Seýitnazar Seýdi
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda salgylanma ýok. |
Seýitnazar Seýdi-Türkmen Serkerde Şahyry.1768-nji ýylda Lebap welaýatynyň Lamma obasynda eneden bolýar.Şahyr Buhara şäherinde bilim alyp sol ýerde hem Zelilä duşýar.Şahyra serkerde şahyr diýilmeginiň sebäbi ol gosgudyr hekaýa yazmakdan başga Türkmen dag ýigitlerine urş-söweş tälimlerini hem öwredýär ekeni. Şahyrlyk ýyllary ol at üstünde geçiryär. Beýik serkerde şahyr açyk yürekliligi, watansöýerligi, mertligi hem-de edermenligi öz goşgularynda wasp edipdir."Lebap hoş indi"," Dönmenem begler","Bolan bardyr","Gelin","Ýigitler","Biçäre bolup gitdim","Mübärek bolsun","Ärsarynyň ýigitleri" hem-de beýleki goşgulary türkmenleriniň yüregini joşdurýar!Şu wagtlar onuň adyna köçeler, baglar hem-de şäherler bardyr. Onuň esasy ýadygärligi bolsa Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynda Lamma obasynda ýerleşýär. Şahyr we onuň gyr atynyň yadygärligi Lebap welaýatynda esasy gadymy yadygärligi diýip hasaplanýar. Onuň özi gaty metal, Bronzadan gurulan hem-de mahal-mahal täze özgerişlere eýe bolýar.