Wekilbazar etraby
Wekilbazar Etraby hakynda gysgaça magmulat[düzet | çeşmäni düzet]
Wekilbazar raýony ady bilen Türkmenistan SSRniň düzüminde ilkinji gezek 1938-nji ýylyň dekabar aýynda döredildi.
Wekilbazar raýony 1939-njy ýylyň noýabr aýynda bolsa täze döredilen Mary oblastyna degişli edildi.
Wekilbazar raýony 1957-nji ýylyň dekabr aýynda ýatyryldy.
Wekilbazar raýony 1975-njy ýylyň fewral aýynda bolsa täzeden Mary oblastyna degişli edilip dikeldildi.
Wekilbazar raýony 1992-nji ýylda bolsa, ady üýgedilip Garaşsyz hem Bitarap Türkmenisatanyň,Mary welaýatynyň düzümüne Wekilbazar etraby ady bilen goşuldy.
Käbir geňeşlik (oba) we şäherçeleri:[düzet | çeşmäni düzet]
- Halyl
- Mülk Bükri
- Mollanepes
- Taraky
- Amaşa
- Ak Goňur
- Gara Goňur
- Gökje
- Mollanepes şäherçesi
- Wekilbazar şäherçesi
Wekilbazar etraby boýunça gurnalan "Daýhanbank"bankomatlaryň salgylary.Wekilbazar etrap aragatnaşyk ulgamy.Mollanepes şäherçesiniň Türkmenistan köç 2-nji jaýy.
Türkmenistanyň "Daýhanbank" döwlet täjirçilik bankynyň Wekilbazar etrap şahamçasy. Wekilbazar etrap Mollanepes şäherçesiniň Zelili köç 2-nji jaýy.
Mejlisiň karary bilen 2016-njy ýylda bu sebitiň dolandyryş-çäk gurluşyna birnäçe üýtgetmeler girizilýär.
Wekilbazar etraby boýunça: Gökje geňeşliginiň Gökje, Perreňçäge, Pökgen obalaryny Mary şäherine birikdirmek; Gökje geňeşliginiň dolandyryş merkezini
Arzuw obasyna geçirmek; Akgoňur geňeşliginiň Golak obasyna Bagtyýarlyk, Gyzylgurama obasyna Ýagtylyk, Goňur geňeşliginiň Ýagyp obasyna Nurana,
Täzedurmuş geňeşliginiň Mülkdäli obasyna Döwletli adyny dakmak; Mollanepes geňeşliginiň Çotan obasyny Gara obasyna birikdirmek bellenildi.
Wekilbazar etraby 2017-nji ýylda iň gowy etrap saýlandy[düzet | çeşmäni düzet]
Wekilbazar etraby 2017-nji ýylda iň gowy etrap saýlandy we Arkadagymyzyň sowgat eden üç milýon bäş ýüz müň manadynyň eýesi boldy.
|