Gaznalylar döwleti
Gaznalylar döwleti
1. Gaznaly döwletiniň döremegi.
2. Gaznalylar döwletiniň daşary syýasaty. Mahmyt Gaznaly.
3. Gaznalylar döwletiniň gowşamagy.
Seljerilsin bashy, mazarda her bir öleniň,
Parhy barmy göreliň, hökümdar bilen gulunyň.
Mahmyt Gaznaly
Gözbaşyny Oguz han türkmenden alyp gaýdýan Gaznawyly döwleti dörediji Mahmyt Gaznalydyr. Ruhnamada bellenişi ýaly Mahmyt Gaznaly 962-nji ýylda Gazna şäherine gelip, Gazna döwletini esaslandyrýar. (Ruhnama, sah.224)
Ady rowaýatlara siňip, “Nurnama” bilen baglanyşdyrylýan Mahmyt Gaznawy 971-nji ýylyň Sanjar aýynyň 2-sinde Gaznada dünýä inýär. Ol Gaznawy soltanlygynyň düýbüni tutan All Teginiň körekeni, ýagny giýewsi Söbük Teginiň ogludyr. Söbük Tegin gaýynatasynyň patyşalyk mirasyna dowam berip, Gaznada iňňän güýçli şalygy gurýar. Gürrüňi edilýän Mahmyt Gaznawy-da kakasynyň ýoluny tutýar. Örän güýçli döwletiň eýesi bolýar. Mahmyt ýaşlygyndan okuwa berilýär. Kazy Abu-Nasyrdan tälim alýar. Soňra kakasy Söbük Tegin oňa harby tejribe öwredýär. Heniz on bäş ýaşlaryndaka Hindistanyň Rajasy Jipal bilen Söbük Teginiň arasyndaky ýüz beren söweşde özüniň mertligini görkezýär. Biraz wagtdan soň, 997-nji ýylda Buhara patyşasy Emir Nuhuň emirleriniň birnäçesi onuň garşysyna baş göterýär. Gozgalaňy basyp ýatyrmak üçin Emir Nuh Samany Söbük Teginden haraý isleýär. Söbük Tegin Mahmydy leşgerlere baş edip kömege ýollaýar. Emir Nuhuň begenjiniň çägi bolmaýar. Mahmyda gymmat bahaly serpaýlar edýär. Seýfud-dewle derejesini berýär. Horasanyň weliligini-de bagyşlaýar.
997-nji ýylda Söbük Tegin agyr keselden aradan çykýar. Agyr ýatyrka kiçi ogly Ysmaýyl ýanynda ekeni. Ol enesiniň mekirligi bilen mirasdüşer bolýar. Söbük Tegin agyr ýatyrka ony özüne orunbasar belleýär. Horasanda ýören Mahmyt bu habary eşiden dessine Ysmaýyla “Seniň ýaşyň meniňkiden kiçi, baý tejribäň hem ýok. Şol sebäpli sen patyşalygy maňa ber. Ýöne, şonda-da ygtyýar seniň eliňde bolsun. Maňa diňe jihad etmäge, Hindistana goşun çekmäge, garşydaşlary basyp ýatyrmaga şert döretseň bolýar” diýen many-mazmundaky haty iberýär. Emma Ysmaýyl teklibi kabul etmeýär. Onsoň Mahmyt Gazna goşun çekmäge mejbur bolýar. 998-nji ýylda Gaznany öz golastyna geçirýär. Ysmaýyl bilen enesini Goruň galasynda zyndana atýar.
Emir Nuh Samany bu ýeňşi eşidip, Mahmydyň Gaznadaky patyşalygyny kabul edýär, ony gutlaýar. Ýöne, onuň Horasana weliligini ýatyryp, başga birine berýär. Muňa gazap eden Mahmyt Gaznawy Horasana goşun çekýär. Emir Nuh Samanynyň goşunyny ýeňip, Horasany zor bilen öz golastyna geçirýär.
Ýeňşiniň habaryny şol mütdetde Yslam dünýäsiniň halyfy bolup, Bagdatda oturan Al-Kadyr bi-Amrillaha ýetirýär. Halyf muňa hoş bolup, Mahmyt Gaznawa Ýemenud-Dewle, Eminul-Mille atlaryny berýär. Basyp alan ýerleriniň ählisine hökmürowan häkimligi ygtyýar edýär.
