajyp namazlarynyň okalmagy mekruh bolan üç wagtdan başga-da, ertir we ikindi namazlarynyň farzlary okalandan soň hem okalmaýar. Tawaf namazyny Makamy Ibrahimiň arkasynda okamak mustahapdyr. Mümkin bolmasa, Mesjidi Haramyň islendik ýerinde okasaň bolar. Mesjidi Haramyň daşynda okamak mekruhdyr.

Tawafyň sünnetleri[düzet | çeşmäni düzet]

  1. Bedeniňde we yhramda namaza päsgel berjek nejasetiň bolmazlygy.
  2. Tawafa başlanyňda Hajerul Eswede ýa-da onuň deňine Rüknül-emany tarapdan gelmek.
  3. Tawafyň ilkinji üç şawtynda bilden ýokaryk dolanan yhramyň bir ujuny sag goltugyň aşagyna, beýleki ujuny bolsa, çep omzuň üstünden aýlamak sünnetdir. Bu diňe kudüm we zyýarat tawafyna mahsus bolup Muňa yztyba diýilýär.
  4. Ýene diňe kudüm we zyýarat tawafyna mahsus bolup, tawafyň ilkinji üç şawtynda erkek kişileriň omuzlaryny silkip, gysga ädimler bilen ylgaýan şekilde haýbatly ýöremekleri. Muňa remel diýilýär.
  5. Tawafyň her şawtynda Hajerul Eswedi öpmek, eger mümkin bolmasa istilam etmek.
  6. Tawaf namazyndan soň Makamy Ibrahimiň arkasynda doga etmek.
  7. Ähli şawtlary yzly-yzyna etmek. Tawaf wagtynda farz namazynyň okalmagy ýa-da taharetiň bozulmagy ýaly tawafy dowam etdirmäge päsgel berýän bir ýagdaý ýüze çyksa, tawafyň dowamy soň tamamlanýar.
  8. Erkek kişileriň mümkingadar Käbä ýakyn, aýallaryň bolsa, erkekleriň arasynda galyp, gysylmajak ýerinde tawaf etmegi.

Tawafyň sünnetlerini sebäpsiz terk etmek mekruhdyr. Sünnetler terk edilen ýagdaýynda jezasy ýokdur.

Tawafyň amal edilişi[düzet | çeşmäni düzet]

Ilki bilen farz, wajyp, nafile tawaflardan haýsy ediljek bolsa, şoňa niýet edilýär. Tawaflaryň ähli görnüşiniň amal edilişi meňzeşdir. Ýöne tapawudy niýetdedir.

Tawafa niýet edeniňden soň, göni Hajerul Eswediň ýanyna barylýar. «Bismillähi Allahu ākbär» diýlip, başgalara ganalga bermän, eller Hajerul Eswediň üstüne goýlup, daş öpülýär. Öpmek mümkin bolmasa, diňe el degrilýär. Bu-da mümkin bolmasa, Hajerul Eswediň deňinde oňa tarap öwrülip, elleriň aýasyny daşa tarap bakdyryp galdyrylýar we «Bismillähi Allahu ākbär» diýip istilam edilýär. Soňra elleriň aýasy öpülip ýüzüňe sylynýar. Istilam ýöräp barşyňa edilýär. Her gezek Hajerul Eswediň ýanyna geleniňde, mümkin bolsa öpülýär ýa-da el degrilýär. Mümkin bolmasa, istilam edilýär. Istilam bilen Hajerul Eswedi öpmek arasynda sogap taýyndan tapawut ýokdur. Istilamda şu doga okalýar:

Allahumme imanen bike we tasdikan bi-kitabike we wefaen bi-ahdike wettibaen lisunneti nebiýýike muhämmedin (sallallahu aleýhi wessellem)'
«Allahyň ady bilen, Allah iň beýikdir. Allahym, Saňa iman getirip, Kitabyňy tassyk edip, ähdiňe wepaly bolup, Pygamberiň sünnetine uýdum».

Mundan soň Käbäni çep tarapyňda goýup tawafa başlanýar. Her aýlaw Hajerul Eswedden başlanyp, Hajerul Eswedde tamamlanýar. Tawaf Hatimiň daşyndan edilýär. Çünki Hatim Käbäniň bir bölegi saýylýar. Hatim – Käbäniň demirgazygynda salnan ýarym aý şekilindäki pessejik haýatdyr. Tawafyň ilkinji üç şawtynda erkek kişiler yztyba we remel edýärler.

Käbäniň gapysynda we her burçunda tekbir, tehlil, salawat we dogalar aýdylýar. Käbäniň her bir burçuna rukn diýilýär. Ilkinji rukn (burç) Hajerul Eswediň ýerleşen burçy bolup, sagdan çepe, Rükni Yraky, Rükni Şami we Rükni Ýemani gelýär.

Tawaf tamamlanandan soň ýer tapylsa, Makamy Ibrahimde iki rekagat tawaf namazy okalýar. Yhram namazynda bolşy ýaly, bu namazyň hem birinji rekagatynda Käfirun, ikinji rekagatynda Yhlas suresini okamak mustahapdyr. Ikindiden soň tawaf eden kişi agşam namazynyň farzyny okandan soň, bu namazyny okamaly. Soňra agşam namazynyň sünneti okalýar.

Tawaf namazy gutarandan soň, dik duran ýeriňden Käbä tarap bakyp doga edilýär. Soňra Zemzem guýusyna baryp, şu doga okalýar we suw içilýär.

«Allahym! Senden bol ryzk, peýdaly ylym we her hili kesellerden şypa dileýärin».

Zyýarat tawafy[düzet | çeşmäni düzet]

Zyýarat tawafy – farzdyr, hajyň iki rukninden biridir.

a) Zyýarat tawafynyň dürs bolmagynyň şertleri[düzet | çeşmäni düzet]

  1. Tawaf Arafat wakfesinden soň edilýär. Arafat wakfesinden öň edilse ýa-da Arafat wakfesine wagtynda durulmasa, zyýarat tawafy dürs bolmaz.
  2. Niýet. Tawafa ýöne niýet ýeterlikdir. Hatda tatawwu ýa-da weda tawafy diýip niýet edilse hem zyýarat tawafy eda edildigi hasaplanýar.
  3. Belli bir wagtda berjaý etmek.

b) Zyýarat tawafynyň wagty[düzet | çeşmäni düzet]

Zyýarat tawafynyň wagty – Arafat wakfesinden soň, (zilhijje aýynyň 10-njy güni) daň atandan başlaýar. Eger bir sebäp bilen bu tawafy şol wagt edip bilmedik ony soň etse-de bolýar. Ýöne Ymamy Agzama görä, baýramyň üçünji gününiň agşamyna çenli edilmegi wajypdyr. Baýramyň ilkinji güni edilmegi has fazyletlidir. Eger zyýarat tawafy baýram günlerinden soňa goýulsa, jeza hökmünde bir goýun ýa-da geçini gurban etmelidir.

Aýallar özlerine mahsus ýagdaýlary sebäpli baýram günlerinde zyýarat tawafyny edip bilmese, olara hiç hili jeza ýokdur. Bular arassalanandan soň tawaf etmelidirler. Zyýarat tawafynyň berjaý edilmegi bilen ähli gadaganlyklaryň hökümi ýatýar.

Hajyň wajyplary[düzet | çeşmäni düzet]

Hajyň şert we ruknlerinden başga menasyky hem bardyr. Haj ybadatynyň kämil bolmagy üçin bulary hem amal etmek zerurdyr. Hajyň wajyplaryndan biriniň sebäpsiz terk edilmegi haramdyr. Ýöne isle meýletin, isle bir sebäp bilen wajyplary terk etmek hajy bozmaýar. Hajyň wajyplary terk edilse, her biri üçin bellenilen keffaret ýerine ýetirilmelidir. Hajyň wajyp bolan menasykyna asly wajyplar hem diýilýär.Asly wajyplar şulardyr:

  1. Sa’ý
  2. Müzdelifede wakfe
  3. Şeýtan daşlamak
  4. Saçlary syrdyrmak ýa-da gysgaltmak (halk we taksyr)
  5. Weda tawafy

Sa’ý[düzet | çeşmäni düzet]

Sa’ý sözüniň manysy: ylgamak, gaýrat etmek diýmekdir. Dini taýdan sa’ý Käbäniň gündogaryndaky Safa we Merwe depeleriniň aralygynda ýedi gezek ylgamakdyr. Munuň her gezegi Safadan başlap, Merwede tamamlanýar we her gezegine-de şawt diýilýär.

Buharynyň gürrüň beren bir hadysyna görä, sa’ýyň asly hezreti Ismailiň ejesi Hajaryň suw gözlemek maksady bilen, bu iki depäniň aralygynda ylgandygyna esaslanýar.

Beýleki üç mezhebe görä, sa’ý hajyň ruknlerindendir. Sa’ý haj, ýa-da umre üçin bir gezek edilýär. Özbaşyna ybadat däldigi üçin nafile hökmünde amal edilmeýär.

Sa’ýyň sahyh bolmagynyň şertleri[düzet | çeşmäni düzet]

  1. Sa’ý haj ýa-da umre üçin yhrama girilenden soň berjaý edilmelidir. Ýöne yhram eşigi bilen etmek hökman däldir. Sa’ýy zyýarat tawafyndan soň etmek sünnete iň laýygydyr. Bu ýagdaýda yhramsyz hem edilýär. Umre sa’ýynyň yhramly edilmegi wajypdyr. Umre tawafynyň dördünji şawtyndan soň, saçyny bejerden kişi yhramdan çykýar. Bu kişiniň yhramsyz etjek umre sa’ýy dürsdür. Ýöne sa’ýy tamamlamazdan yhramdan çykyp wajyby terk edendigi üçin jeza hökmünde bir goýun ýa-da geçi gurban etmelidir.
  2. Haj sa’ýyny haj aýlary başlandan soň etmelidir.
  3. Sa’ýy mugteber bir tawafdan soň etmelidir. Mugteber tawaf taharetli bolup, iň azyndan dört şawty berjaý edilen tawafdyr.
  4. Sa’ýa Safadan başlamalydyr.
  5. Sa’ýy iň azyndan dört şawt etmelidir. Hanefi mezhebine görä, sa’ýyň dördüsi rukn, soňky üçüsi wajypdyr. Beýleki üç mezhebe görä, hemmesi rukndir.

Sa’ýyň wajyplary[düzet | çeşmäni düzet]

  1. Güýji ýetýänler ýöräp sa’ý etmelidir. Güýji ýetmeýänler ulag ulanyp bilýär.
  2. Sa’ýy ýedi şawtda tamamlamak. Eger dördünji şawtdan soň, sa’ý etmegi bes etseň, galan her sa’ý üçin sadaka bermelidir.

