Namaz
Namaz (pars. نماز) ýa-da äs-solä(t) (arap. الصلاة) — yslamda bäş sütüniň ikinjisi.
Başda Muhammed(s.a.a.v) pygambere ﷺ iki namaz buýrulýar, ýagny fäjr we asr. Soňra Muhammed(s.a.a.v) pygamber ﷺ miraja gideninde bäş wagtyna namaz farz edilýär.
Namazy näme üçin okaýaň diýip soralsa, imanym bolany üçin diýmeli, ýöne men kakam oka diýýär we ata-babalarymyz edipdir diýmek parz hasaplamazlyk dinden çykarýar. Namazy okaýan bolup hem namazyň farzlygyny inkär edýän dinden çykar. Sebäpsiz asr (ikindi) namazy okamazlyk, dinden çykan adamyň hemme sogaplary boşaýşy ýaly öňki hemme sogaplary nol bolar. Her Anna güni mesjidde okalýan Jum'a (jemlenme) namazy bardyr. Bu diňe erkekler üçin hökmany, emma zenanlar üçin sünnet. Pygamberimiziň hiç wagt sypdyrmaýan we ymmatyna (bizlere) buýurýan namazlary hem bolupdyr. Olar sünneti muekkede diýlip atlandyrylýar.
- 5 wagt namazyň tertibi:
- ertir (fäjr) namazy: 2-rekagat sünnet, 2 rekagat farz.
- öýle (zuhr) namazy: 4-rekagat sünnet, 4 rekagat parz, 2 rekagat soňky sünnet.
- ikindi (asr) namazy: 4-rekagat sünnet, 4-rekagat farz.
- agşam (magrib) namazy: 3-rekagat farz, 2 rekagat sünnet.
- ýassy (işä) namazy: 4-rekagat sünnet, 4-rekagat farz 2 rekagat sünnet.
- Ýassy namazyndan soň 3 rekagat witr namazyny okamak Hanefi mezhebine görä wajypdyr.
Namaz okalanda «takbiri, Fatiha süräni, zam süräni, tasbihleri, Ettehiýätini, salamy» ýuwaş ýerde gulagyň eşitjek derejede aýtmaly. Ymama uýýanlar ymamyň öz okamaly zadyndan başgasyny, ýagny uýýan «euzu, besmele, Fatiha, zam sura, semi-Allahu limen hämide» aýtmaz, emma ýokarda agzalany özi ýuwaş ýerde eşitjek derejede okar. Emma lal bolsa, diňe dodagy, dili okalşyna görä gymyldatmak ýeterlikdir.
Namaz çalt okalmaýar. Namaz okalanda tesbihler we doganlar we süreler arkaýyn okalmaly. Eger gyssanmaç bolsa, Yhlas süresi ýaly gysga süre ýa-da 3 aýat okamaly we namazdaky tesbihleri 3 gezek aýdaýmaly.
Namaz
[düzet | çeşmäni düzet]Namaz okamaly adamlar
[düzet | çeşmäni düzet]- Musulman.
- Bulug ýaşyna ýeten imanly çaga.
- Erkeklerde tohumyň çykmagy (adatça 12 ýaşda) ýa-da çykmasada 15-18 ýaşa ýetmegi.
- Zenanlarda aýbaşyň başlamagy (adatça 9 ýaşda) ýa-da başlamasa 15-18 ýaşa ýetilende.
Namaz okamaly däl adamlar
[düzet | çeşmäni düzet]- Şu haldaky zenanlar, bu halda kazada alynmaz.
- Hiç zat öwredip bolmaýan adam.
- Asly däli, ýagny öwredip bolmaýan.
- Imansyz adam (käfir).
- Kör + ker. Görmeýär üstesine hem eşdmeýär.
- Bedeniniň hiç bir agzasy gymyldamaýan bolsa. Iň bolmanda kelle gymyldamaly. Gymyldysyz göz önüňe getirip okalsyz okalmaz.
Namazyň farzlary
[düzet | çeşmäni düzet]- Hädesten tähârat — täretli, gusully bolmak.
- Nejâsatdan tähârat — Bedeniňde, eşigiňde, okaýan ýeriňde nejis zat bolmazlygy. Täret ýa-da gusl üçin arassa ýagny ysy we reňki ýok suw bolmaly. Suw bolmadyk ýagdaýy teýemmum.
- Ystykbâly Kybla — adam kybla bakyp durmak.
- Setri awrat — uýat ýerleriň ýapyk bolmagy.
Erkeklerde dyz bilen göbek aralygy hökman ýapyk bolmaly.
Zenanlar üçin ýüzüň esasy bölegi, goşaryň we aýak topugyndan başga ýerler awrata degişli. - Wagt — Okaljak wagt namazynyň wagty içinde (giren we heniz çykmadyk) bolmaly.
- Niýet — okajak wagt namazyňa niýet etmek.
Dinimizde namazyň hökümi
[düzet | çeşmäni düzet]Namaz yslamdan öňki dinlerde hem emr edilipdir. Namaz hijretden 18 aý ozal, magraj gijesinde, bäş wagt görnüşinde farz buýrulýar. Magrajdan öň hem Resulullah (ﷺ) we mukminler namaz okapdyr. Ýöne olar namazy iki wagtyna – ertirine we agşamyna okapdyrlar. Şeýle hem, namaz okamak olar üçin farz däl-de mendupdy.
Namaz – Kuran, hadys we ijmag bilen anyk kesgitlenen farzdyr. Ol akyly ýerindäki, kämillik ýaşyna ýeten her bir musulman üçin berjaý edilmeli iň belent wezipedir. Dinimizde ýedi ýaşyna ýeten çagalara namaz emr edilip höweslendirilýär. On ýaşyna ýetende ol çaga namazyny okamasa, okamagy talap edilýär. Bu barada Pygamberimiz şeýle aýdýar: «Çagalaryňyzy ýedi ýaşyna ýetende namaz okamaga höweslendiriň, on ýaşyna ýetende okamasa, okamagy talap ediň...», (Ebu Dawud, Ahmed b. Hanbel). Bu möhüm farz ybadatyny amal edenler Allah Tagalanyň ençeme lutuf we hidaýetine ýeterler.
Namazyň farzdygyny inkär etmek, mukmini dinden çykarýar, emma farzdygyny inkär etmän, diňe ýaltalyk sebäpli bu ybadaty amal etmeýänler ruhy taýdan uly ýitgä we zyýana galýarlar. Namaz okamazlyk dünýä we ahyret azabyna sebäpdir. Ahyret azaby barada Allah tagala Kurany Kerimde şeýle buýurýar
- «Olar günäkärlerden sorarlar: «Sizi «Sakar» jähennemine tarap süýreýän nämedir?» Günäkärler şeýle jogap bererler: «Biz namaz okanlardan däldik», (Muddesir, 40-43).
Pygamberimiz bolsa hadysy şeriflerinde şeýle aýdýar
- «Kim ikindi namazyny terk etse, amaly biderek bolar», (Buhary, Nesaýy).
«Kim äsgermän üç ýola yz-yzyna juma namazyny terk etse, Allah onuň ýüregini möhürlär», (Nesaýy, Tirmizi, Ibni Mäje).
Unudyp, ýa-da uklap galandygy sebäpli namazyny okamadyk kişi soň kazasyny okamalydyr. Hadysy şerifde
- «Kim unudyp, ýa-da uklap namazyny geçirse, ýadyna düşende derrew okasyn (kaza etsin)», (Ebu Dawud, Ibni Mäje, Nesaýy) diýilýär.
