Haýz

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Aýbaşy sahypasyndan gönükdirildi)

Haýz (arap. حَيْض‎‎‎ aýbaşy). Aýallara mahsus hallar Ýaradylyş taýdan aýallara mahsus üç hili aýratynlyk bardyr. Bular haýz, nifäs we istihäzä hallarydyr. Aýallaryň käbir ybadatlary amal edip bilmekleri hem-de är-aýal gatnaşyklarynda haram iş etmezlikleri üçin, özlerine mahsus bu aýratynlyklary doly bilmekleri zerurdyr. Bu aýallar üçin farzdyr.

Haýz haly[düzet | çeşmäni düzet]

Haýz – sagdyn aýalyň belli ýaş aralygynda her aýyň belli günlerinde bilinden gelýän gandyr. Muňa halk arasynda «aýbaşy» diýilýär.

Haýz haly iň ir bolanda, dokuz ýaşynda başlaýar. Ýaş gyz bu halyň başlamagy bilen buluga ýeten hasaplanýar. Bu hal iň gijä galanda, 55 ýaşa çenli dowam edýär. Bu ýaşlardan öň we soň görlen gan adaty saýylmaýar. Ol hassalyk sebäpli gelen istihaze (uzur) ganydyr.

Aýbaşy halynyň näçe ýaşa çenli dowam edýändigi barada anyk aýat ýa-da hadys ýokdugy üçin, yslam fakihleri durmuşda görýänlerine daýanyp, belli ýaşlary kesgitläpdirler. Ebu Hanefä görä – 55, Hanbelilere görä – 50, Mälikilere görä – 70 ýaşdyr. Şafygylarda bolsa aýbaşy haly ömür boýy dowam edip biler. Ýöne ortaça 62 ýaşdan geçmeýändigini belläpdirler.

Aýbaşy haly her aýda iň azyndan 3 gün, köp bolsa 10 gün dowam edýär. Üç günden az ýa-da 10 günden köp dowam eden gan hassalyk sebäpli gelen istihaze (uzur) ganydyr.

Aýbaşynyň dowamynda ganyň yzy kesilmän gelmegi şert däldir. Meselem: Bir aýal üç gün gan görüp, soň iki gün gany kesilse, soňra ýene üç gün gan gelse, bu aýalyň haýz mütdeti sekiz gündür.

Iki aýbaşy haly arasyndaky arassalyk möhletine «tuhr haly» diýilýär. Bu möhlet 15 günden az bolmaýar. 15 günden öň gelen gan haýz saýylmaýar.

Käbir aýallaryň aýbaşy günleri üýtgemeýär. Käbiriniň haýz haly bolsa aýdan aýa üýtgeýär. Meselem: Bir aýda – 5 gün beýleki aý – 6 gün aýbaşy bolan biri ätiýaçlyk üçin 6-njy gün bolanda ýuwnup, namazyny okap, orazasyny tutup başlamalydyr. Çünki bu 6-njy gün görlen ganyň hassalyk sebäpli bolmagy mümkindir. Herhal, beýle aýal 6-njy gün geçmänkä, äri bilen jynsy gatnaşyk etmeli däldir. Bu üýtgeşiklik yzly-yzyna azyndan iki aý dowam etse, aýbaşy möhleti üýtgeýär, ýagny, öň bäş gün haýz gören biri soň alty gün görüp başlasa, aýbaşy möhleti alty gün hasap edilýär.

Kämillik ýaşyna ýeten gyz üç günden az haýz ganyny görse, haýzly hasap edilmeýär. Bu aralykda okamadyk namazyny, tutmadyk orazasyny kaza etmelidir. Şonuň üçin Ymam Agzama görä, bulug ýaşyndaky gyzyň ilkinji gezek gan görüp başlanyna üç gün dolmasa, namaz we orazasyny terk etmegi jaýyz bolmaz.

Gan saklaýjylar[düzet | çeşmäni düzet]

Aýbaşy çaşa[düzet | çeşmäni düzet]

Ganly çaşa.
Ikä epläp ýerleşdirilýär.

Çaşañ beýleki zatlardan kem ýeri çaşany arassalamaly bolýar.

Tampon[düzet | çeşmäni düzet]

Prokladka[düzet | çeşmäni düzet]

Vanly prokladka.

Aýbaşy diski[düzet | çeşmäni düzet]

Çaşa bilen diskiň göwrümi. Gyzyl reňkli «disk».

Salgylanmalar[düzet | çeşmäni düzet]