Mazmuna geçiň

Ata Gowşudow

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Ata Gowşudow
Käri ýazyjy
Doglan senesi 5 Iýul 1903
Ölen senesi 15 Noýabr 1953

Ata Gowşudow (1903-1953) türkmen halkynyň görnükli ýazyjylarynyň biri. Ol hekaýa, powest, roman ýazmaklyk bilen gyzyklanýar.

Perman romany

Ýazyjy 1903-nji ýylda Aşgabat şäheriniň golaýyndaky Büzmeýin obasynda eneden dogulýar. Onuň ejesi belli ertekiçi aýal Ogulgerek eje bolupdyr. Ýaşlykda Ogulgerek eje öz ogluna rowaýatdyr, ertekiler aýdyp beripdir. Şeýlelikde Atada halk döredijiligine we çeper edebiýata söýgi döräpdir. Ol ilki oba mekdebini tamamlaýar, soňra mugallymçylyk kursunda okaýar. Ol 1922-nji ýylda sowet partiýa mekdebinde okaýar. Ol şol döwürde „Gyzyl puluň gullary“ atly pýesasyny ýazýar. 1922-nji ýyldan başlap Moskwadaky Gündogar zähmetkeşleriniň kommunistik uniwersitetinde okap başlaýar. Bu ýerde okamak onuň gözýetimini giňeldýär, rus edebiýatyna bolan söýgini döredýär. Türkmenistanda kadr ýetmezçilgi sebäpli Atany Moswkadaky uniwersiteti gutarmanka işe çagyrýarlar. Ol 1925-nji ýylda „Ýaş Kommunist“ gazetinde işläp başlaýar. 1927-1933-nji ýyllar aralykda Magaryf işlerinde işleýär. 1933-nji ýylda „Sowet Türkmenistan“ gazetiniň edebi işgäri bolup işleýär. 1934-nji ýylda „Ýolumy düzetdim“, „Azaşan yzyny tapdy“ ýaly hekaýalary ýazýar. 1938-nji ýylda Türkmen döwlet ylmy derňew dil we edebiýat institutynyň ylmy işgäri bolup işleýär. Ol şonda halk döredijiligini toplamak bilen meşgullanýar. Ata Gowşudowyň "Perman" romanynda Gökdepe söweşi tragediýasy hakyky teswirlenip görkezilýär. Ýöne romany çap etmeklik sowet döwründe senzura ugraýar, we romanyň ilkinji baby bütünleý ýogadylýar. Galan baplaryny Ata Gowşudow aradan çykansoň, ýazyjy Nargylyç Hojageldiýew ýolbaşçylyk edip çap etdi.

''Perman[1]'' atly romany.

[düzet | çeşmäni düzet]

Onuň bu eseriniň käbir bölümleri 1939-1940-njy ýyllarda ''Sowet edebiýaty" žurnalynda çap edilýär.Muňa garamazdan ýazyja öz kitabynyň çap edilişini görmek miýesser etmeýär.

Beýik watançylyk urşundan öň başlan romanyny uruşdan soň tamamlaýar.Gökdepe galasynyň basylyp alnyşy barada gitmesi sebäpli onuň romany çap edilmeýär.Munuň sebäbi bolsa şol wagta çenli gozgalmaýan" Gökdepe söweşi" barada giňişleýin maglumat berilmegi we rus-türkmen dostluguna zeper ýetmesi şüwhesi bilen onýyllar soň ýagny 1989-njy ýylda kitap görnüşinde çap edilýär.Eserde Öwezmyrat batyr,Dykma serdar,Kany batyr,Nepes,Hal molla,Stepan aga ,Gutlymyrat,Seýitmyrat beg,Perman ýaly gahrymanlar hereket edýär.Kitapda bu ýokardaky gahrymanlaryň üsti bilen Gökdepe galasynyň söweşden öňki we soňky yagdaýy,sosial deňsizlik ýaly meseleler gozgalýar.



  • Gandym awçynyň maşgalasy
  • Gajar aga
  • Azaşan yzyny tapdy
  • Ýolumy düzetdim
  • Garrynyň Sözi
  • Ýelli Ödäniň öýlenişi
  • Dordepel
  • Watan ogly
  • Iň soňky arçyn

]]

  1. "Perman" romany