Baýram şahyr
Baýram şahyr XX asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekili bolup, ol Balkan dagynyň eteklerinde Garryjyk çeşme diýen ýerde dünýä inýär. Ol öz il-halkyny, ýaşaýan mesgenini söýýän, zähmetsöýer bolupdyr. Özüniň döredijilik işini ol ýaşlyk döwründen başlapdyr. Ilkinji ýazan goşgulary özüniň garyplygy barada, adamlaryň agyr günleri barada bolupdyr.
Baýram şahyr raýatlyk urşuna gatnaşyjydyr. Şol temada ýazan birnäçe şygyrlary onuň geçmişiniň agyr günlerini başyndan geçirendigini görkezýär. Şahyryň "Garybyň" atly goşgusy bu hakykaty tassyklaýar.
Raýatlyk urşunyň pajygaly wakalary Baýram şahyryň döredijiliginde öz beýanyy tapypdyr. Muny şahyryň "Söweşermen siz biläni" goşgusynda hem görmek bolar. Bu goşguda şahyry bolşewikler bilen menşewikleriň arasyndaky syýasy dawalar gyzyklandyrman, halkyň horlanýandygy, talanýandygy ynjalykdan gaçyrýar. Ol adalatyň dabaralanmagyny arzuw edýär.