Gurbansoltan Eje ad. etrap
Appearance
(Gurbansoltan eje sahypasyndan gönükdirildi)
Gurbansoltan eje adyndaky etraby Daşoguz welaýatynyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýär. Ol pagtaçylyga, däneçilige, iri şahly mallary ösdürip ýetişdirmeklige, dowardarçylyga, ýüpekçilige ýöriteleşdirilen iri etraplaryň biridir. Etrabyň çäginde 1 şäherçe, 14 oba geňeşligi, 70 oba bar.
Etrap merkezi Gurbansoltan eje adyndaky şäherçe Daşoguz şäherinden 30 km. günbatarda ýerleşýär. Şäherçäniň üstünden Akdepä, Aşgabada awtomobil ýol geçýär. Şäherçede pagta arassalaýjy zawod, çäýnek-käse öndürýän kärhana, oba hyzmaty birleşigi we oba hojalyk maşynlaryny abatlaýan ussahana, durmuş hyzmaty, medenidurmuş edaralary işleýär.
|
Bu geografiýa makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |