Mazmuna geçiň

Çagry beg

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Çagry beg

Doguldy: 989-nji ýyl Horasan (häzirki Günorta Türkmenistan).

Öldi: 16. 07. 1060-njy ýyl. Sarahs.

Hüküm sürdi: 1040-1060 ý.ý.

Soňra ýerine geçen: Alp Arslan

Kakasy: Seljuk ogly Mikaýyl.

Lakamlary: Ebu Süleýman

Dini lakam : Dawud.

Öz ady: Çagry beg

Çagalary: 1.Alp Arslan, 2.Kawurd, 3.Ýakuti, 4.Süleýman, 5.Bähram şa, 6.Ylýas, 7.Osman, 8.Hatyja Arslan hatyn 9.Göwher hatyn, 10.Sefiýýe hatyn

Dini: Yslam, Sünni Çagry begiň hakyky ady Ebu Süleýman Dawut Çagry beg bin Mikaýyl (989-1060) bolup, ol Oguzlaryň Kynyk taýpasyndan bolan Seljukly hökümdary Seljuk begiň agtygy, Mikaýylyň hem oglydyr. Ol Togrul begiň agasydyr. Şeýle hem Alp Arslanyň hem kakasydyr.

Umumy maglumat

[düzet | çeşmäni düzet]

Çagry adynyň manysy:

Çagry ady şol wagtlar çekdirilip ulanylan Türki sözünde Dogan ýa-da Bozdogan (Ak dogan) manysyny beripdir[1][2] Mahmyt Kaşgarynyň Diwanylugatitturk atly eserinde «Çagry» diýmek. Dogan guş, Çakyr guş manysyny aňladýandygy ýazylypdyr[3]. Çagry beg we dogany Togrul beg Oguz taýpalarynyň Horasan we Horezm döwletlerine ýaýylan-ýaýran ýelerinde dogulypdyrlar. Çagry beg we Seljuk türkmenleri beýleki Türkmen taýpalary arasynda kynçylyk çeken soňlar Mawerannahrdan Horasana göçüp bardylar. Horasana häzirki wagtda günorta Türkmenistan bilen Demirgazyk Eýran we demirgazyk Owganystan giripdir. Horasan ol wagtlar Gaznalylar döwletiniň bir bölegidi. Togrul beg bilen birlikde Kynyklara we Seljuk maşgalasyna ýolbaşçylyk etdiler. 1035-nji ýylda Gaznaly hökümdary Mesut I bilen bolan söweşlerde üstünlik gazanýarlar. Gaznalylar söweşde ýeňilýär. Bir şertnama gazanylmagy pursat tapan Mesut bu saparda Çagry begi ýeňdi we Türkileriň gadymy hökümdary Afrasiýabyň gurdurandygy rowaýat edilen Merw şäherini Çagry beg 1037-nji ýylda zabt edip, içgi gala çozup girdi we atynyň eýerini ýerde goýup «Tagt» hökmünde üstünde oturdy[4]. Bular hakynda giňişleýin taryhy ýazan Ibn Esir şeýle diýýär:

