Türkmen edebiýaty

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Türkmen edebiýaty—iň gadymy edebiýatlaryň biridir. Ol özüniň taryhyny gadymy zamanlardan alyp gaýdýar. Türkmen edebiýaty bizi gadymy zamanlardan başlap, şu günlere çenli halkyň ýaşaýşy, durmuşy, dürli wakalara gatnaşyşy, gahrymançylyklary, pajygaly ýagdaýlary, arzuw-islegleri, bagtly-şatlykly durmuşlary bilen bizi tanyş edýär. Halkyň döreden şahyrana eserleri: “Gorkut ata”, “Oguznama” , “Kowusnama”,”Görogly” , “Şasenem-Garyp” ýaly onlarça eposlardyr, dessanlar köp asyrlar mundan öňki gahrymançylykly, durmuşy, taryhy wakalary habar berýär. -Türkmen halky öz taryhyny gadym zamanlardan alyp gaýdýan edebiýatyň has ösen döwri orta asyrlardyr. Bu asyrlarda Orta Azyýada Mahmyt KaşgaryDiwany- Lügat et-türk” , Abu Abdylla Muyzzi (1047- 1127), Omar Haýýam (1048- 1122), Sanjar (1083-1157) “Seljuknama”, Hoja Ahmet Ýasawy (1103-1166) , AlyKyssaýy-Ýusup” (1233), Mahmyt Pälwan (1247-1326), Ahmet Burhaneddin Siwasly (1345-1398) Horezm1iMuhabbetnama” (1353), Seýit Nesimi (1370-1417), Alyşir Nowaýy (1441-1501) ,WepaýyRownakyl yslam” (1464) , Muhammet Fizuly (1500-1563), Muhammet Baýramhan (1505-1561). Abdyrahym Baýramhan ogly (1556-1626), Berhudar TürkmenRagna we ZybaGaraja oglan (1606-1679) ýaly beýik şahyrlar ýaşap, öz eserleri bilen dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyny baýlaşdyrypdyrlar. Orta, asyrlaryň iň görnükli meşhur yazyjylarynyň biri Muhammet Baýramhandyr. Ol diňe bir şahyr, bagşy-sazanda däl-de , Hindistanda Mongollar köşgüniň baş weziri , harby serkerde-”Han- hanan” hem bolupdyr. Baýramhanyň türki, pars, urdy dillerinde ýazan goşgulary asyrlar geçip, biziň döwrümize ýetipdir.

XVIII asyr türkmen edebiýatynyň özboluşly ösen döwrüde ýaşan görnükli, öňde görüji pikirli söz ussatlary:“Döwletmämmet- Azadynyň (1700-1760) “Wagzy-azat” , “Magtymguly-Pyragynyň” (1733-1783) graz'danlyk Lirikasy, Nurmuhamet-Andalybyň (1710-1770) “leýli-Mejnun”, “Ýusup-Züleýha” , “Oguznama” , Abdylla -žabendänin (1720 -1800) , “GülBilbil”, “žabährem” , Syýahatnama , “Ĺžeýdaýynyň (1730 -1800 )” , “Gül-SenuberMahmyt Gaýybynyň (1734-1800) , “Otuz iki tohum kyssasy” , Gurbanaly Magrupynyň (1740-1810) “Seýpelek-Medhaljemal” , “Döwletýar”, “Ýusup-Ahmet” , “Aly beg-Baly beg” ýaly eserleri türkmen edebiýatyny , dilini we medeniýetini biçak ösdürýär. XVIII asyr türkmen edebiýatynda agzybirlik, il-ýurdy söýmek we ony goramak , bir bitewi döwlete birleşmek , mertlik , batyrlyk , wepalylyk , ar-namysly bolmak “ baş temalar suratlandyrylan.Çeper edebiýatda milli özboluşlylyk , täze mazmunly poeziýa , realistik ugur , progressiw ideýalar has aýdyň dużulýar .

XIX asyrda türkmen edebiýaty döwrebap ösüş ýoluny geçýär. Bu döwrüň türkmen edebiýatynda XVIII asyrda düýbi tutulan esasy temalar, progressiw ösdürilýär , kämilleşdirilýär.

