Jeňnama
Abdysetdar Kazynyn poemasydyr. Ol muhannes gornusinde yazylyp, Garrygala hem-de Mary soweşlerini doly beyan edipdir.
Abdysetdar Kazy «Jeňnama» ýa-da «tekeleriň uruş kyssa kitaby» diýip atlandyrylýan taryhy poemanyň awtory hökmünde XIX asyr türkmen edebiýatynda bellidir. Bu poemanyň ähmiýeti ägirt uly. Onuň mazmunynda türkmen halkynyň taryhynda bolup geçen şöhratly wakalar öz yzyny galdyrypdyr. Ol türkmen halkynyň gymmatly edebi miraslarynyň biri bolmak bilen, konkret taryhy wakalary yzygider şöhlelendirýänligi we çeper esere mahsus bolan häsiýetleri özünde jemleýändigi üçin, taryh hem-de çeper eser hökmüňde örän ähmiýetlidir. Şoňa görä poemadan taryhçylar hem taryhy material hökmünde peýdalanýarlar.
XIX asyryň çylşyrymly taryhy wakalaryny şöhlelendirmekde Abdysetdaryň «Jeňnamasy» möhüm ähmiýete eýedir. Poemanyň mazmunynda ýatýan wakalar, az derejede hem bolsa, şol döwrüň beýleki şahyrlarynyň eserlerinde hem şöhlelenme tapypdyr. Mysal üçin, bamyly Allaberdi (lakamy Hyra beg) diýen şahyra degişli bir kiçižik şygyrda 1858-nži ýylda Garrygala gelen Eýran goşunyny ýeňip, yzyna gaýtarmakda gahrymançylyk görkezen Ahal hany Nurberdi hanyň üstünligi taryp edilýär. Bu şygyrda şol wakalar yzygider tewirlenmeýär, diň söweşe Nurberdi hanyň ýolbaşçylyk edendigi we ýeňiş gazanandygy aýdylýar. Abdysetdaryň «Jeňnama» poemasy göwrüminiň ululygy, wakalaryň biri-biri bilen baglanyşykly, yzygiderli, dowamly, ynançly we gyzykly suratlandyrylýanlygy taýdan has tapawutlanýar.