Sa’ýyň sünnetleri[düzet | çeşmäni düzet]

  1. Tawaf namazyny okanyňdan soň, ara wagt salman sa’ýa başlamak.
  2. Sa’ýa başlamazdan öň Hajerul Eswedi istilam etmek.
  3. Sa’ýy taharetli berjaý etmek. Tawaflaryny arassa ýagdaýda ýerine ýetireninden soň, aýbaşyly aýallaryňam sa’ý etmegi dürsdür. Her şawtyň başynda Safa we Merwe depelerinden Käbe görünjek derejede belende çykyp, Käbä tarap dönüp, tekbir, tehlil hem doga etmek. Doga edeniňde, elleriňi asmana galdyrmak mustahapdyr.
  4. Şawtlary yzly-yzyna etmek.
  5. Erkek kişiler ýaşyl çyraly sütünleriň arasynda omuzlaryny silkip, gysga ädimler bilen ylgaýan şekilde haýbatly ýöremeli. Muňa herwele diýilýär. Aýallar herwele etmeli däldir.

Müzdelifede wakfe[düzet | çeşmäni düzet]

Müzdelife – Arafat bilen Mina aralygyndaky Harem çägindäki ýeriň adydyr. Hajda hajylaryň Arafa gününi baýrama baglaýan gijäni bu ýerde geçirmegi sünnetdir. Bu ýerde wakfe bolsa wajypdyr.

Müzdelife wakfesiniň dürs bolmagy üçin ony haj niýeti bilen yhrama girip, Arafat wakfesinden soň etmelidir.

Müzdelife bilen Minany aýyrýan Muhassir jülgesinden başga, Müzdelifäniň islendik ýerinde wakfe edilýär. Kuze dagyndaky Meş’ary-Haram töwereginde wakfe etmek sünnetdir.

Müzdelife wakfesiniň wagty gurban baýramynyň birinji güni, irden daň atandan Gün dogýança aralykdyr. Bu wagtyň dowamynda kişi ukuda bolsa-da, çaşsa-da wakfesi dürsdür.

Arafa güni Gün ýaşandan soň Arafatdan Müzdelifä gelinýär. Agşam bilen ýassy namazy Müzdelifede «jem’i te’hir» edilýär. Ýagny, agşam namazy ýassy bilen birikdirilip okalýar. Şeýle etmek wajypdyr.

Baýram günlerinde şeýtan daşlamak üçin atyljak daşlary şu ýerden ýygnap ýuwup arassalaýarlar.

Müzdelife wakfesiniň sünnetleri[düzet | çeşmäni düzet]

  1. Wagt giren badyna ertir namazyny gijikdirmän okamak.
  2. Namazdan soň telbiýe, tekbir, tehlil, doga we istigfar bilen töwerek ýagtylýança wakfe edip garaşmak.
  3. Mümkin bolsa wakfäni Meş’ary Haramyň töwereginde etmek.
  4. Töwerek ýagtylandan soň, Gün dogmanka Mina tarap ýola düşmek.

Şeýtan daşlamak[düzet | çeşmäni düzet]

Şeýtan daşlamak – baýram günleri Minada kiçi jemre, orta jemre we akabe jemresi diýilýän ýerlere ownuk daşlaryň atylmagy diýmekdir. Hanefi mezhebinde şeýtan daşlanýan günlerde gijäni Minada geçirmek sünnetdir.

Şeýtan daşlamagy dürs ýerine ýetirmegiň şertleri:

  1. Jemrelere daşlary başam we süýem barmak bilen tutup zyňmaly.
  2. Hanefilere görä, atylýan zadyň daş ýa-da kesek ýaly teýemmüm etmäge jaýyz bir madda bolmalydyr.
  3. Daşlary ýeke-ekeden zyňmaly.
  4. Daşlar jemre ýeriniň içine ýa-da ýakynyna ýetmelidir.
  5. Daşlary güýji ýetýäniň özi zyňmaly, namazyny dik durup okamaga gurbaty çatmaýan, bu işi özgä-de tabşyryp bilýär.

Şeýtan daşlamagyň wagty[düzet | çeşmäni düzet]

Şeýtan daşlamagyň wagty – baýramyň birinji güni daň atandan başlap, dördünji güni Gün ýaşýança aralykdyr.

Baýramyň birinji güni (zilhijjäniň 10-njy güni) diňe akabe jemresine ýedi daş atylýar. Bulary Gün dogandan öýle namazyna çenli aralykda atmak sünnetdir. Öýleden soň, agşam Gün ýaşýança-da atmak bolýar. Gün dogmazyndan öň, Gün ýaşandan soň, daş atmak mekruh saýylypdyr.

Baýramyň ikinji we üçünji günleri her gün (zilhijjäniň 11-12-nji güni) kiçi jemreden başlap, orta we akabe jemresiniň her birine ýedi daşdan, jemi ýigrimi bir daş zyňylýar. Netijede, üç günüň dowamynda kyrk dokuz daş zyňylýar. Ikinji we üçünji günde öýle we agşam aralygy daş atmak sünnetdir. Gün batandan soň mekruhdyr. Öýleden öň daşlamak bolmaýar.

Baýramyň dördünji güni hem ikinji we üçünji gündäki ýaly şeýtan daşlanýar. Ymamy Agzama görä, dördünji gün şeýtan daşlamagyň wagty daň atandan başlanýar. Ýöne öýleden soň daşlamak sünnetdir. Gün ýaşansoň şeýtan daşlamagyň wagty gutarýar. Şeýlelikde, jemi ýetmiş daş şeýtana atylýar.

Dördünji gün – daş atmajaklar daň atandan soň Minadan gitse-de bolýar.

Ýedi daşy yzly-yzyna üç-bäş metr aralykdan atmak, olaryň nohutdan uly, pisseden kiçi bolmagy, her daşy atanyňda «Bismillähi Allahu ākbär» diýmek, kiçi we orta jemrelerde daş atanyňdan soň doga etmek şeýtan daşlamagyň sünnetlerindendir.

Uly daş atmak ýa-da uly daşy owradyp atmak, hapa daşlary atmak, bir jemrede bir gezekde ýedi daşdan köp atmak, jemrelerde tertibi saklamazlyk bolsa, şeýtan daşlamagyň mekruhlaryndandyr.

Hassalyk, garrylyk, maýyplyk ýaly sebäpler bilen jemre ýerine gidip bilmejek ýagdaýdakylar ýerine adam iberip, daşlaryny atdyryp bilýärler. Wekil ilki öz daşlaryny, soňra tabşyran adamyň adyndan daş atmalydyr.

Daş atmak günlerinde bellenen wagt aralygy atylmadyk daşlar kaza edilip atylmalydyr. Bu wajypdyr. Baýramyň dördünji güni hem Gün batandan soň, daş atmak bolmaýar.

Saçlary syrdyrmak ýa-da gysgaltmak (halk we taksyr)[düzet | çeşmäni düzet]

Saçyňy syrdyrmak, ýa-da gysgaltmak – baýramyň ilkinji güni daň atandan, üçünji güni Gün batýança aralykda berjaý edilýär. Gijikdirilen ýagdaýynda jezasy bardyr. Hajy saçyny gysgaldýança ýa-da syrdyrýança yhramdan çykan saýylmaýar we yhram gadaganlyklary onuň üçin dowam edýär.

Umre zyýaratyny edýän kişi umre tawafynyň dördünji şawtyny tamamlandan soň, saçyny gysgaltmaly ýa-da syrdyrmaly. Ýöne, umre sa’ýynyň yhramly berjaý edilmeginiň wajypdygy üçin, hajynyň sa’ýdan soň saçyny timarlatmagy zerurdyr.

Saçy gysgaltmagyň ýa-da syrdyrmagyň wajyp mukdary – başyňdaky saçyň dörtden biridir. Ýöne, başyň dörtden birinde saç bar bolsa, hemmesini syrdyrmalydyr.

Erkek kişi saçyny doly syrdyrmagy, gysgaldandan has makuldyr. Aýallar bolsa saçynyň iň azyndan dörtden biriniň ujuny çyrpmalydyr. Gysgaldylýan mukdar – bir barmagyň uzynlygyndan gysga bolmaly däldir.

Weda tawafy[düzet | çeşmäni düzet]

Weda tawafy – daş ýerden gelenleriň Mekgeden gitmänkä etjek iň soňky hoşlaşyk tawafydyr. Haj ybadatyny doly berjaý eden afaky kişilere weda tawafy wajypdyr. Aýallar Mekgeden gitmänkä aýbaşyly bolsa bu tawafy etmez. Eger aýal Mekgäniň çäginden çykmanka arassalansa, ýola taýyn bolsa-da weda tawafyny hökman etmelidir.

Diňe umre zyýaratyny edýän bilen Mekgede Harem we Miýkat çäginde ýaşaýan weda tawafyny etmeýär.

Mekgeden çykyp miýkatdan geçýänçäň weda tawafynyň wagty gutarmaýar. Weda tawafyny etmän Mekgeden çykan kişi, heniz miýkaty geçmedik bolsa yhramsyz bolsa-da, Mekgä dolanyp bu tawafy etmelidir. Ýöne miýkatdan geçen bolsa jeza zerur bolýar.

Hajyň sünnetleri[düzet | çeşmäni düzet]

Farz we wajyplardan başga menasyk hajyň sünnetleridir. Sünnetleriň berjaý edilmegi hajyň sogap we fazyletini artdyrýar. Olary sebäpsiz terk etmek mekruhdyr. Pygamberimiz: «Haj menasykyny menden öwreniň! Siz hem meniň amal edişim ýaly ediň» diýipdir, (Muslim). Diýmek, kämil haj diňe sünnetleri berjaý etmek bilen mümkindir. Hajyň sünnet bolan menasykyna asly sünnetler hem diýilýär. Hajyň asly sünnetleri şulardyr:

  1. Kudüm tawafy,
  2. Hutbeler (Mekge, Arafat we Mina),
  3. Arafa gijesini Minada geçirmek,
  4. Baýram gijesini Müzdelifede geçirmek,
  5. Baýram günleri Minada galmak,
  6. Tahsib.