999-njy ýylda Illek Han Buharany basyp alýar. Samany patyşalygy synýar. Şondan soň Mahmyt Gaznawy Garaşsyz patyşalyga hökmürowan permandar bolýar. Ol Illek Han bilen dostlukly aragatnaşygy ýola goýýar. Ýüz bermegi mümkin bolan meseleleri çözmek üçin şertnama baglaşýarlar. Häzirki Amyderýany aracäk belläp, gaýrasy Illek Hana, ilersi Mahmyt Gaznawa degişli edilýär. Iki türkmen birek-biregiň ýurduna çozmazlyk hakynda ähtnama baglaşýar.
Samany döwletiniň pese düşüş pursatyny peýlän Halef bin Ahmet Sistana hüjüm edip, ony basyp alýar. Özüçe bir garaşsyz döwlet gurýar. Eger-de, Söbük Teginiň höküm sürýän ýerinde kimdir biri onuň garşysyna çyksa, gozgalaň etse, olary götergiläp, goldaw edip başlaýar. Baş göterenleriň tarapyny tutýar. Ol bu hereketini Mahmyt Gaznawynyň döwründe-de dowam edýär. Hatda Illek Hany-da gijjeleýär. Gazna hüjüm etse, özüniň goldaw berjekdigini aýdýar. Bu habar Soltan Mahmyda ýetýär. Salymyny bermän, Sistana goşun sürýär. Halef bin Ahmet mekirlige ýüz urýar. Sowgat-serpaý bilen onuň öňünden çykýar. Ötünç soraýar. Ylalaşyga gelmegi towakga edýär. Ak ýürekli türkmen Mahmyt Gaznawy ylalaşygy kabul edýär. Söweş etmän, yzyna, Gazna dolanýar.
Biraz wagt geçenden soň Halef bin Ahmet bilen ogly Tahyryň arasynda oňşuksyzlyk döreýär. Özara çaknyşyk bolýar. Bir tär bilen ogluny tutup öldürýär. Habar ýyldyrym çaltlygynda il içine ýaýraýar. Sistananyň emirleridir wezir-wekilleri Ahmediň garşysyna çykýarlar. “Perzendine rehim etmedik, halkyna-da rehim etmez” diýen pikire uýup, Mahmyt Gaznawa ýüz tutýarlar. Sistany basyp almaga çagyrýarlar. Şeýlelikde, halkyň islegi bilen Mahmyt Gaznawy 1002-nji ýylda Sistana goşun çekýär.
Ahmet galany berkidip, söweşe taýýarlyk görýär. Ýöne gabaw düşenden soň, Mahmyt Gaznawynyň basyp aljakdygyna göz ýetirip, ýene-de öňki hereketine ýüz urýar. Ýaragyny taşlap, sowgat-serpaýlar bilen Mahmydyň ýanyna ötünç sorap barýar. Günäsiniň geçilmegini soraýar. Şonuň üçin Mahmyt Gaznawy ony öldürtmän, Jüzjanyň galasyndaky zyndana atdyrýar. Ahmet 1009-njy ýylda şol ýerde amanadyny tabşyrýar.
Biz ýazgylaryň başynda Mahmyt Gaznawynyň mertlik ýolunyň Hindistanyň rajasy Jipal bilen bolan söweşden başlanandygyny ýaňzydypdyk. Ol Jipal bilen soň hem söweşmeli bolýar, çünki duşmançylyk kakasynyň döwründen gožbaş alyp gaýdýardy.
982-nji ýylda Jipal Gazna üçin söweş edýär. Söbük Tegin öz ýurduny goramak üçin onuň garşysyna çykýar.
Howa örän sowuk ekeni. Garyň galyňlygy türkmeniň “goýnuň gözünden, düýäň dyzyndan” diýenine barýar. Jipal ýöwselleýär. Gazna hüjüm etmäge derek, täç bermäge, araçäkdäki galalaryň birnäçesini Söbük Teginiň golastyna geçirmäge razy bolýar.