Bularyň taýpa-topary olaryň diýenini edipdir. Ýagşyny ündän ýerinde bitiripdirler, ýamany gadagan edende saklanypdyrlar. Olar Buharanyň ýigrimi parsahlyk golaýynda mesgen tutdular. Emma Buharanyň emiri bulardan gorkusyna olara gün bermedi, olary heläkläp, ýok etmek isledi. Bular Türküstanyň patyşasy Bugra handan pena sorap, şonuň ýurduna göçdüler we şol ýerlerde ornaşdylar. Togrul beg bilen Çagry begiň ikisiniň gelen kararyna görä Bugra hanyň ýanyna hiç haçan bile barmaly däldiler. Eger biri Bugra hanyň ýanyna gitse, beýlekisi hökman ilbaşynda oturmalydy. Sebäbi olar Bugra hanyň mekirligi, bu ikisini bir ýere jemläp, tutduryp, tussag etdirip, ili başsyz goýmagyň mümkindiginden çekinýärdiler. Bugra han bu ikisini öz huzurynda bile görmek üçin her näçe jan etse-de, olar muny kabul etmediler. Şonda Bugra han gahar edip, Togrul begi tutdurdy we ÿesir etdi. Çagry beg öz taýpasyny we yzyna eýerýänleri jemläp gozgalaň turuzdy, agasyny halas etmek üçin Bugra hanyň üstüne gaýtdy. Bugra han hem munuň üstüne öz esgerlerini sürdi. Iki tarap hem ýowuz döwüşdiler. Soňra Bugra hanyň esgerleri ýeňlip, gaçyp başlady. Olardan örän köp adamyň jany ahyrýete iberildi.Çagry beg agasyny ýesirlikden halas etdi we bu ýerleri taşlap, ýene-de Buharanyň golaýyndaky Jent sebitlerine tarap göçüp bardylar we şol ýerde hem ornaşdy. Samanly döwleti dargap, Ilek han Buharany eýeläninden soňra Çagry beg bilen Togrul beg iň agasy Arslan ibn Seljugyň Mawerannahrdaky täsiri has güýçlendi. Bu wagtlar Arslan hanyň tussaglygynda ýatan Alytegin gaçmagy başardy. Ol özüni Buhara atdy we bu ýerleri eýeledi. Arslan han Ilek hanyň süýtdeş doganydyr. Alytegin Arslan ibn Seljuk bilen ylalaşdy we bilelikde goranmaga başlady. Bularyň işi indi ilek han üçin has-da çylşyrymlydy. Arslan hanyň dogany Ilek han ýüregini bire baglap, olaryň üstüne çozuş etdi. Emma ýeňlişe sezewar boldy. Ol ikisi bolsa Buharada galdy. Alytegin Ýemineddöwläniň ýurdunda goňşuçylykda oturan ýerinden oňa köp ters işleri ederdi. Onuň Türk patyşalaryna yzygiderli gatnap duran ilçileriniň ýoluny beklärdi. Öň ýatlap geçişmiz ýaly, Mahmyt Amyderýadan geçende, Alytegin Buharany taşlap, gaçyp gitdi. Arslan ibn Seljuk bolsa öz jemagatyny ýanyna alyp, Mahmytdan goranmak üçin şol ýerdäki sähralyga özüni atdy. Seljuklaryň güýç-kuwwatyny olaryň edermenligini, gaýduwsyzlygyny we adam sanynyň köplügini görende, Ýemineddöwläniň ýüregine ömründe bolmadyk gorky ornaşdy. Ol Arslan ibn Seljuga hat ýazyp, ony öz tarapyna çekmäge synanyşdy, onuň ýüreginde bu pikire bolan höwes döredi. Arslan ibn Seljuk onuň ýanyna gelen dessine Ýemineddöwle ony tutdurdy we salymyny bermän, galadaky zyndana atdyrdy. Olaryň öýlerini talady. Ýemineddöwle onuň maşgalasyny we taýpasyny näme etmelidigi hakda maslahat soranda, Mahmydyň iň ýakyn adamlarynyň biri Arslan Jazyp ýaý atyp bilmezlikleri üçin olaryň başam barmaklaryny çapmaklygy ýa-da hemmesini Amyderýa gark etmekligi maslahat berýär. Ýemineddöwle oňa: «Seniň ýaly doňýüregi görmändim» diýýär. Soňra olary Amyderýadan geçirip goýberýär. Horasan sebitlerine dagan bu adamlara salgyt salnypdyr. Patyşanyň wekilleri salgyt ýygnanda, olara sütem edipdir. Soňabaka bularyň elleri olaryň ähli mal-mülküne we gyzyna-ogluna uzap başlady. Bu ýagdaýa çydam etmedik iki müň adam olardan bölünip Kermana, bu ýerden hem.geçip, Yspyhana gitdiler. Soňra bu seljuklylar bilen Yspyhanyň häkimi Alaeddöwle ibn Käkeweýhiň arasynda öň ýatlap geçen dartgynly söweşimiz bolup geçdi. Soňra olar Yspyhany hem taşlap, Genjä gitdiler. Ine, bular Arslan hanyň adamlarydyr. Emma onuň doganynyň perzentleri hakynda aýtsak, Buharanyň häkimi Alytegin olary ele geçirmek üçin hile-pirim oýlady. Ol Togrul beg Muhammediň we Çagry beg Dawudyň agalarynyň ogly Ýusup ibn Musa ibn Seljugyň ýanyna çapar iberip, bol haýyr-yhsanlary wada berdi. Göwnüniň küýsändigi üçin öz huzuryna gelmegini haýyş etdi. Ýusup onuň ýanyna geleninde Alytegin ony öz welaýatyndaky ähli türkmenleriň serkerdesi diýip yglan etdi. Örän köp mülk ýerlerini sowgat berdi we oňa Emir Ynanç Beýgu diýen lakam dakdy. Bularyň arasyndaky çaparyň bitirmeli işi agalarynyň ogly Togrul beg bilen Dawudy ýeňmek üçin Ýusubyň adamlaryna we taýpa-toparyna kömek etdi. Munuň gizlin maksadyny