Kerim Gurbannepesow
Kerim Gurbannepesow Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Kerim Gurbannepesow 1929-njy ýylda Gökdepe etrabynyň Ýylgynly obasynda eneden dogulýar. Obadaky ýedi ýyllyk mekdebi gutarýar. Uruş döwrüniň agyr kynçylyklary sebäpli olaryň maşgalasy Tejene göçmeli bolýar. Şahyr 1945-1946-njy ýyllarda Tejen derýasynyň boýunda gurulýan suw howdanynyň gurluşygynda işlän döwründe ýörite gurluşykçylar üçin çykarylýan gazetde jogapkär sekretar bolup işleýär. 1949-1951-nji ýyllarda goşun gullugynda bolup dolanyp geleninden soň ýene-de žurnalistlik kärinde işe başlaýar.
Kerim Gurbannepesow Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlaýar. Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginde, “Tokmak”, “Sowet edebiýaty” žurnallarynda jogapkär wezipelerde işleýär. Ol Ýazyjylar soýuzynyň başlygynyň orunbasary, Dolandyryş agzasy(Член управления), Türkmenistanyň Ýokary sowetiniň deputaty bolup il-ýurduna jany-teni bilen hyzmat edýär. Şahyr Kerim Gurbannepesow 1988-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda aradan çykýar.
Eserleri
[düzet | çeşmäni düzet]- "Oýlanma baýry" goşgylar ýygyndys
- Ýürek poemasyy
- Enäniň ýaşy
Günämizi bagyşlaýar eneler. Sebäp – eneleriň ak süýtli döşi Köp-köp garalygyň günäsin ötýär. Şeýdibem kemelýär eneleň ýaşy...
Ene balasyna buýurdy ýumuş, Ol diýdi: «Özüň et oň ýaly işi!» Ýandy ene. Emma ötdi günäsin. Kemeldi enäniň ýene bir ýaşy.
«Öýe wagtynda gel, giç gelme, balam..» Ogly bolsa enä çenedi daşy. «Wah, nätsemkäm?» Emma günäsin ötdi. Kemeldi enäniň ýene bir ýaşy.
Ýigrimi ýaşyny doldurdy ogul. Gapak ýaly boldy tüýlüje döşi. «Indi ata bolduň, adam bol, oglum!» Gysyldy, gysyldy enäniň dişi.
Ene dişin gysdy otuzki gezek, Her gezek gysanda gaçdy bir dişi. Enäniň her gaçan dişine derek Ýaprak dek saralyp, Gaçdy bir ýaşy...
- Ýazmasy agyr düşen goşgy
- Ömrüme pent goşgusy
Şahyr! Şahyrlygyň çyn bolýan bolsa, Sönüp, ýanyp, ýene sönüp, ýanyp git. Ynsanlyk ýazgydyň çuň bolýan bolsa, Gara ýere çümüp, çykyp, çümüp git.
Hem akyl ber, hem iliňden akyl al. Kitapdan däl, gara ýerden nakyl al. Alan zadyň demiň bilen ýakyp al, Soň ýene-de ýeriň süýdün emip git.
Dag ýoluna, çöl ýoluna belet bol, Dag ýolunda – çat açmaýan polat bol. Çöl ýolunda – tirkeş-tirkeş bulut bol. Teşne görseň, dodagyna damyp git.
Ýol agyrdyr: müň ýanylar, öçüler. Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler. Ýel ygyna şaglap gitse geçiler, Sen öküz dek ýele garşy yňyp git.
Bagt paýlansa üç baýlygy ilki al: Ylgap baryp saglyk bilen erki al. Ýany bilen çuwal-çuwal gülki al, Soň tapylar, galan zady zyňyp git.
Dost paýlansa «Äber!» diýip gyssanma, Alaňdan soň – gysgaltma hem gysgalma. Dileg etse – gözlerňi hem gysganma, Birin ber-de, biri bilen oňup git.
Ha çaryk geý, Ha çokaý geý, Telpek geý – Parhy ýokdur: geýseň bolar erkek deý. Ýöne weli şypbyldama çepek deý. Aýna gonçly ädik ýaly doňup git.
Sorasaň aýdaýyn kyýamat nedir? Erkekler ownasa – kyýamat şodur. Her başy telpeklä goýmagyn gadyr. Bäş telpegi bir gyňaja daňyp git.
