Hanefi mezhebi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Hanefi mezhebi (arap. اَلْحَنَفِيَْة‎‎), ýa-da (arap. الْحَنَفِيُ‎‎) — yslamyň sünni mezhebinden biridir. Ynamda Hanefi mezhebi «Maturidi» mezhebidir. Esaslandyryjy Ebu Hanife (699-767). Bu mezhep Türkiýede, Balkanlarda, Türküstanda, Täjigistanda, Owganystanda, Müsürde, Iordaniýada, Bangladeşde, Türkmenistanda, Tatarystanda we Päkistanda örän köp duş gelýär. Ilat sany boýunça dört sünni mezhebinden iň ulusydyr. Onuň yzyna eýerijiler tutuş Yslam dünýäsiniň takmynan 56% -ini emele getirýär. Hanefi mezhebi häzirki döwürde iň köp uýulýan fykh mezhebidir. Olar takmynan 1 milliard töweregidir. Bu mezhebiň pikirleri Äl-Ihtiýar atly eserde jemlenendir.[1]

Salgylanmalar[düzet | çeşmäni düzet]

  1. HANEFÎ MEZHEBİ, TDV Islam Ansiklopedisi, 1997