Kurany Kerimiň ençeme aýatynda mukminleriň namaz okamagyna emr edilýär. «Namazyň wagtynyň kesgitlenip, mukminlere farz edilendigi şübhesizdir», (Nisa, 103). Hadysy şerifde:
- «Allah tagala musulman aýal-erkeklere, ähli kişä günde bäş wagt namazy farz edendir» diýilýär.
Ibni Omardan rowaýat edilýän başga bir hadysda bolsa, Pygamberimiz şeýle buýurýar
- Allahdan başga ilahyň ýokdugyna we Muhammediň Allahyň ilçisidigine şahadat etmek,
- Namaz okamak,
- Remezan aýy oraza tutmak,
- Zekat bermek
- Haj ybadatyny berjaý etmekdir», (Buhari, Muslim).
Namazyň wagtlary we namazda wagtyň ähmiýeti
[düzet | çeşmäni düzet]Wagt namazyň syhhatynyň (dürslüginiň) iň esasy şertidir. Namazy wagtynda okamagyň sogaby uludyr. Ibni Mesud (r.a.) Resuly Ekremden (ﷺ):
- – Allahy iň razy eden amal haýsydyr?– diýip soraýar.
Resulullah (ﷺ):
- – Wagtynda okalan namaz – diýip jogap berýär, (Tirmizi).
Wagtynda okalan namazyň hem iň fazyletlisi we sogaplysy wagty bolan badyna okalan namazdyr. Hadysy şerifde bu barada:
- «Nirede namaz wagty bolsa, derrew namazyňy oka. Çünki, fazylet wagtyň başlangyjyndadyr» (Tirmizi)
- «Namazyň ilki wagty Allahyň ryzasyna, orta wagty rahmetine wesiledir, ahyrky wagty bolsa afuwyna (bagyşlamagyna) wabesdedir», (Tirmizi)
Wagtynda okalmadyk namaz kaza galar. Kaza namazlary guly borjundan halas etse-de, wagtynda okalan namazyň berýän feýzini we kemalyny, uhrewi bähbidi we peýdany bermez. Şeýle hem, namazyň kazasynyň okalmagy ynsandan ybadat wezipesinde goýberen ahmallygynyň we gulluk borjuny wagtynda berjaý etmezliginiň günäsini aýyrmaz. Şol sebäpli namazy wagtynda okamak üçin, namazyň wagtlaryny bilmek zerurdyr.
Mekruh wagtlar
[düzet | çeşmäni düzet]Namaz okamagyň mekruh wagty ikidir. Fykyh kitaplarynda mekruh wagtlara kerahat wagtlary hem diýilýär.
Farz, nafile, islendik namazy okamagyň mekruh wagty
[düzet | çeşmäni düzet]Ukbe b. Amir el-Jüheniniň gürrüň beren hadysynda bu wagtyň üçdügi bellenlilýär: «Şu üç wagtda, Resuly Ekrem (ﷺ) bize namaz okamagymyzy we ölülerimizi depin etmegimizi gadagan etdi: Gün dogandan, tä (naýza boýy) ýokaryk göterilýänçä, Gün dik depeden zewal wagtyna çenli hem-de Gün batmaga meýl eden wagty», (Muslim, Ebu Dawud, Tirmizi). Ýagny, hadysda görkezilen wagtlar şulardyr:
- a) Gün dogandan soň 45-50 minut aralygy mekruh wagtdyr.
- b) Istiwa wagty bilen zewal wagtynyň aralygy, ýagny, Günüň dik depeden günbatara tarap aşaklap başlaýança wagt aralygydyr.
- ç) Ikindiden soň Günüň şöhlesiniň göz gamaşdyrmaýan (ysfyrar) wagtyndan batýan wagtyna çenli aralykdyr. Diýmek, ikindi namazy gaty gijikdirilmän, kerahat wagtyna galdyrylman okalmalydyr. Eger ikindi namazy kerahat wagtyna çenli gijikdirilse, namaz kaza goýulmaýar, sünneti terk edilip, diňe farzy okalýar. Hatda Gün ýaşmazyndan ozal iftitah tekbiri alnyp, ikindiniň farzyna durulsa, namaz okalyp durka-da Gün ýaşsa, şonda-da namaz sahyh bolar. Bu diňe ikindi namazyna mahsus bir ýagdaýdyr.
Bu üç wagtyň kerahat wagty bolmagynyň hikmeti, otparazlaryň ybadat wagty bolanlygyndandyr. Bu üç wagtda salawat getirmek, doga we tesbih etmek Kuran okamakdan hem has fazyletlidir. Mekruh bolan wagtda sejde aýaty okalsa, şol wagtda sejde etmek bolýar, emma bu sejdäni kerahat wagtyndan soňa goýmak has fazyletlidir. Ýogalan adam kerahat wagtlarynyň birinde taýýar bolsa, jynaza namazy okalyp bilinýär. Hatda bu namazy gijikdirmän, derrew okamak has fazyletlidir. Çünki, Pygamberimiz (ﷺ) bir hadysynda şeýle aýdýar
- «Eý, Aly! Üç zady gijikdirme: wagty gelende namaz okamagy, taýýar bolanda ýogalany depin etmegi, deňini tapan wagtyň gyz maşgalany durmuşa çykarmagy», (Tirmizi, Ahmed Ibni Hanbel «Müsnet»).
Diňe nafile (nepil) namazyny okamagyň mekruh wagtlary
[düzet | çeşmäni düzet]- a) Imsakdan (fejri sadyk) başlap, ertir namazyny kylmazdan öň nafile namazyny okamak mekruhdyr. Bu wagt aralygynda diňe ertir namazynyň sünneti okalýar.
- b) Ertir namazynyň farzyny okanyňdan soň, Gün dogýança aralykda nafile namazy okalmaýar. Hatda farzdan soň ertiriň sünnetini hem okamak bolmaýar.
- ç) Ikindiniň farzyndan soň,
- d) Agşamyň farzyndan öň,
- e) juma we baýram namazlarynyň hutbeleri okalyp durka,
- ä) juma namazy üçin kamat getirilip durka-da, nafile namazy okalmaýar.
- f) Baýram namazyndan öň öýde-de, mesjitde-de nafile namazyny okamak mekruhdyr, emma Baýram namazyndan soň, öýde okamak bolýar.
- g) Jemagat farz namazyny okap durka, nafile okamak mekruhdyr, emma jemagata ýetişer ýaly maý bar bolsa, ertir namazynyň sünnetini okamak bolýar. Çünki, ertir namazynyň sünneti kuwwatly sünnet bolup, Pygamberimiz ony hemişe okar eken. Hezreti Aişäniň aýtmagyna görä
- «Hezreti Pygamber ertir namazynyň iki rekegat sünnetine üns berşi ýaly, beýleki nafile namazlara beýle üns görkezmändir», (Buhary, Muslim, Ebu Dawud). Ertir namazynyň sünneti bilen baglanyşykly Pygamberimiz şeýle buýurýar:
«Ertir namazynyň iki rekegat sünneti dünýäden we dünýädäki her bir zatdan has haýyrlydyr» (Muslim, Tirmizi).
