Mazmuna geçiň

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary (iňl. 2017 Asian Indoor and Martial Arts Games), ýa-da başga bir ady bilen "Aziada 2017" , Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesinde 2017-nji ýylyň 17-nji we 27-nji Senýabr aralygynda geçirildi.[1] Post-Sowet döwletleriň arasynda Aziada ilkinji bolup Aşgabatda geçirildi. Aziada V -iň çekilişi 2010-njy ýylyň 19 dekabrda Kuweýtde boldy.[2]2013-nji ýylyň iýun aýynyň 6-syna Olimpiýada komiteti tarapyndan Olimpiýada baýdagy Aşgabadyň hakimine gowşuryldy. [3]

Aziada açylyş dabarasy

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary Aşgabadyň olimpiýa şäherçenda geçirildi. Olimpiýa şäherçesinde 15 sany ýaryşlar üçin stadionlar, Türgenler şäherçesi ,Saglygy dikeldiş merkezi bilen bilelikde jemi 30-dan gowrak binalar bar. Olimpiýa şäheriň gurluşygyna Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow badalga berdi.[4]Gurluşygyň birinii tapgyrynyň çykdaýjysy $2 milliard dollar boldy.[5] Gurluşygyň ikinji tapgyryň çykdaýjysy $3 milliard (amerika dollary) .[6][7][8] Olimpiýada şäherçesi jemi 5 milliard dollar bahasy bilen Türkleriň Polimeks gurluşyk firmasy tarapyndan guruldy.

Türgenleriň rahat dynç almaklary üçin Olimpiýa şäherinde gerek bolan şertler döredilen , şertleriň içine medeni dynç alyş we sowda merkezleri, myhmanhanalar , restoranlar , kafeler, Işewürlik merkezi we ulaglar üçin duralgalar girýär.

Olimpiýada şäherçesiniň ýanynda köp sanly ýokary okuw jaýlary ýerleşýär. Olar: Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty,Türkmen döwlet medeniýet instituty we Türkmenistanyň milli sport we syýahatçylyk instituty.

Bina Sportyň görnüşi Sygymlylygy
Aşgabat Olimpiýa stadionyAçylyş we Ýapylyş dabaralary45,000
Bowling arenaBowling boýunça ýaryşlar500
Küşt arenaKüşt500
Bilýard sport arenabilýard sporty1,000
Welotrek sport binasywelosport (trek)6,000
Taekwondo we tans sport arenaTaekwondo, tans sport1,000
Ýapyk bina ýeňil atletika toplumyýeňil atletika boýunça ýaryşlar5,000
Tennis toplumyTennis ýaryşy4,000
3x3 basketbol arena3x3 basketbol oçunlaru2 000
Taýboks we kikboksing arenaTaýboks,kikboks we kuraş5,000
Olimpiýa suw toplumygysga aralyga ýüzmek5,000
Agyr atletika arenaAgyr atletika861
Sportuň oýun görnüşleriniň toplumysport göreşi, guşakly göreş we türkmen milli göreşi boýunça ýaryşlar15,000

Medalyň nusgasy 2017-njy ýylyň fewral aýynyň 16-syna çykaryldy. Ilkinji medal "Eng Leong Medallic Industries" firmasy tarapyndan ýasaldy. Oýun üçin jemi 2000 sany medal ýasaldy, olaryň jemi agramy 721 Kilograma deň .[9]

Açylyş dabarasy

[düzet | çeşmäni düzet]
Açylyş dabarasy

Oýunyň açylyş dabarasy 2017-nji ýylyň Senýabr aýynyň 17-sine (Ýegşenbe) Aşgabat Olimpiýa stadionynda boldy.[10]

Ýapylyş dabarasy

[düzet | çeşmäni düzet]

Oýunyň ýapylyş dabarasy Senýabryň 27-sine Aşgabat Olimpiýa stadionynda boldy. Ol ýerde halkara aýdymçylar: rus aýdymçy Nýuşa, Leban aýdymçy Ellisa , iňlis aýdymçy Jon Nýuman we ýerli aýdymçylar janly seslerii bilen göni ýaýlymda aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.[11]

Gatnaşan döwletler

[düzet | çeşmäni düzet]

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşine agza bolan 45 sany döwletiň hemmesine çakylyk haty ugradyldy. Oýuna ilkinji gezek "Ýuwaş okean olimpiýa geňeşiniň" agzalaryndan 17 sany döwlet Aziýada oýunlaryna gatnaşdy.[12][13]

Ýaýyň içindäki sanlar gatnaşan adam sanlary.

Aziýa döwletleri
Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzalary
Okeaniýa ýurtlaryndan gatnaşanlar
  1. "OCA signs host agreement with Turkmenistan". 19 December 2010. Archived from the original on 24 September 2017. Retrieved 5 May 2018. {{cite web}}: Unknown parameter |dead-url= ignored (|url-status= suggested) (help)
  2. "В 2017 году Туркменистан примет V Азиатские игры в закрытых помещениях". 20 December 2010.
  3. "Туркменистан встречает флаг Олимпийского Совета Азии и чествует победителей Азиады-2013". 7 July 2013. Archived from the original on 2 September 2019. Retrieved 5 May 2018. {{cite web}}: Unknown parameter |dead-url= ignored (|url-status= suggested) (help)
  4. "Ускоряя темпы развития спорта высших достижений". 14 September 2012. Archived from the original on 16 October 2012. Retrieved 5 May 2018. {{cite web}}: Unknown parameter |dead-url= ignored (|url-status= suggested) (help)
  5. "Президент Гурбангулы Бердымухамедов совершил рабочую поездку по Ашхабаду". 13 September 2012. Archived from the original on 16 October 2012. Retrieved 5 May 2018. {{cite web}}: Unknown parameter |dead-url= ignored (|url-status= suggested) (help)
  6. "Президент Туркмении ознакомился с новыми проектами застройки Ашхабада". 14 September 2012.
  7. "Презентация строительства второй очереди Олимпийского городка". 26 May 2012. Archived from the original on 14 July 2014. Retrieved 5 May 2018. {{cite web}}: Unknown parameter |dead-url= ignored (|url-status= suggested) (help)
  8. "В Ашхабаде прошла презентация строительства второй очереди Олимпийского городка". 27 May 2012.
  9. Winters, Max (16 February 2017). "Ashgabat 2017 unveils medal design for Asian Indoor and Martial Arts Games". Insidethegames.biz. Retrieved 16 April 2017.
  10. Opening Ceremony 5th Asian Indoor & Martial Arts Games | Ashgabat2017 YouTube (https://www.youtube.com). Retrieved on 2017-09-30.
  11. "Ashgabat 2017 Closing Ceremony a dazzling finale". Archived from the original on 2018-05-16. Retrieved 2018-05-05. {{cite web}}: Unknown parameter |dead-url= ignored (|url-status= suggested) (help)
  12. "Memorandum on the participation of Oceania in the V Asian Games signed". 28 November 2014. Archived from the original on 6 February 2015. Retrieved 5 May 2018. {{cite web}}: Unknown parameter |dead-url= ignored (|url-status= suggested) (help)
  13. "Turkmenistan President claims Ashgabat 2017 will open "new page in history" of world sport". 8 April 2017.