Kudüm tawafy
Kudüm tawafy Mekgä geliş tawafydyr. Ifrad ýa-da kyran hajyny eden afakylara bu amal haj aýlary bolmasa-da sünnetdir. Gijikdirmän amal edilmegi mustahapdyr. Umre ýa-da temettu hajyny eden bilen afaky däl kişi kudüm tawafyny etmeli däl. Kudüm tawafy Mekgä gelnen günden Arafatda wakfe edilýänçä edilmelidir. Mundan soň bu amal edilmeýär. Kudüm tawafy hem edil zyýarat tawafy ýaly ýerine ýetirilýär. Ýöne hajyň sa’ýy bu tawafdan soň edilmejek bolsa, yztyba we remel edilmez.

Haj hutbeleri[düzet | çeşmäni düzet]

Haj bilen baglanyşykly üç hutbe bardyr. Birinji hutbe zilhijjäniň ýedinji güni Mekgede öýle namazyndan soň Haremi Şerifde okalýar. Ikinji hutbe Arafa güni Arafatdaky Nemire mesjidinde jemi takdym bilen okalýan öýle we ikindi namazyndan öň aýdylýar. Bu juma hutbesi ýaly okalýar. Üçünji hutbe bolsa, baýramyň ikinji güni öýle namazyndan soň Minada okalýar.

Arafa gijesini Minada geçirmek[düzet | çeşmäni düzet]

Zilhijjäniň sekizinji – terwiýe güni Gün dogandan soň Mekgeden Mina gelmek, öýle, ikindi, agşam, ýassy we ertir namazyny Minada okap, Arafa güni Gün dogandan soň Arafata tarap ýola çykmak sünnetdir. Häzirki döwürde hajylaryň sanynyň köplügi sebäpli, ýeňillik üçin umuman Mekgeden göni Arafata çykylýar. Gijäni Minada geçirmek we şol ýerde bäş wagt namaz okamak sünneti terk edilýär.

Baýram gijesini Müzdelifede geçirmek[düzet | çeşmäni düzet]

Arafa gününi baýram gününe baglaýan gijäni Müzdelifede geçirmek, ertir namazyny okap, daň atandan soň Mina tarap ýola düşmek sünnetdir.

Baýram günlerini Minada geçirmek[düzet | çeşmäni düzet]

Eýýamy nahr diýilýän – gurban kesmek günlerinde (zilhijjäniň 10-11-12 günleri) Minada galmak we gijäni şol ýerde geçirmek sünnetdir. Beýleki üç mezhebe görä bolsa wajypdyr.

Tahsib[düzet | çeşmäni düzet]

Hajyň soňunda Minadan çykyp, Mekgä girilende, Jennetul muallanyň töwereginde Muhassab diýilýän jülgede az salym dynç almaga tahsib diýilýär. Bu hanefilere görä, sünneti kifaýe, beýleki mezheplerde bolsa mustahapdyr. Bu jülge häzirki döwürde Mekge şäherine goşulandygy üçin bu sünnet berjaý edilmeýär.

Hajyň edepleri[düzet | çeşmäni düzet]

  1. Haj farzyny halal gazanç bilen amal etmelidir. Haj diňe maly ybadat däldigi üçin, haram gazanç bilen berjaý ediläende-de göräýmäge dürs ýaly görünse-de, onuň sogaby we fazyleti ýokdur.
  2. Bendäniň haky boýnunda bolan kişi ýola çykmanka ony razy etmeli.
  3. Eden günälerini gaýtalamazlyk şerti bilen toba etmek.
  4. Kaza galan ybadatlaryny mümkin boldugyça kaza etmek.
  5. Haj ybadaty bilen baglanyşykly maglumaty we tejribesi bolan kişiler bilen maslahatlaşmak.
  6. Özüňe laýyk ýoldaş saýlamak.
  7. Ýola çykmazdan öň dost we garyndaşlaryň bilen hoşlaşmak.
  8. Il gözüne görünjek bolmakdan, ýagny riýadan saklanmak, yhlasly we pespäl bolmak.
  9. Ýola çykmazdan öň we hajdan dolanyp geleniňden soň iki rekagat namaz okamak. Bu namazlaryň ilkinji rekagatlarynda Käfirun, soňky rekagatlarynda bolsa, Yhlas suresini okamak has fazyletlidir.
  10. Ýolagçy wagtyňda, şeýle hem haj ybadatynyň dowamynda jedelleşmekden, göwne degmekden saklanmaly. Boş we peýdasyz işler bilen wagtyňy geçirmeli däl. Hemişe zikir, tesbih, salawat, doga, Kurany Kerim okamaga çalyşmaly.

Umre[düzet | çeşmäni düzet]

Umre – yhrama girip tawaf we sa’ý edeniňden soň, saçyňy syrdyryp ýa-da gysgaltdyranyňdan soň yhramdan çykmak bilen tamamlanýar. Hanefi we mäliki mezhebinde ömrüňde bir gezek umre ybadatyny etmek müekked sünnetdir. Şafygy we hanbeli mezhebine görä farzdyr.

Umre üçin belli bir wagt ýokdur. Remezan aýynda edilmegi has fazyletlidir. Ýöne Arafa güni daň atandan gurban baýramynyň dördünji güni Gün ýaşýança aralykda, ýagny, teşrik günleri umre etmek tahrimen mekruhdyr. Beýleki üç mezhepde bolsa, haj etmedik kişi islän wagty umre edip bilýär. Haj edenler bolsa, mälikilere görä baýramyň dördünji güni Gün ýaşýança, şafygylara görä bolsa, weda tawafyndan başga hajyň ähli menasykyny berjaý edýänçäň umre etmek bolmaýar.

Umräniň farz we wajyplary[düzet | çeşmäni düzet]

Umräniň farzlary yhram we tawafdan ybaratdyr. Yhram şert, tawaf bolsa rukndir. Safa bilen Merwe aralygynda sa’ý etmek, saçlaryňy syrdyrmak ýa-da gysgaltmak umräniň wajybydyr. Umre zyýaratynda hajda edilýän Arafat we Müzdelife wakfeleri, kudüm we weda tawaflary, şeýtan daşlamak ýokdur.

Umräniň amal edilişi[düzet | çeşmäni düzet]

Umre etjekler miýkatlarda ýa-da harem çäginiň daşynda yhrama girmeli. Allahumme inni uridul-umrete feýessirha liý we tekabelleha minniý
«Allahym Seniň ryzaň üçin umre etmek isleýärin. Ony maňa ýeňil kyl we menden kabul eýle» diýip, niýet we doga edeniňden soň telbiýe getirilýär. Soňra Haremi şerife gelip, umre tawafyny edýärler. Tawaf namazyny okap, sa’ý edilýär. Sa’ýdan soň saç syrdyrylýar ýa-da gysgaldylýar.

Haj we umräniň amal edilişi[düzet | çeşmäni düzet]

a) Haj we umre ybadaty yhrama girmek bilen başlanýar.[düzet | çeşmäni düzet]

Yhrama girmezden öň dyrnaklar kesilip, goltuk we gasyk gyllary aýrylýar. Gerek bolsa, saç-sakgal timarlanýar. Mümkin bolsa gusul edilýär ýa-da taharet kylynýar. Gusul almak taharetden has fazyletlidir. Suw ýok ýa-da ulanylmaýan bolsa teýemmüm kylynmaýar. Çünki bu taharet ýa-da gusul beden arassalygy üçindir. Şol sebäpli şeýle etmek taharetli bolanlara we aýbaşyly aýallara hem sünnetdir. Mudan soň erkek kişiler yhrama girýär, niýet we telbiýe getirýär. Hajyň haýsy ybadatyny etjekdigiňe baglylykda şeýle niýet edilýär:
Ifrat hajy üçin:
Allahumme inni uriýdu wel-hajja feýessirha liý we tekabbeleha minni
«Allahym, seniň razylygyň üçin haj etmek isleýärin. Ony maňa ýeňilleşdir we kabul et!»
Temettu hajy üçin:
Allahumme inni uriýdul-umrate feýessirha liý we tekabelleha minni
«Allahym, seniň razylygyň üçin umre etmek isleýärin. Ony maňa ýeňilleşdir we kabul et!»
Kyran hajy üçin:
Allahumme inni uriýdul-umrate wel-hajja feýessirha liý we tekabbeleha minni «Allahym, seniň razylygyň üçin haj we umre etmek isleýärin. Olary maňa ýeňilleşdir we ikisini hem kabul et!»
Aýallar adaty eşiklerinde galýar. Olaryň diňe ýüzi açyk bolýar. Eger kerahat wagty däl bolsa, iki rekagat yhram namazyny okap, Mekgä tarap ýola düşülýär.

Mekgä gije ýa-da gündiz girmegiň tapawudy ýokdur. Ýöne gündiz girmek mustahapdyr. Mümkin bolsa gusul, ýogsa taharet alynýar we telbiýe okalýar. Soňra Mesjidi harama gidilýär. Beýtullah görnende, üç gezek tekbir we tehlil getirilip doga edilýär. Mesjidi harama mümkin bolsa, Beni Şeýbe derwezesinden girilýär. Farz namazynyň wagty däl bolsa, derrew tawafa başlanýar.

b) Ifrat hajynda ilkinji edilmeli tawaf «kudüm tawafy», temettu we kyran hajynda bolsa, «umre tawafydyr».[düzet | çeşmäni düzet]

Temettu we kyran hajynda umre tawafyndan soň, umräniň sa’ýy edilmelidigi üçin, tawafda «yzytba» we «remel» edilýär. Ifrat hajynda bolsa, eger haj sa’ýy kudüm tawafynyň yzyndan ediljek bolsa, tawafda «yzytba» we «remel» edilýär, ýogsa edilmeýär. Mümkinçilik bar bolsa Makamy Ibrahimiň yzynda, ýogsa mynasyp bir ýerde tawaf namazyny okap doga edilýär. Soňra Zemzem suwy içilýär. Temettu we kyran hajyny edýänler umre sa’ýyny, ifrat hajyny edýänler bolsa, isleseler haj sa’ýyny berjaý edýärler.

Ifrat hajyny edýänler haj sa’ýyny etseler-etmeseler saçlaryny syrdyryp ýa-da gysgaldyp yhramdan çykmaly däldir.

Temettu hajyny edýänler miýkatda diňe umrä niýet edendikleri üçin umräniň sa’ýyny berjaý edenlerinden soň, saçlaryny gysgaldyp ýa-da syrdyryp yhramdan çykýarlar. Täzeden haj üçin yhrama girýänçäler, Mekgede yhramsyz bolýarlar. Terwiýe güni (zilhijjäniň sekizinji güni) ýa-da isleseler ondan hem has öň haj üçin yhrama girýärler. Haj üçin yhrama girenlerinden soň, nafile tawaf edýärler. Onuň yzyndan haj sa’ýyny berjaý edip, wakfe üçin Arafata çykýarlar.