Mustahap wagtlar
[düzet | çeşmäni düzet]Namaz okamagyň has fazyletli we sogaply saýylýan wagtlaryna «mustahap wagtlar» diýilýär. Pygamberimiz käbir namazlary möwsüm, pasyl, yklym ýaly dürli ýagdaýlary nazarda tutup, wagt gireni bilen okalmagyňdan gijikdirilmegini has fazyletli saýypdyr. Jemagat bolmak ýaly, mustahap wagtlarda namaz okamak hem diňe erkeklere mahsus bir fazyletdir. Aýallara mustahap bolany namazlaryny öýlerinde, erkek kişiler mesjitde okanlaryndan soň okamaklarydyr. Emma ertir namazyny erkek kişileriň jemagat bolup okamaklaryna garaşman, ir okap bilerler.
Namazyň şertleri
[düzet | çeşmäni düzet]Hadesden taharet
[düzet | çeşmäni düzet]Namaz okajak kişiniň hadesden tämizlenmegi, ýagny taharetsiz (täretsiz) bolsa, taharet kylmagy, jünüp bolsa gusul etmegi diýmekdir.
Nejasetden taharet
[düzet | çeşmäni düzet]Nejasetden taharet – namaz okajak kişiniň bedeninde, eşiginde, namaz okajak ýerinde şerigatyň nejis (gan, iriň, peşew...), pis saýýan bir zady bar bolsa, ol hapanyň arassalanmagy diýmekdir.
Setri awret
[düzet | çeşmäni düzet]Ynsanyň owrat ýerlerini namazda örtmegine «setri awret» diýilýär. Owrat ýerleri – erkek we aýalyň örtmegi farz bolup, başgalara görkezmegi haram bolan agzalarydyr. Erkeklerde owrat ýerleri göbekden dyzyna çenli aralykdyr. Aýallarda bolsa owrat ýüz,el, we aýaklardan başga bedeniň ähli ýeridir. Pygamberimiz bir hadysynda
- «Allah bulug ýaşyna ýeten aýalyň başy ýaglyksyz okan namazyny kabul etmez», (Ibni Mäje, Tirmizi)
diýip aýdýar. Başga bir hadysynda bolsa şeýle diýýär
- «Aýal kämillik ýaşyna ýetende elinden we ýüzünden başga ýerini özgä görkezmegi halal bolmaz», (Ebu Dawud).
Owrat hasaplanýan agzanyň dörtden birinden az açylmagy namazy bozmaz. Namazdaka owrat ýeri açylsa, derrew açylan ýer ýapylsa, namaz bozulmaz. Bir rükün mukdary, ýagny, üç gezek «Subhänalla(h)» diýerlik pursatdan soň ýapylsa, namaz bozulýar. Örtünmäni hem ýeke eliň bilen etmelidir. Çünki, iki eliň bilen edilen hereketler amaly kesire (uly herekete) girýär we namazy bozýar. Erkek kişiniň ýüpek matadan tikilen eşik bilen namaz okamagy jaýyz däldir. Erkek kişiniň başy ýapyk, doly egin-eşikli namaz okamagy mustahapdyr. Emma diňe owrat ýerleri ýapyk şekilde namaz okamak jaýyz hem bolsa mekruhdyr. Çäresiz ýagdaýda welin, kerahat ýokdur. Setri awret hem Halygyň hem mahlugyň hukugydyr. Şol sebäpli özünden başga biriniň ýok ýerinde (hylwatda) hem ynsanyň örtünmegi zerurdyr. Özüňe seretmegi halal bolmadyk biriniň ýanynda owrat ýeriňi açman nejasetden arassalanmagyň mümkin bolmadyk ýagdaýynda namaz nejasetli okalar. Çünki, owrat ýeriniň açylmagy nehiý (gadagan) edilendir. Nejasetden arassalanmak bolsa emr edilendir. Bir meselede emr bilen nehiý birlikde gelse, nehiýni ýerine ýetirmek gerekdir. Hapa degen eşik bilen namaz okamak, ýalaňaç okamakdan ewladyr – gowudyr. Çünki, iki sany deň bela uçran kişi ikisinden birini saýlamaga erklidir. Eger ýeňili bar bolsa, onda şony saýlamaly. Muňa dinimizde «ehweni şer» diýilýär. Nejaset bolsa ýalaňaçlykdan ehwendir – ýagşyrakdyr.
Istikbaly kybla
[düzet | çeşmäni düzet]Istikbaly kybla – namazy Käbä tarap bakyp okamakdyr. Kybla diňe Mekgeýi Mükerremedäki daşdan gurlan bina däldir. Şerigata görä kybla – Käbäniň üstünden tä arşa, aşaklygyna bolsa ferşe çenli uzaýan nurdan bolan sütündir. Şol sebäpli, kişi isle, uçaryň üstünde – Käbeden ýokarda bolsun, isle, ýeriň çuňluklarynda – Käbeden aşakda bolsun, bu nurany sütüne ýönelip namazyny okap, istikbaly kybla şertini berjaý eder. Musulmanlaryň namaz okap durka mabetleriň iň gadymysy we iň mukaddesi bolan Käbä ýönelmegi olaryň agzybirlik ruhuny saklamak, köňüllerini ybadatyň ruhy joşguny we nury bilen aýdyňlatmak ýaly hikmetlere daýanýar. Ähli musulmanlaryň kybla ýönelip ybadat etmegi dil, reňk, millet, jyns tapawudyny aradan aýyryp doly söýginiň we bütindünýä dost-doganlygyň dikeldilmegine wesiledir. Kyblanyň haýsy tarapdadygyny bilmeýän kişi, ilki töwereginden sorap anyklamalydyr. Başga kişiden sorara ýagdaý bolmasa, özi biljek bolmaly. Soňra Kybla haýsy tarapdadyr diýip karara gelse, şol tarapa bakyp okamaly. Eger-de, ýönelen tarapynyň kybla däldigini namazyndan soň bilse, şol namazyny gaýtadan okamagy gerek däldir. Emma soramaga adam barka, soraman ýalňyş tarapa bakyp okasa, onda şol namazyny gaýtalamalydyr. Kyblanyň haýsy tarapdadygyna şübhe edip, soraman-etmän namaza duran kişi, kybla tarap dogry durup okaýanyny namazyny okap durka bilse-de, namazyny täzeden okamaly. Çünki, soňky rekagatlary şübheli okanlarynyň üstüne goşup bilmez. Emma namazyny doly gutarandan soň, dogry durup okandygyny bilse, onda namazyny gaýtalamaly däl. Ymam Ebu Ýusufa görä, bu iki ýagdaýyň ikisinde-de, namazy gaýtadan okamaga zerurlyk ýokdur. Bir kişi hassalygy sebäpli kybla dönüp bilmese, öwrere-de ýanynda adam ýok bolsa, ýa-da duşmandan, wagşy haýwandan gorkusyna kybla bakyp bilmese, güýjiniň ýa-da mümkinçiligiň bolan tarapyna öwrülip namazyny okap biler. Ulagda barýana farz namazyny okamak jaýyz däldir. Pygamberimiz ýolagçy wagty, ulagynyň üstünde diňe sünnet we nafile namazlaryny okapdyr. Gämide ýa-da uçarda namaz okajak kişi ilki kyblany kesgitlemelidir. Onuň islendik tarapyna bakyp namaz okamagy dogry däldir. Namaz okap durka gäminiň ýa-da uçaryň ugry üýtgese, mümkin bolsa, ol hem kybla öwrülip namazyny tamamlamalydyr. Awtobus, poýezd ýaly ulaglaryň namaz wagtynda durmazlygy kybap bir sebäp bilen namazyny okamaly bolan kişi mümkin bolan tarapa ýönelip namazyny okamaly, ulag haýsy tarapa ugruny üýtgetse-de, ol hiç ýana üýtgemän namazyny okap biler. Kyblanyň haýsy tarapdadygy barada ihtilaf edilse, her kes özbaşyna namaz okamaly. Jemagat bilen okalan ýagdaýynda, ymamyň duran tarapynyň kybladygyna şübhe edýäniň namazy dürs bolmaz. Farz we nafile namazlaryny Käbäniň içinde okamak dürsdür we ol ýerde islän tarapyňa bakmak bolýar. Bir kişi namaz okap durka, hiç sebäpsiz göwresini kybladan öwürse namazy bozulýar. Diňe ýüzüni öwürse namazy bozulmaz, emma mekruh iş etdigi bolar. Onuň derrew kybla tarap öwrülmegi gerekdir. Namaz üçin kybla ýönelen bir kişiniň niýetinde «ýüzüm kybla» diýmegi şert däldir.
