Körmolla

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Körmolla Suhanberdiniň- ýaşlygy (1876-1934) Daşaguz sebitlerinde geçýär. Onuň kakasy Öwezberdi aga garyp bolup, gün-güzeranyny dolandyryp bilmänsoň, oňat durmuş gözläp, ilki Mara, soň Sakarçägä göçüp barýar. Ol ömrüni daýhançylyk bilen geçirýär.

Körmolla - 23 ýaşynda iki görejinden mehrum bolýar. Şondan soň halk arsynda oňa Körmolla lakamyny dakýarlar. 25 ýaşlarynda şygyr düzmäge başlan Körmolla öwgüli odalary, ýiti duzly satirik häsiýetli goşgulary bilen tapawutlanýar.

Körmollanyň döredijiliginiň öwrenilişi

Körmollanyň eserleri sözüň doly manysynda soýuz döwründe öwrenilmäge başlandy. Körmollanyň ömri we döredijiligi baradaky gymmatly maglumatlary biz käbir okuw kitaplarynda, A. Kekilow, G. Gurbansähedow, A. Gowşudow, K. Salyhow we başgalar tarapyndan ýazylan makalalarda hem duş gelýäris.

Körmolla «Guýruk gitdi, gördünmi?», «Gahar donna giren Gulhan soltanyz» diýen ýaly şygyrlarynda:

            Arçyn bolmaz Han çokgadan, Çepbeden,            

                              Hudaýym saklasyn bu bihepbeden,

              

                              Hatjyguly nepýag döküp otlalyň,

                              Bile otlap, onsoň senem ýatlalyň-

- diýmek bilen, biri-birine ters bolan, halkyň ganyny sorup gelen, arçynlary ýüz görmezden paş edýär, şu hili peýdasyz perişdelerden bütinleý dynmaklygyň tarapyny çalýar.

Körmolla Suhanberdi 1934-nji ýylda aradan çykýar.