Büjnürt

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search
Büjnürt
بجنورد
Bäş Gardaş çeşmesi
Bäş Gardaş çeşmesi
Büjnürt is located in Eýran
Büjnürt
Büjnürt
Coordinates: 37°28′30″ dg. g. 57°20′00″ gd. u. / 37.47500° dg. g. 57.33333° gd. u. / 37.47500; 57.33333 (G) (O)
Ýurt Flag of Iran.svg Eýran
Welaýat Demirgazyk Horasan welaýaty
Etrap Büjnürt
Bahş Merkez
Government
 - Şäher häkimi Müjteba Alawy Mugaddam
Population (2006)
 - Total 176.726
Time zone IRST (UTC+3:30)
 - Summer (DST) IRDT (UTC+4:30)
Website Bojnurdcity.ir

Büjnürt şäheri (parsa: بجنورد) Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň merkez şäheridir.

Bu şäher Büjnürt Etrabynyň merkezidir. Büjnürt etraby Merkezi, Raz we Jergelan we Germhan bolmak bilen 3 etrapçadan ybaratdyr:

  • Merkezi etrapça Aladag, Baba aman we Bedrany bolmak bilen 3 bölekden ybaratdyr. Bu etrapçanyň merkezi Büjnürt şäherdir.
  • Raz we Jergelan etrapçasy Jergelan, Raz we Gulaman böleklerinden ybarat bolup merkez şäheri Raz şäheridir.
  • Germhan etrapçasy da Germhan we Gifan böleklerinden ybarat bolup merkez şäheri Hysar Germhandyr.

Şäheriň ilaty 2006-nji ýyldaky sanawa görä 176.726 adamdyr.

Büjnürdyň şäher merkezi we 3 etrapçasynda da Eýran Türkmenleri ýaşaýandyr. Türkmenler bilen bilelikde bu şäherde Parslar, Kürmanç Kürtleri, Azerler, Tatlar we Bäluçlar da ýaşaýandyr.

Bu şäher 1689-njy ýylda şadlu iliniň emirlerinden biri bolan Tuly han tarapyndan gurlandyr. Baba Aman çeşmesi, Bäş Gardaş çeşmesi we Baba Töwkkül gonamçylygy bu şäherin meşhur seýlgähleridir.