Wagt
[düzet | çeşmäni düzet]Wagt – bäş wagt namazy öz wagtynyň dowamynda okamak diýmekdir. Wagt girmezden namaz okamak jaýyz däldir. Wagt geçenden soň okalan namazlar eda däl-de, kaza bolar, (ser. «Namaz wagtlary»).
Niýet
[düzet | çeşmäni düzet]Niýet – kalbyň bir zada karar etmegi, şol işiň näme üçin edilýändigini oýlanman bilmegi diýmekdir. Namaz barada niýet – diňe Allah ryzasy üçin namaz kylmagy islemek we okaljak namazyň haýsy namazdygyny bilmek, ýürekden duýmak diýmekdir. Niýet kalba degişli bir işdir. Şeýle-de bolsa, dil bilen hem aýtmagy has fazyletli görlüpdir. Nafile namazlary üçin wagt bellenmeýär. «Allahyň ryzasy üçin namaz kylmaga niýet etdim» diýmek ýa-da kalbyň bilen niýet etmek ýeterlikdir. Emma bäş wagt namazyň sünnetlerinde «Niýet etdim şu wagtyň ilki sünnetini ýa-da soňky sünnetini» diýmek bolýar. Terawyh namazy üçin bolsa «Terawyh namazyny ýa-da wagtyň sünnetini okamaga niýet etdim» diýmelidir. Yhtyýata laýygy şudur. Farz namazlarynda bolsa onuň wagtyny anyk aýtmak şertdir. Mysal üçin: «Şu günki öýle namazynyň farzyny okamaga niýet etdim». Juma, baýram, jynaza we Witr namazlarynda hem farz namazlary ýaly anyk wagt aýtmak gerekdir. Kaza namazlarynda haýsy wagt kaza ediljek bolsa anyk aýdylmalydyr. Bilinmeýän bolsa, mysal üçin: «Iň soňky kaza galan öýle namazyna niýet etdim» diýilmelidir. Niýetiň iftitah tekbirine ýakyn edilmegi afzaldyr (has fazyletlidir). Niýet bilen tekbiriň arasynda iýmek-içmek, gürlemek ýaly namaza gelişmejek işler etmeli däldir. Tekbir getireniňden soň, edilen niýet bilen namaz sahyh bolmaz. Kabul edilen görüş budur. Başga bir görşe görä bolsa, eger niýet tekbirden soň, subhanekeden we e’uzüden öň edilse, namaz jaýyz bolýar. Eda niýeti bilen kaza, kaza niýeti bilenem eda jaýyzdyr. Meselem, bir kişi öýle wagty geçen däldir diýip öýle namazyny eda niýeti bilen okasa, soň wagtyň geçendigini bilse, okan namazy öýläniň kazasynyň ýerine geçer. Jemagat bilen namaz okalan ýagdaýynda, ymama uýýanyň namaza niýet bilen birlikde ymama uýmaga-da niýet etmegi gerekdir. Meselem: «Şu günki öýle namazynyň farzyny okamaga niýet etdim, uýdum şu ymama» diýilýär. Bir kişi ymama uýmaga niýet edip, ymam heniz namaza başlamanka, namaza başlaýsa, ol kişi ymama uýan saýylmaz, Hatda «Allahu ākbär» sözüni ymam aýdyp gutarmazyndan öň aýtsa, ýene ymama uýan hasaplanmaz. Şol ýagdaýda ol kişi täzeden tekbir getirip ymama uýmalydyr. Jemagatyň ymama uýmak niýeti ymamyň «Allahu ākbär» diýip namaza başlamagyndan soň edilmelidir. Bu ymameýniň görşüdir. Ymamy Agzama görä, jemagatyň tekbirleri ymamyň tekbirine ýakyn bolmalydyr. Diýmek, niýet ymamyň tekbiriniň öň ýanynda edilmelidir. Şeýle hem, ymam fatihaýy şerifeýi bitirmänkä, tekbir getirip, ymama uýan kişi iftitah tekbiriniň sogabyny alar. Ymam boljak kişiniň ymamlyga niýet etmegi hökman däldir. Emma özüne aýallar hem uýýan bolsa, onda ymamete niýet etmek gerek bolýar. Şeýle ýagdaýda ymamyň
- «Ene ymamün limen tebianiý» ýagny, «Men maňa uýanlara ymamdyryn» diýmegi ýeterlikdir.
Ymam Şafyga görä hem jemagatyň tekbirleri ymamyň tekbirine ýakyn bolmalydyr.
Namazyň wajyplary
[düzet | çeşmäni düzet]Namazyň wajyplary farzlaryň üstüni ýetirýändir. Wajyplary amal etmek bilen nogsanlar aradan aýrylýar. Wajyplardan birini, ýa-da birnäçesini unudyp, terk edeniň üçin, namaz – sahyhdyr – bozulmaz. Ýöne sogaby nogsanly bolar. Bu nogsany aýyrmak üçin namazyň soňunda sehiw sejdesi edilýär. Netijede namaz tamam bolýar, sogaby hem egsilmeýär. Eger wajyplar bilgeşleýin terk edilse, bu tahrimen mekruhdyr. Şeýle namazy täzeden okanyň gowudyr. Bu ýagdaýda sehiw sejdesi namazy tamamlamaga ýeterlik däldir.
Namazyň wajyplary şulardyr:
- Namaza Allahu ākbär sözi bilen başlamak. Iftitah tekbiri üçin Allah diýmek ýeterlikdir.
- Namazlarda Fatihaýy şerifäni okamak. Beýleki üç mezhepde Fatiha okamak farzdyr.
- Fatihadan soň gysga bir sure, ýa-da şoňa deňeçer üç sany gysga aýat, ýa-da uzyn bir aýat okamak. Muňa zammy sura diýilýär. Zammy sura farz namazlarynyň diňe ilkinji iki rekagatynda okalýar. Witr we nafile namazlarynda bolsa, ähli rekagatlarda Fatihadan soň zammy sura okamak wajypdyr. Çünki, nafile namazlarynyň her iki rekagaty öz başyna bir namaz saýylýar. Pygamberimiz: «Fatihasyz we suresiz okalan hiç bir farz ýa-da nafile namazy kanagatlanarlyk däldir» buýrupdyr, (Tirmizi, Ahmed b. Hanbel). Beýleki mezheplerde zammy sura sünnetdir.
- Fatihany zammy sureden öň okamak.
