Nikäh

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Türkiýe 1837-nji ýyl.

Nikäh (arap. نكاح‎‎‎ — nikalaşmak), jawaz, zawaj, urs — yslamda erkek bilen zenanyň nikalaşmagyna aýdylýar. Nika döwlet tarapyndan bellenilýän «zags» däldir.

Nikasyz, nika dogry kylynman, nika bozukly (talak) ýaşaşmak gadagan.

Nika dogry (sahih) bolmagy üçin birnäçe şertler bar:

  1. Olar biri-birine mähram bolmaly däl.
  2. Musulman bolmaly. (Musulman zenan diňe musulmana çykyp biler. Musulman erkek iudeýi ýa-da hristiany alyp biler, emma bu mehruhdyr. Ýöne alymlara görä, iň gowysy musulman zenana öýlenmekdir. Sebäbi adaty musulmanlara hakyky iudeýi we hristiany bilmek kyndyr. Musulman däl ýurtda mehruh tahrim. Emma yslamy kabul etse mustahabdyr. Alymlara görä namaz okaýan musulman — namaz okaýan musulman bilen, we namazy ýaltalyk (we ş.m.lar) zerarly okamaýan emma parzdygyny inkär edmeýän özi ýaly namaz okamaýan musulman bilen durmuş gursa dogry bor diýip hasap edýärler. Ýöne ýene esasy zat özüni zynadan goraýan, awrat ýerlerini ýapýan musulman saýlamalydyr.)
  3. Musulman erkekiň 4-den köp aýaly alyp bilmez. Musulman zenanyň 1-den köp äri bolup bilmez.
  4. Wagtlaýyn ýaşaşmak niýeti gadagan.
  5. Erkek çykjak gyza mähr tölemeli. (wajyp hem bolsa inkär etmän bellenen wagtda tölemeli[1])
  6. Iň azyndan bir erkek we iki zenan (ýa-da iki erkek) şaýatlyk etmek üçin nika gatnaşmaly. Bular musulman bolmaly. Diňe zenanlardan bolan şaýatlar bolmaýar.
  7. Ikisiniň hem durmuş gurmaga öz razylygyny bermeli.


Nikany bozýan zatlar[düzet | çeşmäni düzet]

  1. (Bilgeşleýin, ýagny) ozal ikisi hem musulman bolan äriň ýa-da aýalyň (aňly bolup) dinden çykmagy.
  2. Ozal ikisi hem kapyr bolan äriň ýa-da aýalyň yslamy kabul etmegi. (Hanefi mezhebine göre yslamy kabul eden beýlekä ol hem «yslamy kabul etjekmi ýa-da etmejekmi» soramaly. Eger kabul etmejekligi hakda aýtsa, onda aýrylyşmaly. «Iddä» möhlet geçýänçä garaşmaly we şondan soň aýrylyşmaly. Emma zenan dinden çykan bolsa, iddä döwrüni garaşmagy gezek däl, ýöne zenan hristianlyga ýa-da iudeýçilige geçen bolsa garaşmaly. Eger-de äriň aýaly hristianlyga ýa-da iudeýlige geçse onda nikada galsa bor.
  3. Zyna
  4. Üçünji talak (birinji we ikinji talakda idda wagty dolan soň)


Şeýle-de[düzet | çeşmäni düzet]

Bellik[düzet | çeşmäni düzet]

  1. Mähr tölemelidigi hakda Kuranda bardyr.

Salgylanmalar[düzet | çeşmäni düzet]