Durdy Gylyç

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Durdy Gylyç (1886-1950 ýý.)

Türkmenistanyň ilkinji halk şahyrlarynyň (1938) biri, ökde dessançy, ertekiçi şahyr Durdy Gylyç 1886-njy ýylda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Hojakümmet obasynda eneden dogulýar. Ol ýaşlykda iki gözünden mahrum batyl bolýar. Durdy Gylyç ýaşlyk zehini, yhlasy, ýatkeşligi bilen beýleki çagalardan tapawutlanypdyr. Ol eşiden, diňlän gürrüňlerini, rowaýatlaryny, ertekidir dessanlaryny ýat tutupdyr. Soňra bolsa olary halka ýatdan aýdyp beripdir. Şonuň üçin özi-de goşgy düzmäge başlapdyr. Durdy Gylyç halkyň içinden ýetişen zehinli şahyrlaryň biri. Şagyryň „Ömrüň ýanan, zaýa gelin“, „Jykyr“, „Emekli“, „Çatma“, „Zalymlar“, „Zamanaň geldi“, „Ylym okalyň“, „Biziň Türkmenistanda“, „Ýöriň“, „Iberiň urşa“, „Gurban Durdy“, „Ataýew“ we ş.m. goşgulary bardyr. Onuň eserleri zamanasynyň şahyrana ýazgylary bolup, edebiýat taryhynda yz galdyrdy.