- Namazyň rükünlerini tertibe laýyklykda berjaý etmek, az ýa-da artyk etmezlik.
- Sejdede maňlaýyň bilen birlikde burnuňy ýere degirmek.
- Üç ýa-da dört rekagatly namazlarda birinji oturyşy etmek.
- Üç ýa-da dört rekagatly farz namazlary bilen Witr we öýle namazynyň ilkinji sünnetinde ikinji rekagatdan soň tahyýýaty okap, göni üçünji rekagata turmak wajypdyr. Tahyýýatdan soň bir rükün eda etjek pursat ara beren kişä sehiw sejdesini etmek gerekdir. Çünki, teşehhüdi uzaltmak bilen farz gijikdirilýär. Bir rükün eda etjek pursat bolsa «Allahumme salli ala Muhammed» diýmäge ýeterlik pursatdyr.
- Namazlaryň ilkinji we soňky oturyşlarynda tahyýýaty okamak.
- Namazyň wajyplaryndan her birini ýerli-erinde doly berjaý etmek. Olar terk edilmeli ýa-da gijikdirilmeli däldir. Farzlary-da gijikdirmezlik wajypdyr. Meselem, kyýamda Kuran okap bolanyňdan soň eglenmän göni ruku’a egilmelidir. Eglenilse farz bolan ruku’ gijikdirildigi bolar. Şonuň üçin farzlar gijikdirilse, wajyp terk edilse, ýa-da gijikdirilse, sehiw sejdesini etmek gerekdir.
- Özbaşdak namaz okaýan kişiniň öýle we ikindi namazlarynda hafi (içinden) okamagy wajypdyr. Gündiz okaljak nafile namazlarda hem kyraet hafi okalýar. Ertir, agşam, ýassy we gije okalýan nafile namazlary bolsa jehri (sesli) okalsa-da bolýar.
- Jemagat bilen okalan namazlardan ertir, baýram, juma, terawyh we Witr namazlarynyň her rekagatynda, agşam we ýassy namazlarynyň ilkinji iki rekagatynda ymamyň jehri, beýlekilerde bolsa hafi kyraet etmegi wajypdyr.
- Ymama uýan kişiniň Fatiha we sura okaman durmagy, ymamy diňlemegi wajypdyr. Ol diňe ruku’ aralaryndaky tesbih we dogalary öz başyna içinden okamalydyr.
- Ymamyň iftitah tekbirini sesli aýtmagy wajypdyr. Özbaşdak okaýanlar ýa-da ymama uýanlar içinden aýtmalydyr.
- Witr namazlarynda kunut dogasyny okamak we kunut tekbirini aýtmak. Jemagat bilen okalanda kunut dogalaryny hem ymam, hem jemagat içinden okamaly.
- Namazyň içiňden okalýan sejde aýatyndan soň, tilawet sejdesine barmak.
- Namazda ta’dili erkana riaýet etmek Ymamy Agzam we Ymam Muhammede görä wajypdyr.
- Baýram namazlarynda üç gezek zyýada tekbirlerini aýtmak wajypdyr. Baýram namazlarynyň ikinji rekagatyndaky ruku’ tekbiri hem wajypdyr.
- Namazlaryň soňunda ilki saga, soň sol tarapa öwrülip: «Es-selam» diýmek wajypdyr. Çünki, bu salam bilen namaz gutarýar. «Ās-sälämu aleýkum we rahmetullah» diýmek sünnetdir. Başga bir görşe görä, diňe sag tarapa salam bermek wajypdyr, sol tarapa salam bermek sünnetdir. Çünki, namazdan çykmak üçin diňe bir tarapyňa salam bermek ýeterlikdir. Şonuň üçin bir tarapyňa salam bereniňden soň, ymama-da uýulmaýar.
- Ýalňyşyp, ýa-da unudyp terk edilen wajyplardan soň, sehiw sejdesini etmek wajypdyr.
Namazyň sünnetleri
[düzet | çeşmäni düzet]Namazyň sünnetlerini berjaý eden kişi iň kämil manyda namaz okar we has köp sogap gazanyp, Pygamberimiziň şefagatyna ýeter. Çünki, sünnetler Pygambere bolan söýginiň bir alamatydyr. Namazyň wajyplary nähili farzlaryň üstüni ýetirýän bolsa, sünnetler hem wajyplaryň üstüni ýetirýär.
Namazyň sünnetlerini bilgeşleýin ýa-da unudyp terk etmek namazy bozmaz, beýle ýagdaýda sehiw sejdesi hem gerek bolmaz. Ýöne magnewi mahrumlyga sebäp bolar. Allah gorasyn! Sünnetleri äsgermezlik we inkär etmek, kişini imansyzlyga eltip biler. Çünki, sünnet diniň hökümlerinden we esaslaryndan biridir.
Namazdan öňki we namazyň içindäki sünnetler şulardyr:
- Bäş wagt namaz we juma namazy üçin azan aýtmak we kamat getirmek. Jemagat bolup okaljak kaza namazy üçin hem azan we kamat getirmek sünnetdir. Öýünde ýeke özi namaz okaýan erkek kişiler üçin azan we kamat mustahapdyr. Aýallara azan we kamat getirmek gerekmez.
- Namazda niýeti iftitah tekbirine ýakyn almak. Kalp bilen edilen niýeti dil bilen gaýtalamak.
- Iftitah tekbirini aýdanyňda elleriňi ýokaryk galdyrmak. Erkek kişiler elleriniň başam barmagyny gulaklarynyň ýumşak ýerine, aýallar bolsa barmaklarynyň ujuny omuzlarynyň deňine çenli ýetirip, barmaklaryny açyp, aýalaryny kybla öwrüp: «Allahu ākbär» diýýärler. Bu hereketi käbir alymlar towhyda yşarat diýip düşündirse, käbirleri dünýä işlerini arkada goýdum, bütin ruhum we bedenim bilen Allaha ýöneldim diýen yşaratyň bardygyny aýdýarlar. Hezreti Omaryň gürrüň beren bir hadysynda Pygamberimiz: «Namaza başlanyňda elleriňi götermek namazyň zynatydyr. Her götereniňde on sogap bardyr, ýagny, her barmaga bir sogap düşer» diýipdir. Bu hadysa esaslanyp, şafygylar we hanbeliler her ruku’a eglenlerinde we dikelenlerinde ellerini ýokaryk göterýärler.
- Iftitah tekbirinden soň elleriňi gowşurmak. Erkek kişiler göbekleriniň, aýallar bolsa, göwüsleriniň üstünde ellerini gowşurýarlar. Erkek kişiler çep eliniň goşarynyň daşyndan sag eliniň başam barmagy bilen külbikesini aýlap, galan üç barmagyny hem üstünde goýup, ellerini gowşurýarlar. Aýallar bolsa halka etmän, sag ellerini çep elleriniň üstünde goýýarlar.
- Eller gowşurylandan soň, Subhanekäni okamak, soň Fatihany başlamankaň e’uzü-besmele aýtmak. Beýleki rekagatlaryň başynda diňe besmele aýtmak sünnetdir.
- Subhanekäni we e’uzü-besmeläni hafi okamak. Zammy suräniň başynda besmele aýdylmaýar. Diňe Ymamy Muhammed hafi kyraet bilen okalan namazlarda Fatihadan soň, okaljak süräniň başynda besmele aýtmagy jaýyz görýär.
