Mazmuna geçiň

Dandanakan söweşi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Dandanakan söweşi Seljuklar bilen Gaznaly imperiýasynyň goşunynyň arasynda bolup geçdi. Söweş seljuklaryň ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy we Horasandaky gaznaly agalygyny ýykdy.

Dandanakan söweşi
Sene 1040
Sebit Dandanakan
Netije Seljuklaryň ýeňişi
Taraplar
Seljukly Türkmenleri Gaznawiler
Serkerdeler
Çagry Beg

Togrul Beg

Gaznaly Mesud
Güýçler
36,000 esger 300,000 esger
Ýitgiler
17,000 esger 160,000 esger
Gaznaly we Seljuly esgerleri
Gaznaly we Seljukly esgerleri

Taýýarlyklar

[düzet | çeşmäni düzet]

Seljuk serkerdesi Togrul beg bilen onuň dogany Çagry beg uly goşun ýygnap başlamak bilen, gaznaly territoriýalaryna howp salyp ugradylar. Seljuk atlylary gaznalylaryň serhetýaka şäherlerini çapawullap başlansoň, gaznaly soltany Mesut I (Mahmyt Gaznalynyň ogly) seljuklary öz territoriýasyndan çykyp gitmäge mejbur etmekligi ýüregine düwdi.

Soltan Mesudyň goşunynyň Sarahsa ýörişi mahalynda seljuk atlylary onuň otrýadlaryny degdi-gaçdy taktikasy arkaly surnukdurdylar. Üstesine seljuk atlylary gaznaly üpjünçilik liniýalaryna uly zeper ýetirip, olary golaý-goltumdaky guýulardan gyrakladypdyrlar. Gaznaly goşunynyň tertip-düzgüni we ruhy çynlakaý ýagdaýda pese gaçdy. Ahyrsoňy, 23 maý 1040-da 20,000 seljuk urşujysy Merw bilen Sarahsyň aralygyndaky Dandanakanda 50,000 adamlyk gaznaly goşuny bilen garpyşdy.

Üç güne çeken söweş seljuklaryň ýeňşi bilen tamamlandy. Mesut özüniň 100 sany atlysy bilen zordan başyny alyp gutardy. Bu ýeňiş seljuklaryň esasy güýç bolup döremegini, gaznalylaryň bolsa pese gaçmagyny alamatlandyrýar. Seljuklar Horasany we töwerekdäki şäherleri eýeläp, soňra Beýik Seljuk Imperiýasy diýlip atlandyryljak imperiýany gurdular.

Beýik Seljuk Imperiýasynyň 1092-däki serhetleri, 1040 - Dandanakan söweşiniň bolan ýeri