Emma onuň “hor-hory” ýatmaýar. “Şertim-şahyma” edip, öz ýurduna dolanandan soň Gaznanyň ilçilerini tussag edýär, türmä salýar. Gazap atyna atlanan Söbük Tegin Hindistana hüjüm edýär. Jipal beýleki hindi rajalaryny söweşiň garşysyna goldawa çagyrýar. Barybir, şonda-da birleşen goşunlar Söbük Teginden ýeňilýär. Olar Peşewara çenli bolan ýerleri elden giderýärler. Söbük Tegin ol ýerleri Gazna hökümdarlygyna goşýar.
“Köne duşman dost bolmaz” diýleni. Söbük Tegin dünýäden ötenden soň, Jipal onuň basyp alan ýerlerini yzyna gaýtarmak maksady bilen, söweş meýdanyna çykýar. Garadan gaýtmaz, arslan ýürek Mahmyt onuň garşysyna çykyp, Lemgan diýen ýerde 1000-nji ýylda hüjüme geçýär. Onuň daş-töweregindäki galalaryň ählisini basyp alýar. 1001-nji ýylda Jipalyň üstüne täzeden çozmak üçin goşun ýygýar. Mahmyt Gaznawynyň söweş maksady bilen Gaznadan ugranlygyny eşiden Jipal goşunyny Peşewaryň golaýyna getiryär. Sanjar aýynyň 27-sinde başlanan güýçli çaknyşykda Mahmyt Gaznawy ýeňýär. Jipal bolsa 15 sany oguldyr agtyklary bilen ýesir düşýär.
Mähmyt Gaznawy hüjümi dowam edip, Jipalyň ýurdunyň paýtagty Wihindi, onuň daş-töweregindäki häkimlikleri basyp alyp, öz adamlaryndan birini ol ýere hökümdar belleýär. Özi bolsa Gazna dolanýar. Jipaly-da ogullarydyr agtyklary bilen Gazna alyp gaýdýar. Ýöne ol Mahmyt Gaznawa altyn-kümüş, zer-zerbap baryny berip, azatlyga çykýar. Hindistana barandan soň, ogly Inendpaly patyşa belläp, düşen ýagdaýyna namys edip, özüni bolsa 1003-nji ýylda diri oda ýakýar.
Taryhy maglumatlara görä, Mahmyt Gaznawynyň iň köp söweş hereketleri Hindistan bilen baglanyşyklydyr. Şolaryň biri-de 1004-nji ýylda bolýar. Ol Gündogar Sinda bilen Behawullur raýatlarynyň arasynda ýerleşen Behatyý atly ýere Bulujystanyň Seýba welaýatynyň üsti bilen hüjüm edýär. Behatyýýeniň rajasy Bijiraý gizlinlik bilen Karamaty häkimine goldaw eden ekeni. Mahmyt Gaznawynyň maksady oňa bu hereketi üçin göz görkezmekdi.
Raja Bijiraý Mahmyt Gaznawynyň garşysyna dört günläp gaýduwsyzlyk bilen söweşýär. Barybir ýeňiljegine göz ýetirip, galadan çykyp gaçmakçy bolýar. Emma oňa pursat bermeýärler. Ol Mahmydyň goluna ýesir düşmejek bolup, öz ýüregine özi hanjar urup ölýär.
Soltan Mahmyt Bahatyýäni, onuň daş-töweregindäki şäher-kentleri basyp alýar. Ol ýerleriň halkyny Yslam dinine çagyrmaga şertler döredýär. Oz serdarlaryndan birini ol ýere häkim belläp, Gazna dolanýar.
Şol döwürlerde Miltanyň Abul Feth Dawud bin Nasyr karmatylardan bolup, Yslam dini üçin ilkinji howp döredenleriň biri bolupdyr. Nirede bir musulmanyň at derejesi, şöhraty artyberse, jansyzlarynyň üsti bilen öldürdýän ekeni. Soltan Mahmyt Gaznawy ony ýok etmegiň ugruna çykýar. 1006-njy ýylyň ýazynda Gaznadan Miltana ugraýar. Ol Sindh derýasyndan Miltanyň golaýyndan geçmegi howply hasaplap, Peşewaryň ýakynyndan geçmegi ýerlikli saýýar. Emma şu ýeriň rajasy Indendpal ýoluny baglaýar. Onuň bilen söweş baş goşýar. Ýöne, derrew goşuny bäs gelip bilmän, gaçmak bilen bolýar. Kaşmir daglarynyň arasynda gizlenýär. Kowa-kowa, Mahmyt Gaznawy onuň goşunyny dyr-pytrak edýär. Soň Miltana ugramaga goşuna buýruk berýär.
