Mazmuna geçiň

Kufr

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Küpür sahypasyndan gönükdirildi)

Kufr (arap. كُفْر‎‎ — ynamsyzlyk, ýaşyrmaklyk) — yslamda iñ gorkunç günä bolan — dine ynanmazlyk. Kufre düşen adama käfir diýýärler. Dinden çykyp ölen mydamalyk dogzahydyr.

Dört sünnet imama görä, dinden çykarýan zat üç görnüşdedir:

  • Akydadaky kufr.
  • Sözdäki kufr.
  • Hereketdäki (ýa-da etmişdäki) kufr.

Akydadaky kufr

[düzet | çeşmäni düzet]
  • Iň bolmanda imanyň sütünleriň birine ynanmazlyk.
  • Kuranyň aýatlaryndan iň bolmanda birine ynanmazlyk.
  • Muhammed pygamber (hakyndatdanam) aýdan sözlerine ynanmazlyk.
  • Hudaý haýsyda bir mahluga (ýaradylana) meňzeş diýip ynanmak.
  • Pygamber bilen welini ýa-da öwlüýäni deň diýip hasaplamak.
  • Adamlar maýmyndan gelip çykdy diýip ynanmak.
  • Ölülerden dilän zadyňy berýär diýip ynanmak.
  • Ateistleriň, materialistleriň, şaýylaryň (sahabalara kapyr diýýänleri, Kuran üýtgän diýýänleri, Hezreti Aişä enemize zyna töhmeti atýanlary we ş.m.), sufileriň (hemmesi bolmasa-da köpüsiniň düşünjeleri ýalňyşlykda) akydasy kufrde
  • Allanyň rahmetinden umydyny üzmek
  • Allanyň gazabyndan özüňi aman saýmak
  • Allanyň haram eden zatlaryny halal hasaplamak
  • Allanyň halal eden zatlaryny haram hasaplamak

Sözdäki kufr

[düzet | çeşmäni düzet]

Kufr sözi diňe öldürjek bolanlarynda ýa-da erbet azap berenlerinde şondan gutulmak üçin aýdyp bolar. Sufileriň we şaýylaryň takiýasy däldir.

  • Hudaý ýok diýmek.
  • Men Hudaý diýmek.
  • Men pygamber diýmek.
  • Men pylan pygamber bilen deň ýa-da men pylan pygamberden gowy diýmek.
  • Men musulman däl diýmek. (ýa-da men hristian diýmek)
  • Hudaýa ýa-da pygamberlere, resullara söwmek.
  • Maňa Hudaý burýsada ýa-da pygamber buýrsada etjek däl diýmek.
  • Men Hudaýy gördüm diýmek ýa-da gürleşdim diýmek. (Hudaý bilen diňe Musa pygamber gürleşendir we Muhammed pygamber bolsa miraja gidende gürleşendir.)
  • Men adamlaryň ýüregindäkini bilýän diýmek.
  • Men hem Muhammed pygamber ýaly miraja gitdim diýmek.
  • Hudaý dünýäleri Muhammed pygamber ﷺ üçin döredipdir diýmek.
  • Men geljegi bilýän diýmek.

Hereketdäki (ýa-da etmişdäki) kufr

[düzet | çeşmäni düzet]
  • Yslam dinine garşy söweş etmek (ýa-da dini garşy hereketler, dine garşy işleýänleriň kömek etmek).
  • Kurany hapa ýere taşlamak we ş.m.lar.
  • Jadygöýlik (sihr)
  • Rabita, hatmu, istigasa etmek.
  • Başga bir musulmany «sen kapyr» diýip öldürmek».
  • Özüňi öldürmegi halal hasaplamak

Kufr kitaplar

[düzet | çeşmäni düzet]

Köpüsi bidgat hasaplansada, sünnileriň akydasyna ters gelýär.

  • Kenzul Arş (genjil arş)
  • Nurnama
  • Keramatly heýkel
  • Jewşen
  • Pirlik we sopylyk kitaplar
  • Şaýylaryň kitaby

Uly we kiçi kufr

[düzet | çeşmäni düzet]

Islam alymlary kufry iki bölege, ýagny uly (kufr ākbär) we kiçi kufre (kufr āsgår) bölýärler. Uly kufr öñki edilen haýr işleri pozýar we dinden çykarýar. Käfir ölen adam hemişelik dowzaha düşýär. Uly kufre yslamyñ bäş sütüninden iñ bolmanda birini ulumsylyk bilen ynanmazlyk, islam dininiñ hakykatlygyna şübhelenmek, munafyklyk we şuňa meňzeşleri degişlidir.

Uly kufr (arap. الكُفْر الأَكْبَر‎‎ — al-kufr al-akbar) — bu uly günä bolup, tobasyz ölen bagyşlanmaýar. Uly dinden çykarýar.

Kiçi kufr (arap. الكُفْر الأَصْغَر‎‎ — al-kufr al-asgar) — kiçi kufr musulmany dinden çykarmaýar. Kiçi kufr uly kufrden günä taýdan kiçi.

Salgylanmalar

[düzet | çeşmäni düzet]