Mazmuna geçiň

Türkmensähra

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Türkmensähranyñ baýdagy
Türkmensähranyň baýdagy

Türkmensähra Eýran Türkmenleriniň iň köp ýaşaýan sebitidir.

Eýran Türkmenleri Türkmenistan bilen Owganystan Türkmenleriniň ýaşaýyş ýerleri bilen goňşy bolan Gülistan, Demirgazyk Horasan, we Rezewi Horasanda ýaşaýandyrlar.

Türkmenistanyň Günbatarynda ýerleşýan Türkmensähra Hazar Deňizinden başlap Owganystan serhedine çenli dowam eder.

Şeýlelik bilen Türkmensähra sebiti de Gülistan, Demirgazyk we Rezewi Horasan welaýatlarynyň bir bölegidir.

Eýranyň kartasyndan Türkmensähranyň ýerleşýän ýeri

Eýranda Türkmenler iň köp Gülistan welaýatynda ýaşaýar. Bu welaýatdan soň demirgazyk Horasan bilen rezewi horasan Türkmenleriň iň köp ýaşaýan sebitleridir.

Türkmensähranyň iň köp Türkmen ilatyna eýe bolan şäheri Kümmet Gowuz (Parsça: Gonbad Kavus-گنبد کاووس) şäheridir.

Türkmenleriň we Türkmensähradaky ýaşaýan Türkmenleriň milli şahyry bolan Magtymguly Pyragyny ýüreklerinden alan Gökleň we Ýomut taýpalary, Eýranda türkmenligini iň köp goraýan jemgyýet hökmünde tanalýar. Mundan daşary Türkmenistan, Türkiýe we başga türki milletlerinini özlerine dogan hökmünde görüp, ynançlaryna, batyrlyklaryna buýsanyp ýaşaýan taýpadyr. Eýrandaky Türkmenleriň sany 3 mln - dan geçýändigi bilinýär. Dünýä banky ýurtlar profilindäki sana görä Eýranyň doly halkyny 66 mln hasap edemizde onuň 42 % Türkler tutýar.

Türkmenistanyň serhedindäki Bender Türkmen, Kümüşdepe, Akgala, Ambarolum, Inçeburun, Siminşäher, Daşlyburun, Kelala, Marawadepe we Jergelan ýaly şäherlerde-de ilatyn köpüsi Türkmendir.

Munuň bilen birlikde Bojnurd we Meşhed, Çabahar, Türbetjam we Tahran ýaly şäherlerde-de köp sanly Türkmen ýaşaýar.