- Fatiha okalandan soň, içiňden «Ämin» diýmek sünnetdir.Ebu Hureýräniň gürrüň bermegine görä, Resulullah (ﷺ): «Ymam «Ämin» diýen wagty siz hem «Ämin» diýiň. Çünki, kimiň diýen «Ämini» melekleriň diýjek «Äminine» gabat gelse, onuň eden günäleri bagyşlanar» diýipdir.
- Ruku’a eglen wagtyň «Allahu ākbär» diýmek.
- Ruku’da üç gezek Subhäne Robbiýel-azym» diýmek. Bu bäş ýa-da ýedi gezek hem diýilýär.
- Ruku’dan dikeleniňde Semi’allahu limen hämide» diýmek.
- Munuň yzyndan «Robbenä lekel-hämd» diýmek.
- Kyýamda uzury ýok bolsa, aýaklarynyň arasyny dört barmak açmak. Çünki, bu ýagdaý huşu’a has ýakyndyr. Şafygylara görä, iki aýak arasy bir garyş çemesi açylýar.
- Ruku’da dyzlary tutanyňda barmaklaryň arasyny açmak. Aýallar ellerini dyzlaryna ýetirmeli däldir.
- Ruku’da dyzlary epmezlik, arkaňy, başyňy göni tutmak. Aýallar ruku’da dyzlaryny epip, çala egilmelidir.
- Sejdä baranyňda ýere ilki dyzyňy, soňra elleriňi, soňra ýüzüňi goýmak. Sejdeden galanyňda ilki ýüzüňi, soňra elleriňi, soňra dyzyňy ýerden götermek.
- Sejdä baranyňda we turanyňda «Allahu ākbär» diýmek. Ruku’a we sejdä barlanda we dikelinende getirilýän bu tekbirlere intikal (geçiş) tekbirleri diýilýär. Bulary öz ýerinde we wagtynda etmelidir. Meselem: sejdä baranyňdan soň, tekbir aýtmak dogry däldir.
- Sejdede ýüzüňi iki eliň arasynda goýmak. Eller ýüzden öňde ýa-da yzda bolmaly däldir. Eliň aýasy ýere doly degmelidir we barmaklaryň arasy bitişik bolmalydyr.
- Sejdede üç gezek «Subhäne Robbiýel-a’lä» diýmek. Muny bäş ýa-da ýedi gezek hem aýtmak bolýar.
- Sejdedekäň garnyňy uýlukdan, elleriňi göwräňden, goşaryňy ýerden daş saklamak. Aýallar bolsa sejdede goşarlaryny ýere degirýärler we tirseklerini göwrelerine ýakyn tutýarlar, garynlaryny hem uýluklaryna degirýärler.
- Birinji we soňky oturyşlarda sejde arasynda oturanyňda elleri kybla bakdyryp, uýluklaryň üstüne goýmak.
- Oturanlarynda sol aýagyňy ýatyryp, üstünde oturmak, sag aýagyňy barmaklaryny Kybla bakdyryp, dik saklamak. Aýallar iki aýagyny hem saga ýatyryp oturýarlar.
- Tahyýýaty içiňden okamak.
- Soňky oturyşda tahyýýatdan soň, salawatlary, Allahümmagfirli we Rabbenä ätinä dogalaryny okmak.
- Gaýry muekked sünnetleriň (ikindi we ýassynyň ilkinji sünnetleri ) birinji oturylyşynda tahyýýatdan soň salawatlary okamak. Terawyhda her oturyşda tahhyýat bilen salawatlar okalýar.
- Namazdan soň ýüzüňi ilki sag soňra sol egniňe öwrüp salam bermek. Ýeke özi namaz okaýan kişi salam berende, kiramen kätibin meleklerini göz öňünde tutýar. Jemagat bilen okaýanlar bolsa, melekleri, jemagaty we ymamy göz öňünde tutup, salam berýärler.
- Ymama soň ýetişen kişiniň okamadyk rekagatlaryny tamamlamak üçin ymamyň soluna salam bermegine garaşmagy.
- Öňi açyk meýidanda namaz okalanda sütre edinmek.
Namazda sütre edinmek
[düzet | çeşmäni düzet]Sütre – öňi açyk ýerde namaz okaýan kişiniň öňünden geçenden penalanmak üçin goýýan bir zadydyr. Sütre iň azyndan bir arşyn (68-70 sm.) beýiklikde bolmalydyr. Sütre agaç, sütün, taýak, oturgyç we ş.m. zatlar bolup biler. Hadysy şerifde bir ok hem bolsa, sütre goýulmagyny emr edilipdir. Eger-de taýagy ýere dikmek mümkin bolmadyk ýagdaýynda uzynlygyna ýatyrmak hem bolýar. Eger sütre edere zat tapylmasa, namaz okaýan kişi öňüne uzynlygyna ýa-da ýaý görnüşinde bir çyzyk çekse-de bolýar. Eger ýere namazlyk ýazylsa, onda sütre goýulmasa-da bolýar. Çünki, ol ýere çyzylan çyzygyň ornuny tutup bilýär. Erkek kişiler öňünden geçýäni habardar etmek üçin sesini gataldyp bilýär, ýa-da «Subhänalla(h)» diýse-de bolýar. Namaz okaýanyň öňünden geçilmegi onuň namazyna zyýan bermez, emma geçen kişi günäkär bolar. Namaz jemagat bilen okalan ýagdaýynda diňe ymamyň öňüne sütre goýmak ýeterlikdir.
Namazyň edepleri
[düzet | çeşmäni düzet]- Namazda bedeni hem ruhy taýdan huzur we haş’etde bolmak. Hadysda: «Namazyň kämili diňe kalp huzury bilen okalanydyr» diýilýär. Şonuň üçin namazda huşug we huzur içinde bolan bir mukminiň ebedi sagadata we bagta ýetjegi Kurany Kerimde şeýle buşlanýar:
«Namazyny haş’et içinde okan mukmin felaha ýeter», (Mü’minun, 1-2). - Namaza öňi açyk eşik bilen durmazlyk. Mümkin bolsa ilikleriňi ildirmek.
- Namaz okanyňda kyýamda sejde etjek ýeriňe, ruku’da aýaklaryňa, sejde-de burnuň ujuna, oturanyňda gujagyňa, salam bereniňde eginleriňe seretmek.
- Namazda üsgürmegi ýa-da sesli gägirmegi başardygyňça etmejek bolmaly.
- Namazda pallanyňda agzyňy tutmak hem adapdandyr. Pallamazlyk üçin dodaklaryňy dişlemeli, şonda-da başarmasaň, sag eliň arkasy bilen agzyň öňüni ýapmalydyr. Hadysy şerifde: «Allah asgyrmagy gowy görýär, pallamagy bolsa halaýan däldir. Mümkin boldugyça, namazda pallamajak bolmalydyr» diýilýär.
- Ruku’ we sejdede aýdylýan tesbihleri özbaşdak okanyňda üç gezekden köp aýtmak.
- Kamat getirilende «Haýýe alel-felah» diýlende ymam bilen birlikde ör turmaly. Ymam Züfere görä, «Häýýe älos-solä» diýlende ör turulmaly.
- «Kod komätis-solä» diýlende, ymamyň namaza başlamagy muedzini (azançy) tassyklamakdyr. Munuň bilen birlikde kamat gutarandan soň hem namaza başlansa zeleli ýokdur. Ymam Ebu Ýusuf bilen beýleki üç mezhep ymamyna görä, şeýle etmek has laýygydyr.