bilensoň, Ýusup özünden islenilen zatlaryň hiç birine hem boýun bolmady. Alytegin özüniň Ýusup hakyndaky mekirliginiň ýol almandygyny, maksadyna ýetmändigini bilende, ony öldürmekde buýruk berdi. Şeýdip Ýusup öldürildi. Onuň ölüm jezasyny Alyteginiň emirleriniň biri Alp Gara ýerine ýetirdi. Munuň öldürilmegi Togrul bege, inisi Çagry bege we olaryň taýpasyna agyr degdi. Olar matam lybasyny geýdiler. Ar almak üçin jemläbilen türkmenlerini bir ýere jemlediler. Alytegin hem goşun jemläp, bularyň üstüne ugrady. Bu söweşde Alyteginiň esgerleri masgaraçylykly ýeňlişe sezewar boldular. Dört ýüz ýigrimi birinji hijri ýylynda Togrul beg bilen Çagry beg agalarynyň ogly Ýusuby öldüren Alp Garanyň üstüne hüküm edip, ony öldürdiler. Alyteginiň esgerlerinden bir uly topar bilen duşuşup, söweşe girdiler. Olardan müň töweregi adamy öldürdiler. Muňa gany gaýnap joşan Alytegin esgerlerini, ogullaryny we ýarag göteribilen ýaranlarynyň ählisini jemläp, seljuklaryň üstüne çar tarapyndan hüjüme geçdiler. Örän dartgynly geçen bu söweşde seljuk esgerlerinden köp adam öldürildi. Olaryň baýlyklary we ogul-gyzlary ýesir-olja alyndy. Aýallary we ýaş bala-çagalary ýesir edip sürdüler. Mundan soň olara Horasana aşmak zerurlygy ýüze çykdy. Olar Amyderýadan geçenlerinde, Horezmşa Harun ibn Altyndaş ylalaşykda we agzybirlikde bir il bolup ýaşamak üçin olary ýanyna çagyrdy. Togrul beg we onuň iki dogany Çagry bilen Beýgu onuň ýanyna gitdiler. 426-njy hijri ýylynda olar Horezmiň eteginde çadyr dikdiler. Horezmşanyň çakylygyna ýürekden ynandylar we özlerini örän arkaýyn duýdular. Emma Horezmşa ähtiýalanlyk bilen hereket etdi we Emir Şamäligi olaryň üstüne öjükdirdi. Harunyň hem birnäçe esgerini ýanyna alyp, Şamälik öz goşuny bilen duýdansyzlykda seljuklaryň üstüne döküldi. Olaryň köpüsini öldürdi, ýesir aldy, talap tozdurdy. Bu hyýanatçylygyň üsti bilen olar örän erbet ýagdaýa düşdüler we ählisi jem bolup, Horezmi taşlap, Nusaý sähralygyna tarap gitdiler. Olar şu ýylyň içinde Merwe hüjüm etdiler. Ýöne hiç kime zulum-sütem, jebir görkezilmedi. Olaryň ogul-gyzlary,ýaş çagalary bolsa entegem ýesirlikdedi. Öň ýatlap geçişimiz ýaly, bu wagtlar patyşa Mesut ibn Mahmyt ibn Söbüktegin Tabarystandady we ol ýerleri basyp alypdy. Seljuklar oňa hat iberdiler we aman soradylar. Özleriniň diňe ýurt içinde bozgakçylyk edýänleriň üstüne hüjüm edýändiklerini, adamlary olaryň zulum-süteminden goraýandyklaryny, diňe şolar bilen söweşýändiklerini, eger aman berip, öz ýanyna kabul etse, islendik adamyň garşysyna, islendik söweşde onuň iň uly ýardamçysy boljakdyklaryna kepil geçdiler. Emma Mesut ilçileri tutdurdy we öz hajyby Ildoganyň (Begdogdy) hemde beýleki ekabyr baştutanlygynda san-sajaksyz goşun jemläp, olaryň üstüne ugrady. Olar şu ýylyň meret aýynda Nusaýda duşuşdylar we söweşe girdiler»[5]. 1040-njy ýylda Daňdanakan söweşi başlady. Çagry begiň baştutanlygyndaky Seljuklylar Gaznalylaryň üstünden gutarnykly ýeňiş gazandylar. Çagry beg hökümdarlygy ikä bölüp dogany bilen paýlaşdy we hökümdarlygyň günbatar topraklaryny agasy Togrul beg, gündogar topraklary bolsa özi dolandyrdy. Çagry beg dogany Togrul beg bilen ýakyndan gatnaşypdyrlar. Çagry beg Togrul begiň öwlatsyz galmagyny islemändir we oňa öz ogly Alp Arslany ogulluk edip beripdir. Togrul beg 1056-njy ýylda Bagdatda höküm süren Şyga Büweýhogullary döwletini sybdyrýar. Büweýhogullarynyň süteminden dynan sünni halyflar Seljuklylary gowy garşylaýarlar. Halyf Kaim Togrul bege Ruknuddawla (Ýurduň goragy we ş.m.) ýaly lakamlary dakypdyr. Togrul beg Abbasy halyfy El-Kaimyň gyzy Seýýide Fatima el-Betula öýlenipdir. Araplar bilen Seljuklylaryň arasyndaky garyndaşlyk berkäpdir. Soňra Halyf El-Kaim Çagry begiň gyzy Hatyja Arslan hatyna öýlenipdir. Taryhy çeşmelerde Çagry beg hakynda köp maglumat berilmändir.

[1] Clauson, p. 410.

[2] Çagry 1. Kimdir birini çagyrmak, 2. Dogan, Çakyr guş. 3. Rutbe, lakam. TDK adam atlarynyň sözlügi (türkçe).

[3] Atalaý. B. (2006). Diwanylugatitturk. Ankara: Türk taryhynyň gurluşy çaphana.ISBN 975-16-0405-2, jilt II. sah-343 we jilt III sah-332.

[4] Tabakat al-Naşiri. sah-127. Čaghrī Beg Dāwūd Encyclopaedia Iranica (iňlisçe)

[5] Ibn el-Esir. Kämil taryh. Miras çaphanasy. 2005. I jilt. sah-189-90.