Türkmengala etraby

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Türkmengala etraby Mary welaýatynyň günorta-gündogaryndaky meýdanlary öz içine alýar. Etrabyň hojalygynyň esasy ýöriteleşdirilen ugurlary, pagtaçylyk, däneçilik we dowardarçylyk. Etrabyň çäginde Zähmet şäherçesiniň golaýynda Garagum derýasyndan göterme (maşyn) kanaly 1965-nji ýylda gurlup işe girizildi. Maşyn kanalynyň suwundan Türkmengala we Baýramaly etraplarynyň daýhan birleşikleri öz ýerlerini suwlulandyrýarlar.
Etrap merkezi Türkmengala şäherçesi Mary şäherinden 40 km. günortada ýerleşýär. Onuň üstünden Mary–Serhetabat awtomobil ýoly geçýär. Şäherçäniň senagat taýdan ähmiýeti barha artýar. Bu ýerde Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýüplük egriji fabrigi, süýt zawody, tikin fabrigi, naýça öndürýän fabrik, oba hyzmat birleşigi, gurluşyk, durmuş hyzmaty kärhanalary işleýär. Şäherçede 2007-nji ýylda makaron önümlerini öndürýän we un üweýän fabrik işe girizildi.
Zähmet şäherçesi 1955-nji ýylda Garagum derýasynyň gurulmagy bilen baglanyşykly demir ýol stansiýasyndan 5 km. günbatarda döredi. Şäherçäniň ilaty Garagum derýasyna, demir ýol we derýa duralgasyna gözegçilik hyzmatyny edýär. Ilatyň bellibir bölegi ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanýar. Zähmet şäherçesi derýa we demir ýol ýükleriniň düşürilýän we ýüklenilýän duralgasy hasaplanýar.

Taryhy[düzet | çeşmäni düzet]

Etrap 1965-nji ýylda ýatyrylýar we Ýolöten şäheri bilen birleşdirilýär. 1966-njy ýylda gaýtadan dikeldilýär. Türkmengala etrabynda 2 sany şäherçe bar. Türkmengala we Zähmet şäherçeleri. Türkmengala şäherçesi etrabyň merkezi bolup durýar. Onda Kemine, Täze dünýä, Zähmet we ş.m. geňeşlikleri ýerleşýär. Türkmengala etrabynyň iň owadan obasy Täze ýol geňeşligidir.