Kyran hajyny edýän yhrama girende haj üçin hem niýet edendigi sebäpli, umre sa’ýyndan soň, saçyny gysgaltmaýar ýa-da syrdyrmaýar we yhramdan çykmaýar. Ol umre sa’ýyny berjaý edenden soň, gerek bolsa az salym dynç alyp, soňra kudüm tawafyny edip, tawaf namazyny okaýar. Islese haj sa’ýyny kudüm tawafynyň yzyndan, islese zyýarat tawafyndan soň edýär. Ol haçan sa’ý etjek bolsa, sa’ýdan öňki tawafda yztyba we remel edýär.

ç) Haj menasykynyň eda edilýän günleri.[düzet | çeşmäni düzet]

Haj menasyky zülhijjäniň 8-inden13-ine çenli aralykda amal edilýär. Bu günleriň her birinde amal edilýän menasyk şeýledir:
Terwiýe güni – zülhijjäniň 8-inde ifrat, temettu ýa-da kyran hajyny eden hajylaryň ählisi Mekgeden çykyp, Mina ýa-da Arafata gidýär. Terwiýe güni öýle namazyndan Arafa güni ertir namazyna çenli, bäş wagt namazy Minada okamak we gijäni şol ýerde geçirip, Gün dogandan soň Arafata tarap ýola düşmek sünnetdir.

Arafa güni – zülhijjäniň 9-ynda günortana çenli dynç alnyp, ybadat edilýär. Günortadan soň, mümkin bolsa gusul edilýär. Öýle we ikindi namazlary «jem’i takdim» bilen okalýar. Soňra wakfe edilýär. Bütin günüň dowamynda telbiýe, tekbir, tehlil, zikir, tesbih, salawaty şerife, doga, namaz-nyýaz, toba-istigfar, Kurany Kerimi okamak ýaly ybadatlar edilýär. Pygamberimiz: «Şu gün gözüne, gulagyna we diline ägä bolanyň eden günäleri bagyşlanar» diýipdir, (Ahmed b. Hanbel, «Müsned»). Gün ýaşandan soň agşam namazyny okaman Arafatdan Müzdelifä tarap ýola düşülýär, agşam we ýassy namazlary jem’i te’hir edilip okalýar. Baýram gijesi bu ýerde dynç alnyp ybadat bilen geçirilýär. Şeýtan daşlamak üçin ýeterlik daş alynýar.

Baýramyň ilkinji güni – ýewmi nahr (zülhijjäniň onunda) wagty giren badyna ertir namazyny okap, namazdan soň töwerek ýagtylýança wakfe edilýär. Gün dogmazdan öň Mina tarap ýola düşülýär.

Minada ilki Akabe jemresinde şeýtan daşlanýar. Mundan soň telbiýe aýdylmaýar. Soňra harem çäklerinde gurban kesilýär. Özi gurban kesmejek bolsa, bu işi birine tabşyrýar. Temettu we kyran hajyny edenleriň şükür gurbanyny kesmegi wajypdyr. Ifrat hajyny edýänleriň gurban kesmegi hökman däldir. Isleseler nafile gurban kesýärler.

Ifrat hajyny edýän Akaba jemresine daş atandan soň, temettu we kyran hajyny edýän bolsa, gurban kesenden soň saçyny gysgaldyp ýa-da syrdyryp yhramdan çykýar. Haj edýänler saçyny özi timarlasa hem bolýar. Yhramdan çykylandan soň, jynsy gatnaşykdan başga, yhramyň ähli gadaganlyklary aýrylýar. Jynsy gatnaşyk bilen baglanyşykly gadaganlyk zyýarat tawafy edilenden soň aýrylýar.

Şol gün, mümkin bolsa, Mekgä baryp, zyýarat tawafy edilýär. Öň haj sa’ýyny etmedik zyýarat tawafyndan soň ony berjaý edýär. Zyýarat tawafyny baýramyň ilkinji güni etmek has fazyletlidir. Ilkinji güni edip bilinmese, üçünji gün Gün ýaşýança hökman edilmelidir. Bu wajypdyr.

Baýramyň ilkinji güni zyýarat tawafyny eden tawafdan soň ýene Mina dolanyp gelýär. Çünki, şeýtan daşlanýan günlerde gijäni Minada geçirmek sünnetdir. Beýleki üç mezhebe görä bolsa wajypdyr.

Baýramyň 2-3 günleri günortadan soň, tertip boýunça, kiçi,orta we Akabe jemrelerinde ýedi-ediden daş zyňylýar. Kiçi we orta jemrelere daş atanyňdan soň, bir gyra çekilip doga edilýär. Akabe jemresinde şeýtan daşlanandan soň, doga üçin garaşman ol ýerden gidilýär. Bu iki gün öýleden öň şeýtan daşlanmaýar.

Baýramyň dördünji güni jemrelere daş atmajak ertir namazanyň wagty girmänkä Minadan gitmelidir. Onuň baýramyň üçünji güni Minadan çykyp gitmegi sünnetdir. Gün ýaşandan soňa galmak mekruhdyr. Dördünji gün daň atmanka Minadan gitmedik, şol gün üç jemräniň hersine ýedi-ediden daş atýar. Ýöne daş atmak işi günortana çenli gutarylmalydyr. Şeýtan daşlamak tamam bolandan soň, Minadan Mekgä tarap ýola düşülýär.

Afakylar Mekgeden çykmanka weda tawafyny edýär. Şeýlelikde, haj ybadaty tamamlanýar.

Hajda – aýallar[düzet | çeşmäni düzet]

Haj we umre ybadatynda aýalyň erkek kişiden tapawutly ýagdaýy şulardyr:

  1. Yhramlyka egin-eşik, ellik, aýakgap geýip bilýär. Başlaryny örtýärler. Aýalyň diňe ýüzleri açyk bolmaly.
  2. Telbiýe, tekbir, tehlil we doga edende sesini gataltmaýar.
  3. Tawafda yztyba we remel, sa’ýda bolsa herwele etmeýär.
  4. Yhramdan çykandan soň, saçynyň ujundan diňe bir barmak boýy çyrpýar.
  5. Erkekleriň arasynda gysylmazlyk üçin Hajerul-Eswedi daşyndan istilam edýär.
  6. Hajdan soň aýbaşyly bolsa, Mekgeden gaýtjak bolanda weda tawafyny etmeýär.
  7. Aýal aýbaşylyka hajyň tawafdan başga ähli menasykyny berjaý edip bilýär. Ol zyýarat tawafyny baýramyň ilkinji üç gününden soň berjaý edende ýa-da weda tawafyny terk edende jeza ýokdur.

Aýbaşyly aýal kudüm ýa-da umre tawafyny etmän Arafat wakfesini etmäge mejbur bolan ýagdaýynda:

a) Ifrat hajyny etmek niýeti bilen yhrama giren bolsa, arassalanandan soň, zyýarat we weda tawafyny edýär. Kudüm tawafyny terk edendigi üçin hiç hili jezasy ýokdur. Onuň hajy tamam bolýar.
b) Temettu hajy niýeti bilen yhrama giren bolsa, Arafata çykanda haj üçin niýet we telbiýe getirip, umre yhramyndan çykýar. Hajdan öň umre etmändigi üçin onuň hajy ifrat hajy bolýar. Bu ýagdaýda temettu gurbanyny kesmeýär. Ýöne hajdan soň bu umräni kaza etmelidir. Umre yhramyndan çykandygy üçin jeza gurbanyny kesýär.
Beýleki mezheplere görä, niýet we telbiýe aýtmak, umre yhramy bilen haj yhramyny birikdirýändigi üçin ol kyran hajyna öwrülýär. Şol sebäpli şükür gurbanyny kesmelidir. Ýöne hajdan soň umre üçin aýratyn tawaf we sa’ý etmeýär. Haj üçin edilen tawaf we sa’ý umre üçin hem ýeterlik bolýar.
ç) Kyran hajy üçin yhrama giren bolsa, umre tawafyndan öň Arafat wakfesini edendigi sebäpli, umresi bozulýar we ifrat hajyna öwrülýär. Bu ýagdaýda şükür gurbanyny kesmegi gerek däldir. Hajdan soň bu umräni kaza edýär. Şonuň üçin jeza gurbanyny hem kesmeýär.

Beýleki mezheplere görä umre bozulmaýar. Kyran üçin şükür gurbanyny kesmelidir. Umre üçin hajdan soň aýratyn tawaf we sa’ý etmeýär. Haj üçin edilen tawaf we sa’ý umre üçin hem ýeterlik bolýar.

Haj we umre bilen baglanyşykly gurban kesmek[düzet | çeşmäni düzet]

Hajyň we umräniň menasyky bilen baglanyşykly kesilen gurbana «hedý» diýilýär. Hedý – Käbe, Harem üçin hediýe – sowgat niýeti bilen kesilen gurban diýmekdir. Gurban baýramynda kesilen gurbanlara bolsa «udhiýe» diýilýär. Hediýe niýetlenen maldyr. Gurban baramyna niýetlenen malyň zerur bolan şertleri deňdir.

Miýkatyň çäginiň daşyndan haja gelenler myhman saýylýandygy üçin, udhiýe gurbany olara wajyp däldir. Olaryň wekil belläp öz ýurdunda gurban kesdirmegi hem hökman däldir. Ýöne isleseler bu gurbany olar nafile hökmünde kesip bilýär.

Kyran ýa-da temettu hajyna niýet edeniň gurban baýramynyň 1-2-3 gününde Haremiň çäginde hedý gurbanyny kesmegi wajypdyr. Kurany Kerimde bu barada

«Her kim haj bilen umräni berjaý edip, sogap gazanmak islese, ol özi üçin aňsat bolan gurbany kessin» diýilýär, (Bakara, 196).

Ifrat hajyny edýän üçin hedý gurbanyny kesmek wajyp däldir.

Goýun we geçiden kesilen gurbana «dem», sygyr we düýeden kesilen gurbana bolsa, «bedene» diýilýär.

Hedý gurbanynyň görnüşleri[düzet | çeşmäni düzet]

Tatawwu (nafile) we wajyp diýilýän iki görnüşi bardyr.

Tatawwu’ hedý[düzet | çeşmäni düzet]

Ifrat hajyny ýa-da diňe umre edýäniň bu menasyklar bilen baglanyşykly gurban kesmegi wajyp däldir. Ýöne islese, nafile hökmünde gurban kesip bilýär. Bu mustahapdyr.