Türkmenleriň Eýranda bolmalary miladynyň başlaryna çenli daýanýar. Eýrandaky ilkinji taýpalaryň "Gyzyl" we "Ak han" türkmenleridigi aýdylýar. 1040 njy ýylda Eýran topraklaryna höküm eden Gaznalylar bilen Seljuklaryň arasynda geçen Daňdanakan urşynda Gaznalylaryň ýeňilmesi bilen Eýranyň gapysy Türkmenlere doly açyldy. Şu ýyldan soň Türkmenler 1000 ýyllap Eýranda agalygyny gorap gezdi. Şo wagtyň içinde Eýrany Seljuklar, Timurlar, Ilhanlylar, Ak goýunlylar we Gara goýunlylar dolandyrdy. Asyrlar boýunça Türkmenleriň elinde galan Parslar 1925 nji ýylda medeniýeti doly eýeledi. Şundan soňra olar Türkmenleri özlerine biraz howp hökmünde görip olara garşy taýynlyklar düzüp ugradylar. Eýranda ýaşaýan Azerilerden soňra Türkmenlerin iň köp ýaşaýan ýeri Türkmensähradaky Sünni Türkmenler bolupdyr. Bu ýer Eýrança "Deşt-e Gorgan" diýilsede Türkmenleriň arasynda Türkmensähra diýip atlandyrylýar. Bu ýer Türkmenistanyň çäginden başlap Hazar deňzine çenli uzaýar we bu ýer Gülistan welaýatynda ýerleşýar. Eýranda Türkmenler "Salyr", "Teke", "Ýomut" "Gökleň", " taýpalaryndandyr. 1881 nji ýylda Eýran bilen Russiýanyň arasynda bir şertnama gol çekilýär we bu iki ýurt tarapyndan paýlaşylýar. Şeýlelik bilen Russiýanyň içinde galanlar Türkmenler diýip atlandyrlanda Eýrandaky galan Türkmenler "Eýran Türkmenleri" diýip atlandyryldy. Eýranda ýaşaýan Türkmenler özleriniň azatlygy üçin 1920 njy ýyldan garşy gelip başladylar. 1924 nji ýylyň 20 nji maýynda Türkmenler Eýran topragyndan aýrylyp garaşsyz "Türkmen respublikasy"-ny döretdiler. Türkmenler özleriniň asyrlardyr ýaşaýan topraklarynyň azatlygy üçin göreşýärdiler. Türkmenler Eýran bilen başa çykmak üçin güýçli serkerdelere mätäçdi, şo sebäpli harby okuw açmak gerekdi. Türkmenler Türkiýedäki serkerdeleri mugallym hökmünde çagyrdy. 1925 nji ýylda Eýran Türkmenlere uly garşylyk görkezdi. Şo wagtlar iňlisleriň kömegi bilen tagta geçjek bolýan Ryza hanyň tagta geçmek üçin bir garşylygy galypdy, olam Türkmenleriň aýaga galmasyny ýatyrmakdy. 1925 nji ýylyň iýun aýynda "Bocnurd" meýdanynda hökümet bilen Türkmenlerin arasynda kiçiräk uruşlar boldy. Bu uruşlaryň netijesinde Eýranyn harby güýjinden ejiz gelen Türkmenler Sähra tarap çekilmeli boldylar. Şo ýylyň iýul aýynda Türkmenleriň ulylary aralarynda ýygnak geçirdiler we "Eýran garaşsyz Türkmen döwletini tanaýança garşylyga dowam" diýdiler. Ýöne ýygnagyň göni yzyndan 22 nji iýulda Maşatda Hanı Moazzez we ýanyndaky adamlara "Türkmenler bilen Eýran hökümedine garşy gitdi" sebäbi bilen ölüm jezasy berildi. Bu jezalar Türkmen hereketlerini durduryp bilmedi we bu jeza Eýran hökümediniň biraz gowşamasyna sebäp boldy. 1925 nji ýylyň oktýabr aýyndan başlap Türkmenler Eýranlaryň garşysynda kyn ýagdaýa düşdiler. Eýran hökümedi Türkmenleriň köp bolýan ýerlerine garşy hereket edip Türkmenleriň direnişini duzurdylar. Ryza hanyň tagta geçmegi bilen birlikde Türkmenleriň ýagdaýy has agyrlaşdy we 1925 nji ýylyň 12 nji noýabrynda Osman Ahun we beýleki Türkmenlerin köpüsi Sähradan çekilip Türkmenistana geçmeli boldylar. 1925 nji ýylyň dekabr aýyna geçilende bolsa Türkmenleriň herekedi doly ýatyrlypdy. Ryza han tagta geçip, Türkmenleriň herekedini doly ýatyrandan soňra, ýene Türkmenleriň aýaga galmazlygy üçin birtopar işler geçirip ugrady. Bu işleriň başynda ilki bilen Türkmenleriň ýaragyny ýygnady. Soňra Türkmenleriň köp bolýan her ýerine Eýran gözegçilerini goýdy. Bu zatlaryň daşynda iň erbedi bolsa Türkmen jemgyýetini doly ýatyrmak, Türkmenleri "Eýranlaşdyrmak" "Parslaşdyrmak" üçin Türkmen mekdepleriniň ýapylmasydy. Muňa derek Pars dili öwredýan okuwlar açylyp ugrady. Şuwagtam okuwlarda Türkmenler Parsça okaýarlar we Parsçany gowy bilýärler. Muny Türkmensähra diýlende ilkinji ýada gelen Emin Rasen gardaşymyz hem aýdypdy. Bu zatlar has ulaldy we soňra Türkmenleriň milli eşiklerini geýmesi, milli tagamlaryny iýmesi, däp - dessurlaryny etmeleri hem gadagan edildi. Eýran hökümedi Türkmenleri has beter syndyrmak üçin gaty uly ýola baş goşdy. Eýranda ýaşaýan kürtleri Türkmenleriň ýaşaýan ýerine göçürip, kürtleri Türkmenlere garşy ýarag hökmünde ulanjak boldy. Ýöne hökümediň bu islegi başa barman, "Türkmen - Kürt doganlygy" peýda boldy we aralarynda hiç bir oňuşmazlyk bolmady. Türkmenler Eýranlylardan ýaragda yza galmalary bilen birlikde syýasetdede yza galypdyrlar.

Taryhdan häzirki wagta çenli

[düzet | çeşmäni düzet]

Şuwagtky ýagdaýlary unudylan hökmünde diýip bileris. Türkiýe hem Eýrandaky ýaşaýan Türki halklaryndan ýekejede habar tutanok, hatda olarda o barada ýekejede maglumatam ýok, Atatürk döwründe Atatürk Eýrandaky Türkmenlere başardygyça kömek edipdir, ýöne ol ölenden soňra Türkmenler unudyldy, we şo unudylanlygy 20 nji ýüz ýylyň soňuna çenli dowam etdi. Eýranda ýaşaýan Türkmenler özleriniň asudalygyny, atlaryny gorap saklamak üçin ýekeje özleri öz başyna hereket etýärler. Türkmensähradaky Türkmenler 1991 nji ýylda döredilen "Dünýä Türkmenleri ynsanperwer birligi" ýygnaklarynda, şo döwrüň hökümeti Saparmyrat Nyýazow tarapyndan ýatlanypdyr. Soňra syýasy işler maslahatlar ýüzünden Eýrandaky Türkmenler ýene ýalňyzlyga itildi.

Eýran Türkmenleri hakynda bir wideo

Eyran Türkmenlerinden bir wideo klip: Küştdepdi