Mähr

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Mähr (arap. مهر‎‎ — gelin üçin töleg, galyň). Öýlenýäniň durmuşa çykýan gyza berýär puly (ýa-da ş.m). Gyza berilýän mähr diňe gyzyň özüne degişlidir. Käbir ýurtlarda däp bolan «kalym» däldir, ýagny kalym öýlenjegiň gyzyň ene-atasyna berýän puly. Mähr hökmünde altyn, kümüş ýa-da pul (we ş.m.lar) bolup biler. Mähriň mukdaryny gyzyň özi çözýär. Mähriň belli bölegini gyz ärine berip biler. Buny bermek üçin gyzyň akyl-huşy ýerinde (däli däl) bolmagy şertdir.

Hanefi mezhebinde mähr tölemek wajybdyr, mäliki mezhebinde farzdyr. Ýöne mähr nikaň rukni däl. Mähri nikadan öň ýa-da nika kylynýarka beriljek mähriň mukdaryny aýtmaly, bolmasa (ýagny, möçberini aýtmasa) şol maşgalaň zenanlaryna berilýän mähr mukdaryny bermeli bolýar (mähr misl). Mähr nika wagty gowşurylyp bilner. Mähriň wagtyny nikadan soň belli bir wagt aralykda bermäni şertleşip bolar, emma talak berilende bellenen mähriň möçberi hökman bermelidir.

Hanefi mezhebine göre iň az mähriň möçberi 33.6 gram kümüş ýa-da 4.8 gram altyn. Iň köp möçberi tükeniksiz.

Alymlara görä, ortaça mähr 500 dirhem — 1487 gram kümüşe deňdir. Ýöne mähriň möçberi gyzyň we oglunyň ýaşyna, ýaşan ýerine (ýaşajak ýerine), ýaşaljak ýeriň finans ýagdaýy we ş.m.lara bagly bolup biler.

  • Eger-de nikadan soň gyzyň özi aýrylyşjak bolsa, mähri oglana gaýdyp bermelidir.
  • Eger-de oglunyň özi jyns gatnaşykdan soň aýrylyşjak bolsa, mähr gyzda galýar we idda döwri dynýança gyz oglandan aýratyn (ýerde) ýaşamaly we onuň iýip işjegi bilen üpjün etmeli.
  • Eger-de är aýaly bilen nikadan geçip heniz jyns gatnaşyk etmedik bolsa mähriň ýarysy gyzda galýar, aýalyň öz äri bilen ylylaşyp belli bir möçberini ärine berse gowy bolar, sebäbi oglan ýene-de indiki öýlenjegine mähr tölemelidir. Bu halda idda döwrüne garaşylmaz, edil şol gün oglan başga biri bilen nikalşyp biler we şol gün gyz başga biri bilen nikalşyp biler.

Mähriň görnüşleri[düzet | çeşmäni düzet]

Mähr nikahdan öň, ýa-da nikah wagty taraplaryň ylalaşmagy göz öňüňde tutulyp «mehri musemma», «mehri misl», öňünden tölemek, ýa-da soňra tölemek taýyndan «mehri muajjel», «mehri muýejjel» diýen görnüşleri bardyr.

  • Mehri musemma – mukdary öňünden ýa-da nikah wagty bellenen mährdir.
  • Mehri misl – öňünden ýa-da nikah wagty mukdary bellenilmedik mehirdir. Bu ýagdaýda gyz ýakyn garyndaşlaryndan: agasynyň gyzynyň, aýal doganynyň alan mukdaryça mehr almaga hukuklydyr.
  • Mehri muajjel – öňünden ylalaşylyp, öňünden berlen mehirdir.
  • Mehri muýejjel – soňundan berilmek şerti bilen mukdary ylalaşylan mehrdir.

Nikah wagtynda mehri muajjeliň we mehri müýejjeliň mukdary agzalmalydyr. Mehir we gyz üçin berlen sowgatlar gyzyň malydyr. Gyzyň rugsady we razylygy bolmasa, ene-atasy şol mala eýe çykyp, harçlap bilmeýär. Gyz durmuşa çykandan soň, islese alan mehrini ärine bagyşlap biler.


Salgylanmalar[düzet | çeşmäni düzet]