Dawud bin Nasyr bu habary eşidip, öz ýaranlary bilen Sindh derýasynyň kenaryndaky tokaýlyklaryň birinde gizlenýär. Goşunyň bir bölegi bolsa, Miltan galasynyň derwezesini goraýarlar. Ýedi gün bolan söweşden soň olar ýeňilýärler.
Şäheriň halky iki million dirhem puly çekilen zyýan üçin Mahmyt Gaznawa töläp, janlaryny halas edýärler. Ýöne Karmaty toparyndan bolanlaryň ählisini gyrýar. Mahmyt Gaznawy Miltanyň häkimligini paja Jipalyň agtygy Sükpala tabşyrýar. Sebäbi, ol Yslam dinine girip, Nowasa şa ady bilen taryha girýär. Emma 1007-nji ýylda Mahmyt Gaznawy Illek hanyň garşysyna söweşip ýörkä, Sindh Sükpal Yslam dininden çykyp, soltandan hem ýüz öwürýär.
Muny eşiden Mahmyt Gaznawy Balhdan göni Miltana ugraýar. Ýogsam, howa örän sowuk ekeni. Onuň üstüne ugrandygyny eşiden Sükpal garşysyna çykyp bilmejegine göz ýetirip, ýakyn garyndaşlaryny, dost-ýarlaryny ýanyna alyp, daglyga pena tutunýar. Emma Mahmyt Gaznawy olary ýesir alyp, zyndana salýar. Sükpal ýeňlip, zyndana düşenden soň, Dawud bilen Nasyr Karmaty ýene Miltanyň daş-töweregindäki goşunlary ýygnap, ýene Mahmyt Gaznawynyň garşysyna baş göterýär.
1010-njy ýylda Mahmyt Gaznawy gozgalaňy basyp ýatyrýar. Dawudy zyndana atýar. Goşunynyň agramly bölegi gyrlyp, gala olara ýesir düşýär.
Mahmyt Gaznawy bilen Illek hanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak üçin bir ylalaşyga gol çekilip, şoňa laýyklykda Amyderýanyň aracäk bolandygyny öňde agzap geçipdik. Emma Illek han assyrynlyk bilen Horasana göz gyzdyrýar. Soltan Mahmyt Gaznawy Sükpalyň üstüne goşun goýberen mahaly, 1006-njy ýylda, Horasany basyp alýar. Bu habary eşiden Mahmyt Gaznawy Miltanda parahatçylygy ýola goýup, ol ýere häkimini belläp şondan Horasana ugraýar. Illek hanyň serkerdelerini ýesir edip, Horasany yzyna gaýdyp alýar. Muňa garamazdan, Illek han dek ýatmaýar. Ýeňlişden soň Kaşgaryň welisi, ýakyn garyndaşy Kadyr handan kömek alyp, ýene-de Horasana goşun çekýär. Amyderýanyň ilersini, Mahmyt Gaznawynyň höküm sürýän ýerlerini basyt almak isleýär. Mahmyt Gaznawy Balhyň töwereginde onuň öňünden çykyp, goşuny yzyna gaýtarmak isleýär. Iki türkmen serdarynyň goşunlarynyň arasynda ganly çaknyşyk bolýar. Söweş birnäçe güne çekýär. Ahyr ýeňiş Mahmyt Gaznawynyň tarapyna çözülýär. Illek han goşuny bilen gaçýar.
Illek han 1013-nji ýylda aradan çykýar. Onuň ornuna geçenler hem Mahmyt Gaznawy bilen ganda-pyçak bolýarlar. Onuň bilen yzygiderli söweşip durýarlar. Ahyr soňy bolmajagyny bilen Mahmyt Gaznawy Amyderýadan gaýra geçip, Illek hanyň ýurduna hüjüm edip, paýtagt Samarkandy basyp alýar. Şondan soň türki halklaryň arasynda Mahmyt Gaznawynyň dabarasy dag aşýar. Kaşgaryň hökümdary Kadyr hanyň özi 1010-njy ýylda Mahmyt Gaznawy bilen duşuşmak üçin Samarkanda gelýär. Iki türkmen serdary dostlukly aragatnaşygy ýola goýmak üçin özara ylalaşyga gelýärler. Kadyr han öz ýurduna Kaşgara dolanýar.