Gözelligi sor bagryňa, öýkenňe. Söýülseň söý, söýulmeseň süýkenme. Söýgi hem goşgudyr! Kişä öýkünme, Öz möhrüňi, öz közüňi goýup git.
Ýeňip ýaşa: ahyrda ýeň, başda ýeň, Tomusda ýeň, ýazda, güýzde, gyşda ýeň. Söýgiňde ýeň, gaýgyňda ýeň, işde ýeň – Bir oguldan ýeňilip hem ýeňip git.
Ýeňsin ogul dil bilen däl, iş bilen, Seňkä görä has ýitiräk huş bilen. Aýak däl-de, parasatly baş bilen Ýeňse ogul – gözüň rahat ýumup git.
Gözüň sürtüp merhum enäň alnyna, Bir aglapdyň. Indi beri aglama: Öz balaňy eliň bilen jaýlama, Nobatyňda mele ýere sümüp git.
Dünýä gelmegiň-de nobaty ýagşy, Ýene ölmegiň-de nobaty ýagşy. Men diňe bir zatda nobata garşy: Dost öýünde islän çagyň gonup git.
Başarsaň – köplügiň içine garyş, Tanyşdan dost tutun, ýatlardan – tanyş. «Žiguliň» içinden gözleme durmuş, Köplük bilen awtobusa münüp git.
Köpelsin öýüňde ýürekdeş myhman – Ýary işçi bolsun, ýarysy daýhan. Elbetde, alymam, şahyram hökman. Üýşüp, çaşyp, çar tarapa eňip git.
Şeýle dostlar bilen gezseň birsellem – Ýetersiň iň uly matlaba çenlem. Gadamyň giňden ur! Entekler ellem Hol öňde-le... Ýaş hakynda dymyp git.
Haly wagtyň meňzemegin kilime, Diri wagtyň gyssanmagyn ölüme. Öçen wagtyň öýkünmegin çilime – Içi közli ojar ýaly sönüp git.
Ýene bir söz (magtanmak däl, öwüt däl): Mazaryma daş oturtmak sargyt däl. Mele ýeriň astynda-da daş gyt däl, Bakylyk şol: Şol daşlara siňip git.
- Ýazmasy has agyr düşen goşgy
- Ýaşlyk dramasy
Gaňňalyň oýunda – Tejende galdy Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň. Okgeçmez ýylgynlaň içinde galdy Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň.
Bir ýandan uruşdy, bir ýandan hasrat. Hasrat bolçulykdy, hezillik gahat. Şol ýowuz ýyllara gelipdi gabat Meniň ýigit wagtym, Seniň gyz wagtyň.
Däriler ýanýardy, ys köpelýärdi, Gidýänler gelýänden has köpelýärdi, Toýlar azalýardy, ýas köpelýärdi Meniň ýigit wagtym, Seniň gyz wagtyň.
Söýüşmek düşmejek ýalydy ýada. Emma Söýgi diýen jadyly zada Höküm etmez eken hiç hili kada, Heniz ýigit wagtyň, Heniz gyz wagtyň.
Diýerdim: «Geregim, çen boldy, oýlan! Ähli boýdaşlaryň başlary boglan...» Sen diýerdiň: «Garrap barýarmyň, oglan? Äwmäň öz wagty bar, Sabryň öz wagty!»
Boýnuňdan gelerdi jeňneliň, ysy, Goýnuňdan urardy tümmüliň ysy, Demiňden kükärdi müň gülüň ysy Meniň ýigit wagtym, Seniň gyz wagtyň.
Kem-kemden golaýlap lebiňe lebim, Çabyrap başlanda demiňe demim, Näz bilen iterdiň: «Hany edebiň? Söýgi bulaşmazmy Edep az wagty?..»
Oňuşmaly bordum saçlaryň ysgap, Leb gadagan wagty – olam bir hasap. Ýöne beýle hasap düşmezdi aňsat: Hasap ýitýän eken Dyzba-dyz wagtyň.
Çykarmy ýadymdan şol täsin pursat? (Çykjak bolaýsa-da bermen rugsat!) Gursagmyň üstünde gürsülläp gursak, Keteniň içinde Gyzyl köz wagtyň.