Wajyp hedý[düzet | çeşmäni düzet]

Bu öz arasynda birnäçe görnüşe bölünýär:

a) Şükür hedý – temettu ýa-da kyran hajyny edýäniň bir möwsümde hajdyr umräni berjaý edendigine şükür niýeti bilen kesen gurbanydyr. Kyran we temettu hajy ifrat hajyndan fazyletlidir. Şonuň üçin bu gurbana şükür gurbany diýilýär.
b) Jeza hedý – hajyň wajyplaryndan birini sebäpsiz terk etmek, wagtynda berjaý etmezlik yhram ýa-da Haremiň çäklerindäki gadaganlyklaryň birini bozmak sebäpli kesilýän gurbandyr.
ç) Yhsar hedý – haj ýa-da umre üçin yhrama gireniňden soň, duşman, hassalyk, aýalyň ýanyndaky mähreminiň aradan çykmagy, pulunyň ýitmegi ýaly sebäp bilen haj ybadatyny tamamlaman wakfe ýa-da tawaf etmän yhramdan çykmaga mejbur bolan kişileriň kesen gurbanlaryna bolsa, «yhsar hedý» diýilýär.
d) Nezir hedý – Harem çäginde «keserin» diýlip niýet edilen gurbandyr.

Hedý gurbanlarynyň kesilýän wagty we ýeri[düzet | çeşmäni düzet]

Hedý gurbany Harem çäginde kesilmeli. Eger şeýle edilmese, tatawwu’dan başgasy täzeden Harem çäginde kesilmelidir. Gurban baýramynyň ilkinji üç gününde kesiljek hedý gurbanynyň Minada kesilmegi sünnetdir. Beýleki günlerde kesiljekleriň bolsa, Mekgede kesilmegi has sogaplydyr.

Temettu we kyran hajyny edýäniň şükür gurbany hökman baýramyň ilkinji üç gününde kesilmelidir. Ymamy Agzama görä, bu wajypdyr. Eger şol wagtda kesilmese, soňundan biri jeza, beýlekisi kaza niýeti bilen iki janly gurban kesilýär.

Ebu Ýusuf we Ymam Muhammede görä, şükür gurbanynyň eýýamy nahrda (gurbanlygyň ilkinji üç gününde) kesilmegi wajyp däl-de sünnetdir. Şonuň üçin gurban baýramy günlerinde sebäpsiz kesmän soňa goýmak mekruhdyr. Jeza hem gerek däldir.

Ymam Mälige we Ahmed b. Hanbele görä, temettu we kyran hajy üçin kesilýän şükür gurbany baýramyň ilkinji üç gününde kesilmelidir. Soňa galsa diňe kazasy hökmünde bir janly kesilýär.

Şafygy mezhebine görä bolsa, temettu we kyran hedýleri şükür gurbany däl-de, jeza gurbany saýylýandygy üçin belli bir wagtda kesmek hökman däldir. Yhrama gireniňden soň, islendik wagtda kesilip bilinýär.

Hedý gurbanynyň eti[düzet | çeşmäni düzet]

Tatawwu’ we şükür hedý gurbanlaryndan her kesiň, gurban keseniň özüniň hem iýmegi mustahapdyr. Ýöne nezir, jeza we yhsar hedýlerden eýesi iýip bilmeýär. Eger iýjek bolsa, iýen mukdarynyň bahasyny sadaka hökmünde mätäje bermelidir.

Gurban kesmegiň ýerine agyz beklemek[düzet | çeşmäni düzet]

Dürli sebäp bilen hedý gurbanyny kesip bilmedik haj möwsüminde üç gün, hajdan soň ýedi gün – jemi on gün oraza tutmalydyr. Ilkinji üç gün yhrama gireniňden soň, gurban baýramynyň ilkinji gününe çenli tutulmalydyr. Temettu hajynda: heniz haj üçin yhrama girmänkäň we umre yhramyndan soň, üç gün agyz beklemek bolýar. Ýöne, gurban baýramyndan öň, bu üç güni tamamlap bilmedik kişiniň orazasy gurbanyň ýerini tutmaz. Şol sebäpli gurban kesmezden saçyny syrdyryp ýa-da gysgaldyp yhramdan çykmaga mejbur bolan, Ymam Agzama görä, temettu ýa-da kyran hajyny edeni üçin şükür gurbanyny, şeýle hem wagtynda kesip bilmändigi üçin jeza gurbanyny kesmelidir. Ebu Ýusuf we Ymam Muhammede görä bolsa, şükür hedýleriniň eýýamy nahrdan soň kesilmegi mekruhdyr, ýöne jezasy ýokdur.

Hajdan soňky ýedi gün agyz beklemek teşrik günlerinden başga gün Mekgede tutsaň bolar. Ýöne öz ýurduňa dolanyp, soň tutmak has fazyletlidir. Üç we ýedi günlük agyz beklenende yzly-yzyna ýa-da arasyna gün salnyp amal edilse-de dürsdür. Ýöne ara gün salman tutmak has fazyletlidir.

Haj we umräniň jenaýatlary[düzet | çeşmäni düzet]

Haj ýa-da umrede berjaý edilmeli menasykdan biriniň terk edilmegine, wagtynda amal edilmezligine ýa-da yhrama gireniňden soň Haremiň çäginde gadagan bolan bir amalyň edilmegine – jenaýat diýilýär.

Haj we umrede edilen her bir jenaýatyň jezasy bardyr. Bu amallaryň jenaýatdygyny bilip-bilmezligiň arasynda tapawudyň bolmaýşy ýaly, sebäpli-sebäpsiz, ýalňyşyp ýa-da unudyp etmek hem deňdir. Ýöne bulary bilgeşleýin etmek günädir. Beýle adam onuň jezasyna amal etse-de, toba-istigfar hem etmelidir.

Haj we umräniň jenaýatlarynyň jezasy şulardyr:

  1. Haj ýa-da umräni kaza etmek,
  2. Bedene (düýe ýa-da sygyr) gurban kesmek,
  3. Dem (goýun ýa-da geçi) gurban kesmek,
  4. Sadaka (fytyr sadakasynyň mukdarynda) bermek,
  5. Fytyr sadakasyndan az mukdarda sadaka bermek,
  6. Oraza tutmak,
  7. Bahasyny tölemek.

Haj we umräniň bozulmagyna sebäp bolýan we kaza edilmegini zerur edýän jenaýatlar:[düzet | çeşmäni düzet]

  1. Haj üçin yhrama girenden soň heniz Arafat wakfesini etmänkä jynsy gatnaşykda bolan kişiniň hajy bozulýar. Bu haj geljekde kaza edilmelidir. Eden jenaýaty sebäpli bir «dem» gurban kesmelidir. Ýöne kişi Arafat wakfesinden soň, ýagny, saçyny syrdyryp ýa-da gysgaldyp yhramdan çykmazdan öň jynsy gatnaşyk etse hajy bozulmaýar. Ol jeza hökmünde bir düýe ýa-da sygyr gurban kesmelidir. Beýleki mezheblere görä şol ýagdaýda haj bozulýar.
  2. Umre üçin yhrama gireňden soň, umre tawafynyň ilkinji dört şawtyny berjaý etmänkä jynsy gatnaşyk edeniň umresi bozulýar. Bu kişi umräni taşlaman tamamlap yhramdan çykmaly. Soňra umräni kaza etmeli we eden jenaýaty sebäpli bir «dem» gurban kesmelidir.

«Bedene» gurban kesmegi zerur edýän jenaýatlar:[düzet | çeşmäni düzet]

  1. Arafat wakfesinden soň, ýagny heniz saçyny syrdyrman yhramlyka jynsy gatnaşykda bolmak.
  2. Zyýarat tawafyny jünüp halda berjaý etmek. Çünki tawafyň taharetli edilmegi wajypdyr. Aýalyň haýzlyka zyýarat tawafyny etse-de şonuň ýaly jezany zerur edýär.

Jünüp ýa-da taharetsiz halda edilen tawaf haýsy görnüşde bolmagyna garamazdan, taharet kylnyp, täzeden amal edilse jezasy aýrylýar. Jünüp halda edilen tawafyň taharetlenip täzeden amal edilmegi wajyp, taharetsiz edilen tawafyň bolsa taharet kylnyp täzeden amal edilmegi mendupdyr.

Beýleki üç mezhebe görä, hadesden taharet tawafyň syhhatynyň şertidir. Şonuň üçin taharetsiz ýa-da jünüp halda edilen tawaf batyldyr, dürs däldir.

«Dem» gurban kesmegi zerur edýän jenaýatlar:[düzet | çeşmäni düzet]

Bular haj we umräniň wajyplary we yhram gadaganlyklary bilen baglanyşykly jenaýatlar bolup, iki görnüşe bölünýär:==== a) Haj we umräniň wajyplary bilen baglanyşykly jenaýatlar: ====

  1. Miýkaty yhramsyz geçmek. Haj ýa-da umre menasykyndan heniz hiç zat edilmänkä, yzyňa dolanyp miýkatda yhrama girilse jeza aýrylýar.
  2. Sa’ý etmegiň iň azyndan dört şawtyny ýa-da ony doly terk etmek, ýa-da sebäp ýokka ýöräp berjaý etmek.
  3. Müzdelife wakfesini sebäpsiz terk etmek. Hassalyk, garrylyk ýa-da daryşganlyk sebäpli, müzdelifede wakfe etmediklere hiç hili jeza ýokdur.
  4. Şeýtan daşlamagy terk etmek ýa-da bir günde atylmaly daşyň ýarysyndan köpüsini wagtynda atmazlyk. Ýarysyndan köpüsi atylan bolsa, galan her bir daş üçin sadaka bermeli.
  5. Zyýarat ýa-da umre tawafynyň soňky üç şawtyny ýa-da diňe birini etmezlik.
  6. Afaky bolanlaryň weda tawafyny doly ýa-da iň azyndan dört şawtyny etmezligi.
  7. Zyýarat, umre we weda tawaflarynda setri awreti doly berjaý etmezlik.
  8. Zyýarat we umre tawaflaryny taharetsiz, kudüm we weda tawaflaryny jünüp halda berjaý etmek.
  9. Arafa güni Arafatdan Gün ýaşmanka ýola düşmek.
  10. Tertibe laýyk amal edilmegi wajyp bolan menasykda tertibi saklamazlyk. Meselem: zyýarat tawafyny baýram günlerinden soň etmek, jemrelerde şeýtan daşlamak tertibini saklamazlyk, Harem çäginiň daşynda ýa-da baýram günlerinden soň saçyňy gysgaltmak.

b) Yhram gadaganlyklary bilen baglanyşykly jenaýatlar:[düzet | çeşmäni düzet]