Soltan Mahmyt Gaznawynyň sebitde artyp barýan güýjünden howatyr edip, Hindistanyň Penjabynyň agramly bölegini gol astynda saklaýan Inendpal oňa çäre agtaryp başlaýar. Gündogar Hindistanyň rajalaryna goldaw üçin ýüz tutýar. Olar hem goldaýarlar. Netijede uly güýçli goşun toplaýar. Ogly Brahmanpaly Gazna hüjüm etdirmek üçin Peşewara ugradýar. Bu habar Mahmyt Gaznawa bada-bat ýetýär. Ol howanyň çaksyz sowuklygyna garamazdan, 1008-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 31-i güni Gaznadan çykýar. Peşewara baryp, hindileriň goşuny heniz Sindh derýasyndan geçmänkä, türkmen gerçekleri Wihendiň golaýyndan derýadan geçýär-de, olaryň öňlerinde sap tutýar. Iki tarapy hem gazap bilen söweşýär.
Mahmyt Gaznawa ýene-de ýeňiş ýar! Hindi goşuny gaçmak bilen bolýar. Brahmanpalyň goşuny Nigernut galasynyň Wakangir diýen ýerine gaçyp gidýär. Emma gowgy galmaýar. Mahmyt Gaznawy Nigernut galasyny gabaýar. Üç gün söweş edip, ony basyp alýar. Hasapsyz oljanyň eýesi bolýar. Sebäbi ondaky hazyna Pandaw hojalygy paja Behimiň döwründen bäri toplanyp ýören ekeni.
Mahmyt bu gala özleriniňkiden birini häkim belläp, Gazna dolanýar. 1009-njy ýylyň Garaşşyzlyk aýynda Mahmyt Gaznawy hindileriň mukaddes Gang derýasynyň kenarynda ýerleşen Naralin welaýatyna goşun çekip, basyp alýar. Maksady Hindistanyň merkezine ýol açmak, mukaddes derýadan geçip, Ellur diýen ýeri-de basyp alýar. Ol ýeriň rajasy Mahmyt Gaznawa ýylda salgyt tölemäge mejbur bolýar. Ol Gazna dolanyp gelenden soň, yzyndan dürli şaý-sepleri, zer-zümerretleri sowgat hökmünde ýükläp, elli sany pil iberýär. Şeýle-de gerek wagty, zerur mahaly ulanar ýaly iki müň sany ýaragly esgeri kömek üçin ibermegi, salgyt töleýän özge rajalar ýaly Mahmyt Gaznawynyň Permanyna laýyk hereket etmegi wada berýär.
Soltan Mahmyt Gaznawy-da özi tarapyndan rajanyň höküm sürýän ýurduna azar bermezlige razy bolýar. Netijede bolsa, şu ylalaşyk arkaly Horasan bilen Hindistanyň arasynda söwda aragatnaşygy ösüp başlaýar. Ýöne munuň özi Mahmyt Gaznawynyň şöhratly ömrüni hasyl eden söweşleriniň tamamlanandygyny aňlatmaýar.
Gur atly ülke örän bek ýolly daglykda ýerleşýändigi üçin hüjüm edijiler oňa üns etmändirler. Söbük Tegin bolsa öz hökümdarlyk eden döwründe Guruň hökümdary Ibn Sewrini özüne boýun egdiripdir. Salgyt tölemäge mejbur edipdir. Tä Söbük Tegin aradan çykýança buýruga boýun bolupdyr. Haçan-da Söbük Tegin aradan çykandan soň, Mahmyt Gaznawa boýun synman başlaýar. Hatda ýurdunyň üstünden geçýän söwdagärleri, kerwenleri talamakdan hem çekinmeýär. Şonuň üçin Mahmyt Gaznawy 1011-nji ýylda Gündogar Gura hüjüm edýär. Gazaply söweşden soň onuň paýtagty Aheňgerany basyp alýar. Hökümdar ibn Sewri, wezir-wekilleri hem-de ogly Şiş bilen ýesir düşýär. Şondan soňra Mahmyt Gaznawy ýuwaş-ýuwaşdan günbatar Gury basyp alýar. 1020-nji ýylda bolsa ogly Mesgudy Guruň galan ýerlerini basyp almak üçin iberýär. Ol birnäçe galalary basyp alyp, Guruň paýtagtyna barýar. Hökümdar Mahmyt Gaznawa boýun bolýar. Basyp alnan galalary onuň haýryna geçirýär. Häkimler Soltan Mahmydyň permany bilen bellenýär. Şeýlelikde, tutuş Gur Gaznawy soltanlygyna degişli bolýar.