Sagatlar tiz geçdi, tiz geçdi şeýle. Ýaňja-da guşlukdy, bolupdyr öýle, Sen diýdiň: «Pylan jan, gaýdaly öýe, Ýigdiň öz wagty bar, Gyzyň öz wagty».
Şo mahal ýokardan geldi bir owaz, Seretsem toraňňy urup dur perwaz «Aşyklar, ýene-de sabr ediň biraz, Görmändim saýamyň Beýle ýaz wagtyn!»
Derýa hem seslendi: «Etmäň ätiýaç, Size kast etjege taparyn alaç. Siziň kimin birek-birege mätäç Görüpdim ne derýa, Ne tekiz wagtym».
Asmanda pel-pelläp bir goja bürgüt, Gygyrdy: «Siz juda mynasyp jübüt. Ýöne weli gyşa galaýma, ýigit, Miwe ýetişdimi – Ýygna güýz wagty!»
Tokaý bürgüdinden alyp ak pata, Gyşa galmazlyga edipdik wada. Ýa sen sada bolduň ýa-da men sada, Birden tupan gopdy Dünýäň ýaz wagty.
Bilmedim, nämäniň hesibi boldy, Eneň bir sawçynyň ýesiri boldy. Şeýtdi-de özgäniň nesibi boldy Meniň ýigit wagtym, Seniň gyz wagtyň.
Atdylar maşyna. Ses etdiň aglap. Topuldym. Çekdiler golumdan towlap. Bir menzile gitdim yzyňdan ylgap, Gök kürtelem bolsaň, Entek gyz wagtyň...
Bir gujak alynsaç, bir gujak çokul, Üç gujak örümsaç, on gujak akyl – Şunça hazynany bir kürtä bukup, Ýitdiň gözlerimden Daňyň saz wagty.
...Dogry aý ýarymdan dolandyň sen soň. Öň meňkidiň weli, meňki däl onsoň... Şonda men diýipdim: «Sen bagtly bolsaň, Hem-ä meniň bagtym, Hemem öz bagtyň».
Şo bada ýüzüňde göründi ünji. Gözleriňden gaçdy üç sany hünji, Soň gaçdy dördünji onsoň bäşinji... Şoldy iň mert wagtyň, Iň ejiz wagtyň...
«Içerde otursam – ýüregim gysýar. Daşa çyksam – asman depämden basýar». Şu goşgyň, henizem bagrymy kesýär, Tas şahyr bolupdyň Çuwalgyz wagtyň.
Tas şahyr, bolupdyň. Borduňam, belkem. Şahyrlyk ýangyndan başlanýan eken. Ýene gaýdyp gitdiň. Sowaşdym kem-kem, Şonda-da kuwwat sen Her ýalňyz wagtym...
Kim bolsa-da saňa sataşan kişi, Çagalaň bagtyna sag bolsun başy. Ýöne seň başyňa salaýsa gyşy. Gijä öwrülmezmi Oň gündiz wagty?
Çümdürse eliňe ýekeje tiken, Şol tiken müň bolup bagryma çöker. (Şygryma düşüner yşk ýükün çeken, Çekmedik ýitirer Öz eziz wagtyn).
Ýene şuny bilsin ol bagtly oglan: Beýle gyz dogmandy, indi hem dogmaz. Dogsa-da ýüz ýyldan bir gezek doglar, Onda-da säheriň Iň tämiz wagty...
...Arada aýlandym Tejen ýerlerne, Ýaşlyk ýyllarmyzyň geçen ýerlerne, Seredip gözýaşyň seçen ýerlerňe, Geçirdim bir gije, Bir gündiz wagtym.
Gaňňaly hem otyr öňki ýerinde, Toraňňy hem otyr öňki ýerinde, Şol derýa hem ýatyr öňki ýerinde. Bir tapmadyk zadym öňki ýerinden – Meniň ýigit wagtym, Seniň gyz wagtyň.
Yaslyk dramasy gosgusy
[düzet | çeşmäni düzet]- [Gurlushyk://enedilim.com/kitaphana/kitap/kerim_gurbannepesow_-_oylanma_bayry Kerim Gurbannepesowyň Oýlanma baýry atly goşgulary ýygyndysy]
- Kerim aga