Oguzhan etrabyMary welaýatynyň Howuzhan düzlüginde ýerleşýän hojalyklaryň esasynda 1988-nji ýylda döredildi. Hojalygynyň esasy ýöriteleşdirilen ugurlary pagtaçylyk, däneçilik we gaz senagaty bolup durýar. Etrabyň çägini Garagum derýasy, Tejen–Sarahs–Maşat demir ýoly, Aşgabat–Mary awtomobil ýoly kesip geçýär. Günortada etraba Oguzhan suw howdany ýanaşýar. Etrabyň düzümine 1 şäher, 3 şäherçe, 9 geňeşlik we 12 oba girýär. Şatlyk şäheri 1991-nji ýylda şäher statusyny aldy. Ol etrabyň demirgazygynda, Mary şäherinden 25 km. günbatarda ýerleşýär. Bu şäher Şatlyk gaz käniniň esasy hojalyk-guramaçylyk merkezi hökmünde döredildi. Şäherde gaz çykaryş, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk edaralary we kärhanalary, durmuş-medeni edaralary ýerleşýär. Oguzhan (öňki Gulanly) şäherçesi etrap merkezidir. Bu ýerde etrabyň dolandyryş edaralary we guramalary bar. Şäherçede pagta arassalaýjy zawod, demir ýol stansiýasy, kerpiç zawody, gurluşyk edaralary, durmuş-medeni ähmiýetli edaralar ýerleşýär. Deňizhan (öňki Hanhowuz) 1962-nji ýylda esaslandyrylyp, suw gurluşykçylarynyň şäherçesi hasaplanýar. Şäherçäniň zähmet bilen meşgullanýan ilatynyň esasy bölegi Deňizhan kanalyna we Oguzhan suw howdanyna gözegçilik – hyzmat işlerini amala aşyrýarlar. Şäherçede gurluşyk edaralary, söwda, medeni, durmuş hyzmaty kärhanalary bar. Şäherçäniň üstünden Aşgabat–Mary awtomobil ýoly geçýär. Bu etrabyñ ilatynyñ aglabasy,Tajigistan dowletinden gocup gelen turkmenlerdir.