Illek han-da diş agyrysy ýaly bolup, Mahmyt Gaznawynyň bir tarapyndan azaryny ýetirip durýar. 1011-nji ýylda Hazdaryň welisi onuň maslahaty bilen Mahmyt Gaznawa salgyt tölemegini bes edýär. Onuň garşysyna çykýar.
Bulujystanda ýerleşen Hazdar barmasy kyn daglyk ýerde ýerleşse-de, Mahmyt Gaznawy1011-nji ýylda oňa hüjüm edip, galany eýeleýär. Häkim baş egip, salgyt tölemäge boýun bolýar. Taryhy maglumatlardan görnüşi ýaly, Mahmyt Gaznawy patyşalyk täjini başa geýenden soňky az wagtyň içinde Horasany öz golastyna alýar. Şonuň bilen bir hatarda 999-njy ýylda ilçileriniň birini Gürjüstanyň hökümdaryAbu-Nasyr Muhammet Şaryň ýanyna iberýär. Onuň üsti bilen “Eger sen maňa ýagşylyk bilen boýun egseň gowy bolar, ýogsam meniň gazabyma taýýar bol” diýen mazmunly haty ýollaýar. Abu Nasyr Muhammet Şar boýun egmek teklibini kabul edýär. Metjitlerde onuň adyna hutba okadyp başlaýar. Emma bu ylalaşyga garamazdan, birnäçe wagtdan soň Abu Nasyr Muhammet Şaryň uly ogly özbaşdak herekete baş goşýar, Mahmyt Gaznawy bilen Hindistana söweş etmekden boýun gaçyrýar. Şonuň üçin Mahmyt Gaznawy häzirki pursaty amatly bilip, 1017-nji ýylda Gürjüstana hüjüm edýär. Ony basyp alyp, ýurt başyna öz emirlerinden birini goýýar. Abu Nasyr Muhammet Şaryň ogluny zyndana salyp, özüni bolsa ýany bilen Gazna alyp gaýdýar. Sebäbi, ol döwrüniň iňňän güýçli, zehinli alymlarynyň biri bolupdyr. Mahmyt Gaznawy ony Gazna getirenden soň, uly hormat goýup, ähli zatlaryny gaýtaryp berýär. Abu Nasyr Muhammet Şar 1018-nji ýylda Gaznada wepat bolýar.
Şo-ol ady belli Jipalyň ogly Inendpal 1011-nji ýylda aradan çykýar. Ýerine ogly Termuçynpal tagta geçýär. Ýöne onuň kiçijik döwletiniň höküm sürýän ýeri Kuhustan bilen Nemek ekeni. Penjaba degişli başga ýerleri Mahmyt Gaznawy öz golastynda saklaýar. Emma bir pikir welin serinden çykmaýar. “Termuçynpal Hindistanyň gadymdan gelýän şa hojalygynda ir-u-giç bulaşyklyk döreder. Gowusy, onuň kiçijik häkimliginiň soňuna çykmaly”. Ol şu pikir bilen 1014-nji ýylda onuň ýurdunyň paýtagty Nenduna ugraýar. Oňa hüjüm edýär. Termuçynpal Kaşmir pajasyndan haraý isläp, onuň ýanyna gidýär. Galany goramak üçin öz ornuna bolsa ogly Behimpoly belleýär. Örän daglyk ýerdeligine garamazdan, Mahmyt Gaznawy galany basyp almagy başarýar.
