Garagum etraby

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Garagum etraby 1991-nji ýylda täzeden döredildi. Ol Mary welaýatynyň demirgazyk-gündogar böleginde, Garagum derýasynyň geçýän zonasyndaky territoriýada ýerleşýär. Etrabyň hojalygynyň ýöriteleşdirilen ugurlary pagtaçylyk, däneçilik we maldarçylykdyr. Etrap pagta we däne öndürmekde welaýatda iri hojalyklaryň biri hasaplanýar. Onuň düzümine 1 şäherçe, 8 geňeşlik, 19 oba girýär.
Etrabyň merkezi Ýagtyýol şäherçesidir. Bu ýerde süýt zawody, gurluşyk we durmuş-medeni edaralar ýerleşýär.