  1. Bir gezekde, şol bir ýerde we şol bir wagtda, tutuş bedeniňe ýa-da bedeniň bir agzasyna atyr sepmek. Eger-de dürli ýerde we dürli wagtda sepinilse, her bir agza üçin jeza möhümdir.
    Bir agzanyň hemmesine däl-de, diňe bir bölegine atyr sepinen kişi sadaka bermelidir.
    Yhrama sepilen atyryň ini we boýy bir garyşdan uly bolsa, ysyň täsiri bir gije-gündizläp ýitmese, bir «dem» gurban kesmelidir. Şol mukdarda we şol täsirde bolmasa sadaka bermelidir. Beýleki mezheplerde atyr sepinmegiň jezasy üçin mukdar we wagt şerti ýokdur. Diňe sepinmek ýeterlikdir.
  2. Bedeniň agzalarynyň birine ýa-da saç-sakgalyňa bezeg üçin saç ýagy ýaly zatlary çalmak, ýa-da hyna, saç boýagy bilen boýamak.
    Bejermek maksady bilen ulanylan derman, melhem ýa-da yssyz krem üçin jeza ýokdur.
  3. Erkek kişiniň gündiz-u- gije tikinli egin-eşik, jorap, aýakgap geýmegi, başyny we ýüzüni ýapmagy. Eger bular gijäniň ýa-da gündiziň möhletinden az wagtlyk geýilse sadaka berilýär. Şafygy we hanbeli mezhebine görä, jeza üçin az salym geýmek hem ýeterlikdir.
  4. Saçyň we sakgalyň iň azyndan dörtden birini kesmek. Mundan az bolsa sadaka bermek ýeterlikdir.
  5. Bir gezekde, şol bir ýerde dyrnagyň ählisini aýyrmak. El we aýagyň dyrnagy aýry-aýrylykda dürli wagtda aýrylsa, her biri üçin aýratyn jeza bardyr. Öz-özi gopan ýa-da döwlen dyrnak üçin jeza ýokdur.
  6. Saçyňy syrdyranyňdan ýa-da gysgaldanyňdan soň, heniz zyýarat tawafyny etmänkäň jynsy gatnaşykda bolmak.
  7. Yhramlykaň ýanýoldaşyň bilen oýnaşmak, öpüşmek.
  8. Hajda saç-sakgal syrmagyň ýa-da gysgaltmagyň keffareti:
    Hajda yhrama gireniňden soň hassalyk ýa-da başga bir betbagtçylyk sebäpli wagtyndan öň saçyny ýa-da sakgalyny syrdyrmaly bolan kişi keffaret bermelidir. Kurany Kerimde bu mesele şeýle düşündirilýär:
    «Sizden biriňiz hassa bolany ýa-da başyna bir ýara salnany sebäpli, wagtyndan öň saçyny syrdyrsa, ol agyz beklemeli, sadaka bermeli, ýa-da gurban kesmelidir» (Bakara 196). Pygamberimiz bu keffareti şeýle düşündirýär:
  9. Islese Harem çäginde bir «dem» gurban kesip bilýär.
  10. Islese halan ýerinde yzly-yzyna ýa-da ara gün salyp, alty gün agzyny bekläp bilýär.
  11. Islese, alty sany garyby ertirine we agşamyna ýa-da bir garyby alty günläp doýurýar.

ç) Fytyr sadakasynyň mukdarynda sadaka bermek bilen baglanyşykly jenaýatlar:[düzet | çeşmäni düzet]

  1. Bedeniň agzalaryndan biriniň hemmesine däl-de, bir bölegine atyr sepinmek ýa-da ýag çalmak.
  2. Saç we sakgalyň dörtden birinden azyny kesmek.
  3. El ýa-da aýagyň dyrnagyndan bir bölegini aýyrmak, ýa-da dürli wagtda aýyrmak. Şunda her bir dyrnak üçin aýratyn jeza bardyr.
  4. Gündiziň ýa-da gijäniň bir böleginde egin-eşik geýmek.
  5. Kudüm ýa-da weda tawafyny taharetsiz amal etmek.
  6. Weda tawafyny ýa-da sa’ýyň dördünji şawtyndan soňky şawtlaryny doly amal etmezlik, ýa-da ýöräp etmek. Amal edilmedik her şawt üçin aýratyn jeza möhümdir.
  7. Farz we wajyp bolmadyk tawaflarda setri-awreti berjaý etmezlik.
  8. Jemrelere daşy bolmalysyndan az atmak. Atylmadyk daşlaryň her biri üçin aýratyn jeza möhümdir.

g) Fytyr sadakasynyň mukdaryndan az sadaka bermek bilen baglanyşykly jenaýatlar:[düzet | çeşmäni düzet]

  1. Yhramsyz adamyň dyrnagyny ýa-da murtuny kesmek.
  2. Öz bedeniňden gyl goparmak.
  3. Çekirtge we ş.m. mör-möjegi öldürmek.

d) Bahasyny tölemek bilen baglanyşykly jenaýatlar:[düzet | çeşmäni düzet]

Haj möwsüminde yhrama giren musulmanyň aw awlamagy, peýwagtyna gögeren ösümligi goparmak haramdyr. Goparsa bahasy mukdarynda sadaka bermelidir. Adam eli bilen ekilen agaç we ösümlik goparylsa jezasy ýokdur. Kurany Kerimde bu mesele barada şeýle aýdylýar:

«Eý, iman getirenler, siz yhramlykaňyz aw etmäň. Içiňizden biri bilip aw etse, oňa jeza bardyr. Şol jeza içiňizden iki sany adyl şaýadyň beren hökümine laýyklykda, öldüren haýwanyna deň bir maly gurban kesmekdir. Bu Käbe üçin kesilýän bir hedý gurbanydyr ýa-da garyplary doýurmak, ýa-da agyz beklemekdir. Şeýlelikde, ol eden günäsiniň jezasyny çeker», (Mäide, 95).

Haj we umräniň jenaýatlarynyň jeza we keffaretiniň berjaý edilmeli wagty we ýeri[düzet | çeşmäni düzet]

Haj we umrede edilen jenaýatyň jeza we keffaretini berjaý etmek üçin belli bir wagt ýokdur. Ömrüň ahyryna çenli amal etseň bolar. Ýöne jenaýatyň haj ýa-da umrede döreden aýbyny näçe tiz aýyrsaň, şonça gowudyr. Ony berjaý etmän dünýeden öten, eger wesýet etmese günäkär bolýar. Wesýet edilmedik ýagdaýynda, mirasdüşerleri teberru (bagyş) hökmünde berjaý etseler dürsdür.

Agyz beklemek, sadaka bermek, bahasyny tölemek jezalarynyň amal edilmegi üçin belli bir ýer bolmagy şert däldir. Bular islendik ýerde we wagtda berjaý edilip bilinýär. Ýöne, jeza gurbany diňe Harem çäginde kesilmelidir. Gurbanyň we sadakanyň Harem çägindäki garyplara paýlanmagy hökman däldir.

Yhsar (Hajdan yza galmak)[düzet | çeşmäni düzet]

Haj ýa-da umre niýeti bilen yhrama gireniňden soň, hassalyk, duşman howpy, söweş, aýalyň mähreminiň dünýeden ötmegi sebäpli haj menasykyny berjaý edip bilmezlige yhsar diýilýär. Şafygy mezhebinde yhsar diňe duşmanyň howp salmagy sebäpli bolup bilýär.

Wakfe ýa-da tawaf amal edilen wagty yhsar bolmaýar. Yhsarly kişi eger umre ýa-da ifrat hajy üçin yhrama giren bolsa – bir, kyran hajy üçin yhrama giren bolsa – iki yhsar hedý kesip yhramdan çykmalydyr. Yhsar hedý Haremiň çäginde kesilýär. Eger yhsarly kişi Haremiň daşynda bolsa, Harem çäginde kesdirmek üçin öz adyndan janly ýa-da onuň bahasyny ibermelidir.

Fewat (Hajdan gijä galmak)[düzet | çeşmäni düzet]

Haj niýeti bilen yhrama giren kişiniň Arafat wakfesine ýetişip bilmezligine fewat diýilýär. Sebäpli-sebäpsiz Arafat wakfesine ýetişip bilmedik kişi şol ýyl haj zyýaratyny etmedik saýylýar. Şeýle ýagdaýa düşen kişi:

a) Ifrat hajyna niýet edip yhrama giren bolsa, umre edip yhramdan çykmaly. Ol geljek ýyllarda hajyny kaza etmelidir.
b) Temettu hajyna niýet edip, ilki umre, soňra haž üçin yhrama girse, wakfä ýetişip bilmändigi üçin temettu bozulýar. Ol şükür gurbanyny kesmeýär we ýene bir gezek umre edip yhramdan çykýar. Geljek ýyllarda diňe haj kazasyny etmelidir.
ç) Kyran hajyna niýet edip yhrama giren kişi wakfeden öň umre tawafyny we sa’ýyny eden bolsa, temettu hajyndaky ýaly ikinji gezek umre edip yhramdan çykýar. Eger ol umre tawafyny we sa’ýyny etmedik bolsa, ilki umre yhramyndan çykmak üçin tawaf we sa’ý edýär. Soňra bolsa haj yhramyndan çykmak üçin ikinji gezek tawaf we sa’ý edýär, saçyny timarladyp, yhramdan çykýar.

Wakfä ýetişip bilmän hajdan gijä galan kişi yhramdan çykmak üçin eden umresi yhsarly kişiniň kesen hedýsiniň ýerine saýylýandygy üçin ol gurban kesmeýär. Beýleki üç mezhebe görä, onuň hem gurban kesmegi wajypdyr.

Bedel hajy (Başga biriniň ýerine haja gitmek)[düzet | çeşmäni düzet]

Ybadat üç görnüşde: beden bilen, mal bilen ýa-da beden hem mal bilen berjaý edilýär. Haýsy görnüşde edilenine garamazdan, amal edilen bir ybadatyň sogaby başga kişä bagyşlanyp bilinýär. Özüne sogap bagyşlanan kişi ony kabul edip bilýär. Ýöne, bir kişi farz ybadatyny amal etmek üçin başga birini wekil edinip bilýärmi? Şeýlelikde, farz we wajyp bolan ybadatyň jogapkärçiligi onuň egninden aýrylýarmy?

Bu meselede: namaz, oraza, itikaf ýaly, diňe beden bilen amal edilýän ybadatda wekillik asla dürs däldir. Hiç kim başga biriniň ýerine oraza tutup, namaz okap bilmez. Çünki bedeni ybadatlar nebsi bet arzuwlardan, erbet gylyk-häsiýetlerden saklap, ýagşy duýgular bilen bezemek üçin meşrug kylnandyr. Şonuň üçin bedeni ybadatlar şahsyň hut özi tarapyndan amal edilmelidir.