- Bir namazy okap gutaranyňdan soň, indiki namazy okamagy arzuw edip garaşmak.
- Namazdan soň tesbihleri aýtmak, jemagat bilen goşulyşyp doga etmek. Bulary terk etmezlik afzaldyr.
- Her namazdan soň Kuran okamak.
- Öýde, iş ýeriňde namazy kynçylyksyz okar ýaly çäreleri öňünden görmek.
Namazyň mekruhlary
[düzet | çeşmäni düzet]Namazyň wajyplaryndan islendik birini bilip berjaý etmezlik tahrimen mekruhdyr. Sünnet ýa-da adabyndan birini etmezlik mekruh bolsa-da, harama ýakyn däldir.
- Namazyň mekruhlary:
- Namazda bedeniň ýa-da eşigiň bilen güýmenmek. Salkynlamak maksady bilen ýelpenmek.
- Taharetiň gyssaýan, ýa-da nahar taýýar wagty namaza durmak. Çünki, bular kalp we ünsüňi böler.
- Namazda barmaklaryňy şyrkyldatmak ýa-da oýnamak. Pygamberimiz: «Mesjitdekäňiz barmaklaryňyzy bir-biriniň içinden geçirmäň. Çünki, şeýle hereket şeýtandandyr. Musulman kişi mesjitden çykýança namazdadyr» diýipdir, (Şewkany).
- Namazda pallamak, gerinmek.
- Göwräňi kybladan öwürmän ýüzüňi gapdalyňa sowmak. Göwre kybladan öwrülse namaz bozular.
- Erkek kişileriň sejde eden wagty gollaryny ýere degirmegi.
- Sejdä eglen wagtyň öňüňden ýa-da arkaňdan eşigiňi çekmek.
- Hapa ýa-da başganyň ýanynda görnüp bolmajak eşik bilen namaza durmak. Öýde geýilýän eşikler bilen namaz okamak jaýyzdyr.
- Köýnegiň ýeňini çermäp namaza durmak.
- Kyraeti doly gutarman ruku’a egilmek.
- Ikinji rekagatda ilkinji rekagatda okan süräň ýa-da aýatyň öňündäki süräni ýa-da aýaty okamak.
- Birinji we ikinji rekagatda okan iki suräniň arasynda diňe bir sura goýup geçmek. Mysal üçin birinji rekagatda Fil suresini, ikinji rekagatda Maun suresini okamak. Arada diňe Kureýş suresi galýar. Kerahatdan gutulmak üçin, eger yzly-yzyna okamajak bolsaň, arada iň azyndan iki sura goýulmalydyr.
- Her namazyň birinji rekagaty ikinjiden, üçünji rekagaty dördünjiden uzyn bolmalydyr.
- Iki rekagatda-da şol bir süräni gaýtalamak. Eger bilýäniň ýeke sura bolsa, mekruh bolmaz. Nafile namazlarda şol bir suräni gaýtalamakda kerahat ýokdur.
- Namazda gözüňi ýummak ýa-da asmana dikmek. Ýöne huşuga zyýan ýetirjek, ünsüňi böljek bir zady görmejek bolup gözleriňi ýummak seretmekden ýagşydyr.
- Namazda gaşanmak, deriňi sylmak. Eger-de bulary etmeseň, pikiriň bölünjek bolsa jaýyzdyr. Bir rekagatda üç gezek şol bir hereketi gaýtalamak amaly kesir saýylýar. Bu bolsa namazy bozýar.
- Janly zadyň suratyna tarap sejde etmek. Janly zadyň suratynyň namaz okaýan ýeriňde bolmagy. Ebu Talhanyň Pygamberimizden gürrüň bermegine görä: «Melekler içinde it ýa-da surat we heýkel bolan öýe girmez», (Buhary, Muslim, Ebu Dawud). Eger-de surat namaza duranyň ünsüni bölmejek derejede kiçi bolsa zyýany ýokdur. Şeýle hem ýadygärlik uly suratlary kybla tarapdan asmaly däldir.
- Ýüzünde janly zadyň suraty bolan eşikli namaza durmak.
- Bir uzur ýokka, sejde edeniňde diňe maňlaýyňy degrip oňmak.
- Gatnawly ýolda, gonamçylykda, hammamda, hapa dökülen ýerde, haýwanyň damagynyň çalnan ýerinde (mezbahada), mal agyllarynda, Käbäniň üstünde namaza durmak. Hanefilere görä, gonamçylykda mazar arka tarapyňda bolsa, namaz okamak mekruh däldir.
- Mesjitde öň hatarda ýer barka, yzky hatarda durmak.
- Ýanyp duran oda tarap bakyp namaz okamak. Şeme, çyra bakyp namaz okamakda kerahat ýokdur.
- Başyňy örtere zat barka-da, ýaltalyk edip örtmedik ýagdaýyňda başyň açyk namaz okamak. Namazda başyňa geýen gabyň üstünden selle oramak sünnetdir. Pygamberimiz: «Selleli okalan namaz sellesiz okalan namazdan ýetmiş esse sogaplydyr» (Taj) diýipdir. Käbir alymlara görä, başyň gaply namaz okamak hem selläniň ýerini tutýar.
- Namazyň içindäki aýatlary, ruku’ we sejdelerde okalýan tesbihleri el bilen sanamak.
- Öňüňden adam geçjek ýerde namaza durup, sütre goýmazlyk.
- Sejdä baranyňda uzursyz halda elleriňi dyzlaryňdan öňürti ýerde goýmak, turanyňda hem dyzlaryňy elleriňden öňürti ýerden galdyrmak, ýa-da elleriňe direnip turmak.
- Ruku’ we sejdede tesbihleri üçden az aýtmak.
- Zerurlyk ýokka, eliňe ýa-da arkaňa çaga alyp namaza durmak.
- Zerurlyk ýokka, erkek kişileriň ýüpek eşikli namaz okamagy. Ýüpek namazlygyň üstünde namaz okamak bolýar.
- Ýeke aýagyňa direnip, beýleki aýagyňy boş saklap namaz okamak ýa-da bir aýagyňy ýerden ýokaryk galdyrmak.
Namazda mekruh bolmaýan zatlar
[düzet | çeşmäni düzet]- Ýüzi suratly matanyň üstünde namaza durulsa, surat aýagyň aşagynda bolup, sejde ýerine düşmese;
- Namazda ýylan, içýan öldürmek; Emma bu iş amaly kesirdir, eger göwre kybladan öwrülse namaz bozulýar.
- Ýüzüňi öwürmän, gözüň bilen saga-sola seretmek;
- Meýdanda namaz okan wagtyň sejde etjek ýeriňden ünsüňi sowjak zatlary aýyrmak.
Sehiw sejdesi
[düzet | çeşmäni düzet]Sehiw sejdesi namazda farzlaryň gijikdirilmegi, wajyplardan biriniň undulyp terk edilmegi ýa-da gijikdirilmegi sebäpli, şol ýalňyşy düzetmek maksady bilen namazyň soňunda edilýän sejdedir. Sehiw sejdesi wajypdyr. Sehiw sejdesi iň soňky oturyşda, tahyýýat okalandan soň, ymam diňe sag tarapyna, özbaşdak ýeke özi okaýan kişi bolsa, iki tarapyna-da salam berip, «Allahu ākbär» diýip, soňra iki gezek sejde etmeli. Sejdeden soň täzeden tahyýýat, salawat we beýleki dogalary okap, iki egniňe salam berilýär. Netijede, sehiw sejdesi berjaý bolýar. Namaz okaýan kişi salam berenden soň ýalňyşandygyny bilse, ýüzüni kybladan öwürmedik, gürlemedik bolsa, sehiw sejdesini etmelidir. Ýöne ýerinden turup, ýüzüni kybladan öwren ýa gürlän bolsa, sehiw sejdesi edilmez. Namaz sahyhdyr, diňe sehiw sejdesi edilmändigi üçin sogaby azalar.
