Sakarçäge etraby

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Sakarçäge etraby Mary welaýatynyň demirgazyk-günbatar böleginde ýerleşýän uly hojalyklaryň biridir. Demirgazykda we günbatarda etrabyň meýdany Garagum çölüne sepleşip gidýär. Etrap pagtaçylyga, däneçilige, iri şahly mallary ösdürip ýetişdirmeklige, düýedarçylyga, dowardarçylyga, ýüpekçilige ýöriteleşdirilendir. Etrabyň çäginde pagta egriji fabrik bar. Etraba 1 şäherçe, 17 geňeşlik we 34 oba degişli.
Etrap merkezi Sakarçäge Mary şäherinden 17 km. demirgazyk-günbatarda ýerleşýär. Bu ýerde etrap dolandyryş, gurluşyk edaralary, durmuş-medeni ähmiýetli kärhanalar bar.