Zekat, fytyr sadakasy we gurban kesmek ýaly diňe mal bilen amal edilýän ybadatlarda wekillik dürsdür. Mal bilen berjaý edilýän ybadatlaryň maksady mätäçleriň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak, jemgyýetde deňagramlylygy sazlamakdyr.

Haj ýaly, beden hem mal bilen berjaý edilýän ybadatlarda bolsa, garrylyk, hassalyk, aýalyň mähreminiň bolmazlygy ýaly zerurlyk sebäpli wekil edinmek bolýar. Ýöne haj farzyny amal etmäge güýji ýetýän biri bu farzy amal etmän, ýa-da ýerine wekil ibermän ölüm ýassygyna ýetse, dünýeden ötmeziniň öň ýany, ýerine biriniň haj etmegi üçin wesýet etmelidir. Bu wajypdyr.

Haj üçin wesýet edeniň mirasynyň üçden biri wekil iberip, haj etdirmäge ýetjek bolsa, mirasdüşerleri wesýeti ýerine ýetirýärler. Eger az bolsa, mirasdüşerleriň bu wesýeti amal etmegi hökman däldir.

Ölen wesýet etmedik bolsa, mirasdarlar wekil ibermäge borçly däldir. Ýöne wesýet bolsa-bolmasa, mirasyň üçden biri haj üçin wekil ibermäge ýetse-etmese mirasdarlar öz mallaryndan berip, wekil iberip haj etdirseler, öleniň haj borjy berjaý edilen saýylar.

Şafygy we hanbeli mezheplerinde wesýet şert däldir. Wesýet bolmasa-da mirasdarlaryň bedel ibermegi wajypdyr. Çünki, Pygamberimiz: hajy guluň beýleki bergilerine meňzedipdir.

Ölen belli bir mal ýa-da pul bölüp aýyrman, öz adyna haj edilmegini wesýet etse, mirasynyň üçden biri birden artyk haj etmäge ýetse-de, bir gezek ýerine bedel iberilýär. Eger belli mukdardaky maly ýa-da puly bölüp aýryp, şonuň bilen öz adyna haj etmegi wesýet eden bolsa, bu mukdar mirasyň üçden birinden artyk bolmazlyk şerti bilen näçe gezek haj etmäge ýetse, şonça-da wekil iberilýär. Ýöne merhumyň maksady ýeke-täk haj bolsa, bir gezek wekil ibermek ýeterlikdir.

Özüne haj farz bolan kişi şol ýyl haj niýeti bilen ýola çykyp, hajyny tamamlaman dünýeden ötse, onuň adyna haj edilmegini wesýet etmegi gerek däldir. Ýöne haj farz bolan ýyly däl-de, soňky ýyllar haj niýeti bilen ýola düşüp, haj edip bilmän dünýeden öten kişiniň ölmezinden öň wesýet etmegi wajypdyr.

Farz haj üçin wekil ibermegiň şertleri[düzet | çeşmäni düzet]

  1. Adyna haj ediljek kişi dünýäden öten ýa-da tapsyz garry, bäri bakmak umydy bolmadyk hassa, saparda özüne ýoldaş bolup biljek mähremi bolmadyk aýal ýaly haj etmek mümkinçiligi ýoklar bolmalydyr. Haj etmekden ejiz bolan kişi öz adyna wekil iberenden soň, özi haj etmäge ýarasa-da, täzeden haj etmegi hökman däldir. Ýöne wagtlaýyn näsag kişi ýerine wekil iberenden soň sagalsa, bu haj nafile ýerine geçýär. Beýle kişiniň özüniň hem haj etmegi gerekdir.
  2. Adyna haj ediljek kişä haj öňden farz bolmalydyr. Farz bolmadyk kişiniň adyna edilen haj nafile bolýar. Eger bu kişi mundan soň haj etmäge güýji ýetjek ýagdaýa gelse, täzeden haj etmelidir. Eger haj etmekden ejiz bolsa, täzeden bedel iberýär.
  3. Bedel iberiljek kişi musulman, akyly ýerinde we kämillik ýaşyna ýeten bolmalydyr. Şeýle hem ol kişiniň öň haj farzyny berjaý eden biri bolmagy has gowudyr. Şafygy we hanbeli mezhebine görä, wekiliň öň haj eden bolmagy hökmandyr.
  4. Wekiliň çykdajylary iberen tarapyndan tölenmelidir. Öz puly bilen başga biriniň adyna haj eden kişiniň özi üçin haj etdigi bolýar. Islese, sogabyny şol kişä bagyşlap bilýär. Ýöne mirasdar beýle däldir. Ol mirasdaryň adyna öz puly bilen haj edip bilýär. Wekil özüne berlen pul ýetmedik ýagdaýynda, öz pulundan goşsa, kimiň çykaran puly köp bolsa, haj şonuň adyna geçýär. Ýöne iberen wekiliniň çykaran pulny gaýtaryp berse, onda haj ibereniň adyna geçer.
  5. Wekil iberilen kişi ibereniň adyna niýet etmelidir. Niýetiň kalpdan edilmegi ýeterlikdir. Ýöne dil bilen her menasykda «pylany üçin niýet etdim» diýmegi has gowudyr.
  6. Wekil üçin belli bir nyrh kesmek bolmaýar. Çünki haj ybadatdyr. Ybadat diňe Allahyň razylygy üçin amal edilýär. Töleg tölenip amal edilen ybadat makbul däldir. Wekil özüne berlen puly tygşytlap hem, isrip edip hem bilmeýär. Iberen hajdan galan puluny yzyna alman wekile bagyşlap bilýär.
  7. Ibereniň islegini wekil hökman berjaý etmelidir. Meselem: ifrat hajyna emr edilen wekil kyran hajyny etse, bu dürs bolmaz. Bu wekiliň öz adyna haj etdigi bolar. Iberen haýsy görnüşde haj edilmelidigini anyk aýtmasa, diňe haj diýen bolsa, onda ifrat hajy edilmelidir. «Isläniňi edäý» diýip, wekiliň ygtyýaryna goýlan bolsa, wekil islän hajyny edip biler. Wekil ibereniň adyna haj ýa-da umre edenden soň, öz adyna-da haj ýa-da umre edip bilýär.
  8. Wekil wekilligi başga birine tabşyryp bilmeýär. Hassalyk ýa-da başga bir sebäp ýüze çyksa, ibereniň rugsady bilen ýerine başga birini wekil edip bilýär.
  9. Wekil hajy bozsa, alan puluny yzyna gaýtaryp bermelidir. Bilip eden jenaýaty üçin hedý we jeza gurbanynyň bahasyny özi tölemelidir. Ibereniň rugsady bar hem bolsa, temettu ýa-da kyran hajyny eden ýagdaýynda, kyran we temettu hedý gurbanyny öz pulundan kesmelidir. Yhsar gurbany bolsa, ibereniň pulundan kesilýär. Çünki munda wekiliň günäsi ýokdur.

Mesjidi nebewä we pygamberimiziň gabryna zyýarat[düzet | çeşmäni düzet]

Medineýi Minewwere Pygamberimiziň hijret ýurdudyr. Ol hijret edenden soň, galan ömrüni şu ýerde ýaşap, hezreti Äşäniň otagynda dünýäden ötüp, şol ýerde hem jaýlanandyr. Hezreti Ebu Bekr we hezreti Omar (r.anhuma) hem şol ýerde jaýlanypdyr. Mesjidi Nebiniň giňeldilmegi sebäpli, olar häzir mesjidiň içinde galypdyr. Resulullahyň mübärek jesedini saklaýan ýer şübhesiz, Ýer ýüzüniň iň şerefli ýeridir. Käbeýi Muazzamany zyýarat niýeti bilen haj edeniň Pygamberimiziň gabry-sagadatyny zyýarat etmegi hajyň iň soňky sünneti bolup, Allaha ýakynlaşmak we Resulullahyň söýgüsini köňlüne nagyş etmegiň iň täsirli ýoludyr. Käbir yslam alymlary haj eden musulmanyň hajdan öň, ýa-da soň, Pygamberimiziň guburuna zyýarat etmegini wajyp derejesinde möhüm saýypdyr. Sebäpsiz zyýarat etmezligi uly gaflat we hormat goýmazlyk hasaplapdyr.

Elbetde, Allahyň Resulynyň ýaşan ýerini görmek, aýagyny basan topragynda ýöremek, Onuň sahabalarynyň guburyna zyýarat etmek, olar bilen baglanyşykly hadysalary ýatlamak, wahýyň inen we teblig edilen bu mukaddes ýerleriň howasyndan dem almak her bir musulmanyň iň süýji arzuw-höwesidir. Bu duýgular bilen zyýarat edenler üçin Resuly Ekrem: «Dünýäden ötenimden soň maňa zyýarat edenler, dirikäm zyýarat eden ýalydyr» diýipdir, (Darakutni, Beýhaky). Başga bir hadysynda: «Gabryma zyýarat edenlere şefagatym hak bolar» diýse, (Darakutni, Beýhaky) ýene bir hadysynda:

«Kim sogap tamasy bilen Medinede maňa zyýarat etse, ol meniň goňşym bolar. Kyýamat güni oňa şefagat ederin», («Keşfül-hafa», Ali el-Kari, «Şehrüş-şifa») diýipdir.

Zyýaratyň edebi[düzet | çeşmäni düzet]

Medineýi Minewwerä giden kişi Pygamberimiziň gabry sagadatyna we mesjidine zyýaraty niýet etmelidir. Çünki, Mesjidi Nebewi zyýarat edilmeli üç mesjidden biridir. Pygamberimiz bir hadysynda bu barada şeýle aýdýar:

«Meniň şu mesjidimde okalan bir namaz, Mesjidi Haramdan özge mesjidlerde okalan namazdan sogap taýyndan has haýyrlydyr».

Zyýarat üçin ýola çykylanda köp-köp salawaty-şerife okalmalydyr. Çünki, Resulullaha (ﷺ) aýdylan salatu-salamlar oňa baryp ýetýär. Pygamberimiz bir hadysynda:

«Maňa juma güni we gijesine köp salawat aýdyň. Çünki, siziň salawatlaryňyz maňa ýetirilýär» diýipdir, (Ebu Dawud, Nesaýy).

Medinä barlanda, ilki mümkin bolsa gusul etmeli. Bolmasa taharet kylyp, ysly atyrlar sepinmeli. Salawaty şerife okap, Mesjidi Nebewä tarap ýola düşmeli. Mesjide Selam, ýa-da Jibril gapysyndan girilýär. Kerahat wagty däl bolsa, münberiň ýanynda iki rekagat tahyýýatül mesjid namazy okalýar. Soňra bolsa, iki rekagat şükür namazy okalýar. Doga-dileg edilýär.