Şu ýagdaýlarda sehiw sejdesi gerekdir
[düzet | çeşmäni düzet]- Fatihadan soň zammy süräni okaman ruku’a gitmek. Eger-de ruku’da ýadyna düşse dikelip, zammy süräni okap, soň gaýtadan ruku’a gitmeli, namazyň soňunda sehiw sejdesini etmelidir.
- Unudyp Fatihany iki gezek okamak;
- Witr namazynda tekbiri we kunut dogasyny unutmak; Ruku’daka ýadyňa düşse, dikelip kunut dogasyny okamak gerek däl, diňe soňunda sehiw sejdesini etmek ýeterlikdir.
- Dört rekagatly namazda iki rekagaty okanyňdan soň, oturman göni üçünji rekagata başlamak, ýagny, birinji oturyşy terk etmek. Bu ýagdaýda: eger namaz okaýan kişi doly ýerinden turan bolsa, ýa-da turmaga ýakyn bolsa, oturmaz. Namazy gutarandan soň, sehiw sejdesini eder. Eger oturmaga ýakyn ýagdaýda bolsa oturar, soňunda sehiw sejdesini etmez. Doly turanyňdan soň, täzeden oturmak namazy bozýar.
- Birinji oturyşda tahyýýaty okanyňdan soň, «Allahumme salli ala Muhammed» diýseň sehiw sejdesi gerekdir. Käbirlerine görä bolsa munuň üstüne «we ala äli Muhammed» sözi aýdylmasa sehiw seždesi gerek däl. Ymam Agzama görä bolsa birinji oturyşda tahyýaty okanyňdan soň bir harp hem artyk aýdylsa sehiw seždesi edilmelidir. Käbirleri bolsa bir rükün eda etjek wagt aralygy gijikdirmeseň sehiw seždesi gerek däldir, dürs bolany hem şudur diýip belläpdirler.
- Dört rekagatly farz namazlarda soňky rekagatda oturman bäşinji rekagata turulsa, bäşinji rekagatyň kyýam, kyraet we ruku’sy tamalanyp sejde edilmedik bolsa täzeden oturylýar. Tahyýýatdan soň salam berlip sehiw sejdesi edilýär. Çünki bu ýagdaýda farz bolan soňky oturylyş gijikdirilen hasaplanýar. Ýöne bäşinji rekagatda sejde edilen bolsa, bu namaz nafilä öwrülýär, üstüne ýene bir rekagat goşup, alty rekagatlyk nafile namazy okaldygy bolýar. Soňunda sehiw sejdesi edilmeýär. Bu Ebu Ýusuf we Ymamy Agzama görä şeýledir. Ymam Muhammede görä bolsa, bäşinji rekagatyň sejdesinden başyňy galdyran ýagdaýyňda namaz batyl bolýar.
- Dört rekagatly farz namazynyň soňky oturyşynda teşehhütden soň ýerinden turan kişi, göni oturyp iki egnine salam berýär. Täzeden tahyýýat okamagy gerekmez. Çünki, ol farz bolan oturyşy ýerine ýetirendir. Emma wajyp bolan salam gijikdirileni üçin sehiw sejdesi gerekdir.
- Dört rekagatly farz namazynyň soňky oturyşynda salam bermän ýalňyşyp ýeriňden tursaň, derrew oturylyp salam berilýär we sehiw sejdesi edilýär. Ýöne bäşinji rekagat üçin sejdä gidilen bolsa, ýene bir rekagat goşulýar. Bu ýagdaýda öňki dört rekagat bilen farz tamam bolýar. Beýleki iki rekagat bolsa nafile saýylýar. Çünki, farz bolan soňky oturyş ýerinde berjaý edilendir. Agşam namazynda ikinji oturyşdan soň, dördünji rekagata, ertir namazynda bolsa, üçünji rekagata turlanda hem höküm edil ýokardaky ýalydyr.
- Ymama soňundan ýetişen kişi özbaşdak okan rekagatlarynda hata etse, şol hatalary üçin sehiw sejdesini etmelidir.
- Ymam daşyndan okamagy wajyp bolan ýerde içinden, içinden okamagy wajyp bolan ýerde-de daşyndan okasa, mysal üçin, öýle namazynda Fatiha we zammy süräni daşyndan, agşam namazynda-da içinden okasa sehiw sejdesi gerekdir.
- Içiňden okamaly ýerinde Fatihanyň köpüsi ýalňyşylyp daşyňdan okalsa, galany içiňden okalýar. Tersine, daşyňdan okamaly bir namazda Fatihanyň bir bölegi içiňden okalsa, soň daşyňdan okamalydygy ýatlanylsa, Fatiha täzeden başlanyp, daşyňdan okalýar. Ýöne käbir garaýyşa görä, Fatiha täzeden okalmaz-da, diňe galany daşyňdan okalýar. Ymam ertir namazynda Fatiha suresini ýalňyşyp içinden okasa, soň ýalňyşandygyny bilse, zammy süräni daşyndan okaýar, ýöne Fatihany täzeden okamaýar.
- Namazy üçmi ýa-da dört rekagat okandygyňa şübhelenseň, ýa-da Fatiha okanyňdan soň haýsy aýat ýa-da suräni okajakdygyň barada bir rükün eda etjek möhlet oýlansaň, sehiw sejdesini etmek gerekdir. Çünki, wajyp gijikdirilen bolýar.
- Ta’dili erkan terk edilse, sehiw sejdesi gerekdir.
- Namazda sehiw sejdesi gerek bolan birnäçe hata edilse-de, bir sehiw sejdesi edilýär.
- Bir namazyň rekagatlarynyň sanyna şübhe etmek, eger-de namaz okaýan kişi was-wasly adam däl bolsa, okalan namazy bozýar we namaz täzeden okalýar. Şeýle hem, wagt barka namazy okap-okamandygy barada şübhe eden hem şol namazyny täzeden okamaly. Namazy okap tamamlanyňdan soň, rekagat sanynda şübhe etmek ýerliksizdir, muňa ähmiýet berilmeýär. Ýöne kem okandygyňy anyk bilýän bolsaň, namazy täzeden okamalydyr.
Namaz sapaklary (video - tr.)
[düzet | çeşmäni düzet]- Teýemmum edilşi
- Täret alnyşy
- Erkekleriň namazy
- Zenanlan namazy
- Baýram namazy
- Jynaza namazy
Şeýle-de
[düzet | çeşmäni düzet]Edebiýatlar
[düzet | çeşmäni düzet]- Саджда ас-сахву. Урок 1 - Введение; Устаз Ахмад Абу
- https://kpfu.ru/portal/docs/F1350496173/2.pdf Archived 2021-09-05 at the Wayback Machine
- https://www.mihrab.ru/devotions/pyatikratnyj-namaz
- http://www.yardem.ru/publ/nashi_novosti/chtenie_namazov/namaz_po_mazkhabu_abu_khanifa/7-1-0-63