Oňa Termuçynpalyň, Kaşmiriň rajasynyň goşunynyň garşysyna söweşdirmek üçin alyp gelýändigini habar berýärler. Mahmyt Gaznawy pursaty elden gidermeýär. Olara garşy ugraýar. Jehleli diýen ýeriň golaýynda iki goşun ýüzbe-ýüz bolup, gazaply söweş tutaşýar. Bu aýylganç söweşde Mahmyt Gaznawy ýeňiş gazanýar. Duşmanyň aglabasy ýesir düşýär. Bu habary eşiden ýakyn-u-uzakdaky rajalaryň birnäçesi Mahmyt Gaznawa meýletin boýun bolup, höküm ýöretmegine razy bolýarlar. Hindilerden Yslam dinini kabul edenler örän köp bolýar. Şonuň üçin Mahmyt Gaznawy bu ýurtda metjit-medreseler saldyrýar. Musulmançylygy kabul edenlere bu ugurdan ylym bermek üçin mugallymlar taýynlaýar. Penjab tutuşlygyna Mahmyt Gaznawynyň permany astynda hereket etmäge geçýär.
Termuçynpal gaçyp Sewalyk atly daglykda gizlenýär. Şol ýerde uly bolmadyk bir topara häkimlik edýär. Mahmyt Gaznawy ony öz erkine goýup, Tehanysyr galasyna hüjüm edýär. Ol Hindistanyň meşhur galalarynyň biri ekeni. Hüjümiň habaryny eşiden Tehanysyryň rajasy galany taşlap gaçýar. Gala söweşsiz eýelenýär. Mahmyt Gaznawy olaryň daşdan ýasalan meşhur butyny, Murty Çekersüwemi hudaýyny öz ýany bilen Gazna alyp gaýdýar. Ony şäheriň uly köçeleriniň bir çatrygynda atlaryň aýak astyna taşladýar. Tutuş Penjaba hökmüni ýöreden Mahmyt Gaznawy Kaşmiri almak maksady bilen, oňa iki gezek goşun sürýär. (1015-nji hem-de 1021-nji ýyllarda). Ikinji sapar berk daglyga duçar bolup, yzyna dönýär. Kaşmiri eýeläp bilmeýär.
Horezimde Al-Mämun atly bir dinastiýa Buhara emirligine degişli eken, özem Samany döwletine salgyt töläpdir. Samanylaryň synmagy bilen bolsa Horezmde Garaşsyz döwletini jar edýär. Onuň täçdary Abul-Abbas Soltan Mahmyt Gaznawynyň aýal doganlarynyň birine öýlenýär. Galyberse-de, ol Illek handan ynjalykly bolanlygy üçin, Abul-Abbasa ýurdunda öz adyna hutba okatmak üçin hökümnama ýollaýar. Abul-Abbas bu permana razy bolsa-da, emirleri boýun towlaýar. Mahmyt Gaznawy gazaba münýär. Horezme agyr goşun dartýar. Tä Abul-Abbas adyna hutba okadýança Horezmi gabap saklaýar. Öz adyna hutba okalyp başlandan soňra yzyna, Gazna dolanýar.
Goşun yzyna dolanan badyna Abul-Abbasyň emirleri gozgalaň turuzýarlar. Gaýnatasynyň adyna hutba okatmagyny bahanalap, 1018-nji ýylyň Nowruz aýynyň 17-sinde ony öldürýärler. Muny eşiden Mahmyt Gaznawy täzeden gazap atyna münýär. Horezme täzeden leşger sürýär. Emirler onuň garşysyna ýiti göreş alyp barsalar-da ýeňilýärler. Horezmiň paýtagty basylyp alynýar. Giýewsi Abul-Abbasy öldüren emirleri uly ile göz edip öldürdýär. Horezmiň hökümdarlygyny bolsa öz emirlerinden biri Altyndaşa tabşyrýar. Hökümdarlygy söweş ýollary bilen bagly bolan Mahmyt Gaznawynyň Hindistanyň ençeme ýerlerini golastyna alandan soň, Kunusy almak üçin Gaznadan ugramagynyň hem sebäbi bardy. Inendpal özi bilen söweş eden mahaly Kunusyň Mithera, Mehabil diýen ýerleriniň hökümdarlary oňa goldaw beripdir. Mahmyt Gaznawy olaryň bu etmişlerini ýadyndan çykaranokdy. Temmilerini bermekçidi. Sumna derýasynyň golaýynda ýerleşen Sersaw atly ýeriň rajasy onuň gelýändigini eşidip gaçýar. Gala söweşmän alynýar. Mahmyt Gaznawy uly bir şähere ýetýär. Onuň baştutany Hordat oňa özüni meýletin tabşyrýar. Mahmyt Gaznawynyň öňünde dyza çöküp, musulmançylygy kabul edýär. Salgyt tölemäge-de razy bolýar.