XIX asyrda özleriniň dürdäne eserleri bilen külli türkmene özüni tanadan klassyk şahyrlar: Mämmetweli Kemine, Seýitnazar Seýdi, Gurbandurdy Zelili , Mollanepes , Annagylyç Mätäji we başgalar ýaşapdyr. Bu talantly şahyrlaryň durmuşy dogruçyl beýan edýän , zähmetkeşiň duýgy-dünjesini, ýürek owazyny çeper aňladýan goşgulary ýüreklere teselli berip, dilden -dile geçip gelipdir.

XIX asyrda türkmen topragy dürli taryhy wakalaryň şaýady bolupdyr. Muny Abdy Setdar KazynyňJeňnama” (Tekeleriň uruş-kyssa kitaby) poemasy tassyklaýar. “Jeňnama” (1862) poemasynyň üsti bilen beýik akyldar Magtymgulynyň türkmen tirelerini birleşdirmek , bir bitewi türkmen döwletine-ýeňilmez güýje öwürmek baradaky progressiw ideýlarynyň XIX asyrda durmuşa geçip başlandygyny açyk aňýarys.

XX asyryň başyndaky (1900-1917) türkmen edebiýatynyň taryhyny Döwletmämmet Balgyzyl , Molladurdy , Baýram şahyr , Körmolla, Durdy Gylyç ýaly halk arasynda giňden tanalan şahyrlar bezeýär . Bu şhyrlar öz eserlerini , esasan durmuşy , sosiyal deňsizlik temalarda düzüp, türkmen edebiýatyna öz goşantlaryny goşupdyrlar.

Türkmen sowet edebiýaty (1917-1990) özüniň döreýiş we ösüş başlangyjyny beýik Oktżabr Sosialistik rewolżusiýasynyň ýeňşinden alýar. Onuň döreżiş we ösüş prosesi ýurdumyzdaky sosiýalistik durmuş ajaýyp söz ussatlarynyň -ýazyjy -şahyrlaryň: Mollamurtuň, Berdi Kerbabaýewiň Ata Gowşudowyň, Agahan Durdyýewiň, Oraz Täçnazarowyň, Hydyr Derýaýewiň, Nurmyrat Saryhanowyň, Ata Salyhyň, Aman Kekilowyň, Gara Seýitliýewiň, Towşan Esenowanyň, Kerim Gurbannepesowyň we başgalarynyň döredijilik talanty bilen berk baglanyşýar. Türkmen Sowet edebiýaty geçen taryhy döwrüň içinde tema, ideýa-çeper-çilik janr taýdan has ösýär we kämilleşýär. Onuň taryhyny Beýik Oktýabr, W.Ý.Lenin, partiýa, türkmen halkynyň geçen taryhy -rewolýusiýon ýoly, beýik watançylyk urşunda sowet halkynyň beýik Ýeňşi, parahatçylyk, halklaryň dostlygy, Sowet adamsy we onuň zähmet hem ahlak sypatlary barada ýazylan ýüzlerçe çeper, şahyrana eserler bezeýär .


Türkmen edebiýatyny öwrenmekde onuň ençeme asyrlyk taryhyny yzarlamakda, ýüzlerçe talantlaryň döredijilik dünýäsine göz aýlamakda bize şu “Türkmen ýazyjylarynyň portretleri” diýen komplekte girýän 16 ýzyjy-şahyryň kömek berjekdigine ynanýarys.

Seret[üýtget | edit source]

Makalanyn alynan yeri
http://www.magtymguly.org/
Türkmen edebiýaty http://www.tkm.8m.net
«Ýaprak» žurnalynyň baş redaktory Ýusup Gojuk bilen söhbet
http://www.yaprakpress.8m.com/new_page_2.htm
Şahyr Aman Kekilow (rusça)
http://iatp.edu.tm/akekilov http://enedilim.com/kitaphana

Hindistanda Mongollar däl-de Mogollar bolmaly. Bu ikisi ayrydyr, garyşdyrmak bolmaýar.