Pygamberimiziň gabry bilen minberiniň aralygyna «Rawzaýy Mutahhara» diýilýär. Pygamberimiz bir hadysynda «Öýüm bilen minberimiň arasy jennet bossanlaryndan bir bossandyr» diýipdir, (Buhary).

Namazdan soň Resuly Ekrem Serwerimiziň gabry-sagadatyna tarap geçilýär. Pygamberimiziň mübärek başynyň deňinde, 2-3 metr aralykda ýüzüňi Resulullaha, arkaňy Kybla tarap öwrüp, kemaly hormat we edep bilen salam berilýär. Başgalar tarapyndan iberilen salam hem Serwerimize ýetirilýär. Resulullaha dirikä nähili hormat we sylag edilen bolsa, aradan çykandan soň hem şeýle edilmelidir. Şonuň üçin gaty ses bilen salam berilmeýär. Gabry-sagadaty sypalmaýar, öpülmeýär, daşyna aýlanylmaýar, öňünde eglip tagzym edilmeýär. Beýle hereketler mekruh we bid’atdyr. Şeýle hem gabry-sagadata tarap sejde etmek haramdyr. Ybadat maksady bilen edilse – kufrdir.

Soňra sag tarapa süýşüp, hezreti Ebu Bekiriň başujyna gelinýär. Oňa doga edip, salam bereniňden soň, hezreti Omaryň başujuna barylýar. Oňa hem salam berlip, doga edilýär. Ýene Pygamberimiziň başujuna gelnip, kybla tarap öwrülip doga edilenden soňra, mesjidiň Ebu Lübabe we Hannane sütünleriniň arasynda namaz okap doga edilýär. Mundan soň beýleki zyýarat ýerlerine tarap gidilýär.

Medineýi Münewwerede bolnan wagtyň dowamynda bäş wagt namazyňy Mesjidi Nebewide okajak bolmaly. Boş wagtlaryňda kaza we nafile namazy okamaly. Mümkinçilik bolan her pursatda Resulullahyň gabryny zyýarat etmeli. Ýagdaý bolsa Kurany hatm etmeli. Ýurduňa dolanjak wagtyň Resulullaha ýene bir gezek zyýarat edip hoşlaşmaly.

Medineýi Münewwerede zyýarat ýerleri[düzet | çeşmäni düzet]

Kuba mesjidi[düzet | çeşmäni düzet]

Pygamberimiz (ﷺ) Mekgeden Medinä hijret eden wagty ilkinji düýbi tutulan mesjid – Kuba mesjididir. Resulullah şenbe günleri Kuba mesjidine zyýarat edip, ol ýerde namaz okar eken. Ibni Mäje we Ahmed b. Hanbeliň rowaýat eden bir hadysy şerifinde Pygamberimiz:

«Kim öýünde gowy ýuwnup, taharet kylandan soň, diňe zyýarat maksady bilen namaz okamak üçin Kuba mesjidine gitse, umre sogabyny gazanar» diýipdir.

Şonuň üçin şenbe günleri Kuba mesjidine zyýarat etmek mustahapdyr.

Mesjidi juma[düzet | çeşmäni düzet]

Pygamberimiz hijret edende juma güni Kubadan Medinä tarap barýarka, Ranuna jülgesine gelende öýle wagty girdi. Älemleriň Serweri ilkinji juma namazyny şol ýerde okatdy. Bu ýerde soňra Mesjidi juma atly mesjid salyndy.

Mesjidi Kyblateýn[düzet | çeşmäni düzet]

Yslamyň ilkinji ýyllarynda hijretden öň Pygamberimiz Mekgede Makamy Ibrahimiň yzynda durup mesjidi Aksa tarap bakyp namaz okaýardy. Şeýlelikde, hem Käbe, hem Mesjidi Aksa onuň öňünde bolýardy. Medinä hijret edende, Mesjidi Aksa tarap bakyp namaz okamaly bolanda, Käbe arkasynda galýardy. Muňa Pygamberimiz gynanýardy. Hijretden on sekiz aý geçenden soň, şaban aýynyň on bäşinji güni Resulullah (ﷺ) Seleme ogullarynyň ýurdunda öýle ýa-da ikindi namazynyň farzyny okadyp durka, ikinji rekagatyň ahyrynda şu aýat inýär:

«Ýüzüňi göge öwrüp duranyňy görýäris. Seni, elbetde, hoşal etjek Kybla tarap öwreris. Ýüzüňi derrew Mesjidi Harama tarap öwür. Eý, mukminler, siz hem nirede bolsaňyz-da, namazda ýüzüňizi şol tarapa öwrüň», (Bakara 144).

Mundan soň, Pygamberimiz namazyny bozman, Käbä tarap öwrülýär. Jemagat hem şol tarapa öwrülýär. Şeýlelikde, Mesjidi Aksa tarap durlup okalan namazyň soňky iki rekagaty Käbä tarap öwrülip okaldy. Şol sebäpli, bu mesjide iki kyblaly mesjid manysynda «Mesjidi Kyblateýn» diýlipdir.

Ýedi mesjidler[düzet | çeşmäni düzet]

Hendek söweşiniň bolup geçen meýdanynyň ýakynynda ýedi sany kiçi mesjid gurlupdyr. Bulara «Mesjidi Fetih» hem diýilýär.

Bulardan başga Medinede Mesjidi Nebewiniň günbatarynda Gamame, Ebu Bekir, Omar, Aly we Bilal atly kiçi mesjidler bar.

Bakyg gonamçylygy[düzet | çeşmäni düzet]

Mesjidi Nebewiniň gündogar tarapynda ýerleşýän bu gonamçylyk Pygamberimiziň döwründen bäri Medinäniň gonamçylygydyr. Bu ýerde üçünji halyf hezreti Osman, Pygamberimiziň agasy hezreti Abbas, bibisi hezreti Safiýe, iň kiçi ogly Ibrahim, gyzlary Rukiýe, Ümmü Gülsüm we hezreti Fatma, agtyklary Hasan we Huseýin, emişen dogany Osman Ibni Maz’un, päk aýallary we olardan başga-da on müň töweregi sahaba we tabi’undan ençeme ulamalar depin edilipdir. Häzirki döwürde gapylary ýapyk bolandygy üçin bu gonamçylyga diňe daşyndan zyýarat edilýär.

Uhud şehitleri[düzet | çeşmäni düzet]

Uhud Medinäniň bäş km. demirgazygynda ýerleşýän dagyň adydyr. Hijretiň üçünji ýylynda Mekgäniň müşrikleri bilen bolan söweşde Ashaby Kiramdan ýetmiş kişi şehit bolup bu dagyň eteginde jaýlanypdyr. Pygamberimiziň agasy şehitler seýýidi hezreti Hamza, Mus’ab b. Umeýr. Enes b. Mäligiň agasy Enes b. Nadr olaryň arasyndadyr. Uhud şehitlerini mümkin bolan ýagdaýynda penşenbe güni zyýarat etmek gowy görülýär. Çünki Pygamberimiz şol gün Uhud şehitlerini zyýarat eder eken.

Mekgeýi Mukerremede zyýarat ýerleri[düzet | çeşmäni düzet]

Resulullahyň dünýä inen jaýy, Pygamberimiziň ilkinji aýaly hezreti Hatyjanyň, atasy Abdulmuttalybyň, agasy Ebu Talybyň jaýlanan «Jennetul Mugalla» diýilýän Mekge gonamçylygy, Resulullaha wahýyň ilki inen ýeri Hira Nur dagy, hijret wagty Pygamberimiz bilen Ebu Bekiriň gizlenen Sewr gowagy, «Jyn» suresiniň inen ýerinde gurlan «Jyn» atly mesjid, Hajerul Eswediň alnan we Şakky Kamer mugjyzasynyň bolan ýeri – Ebu Kubeýs dagy Mekgede zyýarat edilýän belli ýerlerdir.

Haj we ümre zyýaratynda edilmeli dogalar[düzet | çeşmäni düzet]

Mekgeýi Mukerremä gireniňde okalýan doga[düzet | çeşmäni düzet]

اللَّهُمَّ إِنَّ هَذاَ الْبَلَدَ بَلَدُكَ وَ الْبَيْتَ بَيْتُكَ جِئْتُكَ أَطْلُبُ رَحْمَتَكَ وَ أَؤُمُّ طاَعَتَكَ، مُتَّبِعـاً ِلأَمْرِكَ راَضِياً مُسَلِّماً ِلأَمْرِكَ. أَسْأَلُكَ مَسْأَلَةَ الْمُضْطَرِّ إِلَيْكَ الْمُشْفِقِ مِنْ عَذاَبِكَ أَنْ تَسْتَقْبِلَنِى بِعَفْوِكَ وَ أَنْ تَتَجاَوَزَ عَنِّى بِرَحْمَتِكَ وَ أَنْ تَدْخُلَنِى جَنَّتَكَ.

اللَّهُمَّ افْتَحْ لَنَا أَبْواَبَ رَحْمَتِكَ وَ أَدْخِلْناَ فِيهاَ وَ أَعَذْناَ مِنَ الشَّيْطاَنِ الرَّجِـيمِ. اللَّهُمَّ صَلِّ وَ سَلَّمْ عَلَى سَيِّدِناَ مُحَمَّدٍ وَ عَلَى آلِهِ وَ صَحْبِهِ أَجْمَعِـينَ.
Allahdan başga ilah ýokdur. Ol ýeke-täkdir, Onuň şärigi hem ýokdur. Mülk diňe Onuňkydyr. Hamd diňe Oňa ýaraşar. Ol her bir zada Kadyrdyr. Ýüregiň gysmagyndan, gabyr azabyndan, garyplyk we küfürden, Käbäniň Rabbyna sygynýaryn. Allahym! Serwerimiz hezreti Muhammed Mustafa, Onuň içersine we ashabyna salatu salam eýle.

Allahym şu mübärek Beýtiň şerefini, hormatyny, azamatyny, beýikligini we ýagşylygyny artdyr. Şeýle hem Oňa hormat we tagzym edip, Haj-umre maksady bilen Ony zyýarat edenleriň hem şerefini, abraýyny, mertebesini belende göter, ýagşylyklaryny artdyr.

Tawafyň her şawtynda okalýan doga[düzet | çeşmäni düzet]

Bellik[düzet | çeşmäni düzet]

Salgylanmalar[düzet | çeşmäni düzet]