Gaýduwsyz söweşiji ondan soň Mehabiniň galasyny eýeläp, Mithera tarap ugraýar. Şol döwürde Mithera Hindistanyň meşhur galalarynyň biri bolup, ol mukaddes ýer hasaplanylypdyr. Galanyň çakyňdan beýik hem-de berkdigine garamazdan, hindiler söweş etmezden ony Mahmyt Gaznawynyň goluna tabşyrýarlar. Ol bu ýerde juda köp olja eýe çykýar.
Şondan soň ol ýörişini Kunusa dowam edýär. 1018-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 20-sinde ol ýere baryp ýetýär. Onuň patyşasy Rajipal gaçyp, Gang derýasynyň ol tarapyna geçýär. Galany goraýjylar welin Mahmyt Gaznawynyň garşysyna çykýarlar. Barybir, onuň bir hüjümine bäs gelip bilmän, galany tabşyrýarlar. Mahmyt Gaznawy basyp alan ýerlerinde öz adamlaryny häkim belläp Gazna öwrülýär. Ýolugra başga-da birnäçe galalary basyp alýar. Ýöne, ýolda Gazna bilen Sindh derýasynyň aralygyndaky daglyklarda garakçylyk edip, güzeran görüp ýören puştunlar geçip barýan goşunyň üstüne duýdansyz çozup, örän uly zeper ýetirýär. Ol Gazna gelenden soň, aryny ýerine salmak üçin puştunlaryň üstüne ugraýar. Olary daglaryň jülgesine gabap, aýaman gyrýar. Aýal, ýaş çaga hem-de garrylardan başgalaryny öldürmäge buýruk berýär.
Belli bir wagtda soltan Mahmyt Garahanly döwletiniň esasy bölegi bilen gowy gatnaşykda bolýar. Şol mahal ol Mawerannahrda özüni görkezen Seljuk serkerdäniň ogullary bilen gidişýär. Onuň ogly Arslan hany zyndana atdyrandan soň, onuň ýigitlerine bagly oguzlaryň uly bölegine Horasana göçüp barmaga rugsat berýär. Emma Seljuk serkerdäniň ýetişip gelýän agtyklary Çary bilen Togruldan birahat bolan wagtlary az däl. Soltan Mahmyt Garahanlylaryň içindäki dogan-dogana bolan çaknyşygyň öňüni alyp: “Biri-biriňize duşmançylygy taşlaň. Hanjaryňyzy gynyňyza salyň, her haýsyňyz öz welaýatyňyz bilen boluň” diýip, olary ylalaşdyryp bilse-de, özi ölenden soň, ogullary tagt dawasyna başlaýar.
Soltan Mahmydyň ogly soltan Mesut tagta geçenden soň, onuň esasy işi Horasan üçin seljuk türkmenleri bilen çaknyşmak bolýar. Iki türkmen tiresi Oguz ýurdunyň üstünde ilki Täk (Durun) galanyň töwereginde 1038-nji ýylda söweşýär, ondan kän wagt geçmänkä, Sarahs töwereginde ýene çaknyşýarlar. Bu iki söweşiň netijesi seljuk türkmenleriniň ýeňşi bilen gutarýar. Ahyry 1040-njy ýylda Daňdanakan söweşinde soltan Mesudyň ýygyny seljuk türkmenleri tarapyndan derbi-dagyn edilýär. Bu söweşden soň Horasan, Eýran, Köneürgenç, Mawerannahr seljuk türkmenleriniň eline geçýär. Gazna döwleti ondan soň gaty garyşyk ýagdaýda ýaşaýar, esli wagt bu döwlet seljuklara tabyn bolup galýar.