Gurbanguly Berdimuhamedow

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Tegerandaky Putin bilen duşuşyk

Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow - 2007-nji ýylyň fewral aýynyň 14-de Prezidentlik saýlawynda saýlandy, Arkadag 1957-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň Aşgabat oblastynyň Gökdepe raýonynyň Babarap obasynda doguldy.

Biografiýasy[üýtget | edit source]

Gurbanguly Berdimuhamedow Mälikgulyýewiç Türkmenistanyň 2-nji prezidenti

1979-njy ýylda Aşgabatdaky Türkmen döwlet lukmançylyk institutyny tamamlady.

1979-njy ýyldan 1997-nji ýyllary aralygynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ulgamynda dürli wezipelerde zähmet çekdi. Türkmen döwlet lukmançylyk institutynyň mugallymy, terapewtiki stomatologiýa kafedrasynyň dosenti, stomatologiýa fakultetiniň dekany, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Stomatologiýa merkeziniň direktory wezipelerinde işledi. Doktorlyk dissertasiýasyny gorady. Lukmançylyk ylymlarynyň doktory, ykdysady ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi diýen alymlyk derejeleri we atlary bar.

1997-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesine bellendi. Bu wezipe bilen birlikde, Türkmenistanyň Saglygy goraýşy ösdürmek gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory we Türkmen döwlet lukmançylyk institutynyň rektorynyň wezipesini ýerine ýetiriji wezipelerinde işledi.

Şeýle hem, 2001-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary wezipesine bellendi.

2011-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen at dakyldy.

Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň köp sanly ýokary ordenleri we medallary bilen sylaglandy.

Dünýäniň birnäçe uniwersitetleriniň we akademiýalarynyň hormatly doktory we akademigi.

Boş wagtlary sport bilen we atçylyk sporty bilen meşgullanýar. rus we nemes dillerini bilýär. Maşgalaly, Serdar adynda bir ogly we iki gyzy bar

Prezidentligi[üýtget | edit source]

ABŞ Prezidenti Barak Obama we aýaly Mişel Obama bilen birlikte

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň çözgüdi bilen 2006-njy ýylyň 21-nji dekabryndan Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň wezipelerini wagtlaýyn ýerine ýetirdi.

2007-nji ýylyň 11-nji fewralynda ählihalk saýlawlarynda alty dalaşgäriň arasyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlandy.

2007-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanda iň ýokary häkimiýet edarasy bolan Halk Maslahatynyň XIX mejlisiniň barşynda Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine resmi girişdi.

2011-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen at dakyldy.

Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň köp sanly ýokary ordenleri we medallary bilen sylaglandy.

Dünýäniň birnäçe uniwersitetleriniň we akademiýalarynyň hormatly doktory we akademigi.

Boş wagtlary sport bilen we atçylyk sporty bilen meşgullanýar. rus we nemes dillerini bilýär. Maşgalaly, Serdar adynda bir ogly we iki gyzy bar

Kitaplar[üýtget | edit source]

Gurbanguly Berdimuhammedowyň ýazan kitaplary:

  1. Janly Rowaýat
  2. Älem içre at gezer
  3. Döwlet guşy
  4. Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri

Prezidentlik möhleti[üýtget | edit source]

I Prezidentlik möhleti: Fewral 2007 - Fewral 2012.
II Prezidentlik möhleti: Fewral 2012 - Fewral 2017.
III Prezidentlik möhleti: Fewral 2017 - Fewral 2023