Bender-Türkmen
Bender Türkmen بندر ترکمن |
|
Bender Türkmen şäheri | |
Coordinates: 36°54′06″ dg. g. 54°04′15″ gd. u. / 36.90167° dg. g. 54.07083° gd. u. (G) (O)Koordinatlar: 36°54′06″ dg. g. 54°04′15″ gd. u. / 36.90167° dg. g. 54.07083° gd. u. (G) (O) | |
Ýurt | Eýran |
---|---|
Welaýat | Gülistan Welaýaty |
Şäher | Bender Türkmen şäheri |
Etrapça | Merkez |
Government | |
- Şäher häkimi | Abdulla Kör |
Elevation | Şablon:Lengthdisp |
Population (2006) | |
- Şäher | 45 045 |
- Metro | 126 000 |
Time zone | IRST (UTC+3:30) |
- Summer (DST) | IRDT (UTC+4:30) |
Website | Bender Türkmen Şäher häkimligi |
Bender Türkmen (Parsça: بندر ترکمن) Eýranyň Türkmensähra sebitinde, Gülistan welaýatynda Türkmen oturumly bir Etrap we şäherdir. Bu şäher Türkmensähra sebitiniň iň günbatarynda ýerleşýär.
Bender Türkmen şäheri Bender Türkmen etrabynyň merkez şäheridir.
Pars dilinde Bender ady, deňiz ýakasynda ýerleşýan şäherdir etrapça beriler. Adyndan belli bolşy ýaly Bender Türkmen şäheriniň ilatynyň hemmesine golaýy Türkmendir.
Hazar ýakasynda ýerleşýän bu şäheriň ilatynyň işi umuman alnanda ekerançylyk, balykçylyk, söwda we dokmaçylykdyr.
Hernaçe Bender Türkmen täze bir şaher bolsa da bu sebit örän baý bir taryha eýedir.
Taryhda abuskun ady bilen bilinýän we horezmşah patyşalaryndan Muhammediň mazary bolan Bender Türkmen sebitindedir.
Etrabyň merkezinin raýaty 50,000 adama golaýdyr. Şäher bilen obalarynyň raýatynyň sanynyň jemi mukdary bolsa 125 müň adamdyr.
Etrap merkezi etrapça bilen günorta caparbaý etrapçasyndan ybaratdyr.
Günorta caparbaý etrapçasy Garasu, isgele, nazabat, süýjiwal, çapakly, eýwanabat, garagaşly, pihişih, örküthajy, aşyrada, anthaji, saparhaji, garadepe, hamanly, Aşyrabat, ýomut, zawulmehel ulýa, zawulmehel sufla bilen bäşýusga obalaryndan ybaratdyr.
Bender Türkmen Etraby demirgazykdan Kümüşdepe we Türkmenistan serhedi bilen, gündogardan Kümmet Gowuz we Akgala şäherleri bilen, günortadan Kürtkuý we Gürgen şäherleri bilen we günbatardan hazar deňizi bilen gonşydyr.
Çeşme
[düzet | çeşmäni düzet]Bender-Türkmen etrap häkimligi (Parsça) Archived 2012-07-07 at the Wayback Machine
Bender-Türkmen şäher häkimligi (Parsça) Archived 2012-05-06 at the Wayback Machine
|
|