Baýramaly etrabyBaýramaly şäheriniň daş-töweregindäki oba hojalyk meýdanlaryny öz içine alýar. Etrabyň hojalygynyň esasy ugurlary pagtaçylyk, däneçilik,
gök ekerançylyk, miweçilik, iri şahly mallary ösdürip ýetişdirmeklik, dowardarçylyk, ýüpekçilik bolup durýar.
Etrabyň çägine 2 şäherçe, 17 geňeşlik we 53 oba girýär.
Etrabyň ilaty köpmilletliligi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde türkmenler, buluçlar, gazaklar, parslar we beýleki milletler ýaşaýarlar.
Etrap merkezi Baýramaly şäheri hasaplanýar. Etrabyň dolandyryş edaralarynyň ählisi şol şäherde ýerleşýär. Etrabyň gündogar böleginde Mary–Türkmenabat demir ýolunyň ugrunda Bagtyýarlyk we Rawnina şäherçeleri ýerleşýär. Olaryň maldarçylyk hojalyklarynyň durmuş-medeni merkezi hökmünde ähmiýeti uludyr. Bagtyýarlyk şäherçesiniň keşbi düýpgöter özgerdi. 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda şäherçede häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän orta mekdep, çagalar bagy, söwda merkezi, myhmanhana, saglyk öýi, ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi.