Mazmuna geçiň

Mämmetweli Kemine

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Şahyryň ömri

[düzet | çeşmäni düzet]

Kemine 1770-nji ýylda Sarahs töwereginde Garadöwletiň maşgalasynda eneden dogulýar. Onuň ýaşlygy Sarahs hem Mary töwereginde geçipdir. Ol ilki Saragtda oba mekdebinde okaýar. Soňra şol ýerde bir ahundan ýörite sapak alýar, emma bu hem Mämmetweliniň bilesi geliji ýüregini kanagatlandyrmaýar. Halk arasyndaky gürrüňlere görä Kemine Buhara medreseleriniň birinde okapdyr. Ömrünin sonky yyllarynda Mämmetweli Kemine Araly işany özine pir edip tutunyar.

Kemine obadaşy bolan Gurbanbagt diýen gyz bilen maşgala durmuşyny gurýar. Bularyň Allaýar hem Hudaýýar diýen iki ogly bolupdyr.

Şahyr deň-duşlary bilen oturşmagy, saz-söhbeti söýen şahandaz adam bolupdyr. Ol Aly bagşy atly döwrüniň belli bagşysy bilen ýakyn gatnaşykly bolupdyr. Aly bagşynyň Keminäniň goşgularynyň biziň günlerimize ýetip gelmeginde hyzmaty örän ulydyr. Sebäbi bagşy Keminäniň şygyrlaryny heňe geçirip, halk arasynda aýdym edip aýdypdyr we ýaýradypdyr.

Keminäniň öz döwürdeş klassyk şahyrlary Mollanepes, Şabende, Talyby bilen hem ýakyn gatnaşygy bolupdyr. Şahyrlar mahal-mahal duwşuşyp, goşgy şygr aýdyşypdyrlar, degişipdirler, gülküli gürrüňler edipdirler.

Kemine 70 ýaşap, 1840-njy ýylda aradan çykypdyr. Şahyryň nebereleri häzirki Baýramaly, Türkmengala etraplarynda ýaşaýar.

Keminäniň lirikasy

[düzet | çeşmäni düzet]

Keminäniň çuňňur many-mazmunly, giň temaly döredijiligi bar. Döwrünüň wajyp meseleleri şahyryň hemişe üns merkezinde bolup, olara ynsanperwer kalby, Allatagallanyň bagş eden doga-bitdi pähim-paýhasy bilen baha beripdir. Hususan-da, durmuşy temadan ýazan goşgulary, döwrüniň sosialgatnaşyklaryna häsiýetnama berýän eserleri, yşky lirikasy Keminäniň adyny ählihalk söýgüsine mynasyp edipdir.

http://www.tkm.8m.net/kemine.htm