Jon Nýuman

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search
Jon Nýuman

Nýuman Ýanwar 2014
Dogulan wagty we ýeriJohn William Peter Newman[1]
( 1990-06-16) 16 Iýun 1990 (ýaşy 28)
Settle, North Yorkshire, Angliýa
KäriAýdymçy, Produser
Periýod2012-Şu gün
ŽanrlarySoul pop breakbeat Northern soul
Partner(ler)iIsland, Universal

johnnewman.co.uk

Jon Nýuman (John Newman) (Iýun 16 1990) Iňlis aýdymçy ,sazanda we produser. Beýik Britaniýa saz hatarlarynda ilkinji birlige çenli çykan aýdymy Love Me Again bilen halk köpçülügine tanalýar.Rudimental toparynyň 2012-nji ýylda çykaran Feel the Love we Not Giving In aýdymlarynda çykyş edýär. BRIT 2014 baýraklarynda Iň Gowy Erkek Solo Aýdymçy, Ýylyň Iň Gowy Aýdymy (Love Me Again) kategoriýada kandidat görkezildi. .[2]

Ilkinji Ýyllary[üýtget | edit source]

Jon Angliýanyň Settle etrabynda önüp-ösýär. 14 ýaşynda gitara çalyp başlan Jon Nýuman şol bir wagtda öz aýdymlaryny ýazýar we aýdymlary ýazga geçirmegi öwrenip başlaýar. 20 ýaşyny dolduranda Londona göçüp, özüne bir topar döredip , aýdym aýtmaga başlaýarlar. Gysga wagtyň içinde Island Records bilen bir şertnama baglanyşýar. [3]

2012: Başlary[üýtget | edit source]

2012-iň Maýynda Jon Rundimental toparda Feel the Love aýdymynda ýaranlyk edýär. Bu aýdym Beýik Britaniýada ilkinji birlige çenli göterilýär, hatda Awstraliýa, Belgiýa, Niderlandlar we Täze Zelandiýa aýdym hatarlarynda-da ilkinji bäşlige girmegi başarýar. 2012-iň Noýabrynda ýene-de Rudimental bilen Not Giving In aýdymyny ýerine ýetirdi.

2013 we Şu gün: Tribute[üýtget | edit source]

2013-iň Maýynda Jon ilkinji albomyndaky Love Me Again-i halk köpçüligine ýetirdi.[4]. Digital Spy bilen edilen bir interwiýuda aýdym üçin :" Aýdymy bilelikde işlän adamlar bilen ýüzümizde bir ýylgyryş bilen biribirimize seretdik we 'Gowy Iş-ä boldy' diýdik. Ýöne hemmämiziň bilşimiz ýaly hiç haçan gowy işiň bolanlygyny hiç bilip bilmeýäris."diýipdi.[5] Aýdym Beýik Britaniýada ilkinji birlige çenli göterildi , hat-da Awstraliýa, Awstriýa, Belgiýa, Daniýa, Germaniýa, Irlandiýa, Norwegiýa, Täze Zelandiýa we Şweýsariýada ilkinji onluga girmegi başardy. Aýdym şol bir wagtda FIFA 2014-iň Soundtrack-inde hem ullanyldy. Jon Senýatr 16 2013-nji ýylda ikinji aýdymy Cheating-i çykardy. Aýdym Beýik Britaniýada ilkinji 9 dokuzluga girmegi başardy.

Diskografiýasy[üýtget | edit source]

Albomlary
Ýeke
  • Love Me again (iýun 2013)
  • Cheating (Sentýabr 2013)
  • Losing Sleep (Noýabr 2013)

Çeşmeler[üýtget | edit source]

  1. "Songwriter/Composer: NEWMAN JOHN WILLIAM PETER". Broadcast Music, Inc. Retrieved 13 March 2014. 
  2. BRIT 2014 kandidatlary, Jon Nýuman BRIT 2014 kandidatlygy
  3. John Newman, biýografiýasy
  4. Digital Spy, John Newman ilkinji albomy
  5. Digital Spy, John Newman interwiýusy