Mazmuna geçiň

Äwliýä

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Awliýa (arap. أَوْلِيَاء‎‎ — ýakyn). Türkmençe awliýa Yslamda awliýa diýip Allanyň dostyna aýdylýar. Pygamberler hem awliýadyr we pygamberdir. Pygamberler özüniň pygamberdigini mälim etmeli bolýar, emma awliýanyň özüni mälim etmegi şert däldir. Tä birinji doglan awliýadan başlap, kyýamatdaky iň soňky awliýa çenli näçe awliýa geçjek hem bolsa ol awliýalaryň hemmesiniň derejesini bir ýere üýşüreniňde hem — iň kiçi pygamberiň derejesine ýetmez. Awliýa tä kyýamata çenli ýaşajak musulmanlarda bolmalydyr. Hiç kim özüne men iň soňky awliýa diýmeli däldir. Awliýalarda karamat bolup biler we bolman hem biler, sebäbi öwlüýä bolmagy üçin keramat şert däldir. Täsin zatlary başarmak käfirlerde hem bardyr, şonuň üçin awliýa bolmagy üçin şertler bardyr.

Awliýalardan mysal: Ebu Bekr, Omar ibn Hattab, Osman ibn Affan, Aly Abu Talib, Merýem bint Imran, Adam pygamberiň aýaly Hawa (Howene), Faraonyň aýaly Asiýa (Musa pygamberi ýetişdiren), Muhammed pygamberiň birinji aýaly Hadija (Hatyja), Muhammed pygamberiň aýaly Aişa, Muhammed pygamberiň gyzy Fatima bint Zähra. Başgada öwlüýäler bardyr (kändir).

62. Habardar boluň! Allanyň dostlaryna (ahyrýet azabyndan) gorky-howp ýokdur we olar gamgyn hem bolmazlar.


63. Olar (Allanyň dostlary) iman getirip, takwa bolanlardyr.

Kuran: sura Ýunus.


Awliýa (bolmagy) üçin şertler:
  1. Imanly bolmaly.
  2. Takwa bolmaly (ýagny, Alladan gorkýan we bilgeşleýin günä edmeýän).
  3. Günälerden gaçýan bolmaly (bilmän günä edäýsede toba edýän, günä edmeýän wagty hem toba edýän).
  4. Akydasy pygamberiň öwreden akydasynda bolmaly.
  5. Farzlary, (hakyky sünnetleri) ýerine ýetirýän bolmaly.


Awliýa däldiginiň alamaty:
  • Serediň men nämäni başarýan diýmek.
  • Men pygamberden gowy diýmek.


Öz nebsiňi döwmek üçin şertler:
  • Oraza tutmak (ýöne agzyňy haram ýa-da makruh zatlar bilen açmaly däl, isrif etmeli däl, ýagny garnyň 1/3 iýmeli, dykalap öwezini dolmaly däl)
  • Alladan gorkmak.
  • Halal gazanç etmek.
  • Garyp musulmanlara zekat bermek.
  • Dogry din ylymlaryny öwrenmek we dogry (düşündirip) öwretmek.
  • Gije turup namaz okamak. (tahajjud)

Pir (pars. پیر‎ goja, garry) sufistlerde tarykatçy. Köp asyrlaryň dowamynda pir diýilse, hökman öwlüýä bolmaly diýilýän ýalňyş düşünjeler ýaýrap gelýändir. Iň bolmanda fykh mezhebindäki dört sünni imamy hem hiç wagt pirçilik we sopyçylyk eden däl. Pirleriň we sopylaryň edýän ýalňyş zatlaryna dinden diýmek, dinden çykaryp biler.

Gabyra gitmegiň sebäpleri:
  1. Ölüni jaýlamak.
  2. Ölülere Alladan bagyşlama dilemek.
  3. Gabyrlara seredip gabyr azabyndan gorkmak.
  4. Gabyry gury çöplerden arassalamak.


Dinden çykarýan düşünjeler we etmişler:
  • Haýsy-da bolsa bir musulman özüni bir pygamber bilen deň görse ýa-da ýokarrak görse (ýagny özüni pygamberden ulaltsa) dinden çykýar.
  • Men dowzahy we jenneti gördüm diýmek.
  • Miraja gitdim diýmek.
  • Men pygamber diýmek.
  • Men adamlaryň ýüregindäkini bilýän diýmek.
  • Men geljekde näme boljagyny bilýän diýmek.
  • Men Allany gördüm diýmek.
  • Men Allah bilen gürleşdim diýmek (Allah bilen Musa pygamber söhbetleşen, we Muhammed pygamber ﷺ bolsa, miraja gidende).
  • Men islänimi jennete salýan, islänimi dowzaha salýan diýmek.
  • Men Alladan gorkamok diýmek.
  • Men Allany gorkuzdym diýmek.
  • Men Allaha pylan işi burýdym diýmek.
  • Men ölemden soň hem (ýa-da dirikäm hem islän kişimi ýa-da hadysany) dolandyrýan diýmek.
  • Gabyrdakylar kömege ýetişýär diýmek.
  • Mewlid okaňda pygamber gelýär diýmek.
  • Biz üçin aýratyn şerigat bar (zyna we ş.m.lar), biz üçin halal diýmek.
  • Pygamber barada özüňden hadys oýlap tapmak.
  • Allanyň wada bermedik zadyny, Alla şu zatlary wada berýär diýmek.
  • Men kyýamatyň haçan bolýanyny bilýän diýmek.
  • Öýlenmek, hadys öwrenmek, (halal) gazanç etmek bu dünýälik iş, bular o dünýä peýda bermeýär diýmek.

Salgylanmalar

[düzet | çeşmäni düzet]