Papua-Täze Gwineýa

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Papua-Täze Gwineýa
(Baýdag) (Gerb)
Papua-Täze Gwineýa

Papua-Täze Gwineýa öz garaşsyzlygyny 16.09.1975-nji ýylda alan, döwlet dili iňlis, tok-pisin we hiri-motu. Döwlet baştutany Beýik Britaniýanyň Şazenany bolup, General-Gubernator onuň wekilli, Kanun çykaryjy häkimýeti Milli Parlament. Döwlet dolanyrylyşy Konstitusion Monarhiýa.

Tutýan meýdany 462,840 km2., bolup, dünýäde 54-nji ýerde durýar. Ilaty 7,3mln., dünýäde ilat sany boýunça 104-nji ýerde durýar, esasy ýaşaýjylary melanezeýler, papuaslar, negritolar, mikronezeýler we polinezeýler. Esasy bölegi hristian dinine uýýarlar.

Pul birligi kina. Papua-Täze Gwineýa - Okeaniýa döwleti, günbatar-demirgazyk böleginde Ýuwaş okeany, gündogar böleginde Täze Gwineýa, arhipelag Bismara, demirgazyk böleginde Solomon adalary bilen araçäkleşýär. Papua-Täze Gwineýa BMG-nyň, ATES we Milletler arkalaşygynyň agzasydyr. Döwlet baýdagy iki üçburluk bölekden, aşaky gara we ýokarky gyzyl reňkden ybarat, ýokarky gyzyl örtüginde behişdi guşyň şekili, aşaky gara ötüginde bolsa bäş sany ýyldyz ýerleşdirilendir. Gara we gyzyl reňk - milli papuas sungatyny, bäş ýyldyz – Günorta Haç, behişdi guş – diňe Papua-Täze Gwineýada duş gelýän guşdygyny aňladýar.